NURMYRAT ESENMYRADOW
Nurmyrat Esenmyradow bilen entek Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň talybykam, 1961-1962-nji ýyllarda „Edebiýat we sungat” gazetinde bile işledim. Numat (Esenmyradowyň Nurmyrat adyny gysgaldyp şeýle tutýardylar) ikimiz gazetiň edebiýat bölüminde Oraz Akmämmedow, Aşyr Mämiliýew, Ýazmyrat Belliýew sungat, Meret Haladow medeniýet bölüminde işleýärdik.
Gazetiň redaktory Baýram Welmyradow, orunbasary Annaly Berdiýewdi. Abraýly adamlardan ýygnanan agzybir işgärlerimiz bardy.
Adamkärçilik babatda-da olar tapylgysyzdy. Birek-birege sylag-hormat juda güýçlüdi. Baýram Welmyradow juda talapkärdi. Mekdep partasyndan baran gyzjagazyň tejribesizligi, işeňňir, ynsanperwer adamlaryň arasynda redaktora ýetmän galýardy. Ýöne men bu ajaýyp adamlaryň arasynda her taraplaýyn tejribe topladym.
Nurmyrat Esenmyradow hem gaty işeňňirdi. Şäherlerden, obalardan gelýän hatlary redaktirlemäge ökdedi. Ol meni ýa ýaş görýärdi, ýa-da entek tejribesiz görýärdi, bölüme gelen hatlary, goşgulardyr hekaýatlary maňa ynanmaýardy. Öňi bilen özi okaýardy.
Hatyň aşagyndan „Şirinjemal, şu hata jogap ýaz ýa-da işle-de geçir“ diýip ýazýardy. Ol işlän makalalaryma-da täzeden seredýärdi.Bir gezek redaktorymyz işgärlerimiziň birinden „Şirinjemal bilen Nurmyrat gürleşenoklarmy? Näme üçin hat üsti bilen pikir alyşýarlar” diýipdir. Baýram aga bölüm müdiri bilen edebi işgäriň gaty agzybir işleýändiklerini ynandyrypdyrlar.
Nurmyrat sadadan, ýumşak, dilewar adamdy. Ökde žurnalistdi. Ony hemme ýerde sylaýardylar.Kähalatlarda Nurmyrat bilen (ol ýaşy durugşan adamdy) „Jogapýaz“ diýen käbir hekaýalary bilen baglanyşykly jedelleşýärdim. Ol munuň üçin kän bir göwün-garyn edip durmazdy. Işläp oturşyna başyny galdyrman „Halan bolsaň, seret-de geçir-äý, ýöne soň, gep gelmesin“ diýerdi.
Men tä Milli golýazmalar institutymyzyň golýazmalar hazynasyny agtarýançam, Nurmyradyň entek talypka, halkymyzyň edebi gymmatlyklaryny ýygnamaklyga gatnaşandygyny bilemokdym.
Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda onuň 1940-njy ýylda pedinstitutyň Dil we edebiýat fakultetiniň 2-nji kursunyň talybyka, toplan ertekileriniň onlarçasy bar. Olar halk döredijiligine degişli 640, 597, 639-nji çeşmelerde saklanylýar. Olaryň birinde Ata Kerimowyň “Edermen oglana öwrülen gyz” we onuň Baýramaly etrabynyň “Ýaş pioner” kolhozynyň ýaşaýjysy, belli dilçi alym Ata Annanurowdan 1938-nji ýylda eşiden, soň 1940-njy ýylda ýazga geçiren “Saglabyk köse” atly ertekileri hem ýerleşýär. N.Esenmyradow ençeme ertekileri 1940-njy ýylyň fewral aýynda Mary welaýatynyň etraplaryndan, aýratyn hem, Şordepe obasyndan dürli-dürli adamlaryň dillerinden ýazyp alypdyr. Ýöne N. Esenmyradowyň halkyň arasyndan toplan ertekileriniň ýazga geçirilen wagty bilen, olary eşiden wagtynyň arasynda ep-esli tapawut bar. Toplaýjylaryň arasynda beýle ýagdaýa heniz gabat gelnenok. Meselem, N.Esenmyradow 639-njy çeşmedäki “Altyn ýüzük”atly ertekilini Mary etrabynyň Mülkbagşy obasyndan 21 ýaşly mugallym Ýagşy Sähet oglundan 1934-nji ýylda eşidip, 1940-njy ýylyň oktýabr aýynyň 17-sine, ýagny, talypka ýazga geçiripdir.Ýa-da 639-njy çeşmedäki “Ýarty we Bitin alma” atly ertekini, Mary etrabynyň 1-nji Gökje obasynyň ýaşaýjysy Ogultuwak Hojamyrat aýalyndan 1930-njy ýylda eşiden ertekisini 1940-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda, pedinstitutyň talybyka, ýazga geçiripdir.
Galan ertekilerem şolýyllarda toplapdyr. Belki, şol döwürlerde halkyň medeni çeper baýlygyny toplamak talyplardanam talap edilendir. Esasy zat, edebi mirasymyz toplanypdyr.
639-njy bukjada Nurmyrat Esenmyradowyň “Ýarty we Bitin alma”, “Kany Mergen”, “Äşe we Patma”, “Hudaýyň gudraty”, “Üç dogan”, “Altyn ýüzük”, “Çäbik” ýaly ertekileri saklanylýar.Ýöne olaryň ýazylyp alnan senesi-de, aýdyjynyň ady-da görkezilmändir. Toplaýjynyň olary beýleki ertekileriň ýazga geçirýän wagty ýazan bolmagy mümkin. Diňe onuň öz ady gabat gelýär.
957-nji bukjada N.Esenmyradowyň toplan “Hormata hormat”, “Sarytüýli”, “Jan häpiş” “Kelje we onuň daýysy”, “Söwdegäriň gyzy”, “Keramatly golçajyk”, “Ýylan we onuň dosty”, “Ganly şert”, “Tokmagyň gazaby”, “Ker maşgala” ýaly ertekileri ýerleşýär. Bu ertekileri hem N.Esenmyradow “Jan häpiş” bolaýmasa, kimiň dilinden ýazyp alandygy barada maglumat berenok. “Jan häpişi” ol 1935-nji ýylda Mary etrabynyň Samsykýap obasyndan 19 ýaşly Jümmi Berdi diýen ýetginjekden, 1940-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda öwrenipdir we pedinstitutda okaýan döwründe ýazga geçiripdir. Bu ertekileriň hem ençemesi okajylara tanyş. Olar şu wagta çenli okyjylara ýetirilen ertekiler ýygyndylarynda çap edilipdir. Ýöne ýygyndyda ertekileriň köpüsiniň atlary görkezilmändir.Mirasgärler tarapyndan toplananertekilerde mazmun we ideýa taýdan meňzeşlik bolsa-da, wakalaryň gidişinde, gahrymanlaryň atlarynda göwrüm taýdan hem tapawutlar duýulýar. Beýle ýagdaýyň bolmagy tebigy zat.Aýdaly, 15 ýaşly Kaka Salyhyň ýa-da 20 ýaşly Ata Annanurowyň dilinden eşidilen ertekiler on ýyldan soň ýazga geçirilende ýadyň näçe güýçli bolanda-da üýtgeşmeleriň bolmagy mümkin. Galyberse-de, ýaş aýdyjylaryň özleriniňem olary ýaşuly nesilden eşidip, üýtgetmän aýtmagy mümkin däl. Meselem, 639-njy çeşmedäki “Ýarty alma we Bütin alma” atly ertekide başda perzendi bolmaýan şa we oňa döwüň ýarty we bütin alma bermegi, olary aýallaryň iýmegi we her aýaldan bir ogul perzendiň dünýä inmegi ýaly wakalar beýan edilýär. Ertekide çagalara Ýarty alma, Bütin alma at dakylýar. Şundan şoňky wakalar beýleki ertekilerde duş gelýär. Ýarta almany öz aýdyşy ýaly, döwüň alyp gitmegi, ýolda Ýarty alma bir togalanyp barýan çakyr kelläniň, duşmagy we onuň döwi ýok etmegiň ýollaryny maslahat bermegi. Ýarty almanyň döwi öldürip, onuň kyrk sany jaýyndaky baýlyga eýe bolmagy. Käbir ertekilerde kyrk jaýdan döwüň gola salan adamlary çykýar, Ýarty almanyň çölde bir çopan bilen ataly-ogul bolup, jadynyň güýji bilen çopana uly ýagşylyk edip onuň gözüni açmagy, beýleki ertekilerde gabat gelenok. Şa gyzlarynyň alma bilen urup, ýigit saýlamagy, şanyň körpe gyzynyň Ýarty almany urmagy, oňa şa atasynyň gahary gelip, olary sygyr dölä salmagy, aw awlap gaýynagalaryny myhmançylyga çagyrmagy weli beýleki ertekilerde-de bar. Şanyň kiçi gyzy babatynda ýalňyşlygyna düşünmegi-de. Beýleki mirasgärler tarapyndan toplanan ertekilerde waka, esassan, şu ýerde jemlenýär. N.Esenmyradowyň toplan “Ýarty we Bütin alma” ertekisi soň dowam edýär. Ýarty alma bir ýurduň şasynyň gyzyna aşyk bolup, onuň bilen göreşip, göreşde ýeňilýär we gurruga taşlanýar. Erteki Bütin almanyň şol şa gyzyny göreşde ýeňip, doganyny halas edip, ony şa gyzyna öýermegi bilen tamamlanýar. Ertekiniň terbiýeleýjilik ähmiýeti uly. Ýarty alma ertekide öňünde duran päsgelçilikleri güýç synanyşman, emgenmän ýeňip geçýän hem bolsa, (bu ýagdaý köp ertekilerde şeýle) onuň häsiýetinde ýaşlaryň halaýjak gylyklary, tutanýerlilik, töwekgellik güýçli. Ýeňjegine ynamy az bolsa-da, erteki gahrymany synanyşýar. “Üç dogan” atly ertekide-de onuň ýaş gahrymany başarnygy bilen täsir galdyrýar. Bu ertekide-de “Ýakma – bişersiň, gazma – düşersiň” ýaly möhüm ideýa ündelýär. N.Esenmyradowyň ertekilerinde-de körpe nesil hemişe iş bitirip ýeňiji bolup çykýar. Bu eserde-de doganlary tarapyndan guýa taşlanan ýaş ýigit ýeriň aşagyna düşüp, perileri döwden, ýer sürüp ýören daýhany özüne ýazgynlyk bermeýän ýolbarsdan, bir uly patyşany ölümden halas edýär. Äpet guşuň çagalaryny halas edende, guşuň ýigitden islegini aýtmagyny towakga edende, “meni ýeriň aşagyndan ýokaryk çykaryp watanyma gowşursaň” diýýär. Şu ýerde bir zady nygtamaly, N. Esenmyradowyň toplan ähli edebi-çeper eserlerinde diýen ýaly öňem nygtapdyk, ýaş nesil iş bitirip şa gyzlaryna öýlenip, olar hatda şa tagtyny wada berseler-de, diňe öz watanlaryny arzuwlap, yzlaryna dolanýar. Bu ýagdaý ertekileriň wakalaryny watançylyk duýgusyna ýugurýar.Erteki gahrymanlary şol häsiýetleri bilen ýüzläp-müňläp nesilleri terbiýeläp gelýär. Bu häsiýet beýleki türkmen ertekileriniň-de köpüsüne mahsus. Olaryň ýaş gahrymanlary öz güýjünden ýokarda durýan işleri bitirip bagta, isleg-arzuwyna ýetensoň köpüsi, bagt tapan ýerinde galman, watanlaryna dolanýar. Bularda-da Watan duýgusy hemme zatdan belentde durýar. Şonuň üçin hem ertekiler irki döwürlerden başlap, aýratyn hem soňky döwürlerde yzly-yzyna neşir edilip gelinýär.Sebäbi olarda öňe sürülýän ideýalar her döwür üçinem, şol sanda hatda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe-de ýaşlarda ýagşy gylyklary; adamkärçiligi, ynsanperwerligi, ruhubelentligi terbiýelemekde, il-ýurda hyzmat etmekde mertligi gaýratlylygy, işläp halal ýaşamagy durmuşda ugurtapyjylygy, öňden görüjüligi gyn-gyssaga düşende ýakyna-ýada hemaýat etmekligi, galyplyga, iki ýüzlülige, nebisjeňlige garşy göreşmegi öwredýär.
639-njy çeşmendäki “Jan häpiş” atly erteki şu at bilen heniz bize türkmen folklorynda gabat gelenok.Onda gozgalýan ideýanyň has möhümdigini belläliň. Atlary başgaçarak bolsa-da, mollanyň ýigidiň maşgalasyna edýän ýardamynda “Kör gargadaky” ýordym bar. Gyzyl tezekleýän eşek, duşmandan ar alýan tokmak, ýokarky ertekide egenlerinde içinden ýaragly adamlar çykýan küýze, näme diýseň eçilýän daş, “Kör gargada” saçak.
Ertekiniň başlanyşy üýtgeşik. Onda beýleki ertekilere mahsus bolmadyk häsiýet bar
Güzeranyny dolap bilmeýän bir garyp ogluna bilim bermek üçin ýola düşende, bir ýabyň güzerinde eňegini basyp suw içende asgyrýar. Suwdan duýdansyz çykan molla “Jan häpiş” diýip seslenýär we garybyň ogluny okatmak üçin alyp galýar. Bu ýagdaý“jan häpişi” beýleki ertekilerden tapawutlandyrýar.Şondan soňky wakalar ertekä gatnaşdyrylýan zatlaryň adynyň üýtgeşikdigine garamazdan, “Kör garga”ertekisiniň ideýasyna meňzeş. Bu ýerde molla garyba güzeranyny dolamak üçin näme diýse, ýerine ýetirýän daş, ony elinden giderenden soň, gyzyl tezekleýän eşek, duşmany mugyra getirýän küýze we ş.m. ýaly jadyly zatlary berýär.Ertekide esasy ünsi çekýän baş mesele ol-da alan ylmyňy halka peýdaly ugra gönükdirmek. Jadylamagyň-da her hili tilsimlerini öwreden molla garybyň ogluny 20 ýyla golaý okadansoň, “Alan ylmyňy halky aldap, öz peýdaňa ulansaň soň menden gaty görme” diýip ýola salýar. Emma mollasynyň pendini unudyp, ýigidiň her hili haýwanlara öwrülip atasy satansoň, öýüne gaçyp gelmegi oňa ýigrenç döredýär. Ertekide mollanyň öz şägirdini mugyra getirişinde diýseň ussatlyk bar. Hakykata göz ýetiren halypasynyň alnyndan sypmak üçin şägirdi garga bolup uçsa, halypasy laçyn bolup ony kowýar, sypyp ýylan bolup ýere düşse, kirpi bolýar, balyk bolup suwa girse, ýylan bolup ökjesine münýär, oglan serçä öwrülse, molla gyrgy bolup onuň depesinde pyrlanýar, soňunda oglan dara öwrülende, molla ony jüýjeli towuk bolup gola salýar. Şeýlelikde, şägirdi ant içip,awy ýalaýança, oňa temmi berýär. Ertekiniň soňunda şägirt eden işine puşman edip, mugyra gelýär. Soň halypanyň pendini tutup, ömri ötýänçä galplygyň gyrasynda görünmeýär. Halk pähimi şu ýol bilen nessillerine terbiýe berýär. Bu ýagdaý ertekiniň terbiýeleýjilik, öwredijilik gymmatyny artdyrýar. Şeýle ýordum beýleki ertekilerde duş gelenok.
N. Esenmyradowyň 640-njy çeşmede saklanylýan “Altyn tapan molla” atly erteki patyşanyň üç gyzyna körpe doganlarynyň kömegi bilen öýlenýän ýigitler hakynda, “Wesýet” atly ertekide ata pendini tutman, döwe şam bolýan iki dogan hakynda.Bu ýerde körpe dogan beýleki doganlaryny ölümden halas edýär. “Wesýet” atly ertekiniň ikinji ýarymy beýleki ertekilerde-de gabat gelýär. Mertligi, adamkärçiligi, başarnygy bilen özüni aldyran körpe ogul ejesiniň döwden bolan ogly bilen aga-ini bolup dostlaşyp, päliýaman enesiniň we zalym döwüň tamasyny tala daňyp, olardan ar alýar. Şa gyzyna öýlenýär. Ertekide “Galpyň gazany gaýnamaz” ýaly möhüm ideýa öňe sürülýär. N. Esenmyradowyň toplan edebi-çeper eserlerinde boýdan-başa onuň gahrymanlary şa gyzlaryna öýlenýär. Galyberse-de erteki gahrymanlary boýdan başa patyşalar bilen hem jadyly ertekilerdäki ýaly döwler bilen iş aslyşýar.
Mirasgäriň “Ýylan we onuň dosty” ertekisi ideýa taýdan “Menden guýruk awysy gitmez, sendenem ogul” ertekä juda ýakyn. Diňe başlanyşynda käbir tapawutlar bar. Kellesi agyrýan ýylan garyba sagalmagy üçin ärine wepaly, halal aýalyň süýdüni getirmegini tabşyrýar işi bitenden soň, ýylan garyba her gün göterip bilen gyzylyny ýükläp gidiberýär hem bu syry gizlin saklamagy tabşyrýar. Garyp garransoň syryny ogluna açýar. Harsydünýä ýagşylyk bilmeýän ogul çem geleniň ýanynda öwünip, bu syry peçan edende-de beter, ýylany öldürip, onuň ähli baýlygyny birden gola salmak isläp, niýetiniň gurbany bolýar. Ýa-da “Söwdagäriň gyzy” ertekisi gysgaragam bolsa mazmun taýdan “Gülçähre” atly ertrekä juda ýakyn. Ertekileriň ikisinde-de olaryň gahrymanlary (söwdagärler) gyzlaryny halal adam hökmünde molla tabşyryp gidýärler, päli azan mollalaryň etmişi bilen günä ýöňkelip gyzlaryň ikisem çöle zyňylýar. Olar soň ýagşy adamlaryň gollaryna düşüp bagtly ýaşaýar. Ertekiler gyzlaryň atasy öýüne gidenlerinde ýolda bolýan wakalar, biri paýtunçy Gülçehrede päli azan weziriň özlerine ynanylan maşgalalara edýän päli azançylygy, ikisiniňem ertekiniň soňunda ejir çeken gyzlar tarapyndan üstüniň açylmagy we jezalandyrmagy meňzeş. Olaryň ikisinde-de “Ýakma bişersiň, gazma düşersiň”, “Galpyň gazany gaýnamaz” ýaly ideýa öňe sürülýär.
Mirasgäriň toplan “Hormata hormat” ertekisi çeňňegine düşen balyga ýagşylyk edip, soňundan şa gyzyna öýlenip, giden baýlygyň eýesi bolan balykçy ýigit hakynda. Erteki ideýa mazmuny taýdan “Kerwenbaşy” atly ertekä ýakyn.
Ideýa-mazmuny meňzeşräk bolsa-da, ertekileriň köpçülikleýin toplanmagy peýdaly. Olaryň käbiri çeperçilik taýdan has kämil, diýseň-diýmeseň, olaryň hersinden ynsana güýç-kuwwat berýän, ynsany adamkäçilige çagyrýan manyny tapmak bolýar. Ertekilerde halk öz garybyna, pukaralaryna, sada adamlaryna her hili ýol bilen ýagşylyk etdirýär. Şonuň bilen birlikde barlylary rehimdarlyga çagyrýar.
Mirasgäriň “Kel we onuň daýysy”, “Ganly şert” ertekilerinde-de “Ýakma bişersiň gazma düşersiň”, “Ýaman pälinden tapar” ýaly ideýalar gozgalýar.
“Keramatly golçajyk-da”, “Sary Tüýli-de” özboluşly ertekiler.
Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda N.Esenmyradowyň toplan edebi çeper mirasynyň ýene bolmagy mümkin.
Onuň türkmen folklorynyň baýlaşmagynda uly hyzmaty bolan gyzykly, täsirli watançylyk, ynsanperwerlik ruhuna ýugrulan ertekilerini mümkinçilik bolsa halka ýetirilmeginiň ýaşlary terbiýelemekde uly hyzmaty bolardy.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly