SAHYPKYRAN
Gerek däl!
Hiç wagt höwes etmändim
Wezipä,
derejä,
pula,
baýlyga.
It kowup ýerine geçip ýatmandym
Gam çekmedim ýaşaýanma aýlyga.
Bu gün aldy gitdi susagyñ sapyn
Birwagt agzyma añalyp duran.
Herhal, bildirmedim köp zadyñ sepin,
Bar bolsa-da bizi daş bilen uran...
Etmedim,
etmerin özgäniñ gepin,
Kezzapdyr gep-gybat dörjeläp ýören
Menden aýyp ýerne belanyñ sapyn
alanlar bolsa-da hinine sumat.
Tekrarlaýan soñky görümsizlere
Şol ykrarda galdym,
Häzirem, şumat:
Gerek däl!
Müñ goşgy,
On bäş müñ setir
döretdim diýp merhum Gurbannazaryñ
Halyl agañ,
Kerim agañ köñlüni,
Sap ynsaby tug deý pasyrdap duran
Syýyndan ogşaljak Berdinazaryñ
ruhuny ynjadyp.
Saçyn ykjadyp,
(Mysalañyz gursun, diýmäýin diýsem!),
Üç müñ goşgusyndan üç goşgusyny
Bilmese-de, üç milliondan üç adam
Temegini göge tutýan pekgeleñ
alan baýraklary,
altyn zynjyry;
Gerek däl!
Ýa-da bu dil ujy aýdylan söz däl,
Owal ymsynmadym,
indem ymsynman
Ymsynanlar bolsun daýym gaçgynym.
Dogruçyllyk,
Ynsap,
Wyždan, Hakykat
Şu dört taglym meniñ soñky peýmanam
Dolýança şekim ýok onki süññümde
Et, damar, gan bolup ýaşajagyna.
Dolansoñam, ol mynasyp ömüriñ
Geljek nesillere nusgalyk bolup,
Soñky asyrlara aşyljagyna!
Şoñ üçinem razy, dyz eperlik paý
Berilse, panynyñ özüm mysaly,
Dünýäñ matallarna jogap gözleýän
Kimirsiz ruhunda Sahypjemalyñ
Hem bolsam ýeke-täk Sahypkyrany.
Başga zat gerek däl!..
Has TÜRKMEN.
Goşgular