09:22 Petde pul / hekaýa | |
PETDE PUL
Satiriki hekaýalar
...Ýolda ýatan bir petde puly... ...Juma bilen Jarçy ikisi tapdylar. Ony edäýmelisi, öz göwnüňi aldaýana çalymdaş, “depme halallyk” üçin, içiňdene ýakynrak birküç ýola “eýesi-eýesi” diýip pyşyrdakga, deňje bölüşmelidi. Ilkibada Juma şeýle teklibi etdem. Jarçam ony birbada goldan ýaly boldy... Ýöne näme... “Pul” diýilýän zat pul bolýar-da!... Deň-dermanlyk hakda teklibi tapan özi bolsa-da, ýene-de Jumanyň özi, Jarçydan özüniň ýaşynyň ululygy bilen delillendirdi-de, tapyndydan üleşikde özüne birneme artygrak paý ýeter ýaly etjek boldy. Olar köp ýyl bäri dostdular. Emma, tapylan puluň petdesiniň iň bolmanda sähelçesine-de ep-esliň ýarysyndanam gowrak zatlary satyn alyp bolýar ahyry! Munuň ýaly ýerde şuny hem göz öňünde tutmasaň boljak däl. Şonuň üçinem hemişe Jumanyň ýaşyny sylap, ol näme diýse razy bolýan Jarçy, bu gezek ses-selemsiz durup bilmedi. -Dostum, ýaşyňa dawam ýok. Ýaşyň uly bolsun, uzak bolsun, ylaýym! Mundanam beter uzawersin! Ýöne, munuň ýaly ýerde ýaşyň uly bolanda näme?! Deň bölseň dogry bolaýjak ýaly, özi! Onsoňam puluň petdesiniň ýolda ýatandygyny ilki men gördüm dälmi?! Bir wagtyň özünde Jumanyň, hem-ä aýdanyna “ýok” diýilýänine gahary geldi, hem-de elindäki petdä nebsi otugdy. -Ilki göreňde näme?! Sen ony ilki görseň, ony birinji men ýerden göterdim... -Götereňde näme, Juma? Eger-de men ony görmedik bolsam, onda sen ýerden näme götererdiň?! Beýtme Juma, “Gyzyl görse Hydyr azar” diýleni bolmasyn. Deňje paýlaşaly-da dynaly. Sähel ýerde dostlugymyzdan ýüz öwrüp oturybermäli... -Menmi inni, dostlugy bozýan?! Hä?! Sen-ä inim, gadyrbilmez eşek ekeniň. “Doýranyň sakgalyna” edýämiň?! Ähli edenime gaýtargyňmy, şü?! Jumanyň girrerilmesi Jarçynyňam janyna batdy. -Juma, näme agzyňy-burnuňy towlaýaň-aý?! Sen maňa aşagyndan çykmaz ýaly, nähili ýagşylyk etdiň-aý?! Hä?! Muňa Jumanyň heýýaty göçdi. Agzyndan ak köpük saçyp, gygyryp başlady: -Ýagşylykmy? Bileňokmy şony? Kakaň keselläp ýatyrka, saňa ýetirmän, derman-däri agtaryp, öýüňize lukman yzyna lukman getirip, tebibini-bilgijini goýman ylgan kim?! Soň ol amanadyny tabşyranda, tä ýedisi geçýänçä öz öýüme myhman bolup, ýuwunman-ardynman, dik durup gelen-gideni sowan kim?! Hä?! Jarçynyň ýüzi boz-ýaz boldy: -Gygyrma! Tüýküligiňem syçratma! Ol diýýänleriň aşagyndan birmahal çykylandyr. Hol, çagalaryň bilen deňze dynç almaga gitdiň-ä, şonda yzyňda iniňi ulag kakanda, ony hassahana ýerleşdirip, soňam öýüňizdäkilere saňa habar etdirmän, oňa öz inimden beter edip seredendirin. Ýadyňa sal hany! Soňra ony öýerjek bolanyňda-da: “bergini köp etmeli boljak” diýip ýüzüňi sallapdyň. Şonda nätdim?! Öýlenemde öýdäkiň getiren halylaryny hem altyn şaý-seplerini satyp, saňa bermedimmi?! “Heýç, pul üçin boýnuňy burmagyn” diýmedimmi, şonda?! Şu ýyllaryň içinde bir gezejik bir ýatladymmy, dilime çoladymmy, minnet etdimmi şo saňa edilen ýagşylyklary?! A sen bolsa şüjagaz ýerde, şüjagaz petde üçin bar edeniň üstüne çermegiňi çekip otyrsyň!... Jumanyň gözünde çylgym-çylgym gan göründi. Gysymyndaky petde pul bolsa oňa hasam beleň berdi. -Menmi inni, dilime çolaýan?! Sen bar-a, sen...Eger-de men dilime çolaýan bolsam, onda şu wagta çenli seň meniň bagtymy ýatyranyňy içimde saklap, ölüp bilmän ölüp ýörmezdim... -Men näme edipmişim, seniň bagtyň ýatar ýaly?! -“Näme edipdirin?” diýýäňmi?! Eşit onda, näme edeniňi! Seniň Merjeniň bar-a...seniň gelniň...Şony näçe ýyllap hiç kimsäge aýtman, ýüregimiň töründe saklap gelendigimi bir bilsediň...Sen bolsa aldyň-da, ýekeje pursadyň içinde meniň iň ajaýyp arzuwymy kül-peýekun etdiň goýberdiň...Özem, seniň üçin ol...adaty bir, ýöenekeý köpüň biri...şo boldam, özge biri boldam, tapawudy ýok...Meniň üçin bolsa, ol ýer ýüzüniň iň ajaýyp ertekisidi... Jarçy gulaklarynyň eşidýänine ynanmady. Onuň gözleriniň öňüni çym-gyzyl ümür tutdy. Şol ümüriň içinde-de dym-gyzyl melgun ýaly bolup, gözlerini otlukly lowurdadyp öňünde Juma durdy. -...Näme, näme?...Meniň aýalymy...“Ýalan gepledim” diý...“Poh iýdim” diý...-diýip gorkunç pyşyrdan Jarçy, birdenkä Jumanyň üstüne özüni zyňdy. -Sen diý: “Poh iýdim” diýip!-diýdi-de Juma hem garşydaşynyň ýakasyndan ýapyşdy... ...Öň byradar bolan iki adam, gyzyl-gyran ýumruklaşyp başlady... ...Ýoldan tapylan bir petde pul üçin... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |