22:07 Sen agladyñ... | |
SEN AGLADYÑ...
Goşgular
Sen agladyñ... Aýdyp-aýdyp agladyñ. Soñam aýdabilmän agladyñ sessiz. Bir düşekden, Bir üçekden örübem, Ýaşap ýörüpdirin şunça ýyl sensiz. Bagra dözüp söýen ekeniñ meni, Kereşme-näzlere ýetmändir eliñ. Gör, señ yhlasyñdan nurlanan öýde, Uzadan ýerime ýetip dur elim. Dilim deñ-duş içre bolmady gysga, Myhman gitse ~ arzuwlardy ojagym. Men indi düşündim söýgiñ güýjüne, Sen ekeniñ ýaşap, ýaýran ojagym. Juda näzik eken kalbyñ tünegi, Beýany gözleriñ garasyndadyr. Meniñ ähli günüm seniñ öñüñde, Kalpdyr ~ Käbäniñ arasyndadyr. Jahyl yşka gümra bolup kyrka çen, Aýñalmadyk başym etege düşmüş. Günäleriñ gözýaşyma ýuwuldy, Är ömri aslynda erkege düýşmüş. Ýowuz düýşmüş... Çuñnur guýa gaçan deý, Tümlük içre seni küýsąp elendim. Ha başar, başarma, Bagyşla meni, Söýgi ummanynda açan Elemim. ▶ SÖÝGI BILEN ÝAŞALY! Ynha, mensiz günler geler gaşyña, Sen şonda gaşyñy çytman zarlagyn. Kalbyñy kalp beren Tañra çöwürip, Maña söýgiñ Hakdandygyn barlagyn. Düşege däl, bagra dözüp söý meni, Düşek üste söýgim ýakañda galar. Özge yşka maýyl bolan günlerim, Pany içre ýazan hatañda galar. Saña ýaran, maña ýaran bu günler, Gör, ýene kimlere ahmyr bolmuşdyr. Pelek meni saña duçakör edip, Seni meniñ ykbalyma salmyşdyr. Söý menu, bir pursat göz-u-gulakdan, Iriñli dillerden heder eýlemän. Göz bolup ýaşaly bu batyl söýgä, Dünýe döräp, ahmyrlara eýlenen. Özi däl biz söýgi atly bossanyñ, Diñe onuñ ýazylan bir sahaby. Seniñ maña söýgiñ Hakdan ýazylan, A men janym şol ýazgydyr jogaby. Dyrnagyba degmejekden gabanyp, Gark bolup oturma gözde ýaşyña. Häzir mensiz günler geler gaşyña... ▶ ÝAGYŞ ÝAGDY Ýagyş ýagdy, için tutup, elenip, Aglap ýagdy düýp-teýkarsyz gök asman. Hile ýokdy hyýalynda, küýünde, Ýagýardy bu serhoş Zemine - lukman. Şeýle bir ýagýardy, ýazyñ bir güni Bütin ýyla ýetjek şygyra besläp, Ýazlar ýarylypdyr - toba eýlemäñ, Hem hyýal atynda uçuñ elesläp. Döwülipdir bu ummanyñ aýnasy, Şol sebäp gözünden syçyrap dur otdy. Häzir iç dökmezlik külli günädir, Hem şu pursat açylan syr ~ gudratdyr. Hojaberdi BAÝRAMOW. | |
|
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||