07:31 Pianino / hekaýa | |
PIANINO
Hekaýalar
Aýnany sazçylyk mekdebine gatnadýan özüm. Ýogsa ol ýeke giderden kiçijik. Sazçylyk mekdebi bolsa öýümizden alysda. Seňkildeşip ýören eýesiz itleri hasaba almanyňda-da, üç sany uly ýoly kesip geçmeli. Ýollaryň ikisinde swetofor bar. Biri bolsa swetoforsyz. Ine, şol swetoforsyz ýoldan geçmek welin örän kyn. «Haçan maşyn gatnawy kesilerkä?» diýip, kä sagyňa, kä soluňa ýaltaklap durmaly bolýar. Niçikmi amatly pursat aradygy, güýmeň-samaň etmänjik, eýle ýüzüne geçmeli. Ýogsa nireden çykanyny hem aňşyryp ýetişmänkäň, ýene-de bir maşyn dazlap gelýändir. Özem batly gelşine: —Heý, aňkaw çagalar! Aýrylyň ýolumdan! Ýogsa basyp mynjyradaryn! –diýip, şeýle bir gygyrar welin, öňküden-de beter aljyrarsyň. Ýol üstünde gözlerine kaklyşdygyň, sürüjilerem halanok. «Düýt-de-düýt!» signal berşip, aljyradyp barýarlar. Olaryň: —Eý, janyňyzdan irdiňizmi?! –diýýänleri-de bar. Kakam hem maşyn edinse, şeýle gödek sürüjileriň biri bolsa gerek. Ejemiň maňa: «Eziz, jigiň eljagazyndan tutupjyk gitgin. Çatrykdan ägä bolup geçiň!» diýip, her gezek pugtadan-pugta tabşyryp goýbermesi ýöne ýerden däl. Men ejemiň diýşi ýaly hem edýärin. Tä mekdebe ýetýänçäk, Aýnanyň elini elimden goýberemok. Ol bolsa: «Elimi goýber!» diýip, özbaşdak bolmaga howlugýar. Meniň welin elim edil ýelimli ýaly. Ony özbaşyna goýberip, käýinje galasym gelenok. Sazçylyk mekdebine gidenimizde, biziň ýolumyz saz gurallary satylýan dükanyň üstünden geçýär. Ol ýerde her dürli saz gurallary —gyjak, dutar, dep, pianino… bar. Edil gapynyň golaýynda goýlan gara reňkli pianino welin Aýnanyň göwnüne has-da ýaraýar. Her gezek deňinden geçenimizde, Aýna ony höwes bilen synlaýar. Sebäbi ol fortepiano bölümine gatnaýar. Men bir gün Aýnajygyň saz mekdebinde alan bilimini barlap görmegi ýüregime düwdüm. Biderek gatnadyp ýören bolsam kim bilýär?! Sebäbi saz mekdebinde okamak üçin diňe oňat okap, ýazyp bileniň ýeterlik däl. Örän ýiti ýatkeşlik, gulak eşitgirligi hem zerur diýip eşidipdim. Biz dükana girdik-de, pianinonyň ýanyna bardyk. Men dogumlylyk edip, pianinonyň ýalpyldap duran gapagyny açdym. Aýnajyk akly-garaly klawişalara ýuwaşja basyp gördi. Satyjy aýalyň ýüzüne äňetsem, ol «Oýnap göräýiň» diýýän ýaly. Men Aýnajyga: «Gorkma-da, arkaýyn çal, käýemezler» diýdim. Aýnajyk gyradeň klawişalara basyp ugrady. Ýeňiljek saz dükana doldy. Adamlar ýylgyryşdylar. Hatda Aýnajyk oýnap bolansoň, bir garry daýza çapak hem çaldy. Hemmelerden beter men begendim. Aýnajygy iki ýyllap saz mekdebine gatnadyp çeken azabym bihuda gitmändir eken. Biziň synpdan synpa gowy bahalar bilen geçmegimiz ejemi begendirdi. Ol Aýna pianino äbermegi söz berdi. Sebäbi men Aýnajygyň dükandaky pianinony örän gowy çalşy barada gürrüň beripdim. Ejem maňa-da tigir aljakdygyny aýtdy. Pianino äbermegi söz bereli bäri, Aýnajygyň ejemden ýeke-täk haýyşy şol. Ejem göwnäni bilenem Aýna pianino, maňa tigir äberip biljek däldi. Sebäbi puluň ygtyýary kakamyň elindedi. Kakamy yrmakda iş bardy. Ejem pianinoly gürrüňi agzanda, kakam ör-gökden geldi: —Ýok, bolmaz. Gaty gymmatdyr. —Gymmat bolsa-da, äbermegimiz gerek. Goý, gyzjagaz begensin. Onsoň hem saz mekdebinde okatjak bolsak, irde-giçde äbermeli borus. —Men maşyn alynmakçy –diýip, kakam öz diýenini tutdy. Onuň ýeke-täk arzuwy maşyn edinmekdi. Ýanyna Arslan atly dosty gelende, kakamyň: «Her iş ederin welin, maşyn edinerin!» diýenini eşidipdim. Ejem: —Men palto alynjak pulumy hem eçileýin. Öňki könäm bilen oňňut edäýerin –diýip, pianinoly meseläni has çynyrgatdy. —Kaka, pianino alaýalyň-da?! –diýip, Aýna-da ejemiň gapdalyna goşulyp özelendi. Kakam barybir baş bermedi: —Gyzym, maşyn alaýaly-da –diýip, gaýta degişmä saldy. —Awtomobil pianinodan gowy däl-ä! –diýip, Aýnajyk kakamy ynandyraryn öýdýär. —Gowy. —Sebäbi?! —Sebäbi maşyny münüp bolýar. Pianinony bolsa münüp bolanok –diýip, kakam güldi. Kakamyň bolşuna ejemiň jany ýandy: —Goý, gyzym, özelenip oturma. Pianino äbererin diýdimmi, äbererin. —Bir paltonyň bahasyna pianino berýän bolsalar äber –diýip, kakam içýakgyç gürledi. —Şypahana gitmämi hem goýbolsun edäýerin. Gyzjagazym begense bolýar. Kakamyň gaşlary bürüşdi: —Saglyk gerek bolmasa gitme. Ejem ýarawsyzdy. Ýüregi agyrýardy. Her ýyl ýürek bejerilýän şypahana gidip, özüni bejerdýärdi. Men ejemiň ýüregi bilen gürleşip hem gördüm. Biziň gürrüňimiz şeýleräjik äheňde boldy: —Sen näme üçin agyrýarsyň? —Wah, men agyrjak däl-le, ýöne meni agyrdýarlar. —Kim olar? —Esasan-a, kakaň. Käte ejeňi käýindirip, sen hem meniň agyrmagyma sebäp bolýarsyň. Durmuşdaky kynçylyklar, ýeter-ýetmezçilik. Ejeňiň göwünde beslän arzuwlarynyň amala aşmazlygy, ine, meniň agyrmagymyň esasy sebäpleri. —Ejemiň nähili arzuwlary bar? —Olary gowusy, özünden sorasana. —Bolýar. Men onuň nähili arzuwlarynyň bardygyny bilip, şolaryň amala aşmagyna kömek ederin. —Şeýtjek bol. Ýogsam men elmydama agyryp dursam, munuň soňy oňatlyk bilen-ä gutarmaz. Ejemiň palto alynjak we şypahana üçin harçlajak puly hut özüne degişlidi. Öz ýygnap-ýygşyranja puludy. Hernäçe gazabyna tutsa-da, kakamyň ol pula ygtyýary ýetjek däldi. Gaşlarynyň bürüşmesi hem şonuň üçindi. Men ejemiň bu gyş hem täze palto edinip bilmejegine gynandym. Sebäbi onuň öňki paltosynyň halys sary gaçandy, ençe gezek geýim ýuwulýan ýere tabşyryp, arassaladyp geýipdi. Niçikmi, ejem paltosyny täzelemekçi boldugy, hökman bir sebäp tapylýar. Ine, bu gezegem şeýle boldy. Ejemiň şypahana gidip bilmejegine bolsa has-da beter gynandym. Onuň bir gezek ýüregi agyranda: «Sizi oda-köze ýykylmaz ýaly edýänçäm, maňa hiç zat bolmawersin» diýenini eşidipdim. Ejem diýdimi, hökman diýeninde durýar. Pianino äberiljegine gözi ýeten Aýnajyk welin begenip, heşelle kakýar: —Ýaşasyn ejem jan! Men seň ýüregiňi özümjik bejärin, eje! Saz çalyp bejärin! Men pianino beýle agyr bolýandyr öýtmeýärdim. Ýerinden gozgajak bolup itip gördüm welin, gymyldaýynam diýenok. Onsoň bar güýjüm bilen itdim, barybir sarsanok. Edil gurşundan guýlan ýaly. Ejem bolsa onuň eýýäm puluny töläpdi. Ýolda maşyn saklamakçy bolup durdy. Kakam öýde bolsa-da, biziň bilen gaýtmady. Ýogsa ejem oňa: —Aýna pianino äbermekçi bolýas. Ýör, kömekleşsene?! –diýip, dükana gitmekçidigimizi duýdurdy. Kakam ejemiň diýenini ylla eşitmedik ýaly bolup, çaý içmesini dowam etdirdi. Men onuň näme üçin beýdýänini bilýärdim. Ol öz diýeniniň tutulmanyna gaharlanýardy. Ejem oňa ikinji gezek diýjegem bolmady: —Aýna jan, jigiňe —Maýa göz-gulak bol, gyzym. Biz agaň bilen saňa pianino getirmäge gitmekçi –diýip, Aýna tabşyrdy. Maňa: —Ýör, oglum! –diýdi. Ejem gozagy pessejik ýük maşynyny saklap, sürüjisi bilen gürleşdi. Sürüji maşyny dükanyň gapysyna ýanap getirdi-de, gozagy açdy. Soňra, meniň edişim ýaly edip, pianinonyň agramyny bilmekçi boldy. Ony itip gördi. Agyrdygyna göz ýetirip, başyny ýaýkady: —Baý-ba! Köpleşmesek, ýükletmez. Onsoň ejemem, sürüjem ötegçilerden hem-de dükana gelenlerden haýyş edip ugradylar. Sürüjiden başga üç adam ýygnandy. Sürüji: «Dört bolsaň pag-da, hany, ýigitler, ýükläliň!» diýip ekabyrlyk etdi. Gowy ýeri, pianinonyň kiçijik tekerleri bar ekeni. Ony maşynyň ýanyna çenli tigirläp eltdiler-de, agzybirlik bilen göterip, gozaga ýüklediler. Işiň kyny öňde ekeni. Pianinony öýümize salyşmagy haýyş edip, goňşy–golamlary ýygnamaly boldy. Basgançakma-basgançak göterip süýşürip, pianinony kynlyk bilen öýe saldylar. Sürüji derini syryp, ejeme ýüzlendi: —Baý, agyr eken-ow! Dere batyrdy. Hany, muny kim üçin aldyňyz? Pianinonyň eýesi kim bolmaly?! —Ynha, şu gyzjagaz –diýip, ejem begenjinden ýaňa dylym-dylym edýän Aýnajygy görkezdi. Sürüji: —Çalyp bilýäňmi?! –diýip, Aýnadan sorady. Men: —Sazçylyk mekdebiniň ikinji synpynda okaýar –diýip, sürüjä mälim etdim. Sürüji Aýnajyga ümledi: —Hany, çal! Munça azabyny çekip, üçünji gata çykaranymyza görä, sesini bir eşidip gideli. Aýnajyk pianinonyň nepis klawişalaryny mähir bilen sypady. Ol şonda pianino bilen gürleşýän ýalydy. Oňa: «Sen indi meniňki bolduň!» diýýän ýalydy. Soňra ol klawişalara dogumly basyp ugrady. Saz edil kebelek ýaly gaýmalady. Deri gaýdyşan adamlar ýylgyryşdylar. Sürüji: —Azap edeniňe degýän zat –diýip, biziň söwdamyzy oňlady. Kakam welin, ähli gürrüňleri eşidip oturan-da bolsa, öz otagyndan çykmady. Men oňa: —Kaka, pianinony getirdik –diýenimde: —Öýi daraldyp nämä geregi bardy –diýip, gaharly hüňürdedi. Aýnajyk hiç haçan şeýle begenip görmedik bolsa gerek. Ol eline ýumşajyk letde alyp, pianinonyň ähli ýerini yhlas bilen süpürdi. Soňra ýamaşgan oturdy-da, bar bilýänje sazlaryny çaldy. Onuň elini işledişini örän ezber gördüm. Ejem: —Sesini hem sazladyp bererin, gyzym. Onsoň, pianinonyň owazy durlanyp, has-da ýakymly bolar –diýdi. Men hyýalbent oglan. Edähedime görä, Aýnanyň pianinosy bilen içgin gürleşip görmegi ýüregime düwdüm: —Sen juda agyr. ekeniň. —Hawa, men agyr. Hoz agajyndan ýasalan gadymy pianino. —Sen könemi? —Men köne bolsam-da gurat. Ynha, şu soňky göçhä-göçlük zerarly sesim birazajyk bulaşdy diýmesem, men-abat. Onsoň hem, bilip goý, saz gurallary näçe köne boldugyça, gowy görülýär. Gymmatly antikwariat hasaplanylýar. Siz meni satyn alyp ýalňyşmadyňyz. —Ilki görenden jigim seni halady. Ejemi yrdy. Ol özüne palto alynjak hem-de şypahana gidip ýüregini bejertjek puluna seni äberdi. —Hümm, şeýle diýsene? –diýip, pianino oýa batdy. —Hawa. Kakam oňa ýekeje köpük hem kömek etmedi. Dogrymy diýsem, seni almagymyza ol garşy boldy. —Näme üçin? —Ol maşyn edinmekçi bolýar. Şoňa pul jemleýär. —Diýmek, ol meni halaýan däldir. Aýdanyň gowy boldy. Men ondan ätiýaçly bolaryn. Gahary gelende ýa-da bolmasa, maşyn edinmäge puly ýetmese, ol meni satyp oturyberse näderin?! Men göçhä-göçlügi, eýämi çalyşmagy hiç halamok-da. Seniň jigiňi gowy gördüm. Ýaňy öwrenişenimde, ondan aýrylyşmaly bolsam, maňa juda agyr düşer. —Gaýgy etme. Kakam seni satyp bilmez. Ejemem, bizem muňa ýol bermeris. —Sag bol. Jigiň saz çalmagy gowy öwrense, ýakymly owazym bilen hezil bererin. Meni edineniňize puşman etmersiňiz. Öýümize pianinonyň sesini sazlaýan ussa geldi. Ol dürli-dürli açarjyklar bilen towlap, käte-de kindiwanja çekiçjigi bilen tyrkyldadyp, pianinomyzyň sesini sazlady. Işini boldum edensoň, biziň ählimizi ýanyna çagyryp, pugtadan-pugta tabşyrdy: —Eşitdim-eşitmedim diýmäň, başy çykmaýanyňyz oýnasaňyz döwersiňiz. Onsoň hem duran ýerinden kän bir gozgamajak boluň. Aşa sowuga, aşa çyglylyga bolýan däldir. Gyşyna ýyly saklamasaňyz «dümewlär» –diýdi. Biz Aýna ikimiz ussanyň pianino «dümewlär» diýenine jykyrdaşyp gülüşdik. Onuň bolsa gara çyny: —Siz sowuklanyňyzda sesiňiz gyrylýar gerek?! Gyrylýar! Pianino-da hut şeýle. Çyg çekse ýa-da üşese, sesi ýoýulýar –diýdi. Onsoň ol Aýna saz çaldyryp gördi-de, onuň oturýan oturgyjyny oňlaman, ejeme: —Bu oturgyjyňyz bolanok. Munda otursa, gyzjagazyň elleri klawişalara gowy ýetenok. Beýgeldip hem peseldip bolýan ýörite oturgyç äberiň –diýdi. Ejem Aýnajyga ýörite oturgyç hem äberdi. Indi Aýnajyk özüni hakyky pianinoçy däldirin öýdenok. Eli sypyndygy pianinosynyň başynda. Hernäçe tigir edinesim gelýän-de bolsa, men ejeme tigir äbermegi söz berenini ýatladamok. Onuň özem agzanok. Aýazly günler sary gaçan paltosyny geýip, işine gidip-gelip ýör. Göwnüme bolmasa, onuň ýüzüniň reňki barha solup, egnindäki paltosynyňky ýaly öçügsileşip barýar. Gözleri bolsa bize bolan mähirden ýaňa balkyldap dur. Ejemiň paltosy bir gün: —Aýtsana, men juda könelişipdirinmi? Ejeňe gelşemokmy? –diýip sorady. —Aý, hawa, biraz könelişipsiň… –diýip, onuň göwnüne degmejek bolýaryn. —Sarym gaçandygyny özümem duýýan –diýip, ol ylalaşdy. —Hany, şu gyşdan hem ejeňi eýdip-beýdip alyp çykjak bolaýyn. Belki, ol indiki gyşa täze palto edinip biler. —Haý, näbileýin-dä… –diýip, men uludan demimi alýaryn. —Biziň maşgalamyzyň gazanjy pes. —Belki, bir çykalga tapylar… –diýip, ejemiň özi ýaly, paltosy hem maňa göwünlik berýär. Aýnanyň okaýan 3-nji sazçylyk mekdebiniň öňünde kompozitor Nury Halmämmedowyň heýkeli bar. Mermerden oňarylan gelşikli heýkel. Aýnany alyp gaýtmak üçin yzyndan baranymda, käte onuň sapagynyň soňlanaryna garaşmaly bolýaryn. Ine, şonda ol heýkel bilen hal-ahwal soraşmagy gowy görýärin: —Gije-gündiz şeýdip durmakdan ýadaňokmy? —Aý, ýok, ýadamok. Men daşdan ahyryn. Onsoňam, meniň borjum şeýdip, bir durşuma butnaman durmak. —Ýüregiňem gysanokmy? —Ýüregimem gysanok. Sebäbi men öz ýazan sazlarymy, beýlekileriň sazlaryny birin-birin ýatlaýaryn. Guşlaryň täsin owazyny, şemalyň şuwwuldysyny, meniň adymy göterýän, ynha, şu mekdepde okaýan çagalaryň şadyýan gürrüňlerini, olaryň saz çalyşlaryny diňleýärin. Öz durmuşymy göz öňüme getirýärin. Arman, ömrüm gysga boldy-da… —Gysga bolsa-da, ýalkymly ömür. —Sag bol. Ýaşan ýaşymy bihuda ýaşamajak bolup, elimde baryny etdim. Köp saz eserlerini ýazdym. Saz adamlary hoşgylaw, belent mertebeli edýär. Olary ýaramaz niýetlerden saplaýar. Durmuşa söýgi döredýär. Ýogsa–da meniň sazlarym saňa ýaraýarmy? —Juda ýaraýar. —Görýän welin, sen gowy oglanjyga meňzeýärsiň?! —Juda gowy hem däl-le. Käte betlik edip, ejemi gynandyrýaryn. Ol bolsa ýaranok. Derrew ýüregagyrysy gozgaýar. —Ony bejerdäýseňiz bolanokmy? —Bejertmek üçin köp pul gerek. —Saglyk üçin gerek bolsa, puluňyzy gysganmazlar. Onda–da, ejeňiň saglygy üçin. —Kakam şoňa düşünenok-da. —Kakaň gysgançmy? —Ol maşyn edinmekçi bolýar. Eline pul düşse, şoňa ýygnaýar. —Ol maşyny öz mähriban aýalyndan —çagalarynyň ejesinden hem ýokary goýup ýalňyşýar. —Menem şeýlemikä diýýän. —Ýöne sen kakaňdan ýüz öwürme. Her näme-de bolsa, ol seniň kakaň ahyryn. —Ýok, men ondan ýüz öwürmekçi däl. —Berekella, şeýt. Ýogsa-da seň adyň näme? —Eziz. —Eziz, ynha, jigiňem sapagyny soňlap çykdy. Ol gowuja okaýar. Saz çalşy erbet däl. —Bolýar, sag bol. —Hoş, görüşýänçäk. Gatnawly köçelerden ägä bolup geçiň. Kakam teý ahyr awtomobil edindi. Ol her gün irden maşynyny ýuwup süpürýär. Şonda şäheriň howasynyň hapadygyna, käbir köçeleriň çakanak-çukanakdygyna sögünýär. Kakam bizi maşynyna mündürmezden öňürti, maşyna münmegiň medeniýetini öwretdi: —Maşyna müneniňizde we düşeniňizde elmydama sag tarapyndan münüp düşüň. Köwşüňiz tämiz bolsun. Gapyny şarkyldatman, ýuwaşja ýapyň. Açyk aýnadan eliňizi ýa-da kelläňizi daş çykarmaň. Ellemesiz ryçaglary ellemäň. Çörek iýip ýa-da çigit çigitläp, maşynyň içini hapalamaň. Meni gürrüňe güýmäp, ýoldan ünsümi sowmaň. Düşeniňizde, maşyn gowy durýança gapyny açmaň. Kakamyň maslahatlary maňa uçarly oba —enemlere gidenimizde ýolbelet gyzyň uçarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada aýdanlaryny ýatlatdy. Kakamyň maşyny hem özi ýaly ynjyk: —Eziz, sen meni gözden salma. Köçäňiziň oglanlary juda garagol. Bir ýerimi çyzarlarmy, näderlermi –diýýär. —Arkaýyn bol –diýip, men ony köşeşdirýärin. Ol: —Men owadanmy? –diýip soraýar. —Hawa. Sen täzeje. Ýalpyldap dursuň –diýýärin. —Siziň maşyn edinendigiňize goňşularyňyzyň içi ýanýar. Olar meni gözleri bilen iýäýjek bolýarlar. Sebäbi men şeýle owadan. Siziň köçäňizde meniň ýaly owadan maşyn ýok. Biziň köçämiziň maşynlarynyň hersi özüçe owadandy. Ýöne bu barada aýtsam, kakamyň maşynynyň menden göwni galar öýdüp: —Hawa, sen ähli maşynlardan owadan –diýýärin. —Birden maňa göz degmez ýaly, alaja alyp daksaňyz, kem bolmazdy. —Bolýar, bu barada kakama aýdaryn –diýýärin. —Hawa, şeýt. Ýogsam onuň özüniň-ä ýadyna düşenok. Gör ahyryn, köp maşynlar alajalydyr. Bu ýöne ýerden däl. Göz degmezlik üçin. Bolmasyz heläkçilik bolandan soň, «Wah» diýeniň haýry näme? Öňünden aladasyny etmek gerek. Maňa alaja dakmagy tizleşdiriň. —Bor, häzir baryp kakama diýeýin. Kakam meniň bu pikirimi biçem görmedi. Alaja satyn alyp, maşynynyň ruluna, yzdan gelýänleri görkezýän iki böwründäki gapdal aýnalara dakdy. Okuw ýylynyň aýagyna Aýnalaryň sazçylyk mekdebinde uly dabara boldy. Okuwçylaryň arasynda ýaryş geçirildi. Oňa Aýna hem gatnaşdy. Soňky günler ol öýde pianinosynyň başyndan turmady. Ýaryşa taýynlandy. Ejem oňa ýaşyl reňkli keteniden täzeje köýnek tikdirip, ýakasyny hem gaýadyp berdi. Başyna bolsa bazara bileje äkidip, birgeňsi keşdelije tahýa äberdi. Aýna geýindi welin, ynha, bir eýjejik türkmen gyzyň bar-da. Ýaryşýanlaryň çykyşlaryny diňlemäge ene-atalary hem çagyrdylar. Kakam: «Men işli, wagtym ýok» diýensoň, men, ejem, Maýajyk —üçimiz gitdik. Biziň barandygymyzy görüp, bu gün mekdebe ir gidip, eýýäm orta çykmaga taýynlanyp oturan Aýna begendi. Arka tapyndy. Ynha, onuň gezegi geldi. Dykgat bilen diňläp oturan mugallymlaryň, ene-atalaryň, saz söýüjileriň ünsi oňa gönükdi. Şeýle ýagdaýda öňe çykyp, ýalňyşman saz çalmagyň aňsat däldigi düşnükli. Men içimden Aýna üstünlik diläp otyryn. Ejemiň hem şeýle pikirdedigini bilýärin. Aýna aljyramady. Çalmaly sazlaryny oňat ýerine ýetirendigini, diňläp oturanlaryň «Berekella» diýşip, çapak çalyşlaryndan biläýmelidi. Begenmekden ýaňa ejemiň gözüne ýaş aýlandy. Sebäbi adamlar biziň Aýnajygymyza çapak çalýardylar ahyryn. Bu şeýle tolgundyryjy pursatdy. Ýaryşyň jemi jemlenip, Aýna öz ýaşytdaşlarynyň arasynda birinji ýere mynasyp boldy. Oňa owadan diplom hem-de nepis keşdeler bilen bezelen kümüş küýzejigi sowgat etdiler. Ol küýzejigi öýde pianinosynyň üstünde goýsa, juda gelişse gerek! Mekdepden begenişip çykanymyzda, Nury Halmämmedowyň heýkeli maňa: —Eziz, gutlaýan! Jigiň gowy oýnady. Ol ulalanda sazanda bolsa gerek –diýdi. Aýnanyň ulalanda kim boljakdygy düşnükli. Ýöne men kim bolarkam? Ine, şeýdip, Aýna ejemi begendirdi. Ýogsam kakamyň zoňtarlygy zerarly, soňky günler ol görgüliniň ýylgyrýan wagty az. Golaýda sene-mene edişenlerinde bolsa, ol kakama: «Men saňa tanaman çykypdyryn. Diňe çagalarymyň hatyrasy üçin ýaşaşyp ýörün» diýdi. Ejem kakam bilen goş birikdirmänkä, uniwersitetiň iňlis dili bölüminde okaýar eken. Ýöne onuň kellesine yşk heseri urup, halys aňyny alanmyşyn. Şonuň üçinem okuwyny gutarmanka durmuşa çykanmyşyn. Onsoň men doglupdyryn. Ýaş çagalydygy zerarly: «Soňra dowam etdirerin» diýip, okuwyny wagtlaýynça taşlamaly bolanmyşyn. Emma Aýnadyr Maýa hem yzly–yzyna doglup, bu pikiri başa barman galypdyr. Häzir ol öýümiziň golaýyndaky bir edaranyň jaý süpürijisi bolup işleýär. Elbetde, kakam ejeme öýlenýänçä, oňa hoş söz baryny berip, agzynda, baý, «aş gatyklapdyr-a»! «Ýag iýdirip, ýüpek geýdirerin. Elimiň aýasynda götererin» diýipdir. Ýöne, ejem aýtmyşlaýyn, bu sözleriň hemmesiniň «kiçi dilden bärde aýdylandygyny» wagt görkezipdir. Ýok, men ulalanymda, kakam ýaly bolmaryn. Maňa iň mähriban adamlaryň —aýalymyň, çagalarymyň gadyryny bilerin. Ulalanymda kim bolmalydygym barada köp oýlanyp, ahyrsoňy kesgitli netijä geldim. Men ulalanymda lukman bolmakçy. Onda-da ýürek bejerýän lukman. Ilki bilen ejemiň ýüregini bejermekçi. Onuň esasy arzuwy meniň öýlenenimi, jigilerimiň durmuşa çykanyny görmek. Agtyklaryny hüwdülemek. «Şu ýüregim bilen şol günlere ýetip bilermikäm?» diýip gaýgy edýär. Men onuň ýüregini şeýle bir gowy bejererin welin, ol uzak ýaşap, hatda çowluklaryny hem hüwdüläp biler. Dünýäde ýüregi agyryly kişiler başga-da bardyr. Men olaryň hem ýüreklerini, edil ejemiň ýüregini bejerişim ýaly, gowy bejererin. Şeýdip, ömürlerini uzaldaryn. Ejem meniň üstünliklerime guwanar. Ol döwre çenli Aýna hem dünýä belli pianinoçy bolup ýetişer. Onuň köp adamly konsertlerini diňlemäge ejem ikimiz hem gideris. Şonda Aýnanyň saz älemine salan bu ýolunyň ejemiň äberen şol köneje pianinosyndan başlanandygyny ýatlarys. Ýöne munuň üçin meniň basymrajyk ulalmagym, ejemiň ýüreginiň bolsa garaşyp başarmagy gerek. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |