20:35 Muhtar Auezow | |
MUHTAR AUEZOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Görnükli ýazyjy, jemgyýetçilik işgäri, alym, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Gazagystanyň YA-nyň akademigi (1946), ylymda at gazanan işgär (1957). AUEZOW Muhtar Omarhanowiç (28.09.1897 ý. — 27.06.1961 ý.) - görnükli ýazyjy, jemgyýetçilik işgäri, alym, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Gazagystanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi (1946), ylymda at gazanan işgär (1957). Oba mekdebinde okaýar. Abaý Kunanbaýew bilen dostlukly gatnaşykda bolan atasy Auez geljekki ýazyjynyň dünýägaraýşynyň kemala gelmegine uly derejede täsir edýär. 1908-nji ýylda Auezow Kemal-ad-Din medresesinde, soňra bolsa rus mekdebiniň taýýarlaýyş okuwlarynda okaýar. 1909-njy ýylda kakasyndan jyda düşen çagy, terbiýelemäge alan daýysy Kasymbek ony Semipalatinsk şäheriniň bäşýyllyk uçilişesine umumy döwlet talyp hakyna okuwa ýerleşdirýär (1910 — 1915). Uçilişäniň bäşinji synpynda okaýan çagy ol “Dauyl” (“Tupanda”) atly ilkinji eserini ýazýar. 1915-nji ýylda Semipalatinsk şäherinde mugallymçylyk seminariýasyna okuw girýar. 1917-nji ýylda Şakarim Kudaýberdynyň “Žolsuz žaza” dessanynyň ýordumy esasynda “Enlik-Kebek” pýesa-tragediýasyny ýazýar. Hut şol ýylda hem Raýhan Kakengyzy bilen durmuş gurýar. Russiýada bolup geçen syýasy agdarylyşyklar (1917), Alaş hereketiniň döremegi (1917) we sowet häkimiýetiniň berkarar edilmegi (1917) onuň durmuşyny üýtgedýär. Auezow “Alaş ýaşlary” birleşigini döredýär, dürli gurnaklaryň açylmagyna ýardam berýär, “Alaş” we “Saryarka” gazetleri üçin makalalar ýazýar. 1918-nji ýylyň maý aýynyň 5-13-i aralygynda Omsk şäherinde geçen gazak ýaşlarynyň Ähli umumy gurultaýynda merkezi ýerine ýetiirji komitetiniň agzalygyna saýlanýar. Alaşordin hereketiniň bähbitlerini araýan “Žas azamat” Ähligazak ýaşlar guramasynyň döredilmegine işjeň gatnaşyjy. Semipalatinsk şäherinde Žusupbek Aýmauytow bilen bilelikde “Abaý” atly ylmy-jemgyýetçilik žurnalyny neşir edýär. Ol neşirde ylmy-öwreniş materiallary we ösen milli – demokratik jemgyýetini döretmek taglymatyny wagyz edýän durmuş temalary bilen bagly makalalar çap edilýär. 13-nji sany çykanyndan soňra žurnal ýapylýar. Alaş häkimiýeti ýatyrylandan soň Auezow gizlin hereketlere başlaýar. 1918-nji ýylda uly gyzy Mugalima dünýä inýär, 1919-njýy ýylda bolsa ogly Şokan dünýä inýär, emma ol garahassalyk keseli sebäpli ýogalýar. 1919-njy ýylda Semipalatinsk mugallymçylyk seminariýasyny tamamlaýar. 1919-njy ýyldan başlap Muhtar Semipalatinsk guberniýasynyň rewolýusion komitetiniň gazak bölüminiň işgäri bolýar. 1920-nji ýylyň fewral aýyndan - Semipalatinsk guberniýasynyň rewolýusion komitetiniň bölüm müdiri bolýar. “Gazak dili” gazetini çap edýär. Gazak okyjysyna “Açyk hatynda” halky jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklyga çagyrýar. Şol ýylda Auezow Raýhan Kakengyzy bilen aýrylyşýar we Abaýyň agtygy Kamila Magauiýa gyzyna öýlenýar. 1921-nji ýyldan Semipalatinsk oblastynyň rewolýusion komitetinde işleýär. 1921-nji ýylyň noýabryndan maý aýyna çenli syýasy sekretar – Gazagystan ASSR-niň MIK-iň prezidiumynyň agzasy. “Gyzyl Gazagystan” žurnalynda (№ 3–4, 1921) «Қоргансыздың күні» (“Ejiziň ykbaly”) hekaýasy çap edilýär. «Енлик-Кебек» pýesasynyň ikinji görnüşi çap edilýär. Gazak teatrynda Auezowyň «Бәйбіше-тоқал», «Ел, ағасы» pýesalary goýulýar. 1921-1922-nji ýyllarda Auezow kazak intelligensiýasynyň repressirlenme syýasatyny we Moskwanyň ykdysady taýdan gysmagyny tankytlaýar. 1922-nji ýylyň 7-nji martynda Gazagystan ASSR MÝÝK-niň agzasy Smagul Saduakasow bilen bilelikde bolşewistik syýasata nägilelik bildirýärler we RKP(b) Merkezi Komitetiniň wekili W.G.Ýurdowskä hat gowşurýarlar. Ol hatda syýasy, ykdysady we sosial talaplar beýan edilýär. Olaryň esasylaryna - milli garaşsyzlyk, açlygy ýok etmek, konfiskasiýa edilen ýerleri gazaklara gaýtaryp bermek, gazaklary önümçilige çekmek, milli aň-bilimiň, ylmyň we metbugatyň kämilleşdirilmegi bilen bagly meselelere RKP(b) Gazak obkomynyň prezidiumynyň mejlislerinde garalýar. 1922-nji ýylyň 11-20 mart aralygynda Auezow we Saduakasow “milletçi-alaşordinçiler” hökmünde yglan edilýärler. 1922-nji ýylda «Қорғансыздың күні» we «Енлик-Кебек» Orenburg şäherinde aýratyn kitap bolup çapdan çykýar. 1922-nji ýylyň güýzünde Auezow Daşkent şäherinde ýerleşýän Orta Aziýa döwlet uniwersitetine erkin diňleýji hökmünde goýberilýär. Ol ýerde “Şolpan” we “Sana” žurnallary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. «Қыр әңгімелері» («Sähra hekaýatlary»), «Үйлену» («Toý») we beýleki hekaýalaryny çap etdirýär. 1923-nji ýylda RKP(b) hataryndan çykarylýar. Şol ýylyň özünde hem Leningradyň döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. 1924-1925-nji ýyllarda Gazagystan ASSR Narkomprosynyň tabşyrygy boýunça Semipalatinsk şäheriniň mugallymçylyk tehnikumyna okuwa girýar. «Таң» žurnalyny çykarýar. Onda «Кінәмшіл бойжеткен», «Қаралы сұлу»(«Ýasly gözel»), «Ескілік көлеңкесінде» («Geçmişiň kölgesinde»), «Жуандық" (”Zorluk“) hekaýalary çap edilýär. 1925-nji ýylda Liningrada dolanýar we okuwyny dowam etdirýär. 1926-njy ýylda gazak halk döredijilik mirasyny öwrenmek boýunça Semipalatinsk şäherine ylmy ekspedisiýany guraýar, “Garagöz” pýesasyny ýazýar. 1927-nji ýylda “Edebiýat taryhynyň monografiýasy” kitaby çykýar. Leningrad şäherinde Auezow Walentina Nikolaýewna Kuzmina öýlenýär. 1927-nji ýylda olaryň Eldes atly ogullary dünýä inýär (2 ýaşynda aradan çykýar), soňra 1929-njy ýylda Leýla atly gyzlary bolýar. 1927-1929-njy ýyllarda Abaýyň 20 tomdan ybarat bolan golýazmalarynyň doly ýygyndysyny çapdan çykarýar. 1928-nji ýylyň ýanwarynda ”Қилы заман“ (“Ýowuz ýyllar”) romanyny, fewral aýynda bolsa “Han Kene” powestini ýazýar. 1928-nji ýylda Daşkent şäherinde ýerleşýän Orta Aziýa döwlet uniwersitetine aspirantura girýar. Aspitranturada okan wagty, tomsuna, gyrgyz sähralyklaryna syýahat etmek bilen, “Manas” eposyny öwrenýär we ýazyp alýar. 1929-1930-njy ýyllarda özüni ylmy işlere we migrasiýa meselelerine bagyş edýär. 1930-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda OGPU organlary tarapyndan tussag edilýär. Oňa birnäçe günäler bildirilýär, olar: sowet häkimiýetine garşy gizlin göreşi guramak we ony agdarmaklyk üçin ýaragly gozgalaňyň taýýarlygyna gatnaşmak; baýlaryň emläkleriniň konfiskasiýa edilmegine garşy çykyş; “Alka” milli-buržuaz guramasyny döretmeklik; rewolýusiýadan öňki durmuşy we gazak halkynyň durmuşyny taryplaýan eserleri döretmek. Ol 2 ýyl derňew astynda bolýar. 1932-nji ýylda ony üç ýyl möhlet bilen şertleýin azatlykdan mahrum etmek barada karar çykarylýar. 1932-nji ýylyň 10-njy maýynda Auezowy özüniň ”Карагөз“, „Енлик-Кебек“, ”Хан Кене“, ”Қилы заман“ eserlerinden we gazak edebiýatynyň taryhy boýunça ylmy-derňew işlerinden ýüz öwürmek barada arza bilen ”Социалды Қазақстан“ we “Gazagystan hakykaty” gazetleriniň üsti bilen “Açyk hatda” çykyş etmeklige mejbur edýärler. Auezow wagtlaýynça Gazak oba hojalyk institutyna gazak dili we edebiýaty mugallymy hökmünde işe ýerleşýär, goşmaça iş hökmünde gazak drama teatrynyň edebiýat bölüminiň müdiri wezipesini ýerine ýetirýär. 1932-nji ýylyň sentýabr aýyndan Auezow – uly mugallym, Gazak pedagogik institutynyň professory. Pýesalary, kyssalary (hekaýalar, powestler) ýazýar: ”Октябрь үшін“ (1932), ”Айман — Шолпан“ (1933), “Тартыс“ (1933), ”Egin-egne“ (”Білікке білек“, 1934), ”Üç gün“ (”Үш кун“, 1934),”Hasanyň öwrülişigi“ (”Қасеннің құбылыстары“, 1934), ”Түнгі сарын“ (1934), ”Тас тулек“ (1935), ”Ақан — Зайра“ (1935), ”Yzlar“ (”Іздер“ 1935), ”Uçutlyk“ (”Шатқалаң“, 1935), ”Gum we Askar“ (”Құм мен Асқар“ 1935), ”Тастүлек“ (1935), ”Ескілік көлеңкесінде“ (”Geçmişiň kölgesinde“ 1935). ”Қараш-Қараш“ (1936). 1936-njy ýylda Auezow Moskwada geçen gazak edebiýatynyň we sungatynyň ongünlügne gatnaşýar, Gazagystan ASSR Ýazyjylar birleşiginiň wekili. Pýesalardyr kyssa ýazmagyny dowam edýär: ”Алма бағында“ (1937) ”Шекарада“ (1937), Бүркітші» («Bürgütçi», 1937), «Ақ қайың" (1938), «Бекет» (1938), «Қалқаман — Мамыр» (1938), «Abaý» (1940). N.W.Gogolyň, A.Afinogenowyň, N.Pogodiniň, K. Trenewiň, W. Şekspiriň eserlerini, L.N.Tolstoýyň, J.Londonyň hekaýalaryny gazak diline terjime edýär. 1940-njy ýylda Auezowyň ssenariýsi boýunça “Raýhan” filmi surata düşürilýär. L.Sobolew bilen bilelikde «Дала жыры» («Sähra aýdymy», 1940) ýygyndysyny çap edýär, oňa giriş sözüni ýazýar. 1941-nji ýylda “Abaý” romanyny tamamlaýar. Bu romanyň çapdan çykmagy Gazagystanyň medeni durmuşynda juda möhüm waka bolýar. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda «Сын сағат» (1941), «Намыс гвардиясы» (1942), A.Abişew bilen bilelikde) pýesalaryny ýazýar. 1943-nji ýylda Auezow – dil, edebiýat we taryh ylmy-barlag institutynyň ylmy işgäri, Gazak döwlet uniwersitetiniň gazak edebiýaty kafedrasynyň professory bolýar we ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde işleýär. “Abaý” (1944), «Қынаптан қылыш» (1945) operalaryna libretto we «Абай әндерi» («Abaýyň aýdymlary», 1945) filmine ssenariý ýazýar. 1946-njy ýylda Auezow Abaý barada özüniň ikinji kitabyna başlaýar, ol 1947-nji ýylda çap edilýär. 1946-njy ýyldan başlap Gazagystanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor. “Gazagystan SSR-niň edebiýatynyň taryhynyň” awtory, “Gazak sowet edebiýatynyň taryhy” (1947) neşiriniň ylmy toparynyň ýolbaşçysy. 1949-njy ýylda Abaý baradaky romany üçin birinji derejeli Stalin baýragyny alýar, Gazagystan SSR-niň Döwlet häkimiýetiniň laureaty bolýar. 1950-nji ýylda “Abaý” romanynyň 3-nji kitaby çapdan çykýar. 1951-nji ýylda “Hormat Nyşany” ordeni bolen sylaglanýar. 1951-1954-nji ýyllarda Auezowyň döredijiliginiň tankyt “möwsümi” başlanýar. Ony “milletçi-alaşordinçi” diýip atlandyrýarlar, Russiýanyň garşysyna wagyz nesihat äheňi bolan gazak halk döredijiligini neşir etmeginde; “Abaý” romanynda feodalizmi taryplamagynda, Gazagystanyň taryhyny we gazak edebiýatynyň taryhyny ýoýmagynda aýyplaýarlar. 1953-nji ýylda tussag edilmek howpy bilen Moskwa gitmäge mejbur bolýar. Rus ýazyjylary – SSSR ýazyjylar birleşiginiň agzalary – A.Fadeýew, K.Simonow, W.Kožewnikow, N.Tihonow Auezowyň tarapyny tutup çykyş edýärler. 1953-1954-nji ýyllarda Moskwanyň Döwlet uniwersitetinde “SSSR halklarynyň edebiýatynyň taryhy” atly ýörite sapagy okadýar. 1954-nji ýylda Almata dolanýar we “Abaýyň ýoly” roman-epopeýasyny tamamlaýar. 1955-1957-nji ýyllarda Auezowyň 6 tomdan ybarat Eserleriniň doly ýygyndysy çapdan çykýar. 1955-nji ýylda Gazagystan SSR Ýokary Sowetiniň deputatlygyna saýlanýar, Berlinde GDR ýazyjylar gurultaýynyň hormatly myhmany bolýar, Hindistana 40 günlük sapary amala aşyrýar. 1956-njy ýylda «Бес дос» peýesasyny döredýär. 1956-njy ýylda Zähmet Gyzyl Baýdagynyň ikinji ordeni, 1957-nji ýylda Lenin ordeni bilen sylaglanýar. Almata we Moskwa şäherlerinde ýazyjynyň 60 ýyllyk ýubileýi mynasybetli çäreler geçirilýär. 1957-1961-nji ýyllarda Gazagystan SSR-niň Ylymlar Akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynyň dilüsti halk edebiýaty bölüminiň müdiri bolýar. Auezowyň «Дос-Бедел дос» (1958), «Алуа» (1958) eserleri çap edilýär. 1958-nji ýylda Auezow Daşkent şäherinde Aziýa we Afrika ýurtlarynyň ýazyjylarynyň 1-nji maslahatynyň işine gatnaşýar. «Асыл нәсiлдер» (1959), «Dürli ýyllaryň pikirleri» (1959) eserleri we «Abaý (Ibragim) Kunanbaýew» (1959) monografiýasy çapdan çykýar. 1959-njy ýylda Gazagystan SSR Ýokary Sowetiniň deputatlygyna ikinji ýola saýlanýar. “Abaýyň ýoly” roman-epopeýasy üçin Auezowa Lenin baýragy gowşurylýar. «Караш-Караш» ýygyndysyny (1960), «Өскен өркен» romanyny (1960 - 1961) çykarýar. 1960-njy ýylda – Amerika, 1961-nji ýylda – Hindistana sapar edýär. Auezow 1961-nji ýylyň 27-nji iýunynda Moskwada operasiýa wagty ýogalýar. Iýul aýynyň 1-ne Almata şäheriniň merkezi gonamçylygynda jaýlanýar. Auezowyň döredijiligi gazak dramaturgiýasynyň kämilleşmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. «Еңлік-Кебек», «Бәйбіше-тоқал» («Basdaş aýallar»), «Қарагөз», «Түнгі сарын» («Gijeki gürrüldiler»), «Abaý», «Қарақыпшак Қобыланды» pýesalary we beýlekiler gazak dramaturgiýasyny dünýä derejesine çykardy. Auezow gazak halk döredijiligi, gazak edebiýatynyň taryhy we nazaryýeti boýunça, Abaýyň ömri we döredijiligi barada ylmy işleriň awtorydyr. Auezow gazak edebiýatşynaslygynyň täze bölümini – abaýşynaslygy esaslandyrýar, Şortanbaý, Myrat, Dulat ýaly we beýleki akynlaryň eserlerine ylmy nukdaýnazardan baha berýär, Gorkut, Asan Kaýgy baradaky ertekidir rowaýatlary derňeýär, gyrgyz halkynyň “Manas” eposy barada uly göwrümli ylmy işi ýazýar. Edebiýat we sungat instituty, Gazak akademiki drama teatry Auezowyň adyny göterýär. Almata, Astana, Semipalatinsk şäherlerinde köçeleriň we mekdepleriň atlary hem Auzeowyň adyny göterýär. Almatada Auezowyň öý-muzeýi döredilendir. Suratkeşler we heýkeltaraşlar K.Teljanowyň, M.Kenbaýewanyň, S.Mambeýewiň, E.Sidorkiniň, E.Wuçetiçiň, N.Nurmuhambetowyň we beýlekileriň işleri Auezowyň ömrüni we döredijiligini öwrenmeklige bagyşlanandyr. Respublikanyň ähli sebitlerinde ýazyjynyň hormatyna heýkeller oturdylandyr. Gazak telewideniýesinde beýik ýazyjy hakynda 12 seriýaly film (awtory A.Toýbaýewa) surata düşürildi. Auezowyň eserleri birnäçe gezek gaýtadan neşir edilýär we köp sanly daşary ýurt dillerine terjime edilýär. ÝUNESKO-nyň çözgüdi boýunça 1997-nji ýylda bütin dünýäde Auezowyň doglan gününiň 100 ýyllygy baýram edilip bellenilip geçildi. Edebiýatlar: Казахстан. Национальная энциклопедия / Гл. ред. Б. Аяган. — Алматы: Главная редакция: «Қазақ энциклопедиясы», 2004 — 560 с. — С. 299 — 30. Акмола: Энциклопедия — Алматы: Атамура, 1995, — 400 с. — С. 292. Çeşme: https://e-history.kz/ru/biography/view/5 Rus dilinden terjime eden Gurbannepes Jürdekow. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |