08:15 Nerudany göçürýärler | |
NERUDANY GÖÇÜRÝÄRLER
Goşgular
Asryň başynda Şu günki ýüzi salyk, Еmmа şanly geljegine ynanyp, Şol ynamdan güýç alyp, Göreşýän Çilide Aýdym bolup doguldy. Pablo Nerada. Aýdym aýdan wagty Pablo Neruda, Uklap geçirse-de ýüzläp asyry, Ganmadyk, Oýanmadyk daglar, Öz sesinden özge sesi eştmedik jülgejer, baglar. Tisginip gitdi. Aýdym aýdan wagty Pablo, Neruda, Çilini özüne ýassyk edinen Ümmülmez suw-da Tisginip gitdi. Aýdym aýdan wagty Pabio Neruda, Adamlar geljege buýsançly garap, Umyt guşun uçurdylar. Неr sözüni togap edip, Nerudany göçürdiler. Çiliň misjimek howasy bilen Gabriela Mistralyň hüwdüsin sorup her demde, Deňze çöküp barýan gämä meňzeýän Ýurduň agyr labyryn Göterip gerdende Ulalan Nerudanyň, Halkynyň gözýaşyn hem-de şerbetin Ýuwdup bir demde – Goşgularnyň ýükün agraldyp bilse Guwanan Nerudanyň, Gün geçdikçe arzuwlary ulaldy. Şol arzuwlar uzak-uzak ýerlere Ýolsaldy, Ýurtdan-ýurda Nerudany göçürdiler. Dünýäni sarsdyran şol gowgaly ýyl Rossiýa Ganat berdi – Göreş berdi Neruda, Çiliniň Hem bütin dünýäň bagtynyň Göreşdedigin, Göreşip gazanylan Azatlykdadygyn, Deňlikdedigin Görer ýaly göreç berdi Neruda. ...Haçanda, Çilide Ömür gulply duran şol Azatlygyn, Deňligiň Gapysyny halk açanda, Öz ýoluny özi saýlap-seçende, Özgerýän zatlar, Halkyň emri bilen Peýda bolan gudratlar Täze-täze aýdym berip, Nerudany göçürdiler. Çiliniň üstüne Pinoçe atly Elhenç gyrgynyň Abanan çagy, Otuz müň ýürekden gülle geçirlip, Azatlygyň, Deňligiň Ýene zyndanlara gabalan çagy, Çydamady Nerudanyň ýüregi Ýaryldy – dymdy. Gan reňki ornap giden derlerin Syryp zalymlar Kakdy heşelle: «Dogry-da walla, Gylyçdan ýiti, Bürgütden algyr Biz üçin ezraýyl bolup, dogulan Aýdym ahyry diňdi...» Ýöne onuň mazaryndan gorkdular, Il-günden çekinip, Tümlüge bukulyp, Nerudany göçürdiler. Bir belli hakykat bar: Synýan gylyçlar bilen, Çüýreýän toplar bilen Ýumrulýan tagtlar bilen Aýdym bilen göreşi Deňemeklik bolmaýar, Aýdym bilen göreş Bir doglansoň ölmeýär. Bu gün Çiliniň halkam Türmelere gabalan Azatlygy, Deňligi Ýene erkinlige çykarmak üçin, Ýene bagt guşun uçurmak üçin Göreşýär... Şol göreşde, Şol mukaddes göreşde, Her işde Bize howa ýaly, Ýa baýdak ýaly Gerek bor diýip, Nerudanyň aýdymlaryn Ene süýdüne garyp, Çagalama içirýärler. Ýüreklerden-ýüreklere, Nesillerden-nesillere Nerudany göçürýärler. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ «Baglar ýanýar seň toýuňda...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Eneme / Goşgular - 04.12.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |