16:12 Puluñ güýji / monolog | |
PULUÑ GÜÝJI
Aýny bolmasa, adamlar "Puluñ güýji gaçypdyr, onuñ hiç hümmeti ýok" diýen bolýarlar. Baryp ýatan jypdyrma! Munuñ özi ýalan! Ýok, diñe bir gezegem däl, ýüz gezegem ýalan. Ynanañyzokmy? Onuñ hakykatdanam şeýledigini häzir men size subut ederin. Dagy näme, aslynda bu bir puly ýok, jübüsinde it uwlaýan adamlañ tapan zady bolmaly. Hawa, hut şeýle. Jübüsi pulluja adamlañ, şindi görseñ ýüregem suwlujadyr. Heý, şolaryñ özüni oñarman ezenegini agdaryp ýörenlerini gördüñizmi?! Görmersiñizem. Eşider bolsañyz, arada Meskewe gitjek bolup samolýota bilet almaga bardym. Kassañ agzyna barar dagy eder ýaly däl, at gaýtarym ýer ýöne adam bolup dur, tut-da baslyk. Ýeri, onsoñ men nädendir öýdýäñiz?! Baý, nobata durarynmy, men samsyk däl-ä. Minneti gök kagyzdan çekýän. Dogry-da walla, jübim gurbaga ýuwdan ýylanyñ böwri ýaly pökgerip durka horlanyp nä ejirim. Zalda düzgün-tertibe seredip ýören milisioneri bir gyra çykardym-da, tutdurdym eline iki sany ak guýruklyny. Biledim özümden öñürti öýüme barypdyr. Ine, gardaş, pul nädiberýä. Siz bolsa agzyñyzy dolduryp "Onuñ güýji ýok" diýen bolýañyz. Bilmeýän zadyñyz hakynda gowusy gürrüñ etmäñ. Size ýene-de mysal gerekmi?! Baş üstüne! Geçen aýyñ içinde, meñ söwda-satyk edýän dostlarymyñ birini milise gapjapdyr, jygyllykda. Ýañky "Men pula satylýan däldirin" diýen bolup hondan bärsiräp hödürlänjämi almadyk boldy. Kemyrsgal eken, işigaýdan. Almasañ alman geç. Näme, ýeriñ-gögüñ diregi özüñdirin öýdýäñmi. O samsyk işi suda geçiren boldy. Menem sudýañ özüne ep-eslijäni süssürdim-de, boşatdym oturyberdim, dostumy. Dogry-da walla, sudýalaram çaga eklemeli ahwetin, olaryñam bokurdagy deşik. Maña ýöne öwnüp otyr diýmäñ. Ýok, men hakyky bolan zatlary aýdýan. Pul berseler, men ähli ýagdaýy hem düzedip biljek. Pul! Pul! Ähli zadyñ hudaýy pul ahwetin. Näme, şahyr oýnamaga puly taryplap, şeýle ýazandyr öýdýäñizmi. Bütin dünýä zulumyma tabyndyr, Bir zat diýsem aýdan sözüm kanundyr. Dünýäni düñdermek ýanymda hiçdir, Meñ güýjüm ýer şaryn üýtgedýän güýçdür. Hawa, şahyryñ özüniñ hem bu setirleri aslynda bäş şaýy diýip ýazan bolmagy ahmal. Dagy näme, ol şeýdip gözüniñ köküni gyryp ýazyp alaýmasa, söwda işgärleriniñki ýaly oña daşyndan düşýän zat ýok. Olaryñ özüni gürletseñ-ä "Ýazanja kitabyñam çykardyp bolanok" diýşip nalaşyp ýörler. Nämemişin, ýurtda kagyz ýetenokmyşyn. Wah, dogan, ýurtda boş sözden başga bol zat barmy?! Hany, gürrüñi başga ýana sowmalyñ-la. Hawa, şahyryñ wasp edişi ýaly puluñ şeýle jadyly güýji bar, adamlar. Şonuñ üçinem, durmuşdaky kemçilikleri, ähli nogsanlyklary puldan gözlemäñ. Onuñ düýp sebäbi, özeni başga zatda. Düşnüklimi?! Düşnükli bolsa, onda pula dil ýetirmäñ, ýogsam... Näme etjegimi özüñiz bilýänsiñiz-le. Minneti puldan çekýän, hawa, puldan! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |