08:33 Okamagyñ peýdasy | |
OKAMAGYÑ PEÝDASY Biziň näme okaýanlygymyz däl-de, nähili maksat bilen okaýanlygymyz möhümdir. Kitaplar gojalan çagyň iň gowy ýoldaş, ýaş wagtyň iň gowy maslahatçy. Kitap daşy sahaply adamlardyr. Kitapsyz geçiren günleriňi ýitdi bil. Maňa haýsy kitaplary okaýandygyňy aýt, menem seniň kimdigiňi aýdaýyn. Ynsan yzygiderli okamak arkaly pähim-paýhasyny artdyrýar. Kitaplarym – hiç wagt maňa ikilik etmejek dostlarym. Kitap bilen söhbetdeşlik uly lezzetdir. Dünýäde gowy kitaplar köp, ýöne olar okamagy başarýanlar üçin gowudyr. Okanyňa düşünmezlik hiç zat okamadyk bilen deňdir. Gowy ýazýan awtory okap, özüňem gowy gürlemäge endik edýärsiň. Bilimli adam bir gezek okap oňmaýar, ol gaýta-gaýta okaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |