MYRATMUHAMMET ÇARYÝEW
Türkmen folkloryny toplamakda ýadawsyz işlän belli alym, folklorçy Myratmuhammet Çaryýewiň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynyň 964, 965, 966, 967, 968, 969, 970, 971, 940, 1107, 991, 1047, 1105, 1106, 887, 1271, 1045, 1029-njy çeşmelerinde magnit ýazgysyndan kagyza geçiren we halkyň arasyndan toplan edebi-çeper eserleriniň ençemesi saklanylýar.Olaryň köpüsi Daşoguz welaýatynyň etraplaryndan, esasanam bagşylaryň dillerinden ýazylyp alnan folklor eserleri, dessanlardan bölekler, şol sanda Mollanepes, Magtymguly, Durdygylyja we beýleki şahyrlara degişli goşgular. Olar 1961-nji ýylda kagyza geçirilipdir. Daşyna “Halk döredijiliginiň dürli žanrlaryna degişli materiallar” diýlip ýazylan 1087-nji bukjadaky edebi-çeper eserleri bolsa, Myrat Çaryýew Aşgabat (Baharly) etraplaryndan mekdep okuwçylaryň kömegi bilen 1966-njy ýylda toplapdyr.
Şol döwürde ol TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda ylmy işgär bolup işleýär. Mirasgär toplan maglumatlaryny ak kagyza keşde çeken ýaly edip ýazyp, olary gowy çatdyryp, kitap görnüşine salypdyr. Ýygyndynyň birinji sahypasynda onuň mazmunyny beripdir. Olar jemi 192-sahypadan durýan läleler, hüwdüler, monjugatdylar, gazallar, nakyllardyr şorta sözler, sanawaçlar, ýaremezanlardyr ýaňyltmaçlar. Alymyň ak kagyza arassa, däne-däne edip geçiren ýazgylary, onuň irginsiz zähmet çekendigini tassyklaýar. Ownuk žanrlara degişli ýygyndylar taýýarlanylanda, neşir edilende bu gymmatlyklardan peýdalanylandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Ýygyndyda ýerli ýagdaýa görä, mirasgäriň toplan läleleriniň arasynda deljeleri-de gabat gelýär. Hatda olaryň goşgy düzlüş formalarynda-da tapawut bar. Bu ýagdaý läleler deňeşdirilip derňelende olaryň özboluşly alamatlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Galyberse-de,„Her gülüň bir ysy bar“diýen ýaly, olar dürlüçe bolansoň, türkmen folkloryny baýlaşdyrýar.
Meselem:
Käkilik saýrar çöl bilen,
Başyn darar gül bilen,
Meniň joram Oguldöndi,
Gitmegin ýat il bilen.
Läleleriň altylama görnüşi-de gabat gelýär. Bu seýrek hadysa. Özlerem olar sanawaçlarda meňzeýär.
Kölden çykan bäş atly,
Bäşijigem gyr atly,
Öz doganymy tanadym,
Kiçijik göwher atly,
Görogly dek gaýratly,
Gowşut han dek syratly.
Öň hem nygtaýşymyz ýaly, ýygyndydaky läleler durmuşy, özi hem mazmuna juda baý. Gelin-gyzlaryň ýürek syrlaryny, isleg-arzuwlaryny, gam-gussasyny, ene-ata, aga-inä, uýa, daş-töweregine bolan söýgüsini beýan edensoň, olar juda milli. Läleleriň köpüsinden hatda olaryň nä wagt, näzamanda ýazylandygyny-da bilip bolýar. Ol lälelere durmuşy diýmegimiziň sebäbi olaryň üsti bilen döwri, gelin-gyzlaryň gylyk-häsiýetlerini, geýnişlerini, olaryň içki dünýäsini öwrenip bolýar. Ýagşy gylyk-häsiýetlerden täsirlenip bolýar.
Akyşar-a, akyşar,
Gyzyl daşlar çakyşar,
Meniň joram Akjagül,
Gelip darak kakyşar.
Gaýramyz çogan-çogan,
Çogana başyn ýuwan,
Janym çarwanyň gyzy,
Gaýşaryp maýa sagan.
Ýene 47 sahypadan ybarat läleleri mirasgär Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabynyň 2-nji mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Hallyýewanyň we beýleki mekdepleriň okuwçylary Ilamanowanyň, Ýazmämmedowyň we ş.m dilinden ýazyp alypdyr.
Terbiýäniň gözbaşy sallançakdan başlanýar. Eneleriň, uýalaryň iň gowy arzuwlary siňen hüwdüler bilen ýaşajyk ynsanyň gulagy gandyrylýar. Gelin-gyzlar tarapyndan döredilen we döredilýän hüwdüler juda köp, haýsy mirasgäriň halkyň arasyndan toplan mirasyna nazar salsaň, olaryň hemmesinde hüwdüler bar. Näçe köp boldugyça gelin-gyzlaryň hoşniýetli arzuw-hyýallary siňen hüwdüler şonça-da köp dürli. Ýurdumyzyň haýsy künjeginde döredilendigine garamazdan, olaryň mazmun taýdan biri-birine meňzeşleri-de bar, mazmun birligi saklanmaýanlary-da bar.
M.Çaryýewiň toplan hüwdüleri 42 sahypadan ybarat. Olar Milli golýazmalar institutynyň hazynasynyň 1087-nji bukjasynda saklanylýar. Olaram mekdep okuwçylarynyň dillerinden ýazylyp alnypdyr: Meselem, aşakdaky bendi ýagny, ene hüwdüsini 5-nji synp okuwçysy O.Nazarowa aýdyp beripdir.
Huwwa balam, ýat balam,
Gyzyl güle bat balam,
Eziz Watan goýnunda
Ös hemişe şat balam.
Ýa-da:
Sen göwnümiň hoşy sen,
Ömrümiň ýoldaşy sen.
Durmuşymyň säheri,
Arzuwlaryň başy sen.
Mysallardan görnüşi kimin hüwdüleri okanyňda bir hakykaty duýmak bolýar. Hüwdi setirleri-de juda milli. Olary-da okap, türkmen halkynyň geýim-gejimlerine, medeniýetine, däp-dessurlaryna, gylyk-häsiýetlerine göz ýetirmek bolýar.
Men jigimi hopba etsem,
Daraýydan güpbi etsem,
Kakasy baý bolanda,
Tüýs gyzyldan gupba etsem.
Olarda myhmanparazlygyň, ynsanperwerligiň ündelşinde-de şol häsiýetleri görmek bolýar
Gül başyňa gurban,
Galam gaşyňa gurban.
Ýeke saňa diýmäýin,
Deň-duşuňa-da gurban.
Çeşmede 91-nji sahypadan 120-nji sahypa çenli monjugatdylar ýerleşýär. Olary-da M.Çaryýew Aşgabat, Bäherden (Baharly) Gökdepe etraplaryndan 1966-njy ýylyň aprel-maý aýlarynyň aralygynda mekdep okuwçylaryň kömegi bilen toplapdyr. Hüwdülerde-de, lälelerdir monjugatdylarda-da bir zat ünsi çekýär. Olarda Türkmenistanyň çäginde bolsa-da ýer-ýurtlara görä, olaryň mazmunlarynda tapawut bar. Olar geýim-gejim, durmuşda zerur zatlaryň ulanyşlary, oba atlary, gepleşik dili bilen baglanyşykly.
Monjugatdylaryň baş „gahrymanlary“ ýigitler. Ýaş gyz ýa gelin mydama oňa garaşýar, onuň bilen duşuşmagy, ýigdiň wadasyna wepaly bolmagyny arzuw edýär.
Gaýrada bir dalan bar,
Içinde jan alan bar,
Güýmemäň söwer ýary
Gözi ýolda galan bar.
Çeşmäniň 120-146-nji sahypalaryny tapmaçalar tutýar. Tapmaçalar özboluşly, gyzykly. Olar ýaşlaryň-da, ulularyň-da oýlanmak ukybyny artdyrýar.
Tapmaçalar mazmuna diýseň baý, durmuşy, özi hem köp dürli, hatda käsini näçe kelle döwseňem çaklamak kyn.
Meselem:
Men bir matal aýdaýyn,
Dilden öter aýdaýyn.
Damak tutar aýdaýyn,
Bu matalyň talhandygyny çaklaýmak kyn.
Ýa-da:
„Garaja popuş, çuwala ýapyş“ – şu matal siňek. Bu matalyň-da manysyny siňegiň daşky sypaty bilen bilmek boljak, ýöne kyn.
Garyş ýeri garalan,
Sere ýeri saralan,
Beýle Hudaý uranyň,
Süýr depesi ýarylan.
Ala geçim hassadyr,
Hassa däldir, bessedir,
Ot otlap, suw suwlamaz,
Duran bir neressedir.
Birinji tapmaçanyň jogabyny aýdyjynyň özi kömege geläýmese kündükdigini, ikinjiniň sallançakdygyny we ýüpdügini, bilmek kyn. Sebäbi birinji bent bolaýmasa, tapmaçanyň ne daşky görnüşi, ne-de durmuşda tutýan orny belli däl. Olaryň arasynda sorag berseň çaklap bolýanlary-da bar. Meselem:
Ol barýan kişi,
Elinde çişi,
Akgalaň içinde,
Garadyr guşy.
Bu bendiň hatdygyny garaz, çaklap bilmek mümkin.
„Assy daş, üsti daş,
Ortarasy ýagly döş“.
„Ýaltanman ýatar, duýdurman tutar“. Bu mysallaryň kelle we pyşdyl, gapandygyny çaklamak mümkin.
1087-nji çeşmede mirasgäriň agzalan etraplardan toplan gazallary, nakyllary hem saklanylýar. Hazyna toplaýjy dürli-dürli temadan käbiri ýigitleriň, käbiri gyzlaryň dillerinden aýdylan gazallary ýokarky mekdep okuwçylarynyň dillerinden ýazyp alypdyr.
Agşam şamyny az iý,
Gyşyň gamyny ýaz iý.
Akylly aýnamaz, altyn çüýremez.
Gotur goluňda bolmasyn, ýaman ýoluňda.
Ýeňil zatlar ýele gider,
Ýagşy-ýaman bile gider,
Ýürek bilen edilen iş,
Bolmaz diýme, bolar gider.
setirleri öz içine alýan nakyllary we birküç sany şorta sözleri, sanawaçlary-da ýokarky etraplardan mekdep okuwçylarynyň dilinden ýazyp alypdyr.
1107-nji bukjada M.Çaryýew bilen K.Seýitmyradowyň 1967-nji ýylda ýazga geçiren dessanlarydyr, goşgulary saklanylýar. Olar Sapyş Ataberdiýewiň repertuaryndan. Sapyş Ataberdiýew Köneürgenç etrabynyň öňki „Leningrad“ kolhozyndan, onuň repertuarynda birnäçe tirme aýdymlar we „Şasenem-Garyp“, „Hüýrlukga-Hemra“ dessanlary bar.
Başda mirasgärler Sapyş Ataberdiýewiň terjimehaly barada maglumat beripdirler. Olaryň ýazmagyna görä, bagşy dutara erk edip bilýän bolmaly. Hazyna toplaýjylar onuň halypasy barada maglumat bermändirler, ýöne ol aýdýan dessanlaryny dilden öwrenipdir. Bagşynyň bilimi üç klas. Magtymgulydan „Zor bolar“, „Ýusup-Ahmet“ dessanyndan „Mübärek bolsun“, „Leşger tartyp“, „Hüýrlukga-Hemra“ dessanyndan „Kazym“ goşgusyny aýdyp beripdir. „Şasenem-Garyp“ dessanynyň wakalary yzygiderli beýan edilýär. Goşgy az hem aýdyjynyň şiwe dili bildirýär. Dessanlar derňelende deňeşdirip derňemek üçin bu dessan möhüm.
1045-nji çeşmede M.Çaryýew bilen Nury Atdaýewiň 1965-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gurban bagşynyň dilinden ýazyp alan „Hüýrlukga-Hemra“ dessany saklanylýar. 1107-nji bukjadaky „Hüýrlukga-Hemra“ dessanyny-da Myrat Çaryýew bilen K.Seýitmyradow göçüripdir. Dessan doly. Onda wakalar başdan-aýaga bir sydyrgyn beýan edilýär. Mazmuny bir, beýlekilerde bolşy ýaly, goşgulary doly aýdyp bilmändir. Muňa garamazdan, dessanda Hysrow şanyň düýşünde gören Bilbilgöýäsini getirmäge giden üç doganyň üçüsiniň hem häsiýeti ýeke-ýeke açylýar. Hemra ynsanperwer, hoşgylaw, ugurtapyjy, edepli, mert, doganlary ejizeganym, daşýürek. Dessanda barybir adamkärçilik ýeňýär, her kim päline görä tapýar.
1271-nji bukjada M.Çaryýewiň ýazyp alan halk aýdymlarynyň soňundan sanalýan sanawaçlary ýerleşýär. Bu setirler seýrek gabat gelýändigi üçin doly aldyk.
Eý agalar, gurdy gördüm,
Ýar ýerinden turdy gördüm.
Men aglaman kim aglasyn,
Ýar geçen ýurdy gördüm.
Haraý haraýa begler,
Kerwen saraýa begler,
Iki gözüm ýar ýolunda,
Galdy garaýa begler.
Aşyk çekse nalany,
Ýada salar läläni.
Gamzaň garakçysy salsa talaňy,
Ýerde peşe, padyşany,
Hudaýymyň halany.
Kirpigiň ok gaşyň ýaýdyr çekmeli.
Mirasgär bu setirleri, 1973-nji ýylda toplapdyr, kimiň dilinden we nireden ýazyp alanyny görkezmändir.
1275-nji çeşmede bolsa mirasgäriň Baba Weliýewiň we Hudaýberdi Annaberdiýewiň dilinden 1973-nji ýylyň aprel aýynda ýazyp alan iki sany gyzykly rowaýaty saklanylýar. Rowaýaty juda gyzykly hem täsirliligi üçin mysal aldyk. Olaryň biri Isgender Zülkarneýn hakynda.
Isgender Zülkarneýn Horasany basyp alandan soň, şol ýerde bir pars gyzyna aşyk bolýar. Gyz ondan gaýanyň ýüzünde özüne şäher salyp bermegini haýyş edýär. Isgender gyzyň teklibi boýunça Horasanyň daglyk ýerleriniň birinde gaýanyň ýüzünde şäher saldyrýar we ýaňky gyzy gujagyna alyp, gaýadaky basgançaklaryň üsti bilen şol täze gurduran şäherine çykýar. Isgender soňra ol gyzdan ýene nähili haýyşynyň bardygyny soraýar. Meý içip serhoş bolan gyz täze salnan galany ýakmagy teklip edýär. Isgender galany ýakdyrýar. Güýçli ýangyn zerarly ýüregi gopan gyz özüne gelýär. Görse, ne gözel şäher onuň bir agyz sözi bilen weýran bolup ýatyr. Ençeme adamyň gany we daban azaby siňen şäheriň özi zerarly weýran bolmagyna tap getirip bilmedik gyz özüni gaýadan oklaýar we heläk bolýar. Ol şäheriň sudury häzir hem barmyş.
Magtymgulynyň „Isgender Jemşit saldyran, beýik binalar görüner“ diýýän binalary şol şäherde. Alty Garlyýew olary gözüm bilen gördüm diýdi. Düzediş girizen Baba Weliýew.
Ýene bir rowaýat
Gadym zamanlarda bir gyz bilen bir oglan söýşüpdirler. Emma günleriň birinde oglan gyza biwepalyk edipdir. Muny eşiden gyz Hudaýyň ýanyna baranmyş we eden etmişi üçin oglany jezalandyrmagy haýyş edenmiş. Hudaýtagala hem gyzyň haýyşyny kanagatlandyryp, ony–ot, oglany bolsa kebelek edip ýaradanmyş. Şondan bäri kebelek oda ýetjek bolýar we her gezek-de bir wagtky eden etmişiniň gurbany bolýar.
Bu rowaýaty M.Çaryýew 1964-nji ýylyň 21-nji fewralynda ýazyp alypdyr.
Belli mirasgär, ussat bagşy Palta bagşynyň dilinden ýazylyp alnan dessanlar many-mazmunynyň baýlygy, çeperligi, wakalarynyň, beýan edilişiniň juda dartgynlylygy, diliniň şireliligi söze baýlygy, mililigi, gahrymanlarynyň juda janlylygy bilen tapawutlanýar. Myrat Çaryýew 990-njy bukjadaky „Göroglynyň döreýşi“ („Görogly“ şadessanyndan 56 sahypa) şahamçasyny lentadan kagyza geçiripdir. Tekstiň wakalarynyň beýan edilşi diýseň durmuşy, janly. Halk ýumoryna baý.
Ýetimlikde ösen ýaşajyk Röwşeni, eýýäm ýaşlygynda onuň geljekde nähili adam boljagyny çaklap bolýar. Ol hatda oglanjykka-da özdiýenli, öz islän zadyny göwnüne jaýlamasa kanagatlanmaýar. Tekst şu durşyna çap edilse, şeýle täsirli boljak.
Jygalybeg agtygyna taýyny enesi bilen 40 günläp adamsyz ýere, derýanyň boýuna erkin goýbermegini talap edýär. Röwşen ylalaşýar. Emma atasynyň gapdalynda zordan takat edip oturan oglan barybir öz diýenini edýär. „Kör zaňňaryň diýenini edip oturmaýyn. Taýy it iýjekmi, möjek iýjekmi, galtaman alyp gitjekmi, belli däl. Aýdyjynyň dili bilen aýtsak, Röwşen taýy süýrekleý-sürekleý, çatmanyň urganyna dakýar. Soňky waka tekstde şeýle berilýär.
Maňlaýygaranyň, ýetim oglanyň şaýy özüňize mälim. Munda şaý (esbap) barmy?... Bir galanyň çaşyp ýatan bir köne gaňňasyny dagdan tapyp gelip, ýüpden gülüşden, zeňňi bag edip, munam eýer edip ýasady. Bir köne içmegiň arkasyny getirip, munam taşlady, içirgisidir-dä. Bir köne donuň iki syýynam biri-birine ortasyndan ýüp dakyp, dakyşdyryp münam taşlady. Bu-da tekeriklisi bolmaga çemeli. Üstünden (wakyrykladyp) wakyrdadyp, şakyrdadyp ýaňky köne gaňňanam taşlap, bir donuň emma ýakasynyň bir ýanyny ýyrtykedäninim. Bir ýanna-da çyzzym (???) dakyp, bu-da bir çekgisi bolmaga çemeli garnynyň teýinden alyp, gaňňanyň üstünden alyp, garnynyň teýinden çekjek bolup barýardy. Taýyň gyjygy gelip, müňgüp öňküp, öňküp gaňňanam götinden depip taşlap, çatmanam agdardy... Emma demirgazyk tarapa garap göteriberdi taý ökjäni Röwşen atasyny çatmanyň aşagyndan zordan çykarýar. Aýdyjynyň özi öz dili bilen wakalary has gyzykdyrýar.
Wakalaryň gidişinde Abdyllaýy galandaryň Görogly üçin babaýy Keýmirden ýaý dileýşinde, onuň ýaş ýetginjege bazar üçin ýasan ýaýyny görkezişinde-de Göroglynyň häsiýeti açylýar. Göroglynyň döreýşi bilen bagly beýleki mirasgärleriň toplan tekstinde onuň aýdylyşynda beýle özboluşlylyk ýok. Myrat Çaryýew, teksti, 1965-nji ýylda ýazga geçiripdir.
„Törde bir ýaý dur, emma kir basyp, düwün baglap galypdyr. Bir uly ýaý. Göroglynyň iki gözi şonda“. Görogly şony soraýar.
„Heý, oglan, hetdiňi tanyp geple sen. Sen ýaly oglanyň götünden gelip ata durgan ýaý emes şo. Onuň kirşini ýedi pälwan çekedi“.
Görogla her bilegine 18 pälwanyň güýjüniň berleninden ýaý satyjy habarsyzmyş. Ol ýaýyň bir şerti bar, ony atyp bilen adam alyp gitmeli. Atyp bilmedik ýüz tümen berip gitmeli. Göroglynyň paýyna ýaýy atyp alyp gitmek düşýär.
988-nji bukjadaky Nazarbaý bagşynyň dilinden ýazylyp alnan „Görogly“ eposynyň „Arap daňan“ şahasynyň tekstiniň-de dili şeýle tebigy, şiwe aýratynlyklary saklanan wakalaryň beýan edilişi-de gyzykly ýumora diýseň baý.
Gahrymanlarynyň häsiýetleriniň açylyşam janly, täsirli. Eseri diňläp doýup bolmajagy öz-özünden düşnükli. Öweziň öýkelekligi, Göroglynyň kyrk ýigidiniň diliniň ötgürligi, hiç kimiň hiç kimden ýüz görmeýänligi örän janly, anyk beýan edilýär. Diňe Görogly däl, tekstde Reýhan arabyň güýji, rehimsizliginiň suratlandyryşynda-da, Göroglynyň men-menlik edip, onuň eline düşüp, düýä saralyp, düýäniň üstünde görýän görgüleriniň beýan edilşini hezil edip diňlemezlik, täsirlenmezlik mümkin däl. Iki aýagy düýä saralan, düýe her bökende kellesi tarkyldap hataba degýän Göroglynyň, onuň ýagdaýyna biperwaý garaýan Sapar Kösä ýalbaryşy men-menligiň pidasy. Öwez gelip Göroglynyň el-aýagyny boşadanda, onuň Sapar Kösä igenmesini, ol müýnürgemän, tersine, Göroglynyň özüni duzlamagy tebigy. Ýene Görogly sypaýyçylyk edýär.
„Eý Kerogly beg, ataň Adybeg soltanam şuň ýaly bir akylsyz maňlaýygarady. Sen şonuň götünden ýylmaýyp düşen bolupsyň. Emma Arabyň jany çykmazdan burun Kerogly agamy çöşüp alaly. Damagyny çalaly, bir kaşyk ganyny içsin – diýip seni kowalap ýörşüm. Ýalaň seniňki, ýagşylyga – ýamanlyg-ow zaňňar – diýip, ýeňsesini gazyk ýaly edip dur Sapar Köse.
– Haý, bidöwlet Köse, gepiňi tapdyň. Günäňi ötdüm. Seni gepde ýeňip bolmaz...
Namazbaý bagşynyň aýdyp beren „Kyrk müňler“ şahasynda-da mazmunyň beýan edilşinde-de, aýratyn hem, Göroglynyň, özüni tanatman, hem tanadyp, akyllylyk, hatda hilegärlik bilen duşmandan mertlik bilen ar alşynyň berlişinde-de aýdyjynyň ussatlygy duýulýar.
„Kyrk müňler“ hem 988-nji çeşmede saklanylýar. Ol 82 sahypadan ybarat.
965, 966, 967-nji çeşmedäki eserleri, meselem, „Nejeboglan“ dessanyndan 34 sahypany hem şol dessandan Elbent bilen Nejeboglanyň aýdyşygyny („Gel jygamyz alyşaly“), Mylaýym gyz bilen Kempiriň aýdyşygyny, „Şasenem-Garyp“ dessanyndan bir goşgyny „Görogly“ eposyndan hem bir goşgyny, Magtymgulynyň „Bolmasa“ goşgusyny, bularyň hemmesini Daşoguz welaýatynyň öňki Kalinin (häzirki Boldumsaz) etrabynyň ýaşaýjysy Artyk bagşy mirasgäre aýdyp beripdir. Olary M.Çaryýew gaty arassa edip, hem Daşoguz bagşylarynyň aýdyş usulynda şiwesini hem saklap, kagyza geçiripdir. Elbetde, kassetadan kagyza geçirmek, gürrüň berip ýa-da aýdym aýdyp oturan bagşydan ýazyp almak, şol sanda kagyzdan göçüren ýaly aňsat däl. Ol köp wagty, üşügi, ünslüligi, erjelligi talap edýär. Mirasgäriň bagşylaryň aýdymlaryny, dessanlar bilen bagly gürrüňlerini ýazyp almak üçin magnitofony öwrüp-çöwrüp, telim gezek öçürip goýany düşnükli.
968,964-nji bukjalardaky ýazgylary-da şol etraplardan bagşy Rejep Hojaýewiň ýerine ýetiren aýdymlaryndan, gürrüňlerinden lentadan ýazga geçiripdir. Olar „Zöhre-Tahyr“ dessanyndan bir bölek, „Görogly“ şadessanyndan hem bir bölek. 964-nji bukjada başga-da Palta bagşynyň aýdyp beren „Şasenem-Garyp“ dessanyndan „Içdim-de geldim“, Magtymgulydan „Namys-ary bolmasa“, ýene „Görogly“ şadessanyndan „Bolma“, „Imesmi?“ Seýdiden „Ýigidiň“ ýaly goşgulary bar. Mirasgär bu ýazgylaryny magnitofon lentesinden kagyza 1967-nji ýylda geçiripdir. Ýazgy 31 sahypadan ybarat. Kynam bolsa edebi-çeper eserleriň lentadan kagyza geçirilmegi okyjylar, dessanlary öwrenijiler üçin elýeterli.
Öre Şyhyň dilinden 1961-nji ýylda ýazylyp alnan 171 sahypalyk teksti M.Çaryýew 1967-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda lentadan kagyza geçiripdir. Ýazgyda „Nejeboglan“ dessany tutuş bar. Bagşynyň 171 sahypalyk uly göwrümli dessany ýat bekläp şiresi, diňe bir kyssasy bilen däl, goşgulary bilen şeýle yzygiderli gyzykly aýdyp bilmegi, onuň ussatlygy. Dogrudan hem ussat bagşylaryň halk mirasyny şol derejede janlandyryp, wakalaryň içine girip, gahrymanlaryň özleri bolup labyzly sesi bilen gylyny gymmyllatman ýatdan ýerine ýetirmegi halkda uly täsir galdyrýar. Aslynda bagşylar dessanlary halypadan şägirde geçirip, bir zynjyry emele getirip, halk baýlygyny asyrdan asyra aşyrypdyr. Olar ençeme sahypalary ýatlarynda saklap, uzak asyrlardan şu döwüre getiripdirler.Belli özbek alymy Töre Mürzäýew bagşy „Эпос и сказитель“ (epos we aýdyjylar) diýen monografiýasynda akademik Aýbegiň pikirine salgylanyp bagşylaryň hyzmatyna ýokary baha berip şeýle ýazypdyr.
„Первыми носителями художественной культуры, - писал академик Айбек – были народные поэты-бахши, словесная импровизация которых была, неразрывно связана с музыкой. В своих песнях и поэмах бахши воспевали радость трудовой жизни, героические подвиги легендарных богатырей своего народа. Их „саз“ вдохновленно звучал на ярких празднествах кочевников в честь солнца и весны, на шумных народных гуляниях и тоях (пирах). Бахши своим творчеством дают живые уроки истории, наполняют сердца своих слушателей ненавистью к поработителем и вызывают любовь к свободе и родной земле. Бахши уходят, но его простые и здоровые, как жизнь кочевников, слова, яркие, богатые, как степные луга, рифмы продолжают жить. Так, без пера и бумаги дошли до наших дней десятки больших эпических поэм и сотни прекрасных песен“ .
939-njy bukjadaky ýazgyny Halaç etrabyndan Musdak bagşy aýdypdyr. Ol „Görogly“ eposynyň „Kempir“ şahasyny öz içine alýar. Ýazgyny M.Çaryýew 1960-njy ýylyň 29-njy iýunynda kagyza geçiripdir. Bu bukjadaky öleňleri Ýazmyrat Nurlyýew ýazypdyr. 941-nji çeşmedäki ýazgy bolsa „Görogly“ eposynyň „Arap Reýhan“ şahasy. Ýazgylaryň senesi birmeňzeş. Diňe bagşysy başga. Ony Serdar etrabynyň Pelwert obasyndan Tuwakgylyç Gurbannyýazow (Gurban kör) ýerine ýetiripdir. Ol etraplarda seýrek aýdylýan bu ýazgyny-da M.Çaryýew kagyza geçiripdir. Bagşylaryň şol bir dessanlary dürlüçe aýdýandyklary belli. „Görogly“ eposynyň „Arap Reýhan“ şahasynyň dürli-dürli bagşylaryň aýdan nusgalaryna ser saldyk. Olaryň mazmunlary birem bolsa, hersiniň aýdylyşynda bir tapawut bar. Meselem, aşakdaky dessana giriş Musdak Aýmedow şeýle aýdypdyr.
... Owwal eýýamda Ýel... paşşanyň döwründe, günleriň bir gününde syçanlaryň hininde bir düýe palçyga batypdyr weli, onuň yzyndan siňek baryp, ony palçykdan çykarypdyr diýýä. Ajyňa-ajy, süýjüňe süýji, teletin Allanyň genji köýüne ädik ýigrenji çekiberseň geler gonjy.” Söz oýnatmalaryndan soň. “Andag rowaýat kylarlar ki, habary kimden al, habary Gürjüstanyň paşşasy Leke paşşadan eşidiň“ diýen jümle gelýär. Şeýle giriş beýleki kyssa eserlerinde gabat gelenok. „Ajyňa-ajy, süýjüňe süýji“ ýaly setirleri mirasgär Muhammet Ataşow ertekileriň girişinde köp ulanýar.
Bu çeşmede „Arap Reýhan” şahasyndan başga „Görogludan“ aýdymlar we Magtymgulynyň sözlerine aýdymlar bar. Bulary-da kagyz ýazga 1967-nji ýylda geçiren Myrat Çaryýewdir.
940-njy bukjadaky „Hüýrlukga-Hemra“ dessanyny we alty sany aýdymy („Söýgüli jenan bäri gel“, „Baradyr“, „Gyrat meni Çandybile sen ýetir“, „Aýrylsa“, „Ganymat“, „Kadryň biline-biline “)Hojambaz etrabynyň Beşir obasyndan Öwlüýäguly bagşy ýerine ýetiripdir. Olary Myrat Çaryýew 1960-njy ýylyň 1-nji iýulynda ýazga geçiripdir.
991-nji çeşmedäki „Görogly“ eposynyň „Kyrk müňler“ şahasyny bolsa Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Palta Garaýew ýerine ýetiripdir. Mirasgär 51 sahypadan ybarat ýazgyny 1960-njy ýylyň 3-nji fewralynda kagyza geçirilipdir.
Dessany Palta bagşy juda özboluşly ýerine ýetiripdir. Onda bagşynyň şiwesi bilen baglanyşykly şiwe sözleri baram bolsa, dessanyň aýdylyşy gürrüň berişlerine görä, juda tebigy, sada, janly, düşnükli. Bagşy wakalaryň içine girip, gahrymanyň özi bolup, joşup-joşup aýdanda, wakalar gözüň alnynda dowam edip duran ýaly täsir galdyrýar eken. Dessanda daşy gabalan gahrymanlaryň-da watançylyk duýgusy dürlüçe açylýar. Sebäbi aňyrsy-bärisi görünmeýän ýygyna gözi düşen kyrk ýigidiň käbiriniň zähresi ýarylyp, käbiriniň bolsa, duşmana hötde gelmegiň ýoluny agtaryp edýän, galagoply pikirleri özboluşly. Bu şahada ýygyna gözi düşüp bir bada höwpurgan Göroglynyň ýönekeý eşige girip garşydaşlary, duşmanlary bilen tüýsüni üýtgedip, kä degişip, kä gödek oýun edip, käte ele düşende ejizlän bolup edýän hereketleri juda özboluşly. Göroglynyň bu hereketleri onuň mertligini, gaýratyny, batyrlygyny, akyl-paýhasyny açmaga ýardam edýär. Bularyň hemmesi dessany janly görnüşde halka ýetirýän bagşynyň hyzmaty.
„Бахши-творец и хранитель эпический традиции. Появление и развитие дастана и дастанного творчества – этого рода высокого профессии специального искусства – тесно связаны с деятельностью бахши. Именно была создана устная эпическая традиция,её продолжали дальше, развивали в определенных социально экономических условиях и, наконец, в нашу эпоху заложили основу современному дастанному творчеству. Бахши занимали большое место в политико-культурной жизни народных масс, и возможно, что и на зaре художественного развития наших далёких предков первыми творцами также были бахши“ .
989-njy bukjadaky „Görogly“ eposynyň „Kyrk müňler“ şahasyny Namazbaý bagşy ýerine ýetiripdir. Çeşmedäki aýdymlary bolsa Şaberdi Bäşim ogly aýdypdyr.
1029-njy bukjadaky „Göroglynyň“ „Bezirgen“ şahasyna degişli ýazgyny, Artyk bagşy ýerine ýetiripdir. Ony M.Çaryýew 1966-njy ýylyň mart aýynda ýazga geçiripdir.
987-nji çeşmedäki „Bezirgeni“ bolsa Altybaý bagşy aýdypdyr. Mazmunlary biri-birine ýakynam bolsa, bu şahalaryň beýan edilşinde, gahrymanlarynda aratapawut bar. Bu şahada Görogly Bezirgeni bir haýýar Kempiriň sözüne ynanyp öldürýär. Agaýunus bu etmişi üçin Göroglyny ýazgarýar. Görogly Bezirgeniň baýlygyny 63 sany ineri ýükläp Sapar köseden ýurduna ýollaýar. Aýsoltan agasynyň ölümine gözýaş döküp, Bezirgeni sorap Sapar kösä ýüzlenýär. Soň Göroglydan öçli Aýsoltan agasynyň ölüminiň sebäbini ondan soraýar
Garahan döw duşmanym bar, gaçar ýerim ýok.
Uçaý diýsem, ganatym ýok, perim ýok,
Agam diýp ýyglara erkek nerim ýok,
Sebäp näme, ýalňyz agam öldürdüň?
Bu goşgy şu şaha degişli beýleki nusgalarda-da bar.
Ahmyrly Görogly günäsini boýnuna alyp, öz janyny Aýsoltana tabşyrýar:
„Ine, men, bir kaşyk ganymy iç, menem galaýyn agaň gapdalynda“.
1200 çeşmede bolsa Begjan Baýramdurdyýewiň (Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan etrabynyň öňki „Leninizm“ kolhozyndan – Ş.G) „Görogly“ şadessanyndan aýdan bir şahasy („Öwezi dara çeken şahasy“) we onuň Magtymguly Garlyýewiň terjimehalyna, repertuaryna degişli aýdyp beren maglumaty saklanylýar. Maglumaty aýdylyşy ýaly göçürdik“ diýip, mirasgär M.Çaryýew ýazýar.
Magtymgulynyň atasyna Garly diýer ekenler. Magtymguly özüniň döwründe köp ýerlerde aýdymlar aýdyp, dessanlar aýdyp, özüniň esasy aýdýan aýdymlary bolsa Keroglynyň namalaryndan. On iki sany dessan, olaryň birnäçesi: „Öwez getiren“, „Öwezi dara çeken“, „Öwez öýlenen“, „Arap daňan“, „Kyrk müňler“, „Kempir“, „Harmandäli“. Şunuň ýaly köp dessanlary Magtymguly Garly bagşy aýdýardy. Ol özüniň döwründe örän gowy, dessançy bagşy boldy.
Onuň soňky wagtlarda birnäçe şägirtleri boldy. Rzaguly Ataýew, Ilaman Annaýew, Tüýli Otuzow, Akjagül Myradowa, Begjan Baýramdurdyýew.
Esasan, Magtymgulynyň haraktristkasy (harakteristikasy) şundan ybarat. Ol esasy Kaka raýonundan bolup soňky wagtlarda bolsa, Ýylanly raýonynyň Arap oba sowetiniň „Leningrad“ kolhozynda tä soňky ýaşyna çenli şol „Leningrad“ kolhozynda ýaşady“. M.Çaryýew bu ýazgyny 67-nji ýylyň 30-njy iýunynda kagyza geçiripdir.
1105-nji çeşmedäki aýdymlary, aýdyjy Meret Mämmedowyň özi 1967-nji ýylda ýazyp beripdir. Bukjada Magtymgulydan, „Şasenem-Garyp“ dessanyndan goşgular, „Hüýrlukga-Hemra“ dessanyndan bir bölek we awtoryň özüniň terjimehalyna degişli maglumat saklanylýar. 1106-njy bukjada bolsa bagşy Maral Aşyrowanyň „Görogly“ eposyndan, „Şasenem-Garyp“, „Saýatly-Hemra“ dessanlaryndan aýdan aýdymlary bar.
1106-njy bukja bolsa M.Çaryýewiň, K.Seýitmyradow bilen 1967-nji ýylyň sentýabr aýynda Maral Aşyrowanyň dilinden ýazyp alan tirme aýdymlaryny öz içine alýar.
Maral Aşyrowa 1924-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň öňki Lenin adyndaky kolhozynda dünýä inipdir. Ol 1951-nji ýylda Köneürgenjiň öňki Karl Marks kolhozyna göçüp gelip, şol ýerde ýaşapdyr. Şol ýyldan bäri hem bagşyçylyk edipdir. Ol diňe tirme aýdymlary aýdyp, şirin owazy bilen märekä 2-3 sagatlap hezil berýän eken. Myrat Çaryýew aýdymçynyň maşgalasy barada-da maglumat beripdir.
1108-nji bukjada bolsa mirasgäriň Hudaýberdi Maşrykowyň dilinden ýazyp alan aýdymlary „Görogly“ eposynyň „Kyrk müňler“ şahasy saklanylýar. Bu edebi çeper eserleri Myrat Çaryýew Köneürgenç etrabynyň öňki „Leningrad“ kolhozynda bolanda (sentýabr 1967 ý.) ýazyp alypdyr. Çeşmede başga-da Hudaýberdi Maşrykowyň terjimehaly hakynda maglumat beripdir. Maşrykow 1913-nji ýylda Köneürgenç etrabynyň öňki Leningrad kolhozynda dünýä inipdir. Ol 25 ýyllap bagşyçylyk bilen meşgullanypdyr. Oňa ilki Aşyr Uşak, soň bolsa Baýar Baýramow halypalyk edipdir.
Bagşy „Görogly“ şadessanynyň „Harmandäli“, „Arap daňan“, „Kyrk müňler“ şahalaryny, galyberse-de, nusgawy edebiýatyň wekilleriniň şygyrlaryny we „Hüýrlukga-Hemra“, „Ýusup-Ahmet“, „Şasenem-Garyp“, „Zöhre-Tahyr“, „Nejeboglan“ dessanlaryndan tirme aýdymlaryny aýdýandygyny nygtapdyr.
Hazyna toplaýjy Hudaýberdi Maşrykowdan „Göwnüm heý“, „Zamana ahyr bolanda“. „Ýandym“, „Görogly“ şadessanyndan „Göwün açar“, „Ýollary“, Baýly şahyrdan „Urar bir gün“, Magtymgulydan „Kararsyz ärden“, „Dünýedir“, „Açar gider“, „Alajakdyr“, „Gezmek bilen“, „Tapmarsyň“, „Sil galmaz“, Kemineden „Garyplyk“, „Ýigide“, „Hüýrlukga-Hemradan“ „Ne hyýaldadyr“, „Içinde“, „Görogly“ şadessanyndan „Gyz getir“, „Yzlaýyr men“, „Bu dünýä“, „Göründi“, „Neýlediň“ başga-da Şabendeden, Durdy bagşydan ençeme goşgulary we „Görogly“ eposynyň „Kyrk müňler“ şahamçasyny-da ýazyp alypdyr. Daşoguz topragyndan ýazylyp alnan bu eposyň „Kyrk müňler“ şahasynyň bagşylar tarapyndan aýdylyşynda meňzeşlik kän. Hemmesinde mazmun yzygiderli saklanyp sadadan hem dartgynly beýan edilýär. Wakalaryň dowamynda Görogly garşydaşlaryna, duşmanlaryna özüni tanatman, gürleşende, hereket edende Göroglynyň at tutary, ýa hyzmatkäri bolup şol hile bilen ýol alyp üstlerinden gülüp etjegini edip ýör. Beýle ýagdaýlarda Göroglynyň batyrlygy, ugurtapyjylygy, mertligi, şahandazlygy şeýle giňden açylýar. Onuň hereketleri diňleýjiniň-de, okyjynyň-da içini byjyklap, güldürýär, guwandyrýar. Görogly juda dilewaram, ýeri gelende, zerurlyk bolanda hilegärligem edýär. Dogrusyny aýtsaň, okyja-da diňleýjä-de onuň häsiýetinden öwrenmäge zat juda köp. Bu bagşylaryň-da, toplaýjylaryň-da hyzmaty. Dessany dartgynly edýän zat Görogly duşmanyň eline düşende-de ol bir ýol tapyp, hatda kä halatlarda ýalan sözläp hilegärlik bilen hem sypýar. Elbetde, onuň häsiýeti dessanda ulaldylyp, umumylaşdyrylyp görkezilýär. Esasy zat halk oňa ynanýar. Ynanar ýaly edilibem keşbi çekilýär. Reýhan arabyň jesedi ýüklenen piliň ýüki Göroglynyň jesedidir öýdüp keýpini kökläp oturan Leke şa Aman arap gelip ol ýüküň Reýhan arabyňkyndygyny çaklap Leke şanyň ýakasyndan alanda onuň ýüregi ýarylyp, Aman Arapdan gorkusyna ähli tanaýan, iş salyşýan hanlyklaryna hat ýollaýar. Daşy kyrk müň goşun bilen gabalan, dünýäden bihabar Göroglynyň birbada zähresi ýarylýar. Şondan soň Görogly, şol ýygynyň ortasynda dürli-dürli adamlar bilen ýüzbe-ýüz bolup, hem söz hem ýarag bilen özüniň Göroglydygyny görkezip başlaýar. Bagşam dartgynly wakalary, Göroglynyň hereketlerini söz bilen saz bilen, joşup-joşup aýdýar. Wakalaryň içine girýär. Görogly bolup dolup-daşyp hereket edýär. Onsoň täsirlenmänem bir gör.
Halk baýlygynyň dürdäneleri şol baýlygyň gymmatyny bilýän ussat bagşylardan uzak ýyllar toplanypdyr.
M.Çaryýew 680 sahypadan ybarat „Türkmen halk nakyllaryny“ neşire taýýarlap, 2005-nji ýylda neşir etdirdi. Neşiri mirasgär sözsoňy bilen üpjün edipdir. Sözbaşyda nakyllara dürs kesgitleme beripdir. Hakykatdan hem adyndan belli bolşy ýal, halk döredijiligi hasaplanylýan nusgalaryň hemmesi many-mazmuny boýunça goýazylygy, özlerine siňdiren çeper we şahyrana sözleriň jeminden emele gelen dürdäne pikirlerdir. Ol pikirler ýöne bir ýüz ugruna aýdylýan närseler däl-de, eýsem, tutuş bir halkyň akyl gazanynda gaýnap eýi ýetirilen, telim asyryň synagyndan geçip, halk köpçüliginiň ol ýa-da beýleki bir mesele barada iň soňunda gelen netijesiniň jemidir. Halkyň asyrdan-asyrlara ulaşýan, bütin geçmişini, syýasy-ykdysady ýagdaýyny durmuşyny, taryhyny, halkyň psihologiýasyny, dünýägaraýşyny, däp-dessurlaryny, milli häsiýetlerini, watansöýüjiligini öwrenmekde nakyllardyr atalar sözü möhüm hazynadyr. Ol bu hazynany mirasgär ilik-düwme öwrenip, seljerip sözsoňuda jaýdar pikirleri orta atypdyr.
„Nakyllar halkyň bäş müňýyllyk hakydasyny, durmuşy tejribesini özüne siňdirip, ata-babalarymyzyň ahlak-ýörelgelerine eýlenip, pikir çugdamlygyny, çuňňurlygyny, many goýazylygyny, täsirliligini, ýatda galyjylygyny, durmuşylygyny jemlänligi üçin beýikdir hem täsirlidir.“
Sözsoňuda mirasgär nakyllaryň taryhy köklerini yzarlap, ýazuw üsti bilen gelen nakyllaryň irki döwürde dörändigini nygtapdyr. Nakyllaryň gysgadygy, many-mazmunynyň çuňdugy, milliligi, ötgürligi, akyl-paýhasa ýugrulandygy, az sözde çuň manyny berýänligi-de hakykat. Olaryňam her döwrüň durmuş ýagdaýyny, taryhyny özüne siňdirip asyrlar boýy baýlaşyp, kämilleşip gelendigi-de hakykat. Sebäbi nakyllar hemişe halkyň baý durmuş tejribesiniň önümi bolup gelipdir.
M.Çaryýew nakyllary toparlara bölüp öwrenipdir. Mirasgäriň bu žanryň şahyrlaryň döredijiligine, tersine olaryň şygyrlarynyň nakyllara täsirine-de ünsi çekipdir. Ol aýratyn hem Dowan şahyryň döredijiliginde nakyllaryň ussatlyk bilen ulanyşyny seljeripdir. Ol 50 bent töweregi rubagysynda 60-a golaý türkmen nakylyny ulanypdyr. Nakyllary döredijilikli özleşdiripdir. Olardan käbir nusgalar;
Agzybiriň rysgy artar,
Köpüň sözi dagy kerter,
Bir ýigidi Hudaý tutsa,
Pygamber hasasyn dürter.
Türkmen nakyllarynyň esasy bölegini bir kitaba jemlän, juda uly terbiýeleýjilik ähmiýeti bolan bu ýygyndynyň her taraplaýyn ähmiýeti uludyr. Sebäbi nakyllar edil beýleki çeşmeler ýaly adamzadyň ruhunyň baýlaşmagynyň iň möhüm serişdesi bolup durýar.
◆ Mirasgär 1940-njy ýylyň 14-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda dünýä inýär. Ol Sünçe obasynda orta mekdebi tamamlap, 1956-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetine okuwa girip, ony 1961-nji ýylda tamamlaýar. Ol 1961-1963-nji ýyllaryň aralygynda Baharly etrabynyň 12-nji mekdebinde türkmen dili we edebiýat mugallymy bolup işleýär. Soň 1963-nji ýyldan 1990-njy ýyla çenli TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda ylmy işgär bolup işleýär. 1990-njy we 2002-nji ýyllar aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň türkmen edebiýaty kafedrasynda uly mugallymy bolup işleýär. 2009-njy ýyldan 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryna ýagny, aradan çykýança Milli golýazmalar institutynda esasy ylmy işgär bolup işleýär.
Mirasgär „Magtymguly we halk döredijiligi“ diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. Ol „Magtymguly we halk döredijiligi“ diýen ylmy monografiýanyň awtorydyr, „Türkmen nakyllary“ atly kitaby çapa taýýarlaýjydyr.
M.Çaryýew „Magtymguly we halk döredijiligi“ diýen işinde şahyryň döredijiligine nakyllaryň täsirini „Magtymgulynyň döredijiligi bilen folkloryň özara baglanyşygynyň öwreniliş taryhy“, „Magtymgulynyň poeziýasy we türkmen halk şahyrana döredijiligi“, „Magtymgulynyň döredijiliginde halk epiki obrazlary“, „Magtymgulynyň muşagyralary we halk döredijiliginiň aýdyşyklary“ diýen bölümlere bölüp, bu temany ilik-düwme öwrenipdir. Magtymgulynyň nusgawy şygyrlarynda nakyllaryň ulanylyşyny we şahyryň döredijiligine onuň täsirini düýpli seljeripdir. Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekde-de bu işiň ähmiýeti uly.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly