08:06 Saza siñen ömür | |
SAZA SIŇEN ÖMÜR
Aýdym-saz sungaty
Şahyr Mämmet Seýidowyň «Durun mukamy» poemasy tutuşlygyna onuň öz obadaşy, 23 ýaşynda Aşgabat ýertitremesinde wepat bolan Şamyrat Gurbannepesow baradadyr. M.Seýidowyň eserleriniň ençemesiniň aýdym-saz sungaty bilen baglanyşyklydygyny aýratyn bellemek gerek. Bu jadyly senetdir onuň çyn ussatlary şahyr üçin mukaddes bolupdyr. Şamyrat Gurbannepesow Bäherden etrabynyň Durun obasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Gurbannepes aga daýhan adam bolupdyr. Agasy Şagulynyň sazdan başy çykýan eken. Bäş-alty ýaşlaryndaky Şamyrat agasynyň saz çalşyna syn edip, üns berip diňläpdir. Agasy ýok wagty, dutar çalmaga-da synanyşýan eken. Soňabaka şeýle synanyşyklar köpelip, ýaşajyk Şamyradyň ýatsa-tursa küýi-küçesi saz bolýar. Ol on bir ýaşa ýetende, Gurbannepes aga ony Aşgabada alyp gaýdýar. Şamyrat bu ýerde halypalar S.Jepbarowyň, T.Suhangulyýewiň, P.Saryýewiň... synagyndan geçýär. Şamyradyň çalan «Garybym», «Haraýym döndi», «Leýli gelin» diýen sazlary olary haýran galdyrýar. Pürli aga Şamyradyň eliniň çalasynlygyny synlap: «Ol meniň çalýan sazlarymy çalýar, ýöne meniň edenimi edenok. Onuň artdyrýan ýerleri hem bar» diýipdir. Şahyr Mämmet Seýidow «Durun mukamy» poemasynda bu wakany şeýle beýan edýär: Diňläp körpe sazandanyň sazyny, Ine, Sahyň şonda beren bahasy: «Kel bagşydan galan ajap daragtyň Ösüp gelýär ýene-de bir şahasy». Şamyrat 1938-nji ýylda Türkmen döwlet filarmoniýasyna işe alynýar. Ol filarmoniýada işlän ýyllarynda J.Hansähedow, S.Mämiýew bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Şamyrat täze saz döretmek barada dostlary bilen pikir alşyp, olaryň hem her bir şowly ädimlerine çaga ýaly begenýän eken. «Durun mukamy» poemasynda bu ýagdaý şeýle teswirlenýär: Gowy sazandady Jepbar Hansähet, (Ýatan ýeri ýagty bolsun neressäň). Seni ýatlap kän gürrüňler bererdi, Her bir hekaýasy uly bir dessan. Ş.Gurbannepesow kämillik ýaşyna ýetmänkä ussat sazanda hökmünde tanalyp ugraýar. 1944-nji ýylda sazanda kiçi ýaşly dutarçylar toparyny döredip, oňa ýolbaşçylyk edýär. Toparda Aman Agajykow, Meredaly Burunow, Dörtguly Durdyýew, Myrat Amanjaýew, Annamuhammet Saryýew we başgalar tälim alýar. Ol gysga ömründe «Höwesim», «Gurultaý», «Ýubileý» ýaly sazlary döretdi. 1993-nji ýylda ussat sazanda, kompozitor Şamyrat Gurbannepesowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakylýar. Ejegül AMANNEPESOWA, Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiniň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |