SENIÑ ÝAŞYÑDA
■ Ata-babalarymyz okamak, öwrenmek, gurmak, döretmek boýunça dünýä nusgalyk işleri amala aşyrdylar
Oguz türkmenleriniň beýik Hun döwletiniň hökümdary ( hökümdarlyk döwri b.e. öňki 209-174 ý.) Mete hana gadymy atasynyň ady dakylyp, oňa Oguz han hem diýipdir. Hökümdarlygy döwründe Oguz hanyň häsiýetine gaty ýakynlygy bilen tanalan, edil şonuň ekiz taýy diýdiren han bolupdyr. Duman Beýik Ýuwejileriň döwletiniň köşgünde agöýli hökmünde saklanan bu oglunyň zamunlykdan gaçmagy başarandygyna guwanyp, oňa bir tümeni, ýagny 10 müň öýli ilaty dolandyrmaga beripdir. Hökümdarlygynyň başynda ýer sorap yrsaraýan Dunhuanyň hökümdaryna «Ýer bermeris, ser bereris!» diýip, bu welaýaty özüne boýun egdiripdir. Mete han ownukly-irili 26 döwleti öz çägine birleşdirip, güýçli merkezleşdirilen döwleti döredipdir. Bu döwletiň bir tarapy Hazardan tä Hindi ummanyna, beýleki tarapy bolsa Gimalaý daglaryndan Sibire çenli aralygy öz içine alypdyr.
Mete han goňşy Hytaý bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýdy. Mete hanyň döwründe iki döwletiň arasynda birek-biregiň tejribesini öwrenmek babatynda hem gatnaşyklar edilipdir. Hytaý Hunlaryň döwlet edarasy üçin bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ýardam beripdir. Hytaý ykdysatçylarynyň kömegi bilen Hunlar döwlet gurluşynda salgyt ulgamyny kämilleşdiripdirler. Bu ýagdaý iki döwletiň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň başlangyjyny düzüpdir.
Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Mete handyr. Hunlar bilen Hytaýyň arasyndaky «Ýaraşyk we garyndaşlyk» hakynda ilkinji şertnama b.e. öňki 198-nji ýylda baglaşylypdyr. Biz muny türkmen diplomatiýasynyň taryhynda belli bolan ilkinji resminamalaryň biri hasaplap bileris. Mete hany takmynan 20 ýaşynda hökümdar bolan hasap etsek, onda ol men diýen wagty, ýagny 31 ýaşynda Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan bolýar. Meşhur rus alymy N.Ý.Biçuriniň ylmy neşirlerine salgylansak, bu şertnama Hytaý imperatory Lýu Banyň we Hun hökümdary Mete hanyň gol çekmekleri bilen hukuk taýdan güýje giripdir. Şertnamanyň asyl nusgasy saklanyp galmandyr, ýöne şol şertnamanyň ýerine ýetirilişini guramak boýunça alşylan köp sanly hatlaryň birnäçesi görkezilýär. Agzalan şertnamanyň esasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda iki döwletiň arasyndaky dowam edip gelýän ýaragly çaknyşyklary bes edilip, iki döwletiň arasynda uzak mahal garaşylan parahatçylyk gazanylypdyr. Hytaý tarapy bilen baglaşylan bu resminama, ilkinji nobatda, Hytaý döwleti üçin uly bähbide eýe bolupdyr – ol onuň kuwwatly goňşusy bolan hun türkmenleri bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga oňaýly şertleri döredipdir. Iki döwletiň arasyndaky bar bolan serhediň goragy babatynda meselä üns berlipdir. Taryhçylar Ö.Gündogdyýewiň, L.N.Gumilýowyň belleýşi ýaly, taraplar söwda gatnaşyklaryny ýola goýmagy we ösdürmegi talabalaýyk hasaplapdyrlar. Bu babatda ep-esli üstünlikleri hem gazanypdyrlar. Haryt alyş-çalyş işleri ýola goýlup, serhetde bazarlar açylypdyr. Şertnama diňe bir parahatçylyk adalgasy bilen çäklenmän, eýsem «garyndaşlyk» gatnaşyklarda bolmalydygyny hem göz öňünde tutupdyr.
Hytaý ýüpek hem nah matalary, tüwi we beýleki dürli ir-iýmişleri ýollamaga borçlanypdyr. Çyn-Maçyndan Hun döwletine her ýylda iberilýän peşgeşleriň agramly bölegi Hunlaryň ýönekeý ilaty üçin niýetlenipdir.
Mete han hem 35 ýyl şalyk sürüp, 174-nji ýylda dünýäden ötýär. Agzalan şertnama ondan 40 ýyl soň hem güýjüni saklapdyr.
Bumyn han (hökümdarlyk ýyllary 545-552 ý.) kämil ýaşynda Göktürkmenleriň döwletine hökümdar bolýar. Tagta geçen ýyly Günbatar Hytaý imperatory diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak üçin onuň ýanyna ilçi ýollapdyr. Imperatoryň Göktürkmenleriň göwnünden turmak üçin ýörite oguz neberesinden bolan ilçini saýlamagy ýönelige däldir. Bumyn han ilçini gowy kabul edipdir. Hytaýyň Tan nesilşalygy döwrüniň belli taryhçysy Weý Çžen özüniň «Suý nesilşalygynyň taryhy» atly işinde: «Indi bize beýik döwletiň ilçisi geldi, basym biziň döwletimizem güýçlener» diýip, birek-birege gutlapdyrlar» diýip ýazypdyr. Bumyn han bu ýagdaýdan ýerlikli peýdalanyp, öz gezeginde Hytaýa ilçi iberipdir. Hytaýlylar bilen serhediň howpsuzlygyny ýola goýup, Bumyn han garyndaş göçme taýpalaryň arasynda özüne tarapdarlary gözläp tapypdyr. Ol haýal etmän, ýaşlardan düzülen uly goşun jemläpdir. Goşun onluklara, ýüzlüklere, müňlüklere bölünipdir. Bumyn hanyň döreden bu goşuny gysga wagtda düzgün-nyzamly, gowy tälim öwredilen köp müň adamly uly harby güýje öwrülipdir.
Bumyn han 551-nji ýylda «Hakan», ýagny «Beýik han» derejesini alýar. Bumyn hanyň raýatlygyna giren ähli halklar özlerine türkmen diýmegi hormat hasaplapdyrlar. Bumyn özüne Ilhan adyny alypdyr. 551-nji ýylda Günbatar Hytaý imperiýasy bilen gepleşige başlap, şol ýylyň tomsunda hytaýly şazada gyz Çanlä öýlenipdir. Türkmen taýpalarynyň arasynda Bumyn hanyň abraýy barha artypdyr. Ol 552-nji ýylda Mongoliýa sährasyndaky ähli taýpalary boýun egdiripdir. Şeýdip, Göktürkmenler Merkezi Aziýanyň eýesi bolupdyrlar.
552-nji ýylyň ahyrynda Bumyn han öz ogullaryna güýçli ýaş döwleti miras galdyryp, tarpa-taýyn aradan çykypdyr. 553-572-nji ýyllar aralygynda onuň kiçi ogly Kuşu han Muhan han lakamy bilen Göktürkmen döwletini dolandyrýar. Muhan han örän akylly, edermen hem batyr, çeýe syýasatçy we ökde diplomat bolupdyr. Onuň akylly-başly döwleti edara edişi Göktürkmenler döwletiniň bütin Aziýada iň kuwwatly we uly döwlete öwrülmegine getiripdir. 550-560-nji ýyllarda geçiren ýörişleriniň netijesinde Sary deňiz bilen Wolga derýasynyň aralygynda ýaşan ähli çarwa taýpalary Göktürkmenleriň döwletine birikdirýär. Muhan han Göktürkmen döwletini döwrüniň Eýran, Hytaý, Wizantiýa ýaly güýçli döwletleriniň hataryna goşýar. Göktürkmenler Beýik Ýüpek ýolunyň gündogar böleginiň gözegçiligini öz eline alyp, Sasanylaryň üsti bilen Wizantiýa äkidilýän ýüpegiň mukdaryny çäklendiripdir. Göktürkmenleriň hökümdary Muhan han Hytaýa beren goldawy üçin ondan ýylda 100 müň top ýüpegi salgyt alypdyr.
Istemi han (ol Bumyn hanyň inisidir) Göktürkmenler döwletiniň günbatar bölegine 20 ýyldan gowrak hökümdar bolup (552-576 ý.), Beýik Ýüpek ýolunyň gözegçiligini öz eline alan hökümdardyr. Ol ummasyz köp mukdarda jemlenen bu harydy Sasanylaryň üsti bilen däl-de, göni satmak üçin Wizantiýanyň imperatory Ýustin II bilen gatnaşyklary ýola goýupdyr. Wizantiýa imperatorynyň ýüpegiň kesgitli mukdaryny kepillendirilen görnüşde almak üçin 568-nji ýylda Istemi hanyň huzuryna serkerde Zemarhy ilçi edip ýollandygyny wizantiýaly taryhçy Menandr habar berýär. Netijede, 568-nji ýylda agzalan iki döwletiň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we harby ýaranlyk hakynda şertnama baglaşylýar. Şeýlelik-de, Demirgazyk Hytaýdaky hanlyklary, Merkezi Aziýany eýelän, diňe bir harby-syýasy taýdan däl, eýsem ykdysady babatda-da kuwwatly imperiýa öwrülen Göktürkmenler döwleti öz üstünden geçýän Beýik Ýüpek ýoluna gözegçiligi doly öz ellerine alypdyrlar. Wizantiýa bilen bilelikde Sasanylara garşy göreşi Göktürkmen hökümdarlarynyň halkara syýasatyndan, diplomatiýadan ezberlik bilen baş çykarandyklaryny görkezýär. Göktürkmenler Sasany döwletiniň Wizantiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwdasynda araçyl bolup, söwdadan ägirt uly girdeji alypdyrlar. Istemi han bu meselede bäsdeş döwlet bolan Sasanylar bilen çaknyşyga girişmezden, 571-nji ýylda ylalaşyk gazanyp, parahatçylyk barada şertnama baglaşypdyr. Sasany şasy Anuşirwan Adyla öz gyzyny nikalap beripdir. Munuň özi türkmenleriň ata-babalarynyň Beýik Ýüpek ýoluny özara bäsdeşligiň däl-de, eýsem ylalaşygyň, parahatçylygyň ýoluna öwürmek üçin tagalla edendiklerine şaýatlyk edýär.
Bilge han (638-734) 33 ýaşynda Göktürkmen döwletiniň Gündogar böleginiň beýik hany bolýar. Ol Ilteriş Gutlug hanyň ogludyr. Döwlet oguz türkmen döwleti bolup, ynançlary göktaňry dinidir. Döwlet adyny şol ýerden alypdyr, göktürkmenleriň manysy göge ynanan oguz, türkmen manysyndadyr. Goňşulary Sasanylar, Rumystan hem Çyn-Maçyndy, gaty uly ýurda häkimdi.
Bilge han ylalaşykly, parahatçylyk söýüji içeri we daşary syýasaty ýöreden türkmen kökümdarydyr, başarjaň diplomatdyr. Bile han Hytaý bilen kadaly diplomatik gatnaşyklary ýola goýupdyr. 727-nji ýylda Hytaý bilen baglaşylan şertnama görä, Bilge han kadaly gatnaşyklary ýola goýup, bitaraplygyny saklapdyr. 723-nji ýyldan tä 741-nji ýyla çenli tas ýigrimi ýyllap diýen ýaly parahatçylygyň saklanmagy, ilkinji nobatda, Bilge hanyň hyzmatydyr. Sunuň özi hoşniýetli türkmen Bitaraplygynyň çuňňur köklerinden nyşandyr.
Bilge han özüniň oguzdygyny mazar daşyna ýazdyryp gidipdir: «Oguz ili meniň öz ilimdir». Bilge han: «Eý, oguz türkmen begleri, millet eşidiň, ýokarda gök çökmese, aşakda ýer dilinmese, türkmen milletiňi, iliňi, kanunyňy kim bozup biler!» diýen sözlerini nijeme asyr mundan ozal ýönelige aýdyp gitmändir! Ol uruşlar döwründe dargan kowumdaşlaryny toplamagy başarypdyr. Onuň mazar daşynyň ýazgylarynda ýöne ýere «Az sanly halkymy köp etdim» diýen ýazgy ýazylmandyr.
Göktürkmenler döwletiniň gülläp ösen döwri Bilge hanyň döwrüdir. Bilge han 51 ýaşynda dünýäden ötýär.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň ilkinji tomunda Köneürgençde ady latynlaşdyrylan görnüşde «logarifm – matematika» adalgasynda edebileşdirilen, algebra ylmyny dörediji hökmünde belli bolan beýik matematik Muhammet ibn Musa al-Horezminiň (783-850 ý.) doglandygyny, şol ýerde önüp ösendigini ýazýar. Ol Horezme, soňra Merwe gelip, Horasanyň hökümdary Mamun ibn Reşidiň ýanynda bolup, özüni ylma bagyş edýär. 813-nji ýylda Mamun bütin arap halyflygynyň baştutany, ýagny halyfy bolýar. Merw Halyflygyň paýtagtyna öwrülýär. 818-nji ýylda halyflygyň merkezi Bagdada göçürilýär. Halyf öz ýany bilen alymlaryň uly toparyny Bagdada alyp gidýär. Şolaryň arasynda al-Horezmi hem bolupdyr. Al-Horezmi Mamunyň halyflyk eden döwründe (813-833 ý.) «Paýhas öýüne» hem-de golýazmalaryň saklaýan «Hikmetler hazynasy» atly ylmy kitaphanasyna ýolbaşçylyk edipdir. Şol wagt Horezmi 35 ýaşynda bolupdyr.
Horezmi dünýä algebra ylmyny beren ynsandyr. «Algebra», «algoritm», «algorsimus» diýen matematik adalgalar al-Horezminiň ady bilen baglydyr. Al-Horezminiň ylmy açyşlarynyň netijesinde şol wagt algebra umumy matematikadan bölünip aýrylyp, özbaşdak ylma öwrülýär. Horezminiň algebra traktaty «Kitap Muhtasar aljebr welmukabala» («Doldurmagyň we garşy goýmagyň gysgaça kitaby») ady bilen bellidir. Al-Horezminiň «Hindi hasaby hakynda», «Algebrany we almukabalany hasaplamak hakynda» we «Trigonometrik tablisalar» diýen işler matimatika ylmyna düýpli täzelikleri girizen eserlerdir. Horezmi matematika hasaplaýşyň onluk pozision görnüşini girizipdir.
Al-Horezmi «arap san belgileri» hökmünde ýalňyş aňladylýan, hakykatda hindi sifirlerini san belgileriniň ulgamyna giňden ornaşdyran alymdyr. 70 sany geografik ylmy-barlag işlerinden soň, ençeme asyr üýtgemejek dünýä kartasyny çyzan geografdyr. Nolluk (0) düşünjesini ylma girizen hem biziň ildeşimiz al-Horezmidir.
Al-Horezmi astranomiýa, taryh ylymlaryndan hem ylmy işler edipdir. Ilkinji trigonometerik, astronomik tablisalaryň düzülip başlanmagy, stasionar (hemişelik hereket edýän) opserwatoriýalaryň esaslandyrylyp ugralmagy hem onuň döwrüne gabat gelýär. Al-Horezmi özüniň astronomik işlerini Zij, ýagny jedweller görnüşinde ýazypdyr.
Al-Horezminiň taryhda ýazan «Taryhlaryň kitaby» atly ylmy iş ony orta asyrlaryň iň uly taryhçylary bilen bir hatarda goýýar. Muhammet al-Horezminiň «Kitab surat al-ard» («Ýeriň suratynyň kitaby») atly iş akademik W.W.Bartoldyň pikrine görä, arap geografiýa ylmynyň başy boldy.
Al-Horezmi ylmy işleriniň ählisini zamanasynyň ylmy dili bolan arap dilinde ýazypdyr. At-Tabariniň taryhynda Muhammet al-Horezminiň gadymy Horezimde doglan we döwrüne Gün bolup şugla saçan alymdygy nygtalýar.
Ahmet ibn Tulun türkmenleriň Müsürdäki Tulunylar begligini (868-905ý.) esaslandyryjydyr. Taryhy çeşmelerde begligiň adynyň «Dolun», ýagny «dolan aý» sözi bilen baglydygy nygtalýar. Onuň kakasy Tulun beg oguz türkmenlerinden bolup, ol Samanly döwletiniň Buharadaky we Horasandaky häkiminiň hyzmatynda bolupdyr. Ahmet 835-nji ýylda Bagdatda doglupdyr. Ol Bagdat halyfynyň Samarra şäherindäki türkmen garnizonynda ýetişipdir. Kakasy ölenden soň Damaskda we Tarsusda Bagdat emiriniň wekili wezipelerinde işläpdir. 868-nji ýylda – 33 ýaşynda ol halyf tarapyndan Müsüriň häkimligine bellenipdir. Onuň häkimligi diňe Müsüre däl, eýsem, Palestina we Siriýa hem ýaýrapdyr. 878-nji ýylda Ierusalymy, Damasky, Halaby, Hymsy, Hamany eýeläp, Ýakyn Gündogarda Wizantiýanyň garşysyna urşa başlapdyr. 882-nji ýylda Ahmet Siriýa gaýtadan ýöriş edipdir.
Ahmet beg 41 ýaşynda Müsürde türkmen deňizçiliginiň düýbüni tutýar. Tulunylar begliginiň harby-deňiz güýçleri barada ilkinji maglumat 876-njy ýylda gabat gelýär. Şol ýylda Ahmet beg Nil derýasyndaky Rawza adasynda galasyny gurduryp, 100 sany söweş gaýygyny adanyň töwereginde ýerleşdiripdir. Söweş gämilerini ýasatmak üçin ýörite ussahanalary (tersane) gurdurypdyr. Dimýatdaky (Damiýetta), Isgenderiýedäki (Aleksandriýa) gämi ussahanalaryny abatladypdyr. Senenamaçy Makriziniň ýazmagyna görä, Ahmet ibn Tulunyň harby-deňiz güýçleriniň mukdary 100 sany söweş gämisinden ybarat bolupdyr. Ahmet Akka, Dimýat Isgenderiýe, Tarsus Antakyýa ýaly kenar ýaka ýerlerini möhüm harby-deňiz portlaryna öwrüpdir. Bu bolsa türkmenlere Orta ýer deňziniň (Akdeňiz) tutuş gündogar böleginiň gözegçiligini elde saklamaga mümkinçilik beripdir. Tulunylar begliginiň Siriýa kenarlaryndan çykan gämileri Egeý deňzine hem ýörişler hem gurapdyr. Taryhy çeşmelerde Ahmet begiň aradan çykan mahaly 1000-den gowrak ululy-kiçili gämili harby-deňiz güýçlerini özüniň mirasdüşerligine miras galdyrandygy ýaňzydylýar.
Ahmet ibn Tulunyň döwründe Müsüriň ykdysady ýagdaýy gowlanypdyr. Nil derýasynyň boýunda bentler we suwaryş kanallary gurlupdyr. Dokmaçylyk, söwda gülläp ösüpdir. Ahmet ibn Tulun 41-43 ýaşlary aralygynda Kairde öz ady bilen bagly ajaýyp metjidi, onuň ýanynda hassahanany we dermanhanany bina etdiripdir. Bu metjit häzirki günde hem öz ajaýyp görküni saklaýar. Ol bu ýerde halkynyň ylymly-bilimli bolmagy üçin zerur şertleri döredipdir. Bu hökümdar diňe bir musulman alymlaryna däl, eýsem, başga dindäki alymlara-da uly hormat goýupdyr. Muňa onuň özüniň şahsy tebibi bolan, Aleksandriýanyň patriarhlygyna saýlanan taryhçy Seýit ibn Patrige eden hemaýaty hem güwä geçýär.
Ahmet ibn Tulun edebiýata we saz sungatyna düşüş bolup, özi hem türkçe şygyrlar döredipdir.
Ahmet ibn Tulun 884-nji ýylyň 10-njy maýynda aradan çykypdyr.
Abu Nasz al-Faraby käbir taryhy maglumatlara görä, 870-nji ýylda dünýä inipdir. Ylmyň ähli ugurlaryndan diýen ýaly baş çykarypdyr. Arapşynas, belli terjimeçi Rahmet Gylyjow oňa bagyşlan ýörite makalasynda XIV asyrda ýaşan meşhur taryhçy Ibn Hallikanyň şu sözlerini getirýär: «Abu Nasr al-Faraby mantyga, saza we ylmyň beýleki ugurlaryna degişli köp sanly eserleriň awtorydyr, iň beýik musulman filosofydyr. Bu ugurlarda onuň mertebesine ýeten hiç kim ýokdur. Hatda reýis Abu Aly Ibn Sina hem şonuň eserlerini okap kämilleşipdi, öz eserlerinde al-Farabynyň sözlerini peýdalanypdy. Ol türkmen adamsydyr. Türkmen ilinde doguldy, şol ýerde önüp-ösdi, elmydama türkmen lybasynda gezdi (tapawutlandyrma biziňki – J.G.)». Kämil çykan okumyş ildeşimiz Faraby Aristoteliň känbir elýeter bolmadyk «Köňül» eserini 100 gezek dagy, «Tebigy mukam» eserini bolsa 40 gezek okap çykandygyny ýazypdyr. Aristoteliň eserlerine düşündiriş (teswir) ýazandygy sebäpli “Ikinji mugallym” adyna eýe bolýar. Ol Platona hem teswir ýazypdyr.
Syýasat, psihologiýa, tebigy bilimler, matematika, lukmançylyk, pelsepe, estetika, sazçylyk, logika – bularyň hemmesi Farabynyň meşgul bolan ylymlary bolupdyr. Faraby jemi 160-a golaý ylmy iş ýazypdyr. Biz ylma teşne ildeşimiziň ol eserlerini anyk haýsy ýyllarda ýazandygyny bilmesek-de, olaryň aglaba bölegini 40 ýaşyna çenli ýazandygy hakda pikirde.
Faraby Gündogarda ilkinji bolup, pelsepe sözlügini düzüpdir. Biz sazy sungat derejesine çykaran alym Faraba guwanmalydyrys.
Faraby adamlaryň hatly-sowatly, bilimli bolmagyny, adalatly jemgyýetde ýaşamagyny arzuw edipdir. Farabynyň:
Uly işleri etmäge çalyşýan kiçi adamy ýazgarmaň:
Ylymly adam ylmyny dana pikirlerden ugur alyp ulansa, örän köp baýlyk gazanar;
Wagty sarpaly tutup, ýerine ýetirmeli işine gereginden artyk wagty sarp etmek. Her zady öz wagtyndaýerine ýetirmek dogruçyllygyň alamatydyr;
Wagyz-nesihaty diňlemän, halkyň urp-adatyndan, özüňe ýakyn we akylly adamlardan daşlaşmak iň uly ýalňyşlyklaryň biridir–diýen sözleri diňe bir döwre, bir halka öwüt üçin aýdylan däldir. Ol bu günki günde türkmen ýaşlarynyň hem ugur almaly pentleridir.
***
Garahanly türkmen döwletiniň hökümdary Satuk Bugra han (hökümdarlyk ýyllary 924-955-nji ý.) Bilge Kül Kadyr hanyň agtygydyr. Ol 901-nji ýylda doglupdyr. 24 ýaşynda tagta geçip, yslam dinini hem-de sünni-hanafy mezhebini döwletiň resmi dini diýip kabul edepdir. Musulmançylygy kabul edensoň, Satuk Bugra han özüne Abdylkerim adyny alypdyr. Garahanlylar döwleti yslamy resmi taýdan ilkinji kabul eden türki döwlet hasaplanýar.
Ibn Sina – türkmenleriň arasynda Lukman Hekim ady bilen meşhur bolan dünýä belli lukman, ensiklopedik alym. Doly ady Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina bolan bu alym bütin dünýäde Awisenna ady bilen meşhurdyr. Ibn Sina 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buharanyň golaýynda Afşina diýen obada dünýä inýär. 1037-nji ýylda bolsa aradan çykýar.
Ibn Sina 10 ýaşynda Gurhany ýatdan bilipdir. 10 ýaşynda filosofiýanyň köp meselelerini mugallymlaryndan hem gowy bilipdir. 12 ýaşynda uly ýaşlylaryň köpüsi onuň ýanyna dürli meseleler boýunça maslahata gelipdirler. 14 ýaşynda bilim babtynda mugallymlardyndan ozduryp, özbaşdak okamaga başlaýar. Ibn Sina lukmançylyk bilen ýaşlykdan gyzyklanýar. Ol özüniň “Ömür ýazgylary” atly kitabynda “Lukmançylyk ylymlary meniň üçin kyn ylymlaryň biri bolmady. Höweseimiň güýçlüdigi üçin ony tiz özleşdirdim. Soňlugy bilen ökde lukmanlaryň özleri gelip menden sapak alyp başladylar. Her bir öwrenen we ymykly özleşdiren zadymy iş ýüzünde amal edýärdim” diýip ýazypdyr. 16 ýaşynda eýýäm men-men diýen lukmanlar onuň pikiri bilen ylalaşmaga, tebipçilik tejribesini oňlamaga başlapdyrlar.Lukmançylykdan daşary hukuk ylymlaryndan ders alýan, çekişmelre gatnaşýan wagty hem Ibn Sina 16 ýaşly oglandy. Ibn Sina gündüzlerine bar hyýalynyň okamak, ylymly bolmak, bilýänini artdyrmak bolandygyny, şeýdibem ummasyz ylymyň bir bölek gorunyň elinde bolandygyny “Ömür ýazgylarynda” nygtap gidipdir. Ol ýaňy 16 ýaşyna girende Buharanyň emiri Nuh ibn Mansuryň derdine derman tapyp, Samany hökümdarlarynyň baý kitaphanasyna 2 ýyllap girmäge hukuk gazanypdyr. 17 ýaşyndaky filosofiýanyň iň kyn meseleleri boýunça Birunynyň özüne beren 18 sowalyna jogap berip bilipdir. Filosof N.Baýramsähedowyň maglumatyna görä 21 ýaşynda eýýäm oňa dürli meseleler boýunça kitaplary ýazyp bermegi haýyş edip ugrapdyrlar. 21-23 ýaşynda Ibn Sina ýörite sargyt esasynda üç sany kitap ýazylypdyr. Şolaryň biri kanunçylyga we filosofiýa degişli bolup, 20 tomdan ybarat bolupdyr. Ol belli kanunşynas Abu Bekr al-Barkanyň sargydy boýunça ýazlypdyr. Horezmşa Mamun II haýyşy boýunça 25 ýaşynda Horezme göçüp gelýär hem-de onuň “Akademiýasyna” goşulýar. Hut şu ýerde ol “Lukmanlaryň baştutany” derejesini alypdyr. Bu ýerde Biruny, matematik Abu Nasr Yrakly, lukman Abu Haýr Hammar, filosof Abu Sahl Mesihi bilen tanyşýar. “Meniň ýaly adama ýeterlik aýlyk hem bellediler” diýip, ol özüniň Gürgençde garşylaşyndan hoşaldygyny ýazypdyr. A.Ýazberdiýew Mamunyň Akademiýasynda Ibn Sinanyň işiniň diýseň önjeýli bolandygyny, onuň bütin ömrüniň önümi bolan iki sany naýbaşy eseriniň – “Sagaldyş kitaby” atly pelsepe ensiklopediýasynyň hem-de ensiklopediýasynyň hem-de “Lukmançylyk ylmynyň kanuny” atly lukmançylyga degişli düýpli eseriniň esasynyň goýlandygyny ýazýar.
Ibn Sina iň köp kitap ýazan alymlaryň biridir. Alym arap dilinde 456, pars dilinde 23 kitap ýazypdyr. Emma şu kitaplarda diňe 240-sy bize gelip ýetip, galany ýitipdir. Biziň günlerimize gelip ýeten işleriniň 150-si filosofiýa, 40-sy lukmançylyga 50-si bolsa beýleki ylymlara degişlidir.
Ensiklopedik alymyň dünýä ylmyna hem-de medeniýetine goşan goşandy örän saldamlydyr. Onuň “Lukmançylyk ylmynyň kanuny” atly kitaby Ýewropanyň uniwersitetleriniň ählisinde 500-600 ýyllap okuw kitaby hökmünde ullanypdyr. Ibn Sina türkmen topragynda 12 ýyl ýaşap, ylmy açyşlar bilen bir hatarda tebipçilik hem edipdir. Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanuny” atly kitabyny türkmen topragynda ýazmagy biziň üçin has hem guwandyrjy ýagdaýdyr. “Lukmançylyk ylmynyň kanuny” hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ilkinji gezek türkmen diline terjime edilip, dolulygyna çap edildi. Hormatly Prezidentimiz ol hakda “Öz hünärim bilen baglylykda men gadymyýetiň beýik alymy Ibn Sinanyň (Awisenna)” eserlerini köp we gyzyklanmak bilen okadym. Meni bu adamyň gyzyklanmalarynyňçuňlugy we giňligi haýran galdyrdy. Ibn Sina diňe bir lukman hökmünde däl, eýsem ol filosof we akyldar hökmünde hem beýikdir” diýip ýazýar.
Lukman Hekim hassany söz we ynam bilen bilen bejerip bolýandygyna hem pugta ynanypdy. Şonuň üçin hemişe “Ilki – söz, onuň haýyr etmedik ýerinde – tyg” diýip gaýtalar eken. Beýik lukman “Urjuza fit-t-tyb” (“Şahyrana lukmançylyk”) atly eserinde: “Şahyrlar – sözüň hökümdary, lukmanlar – saglygyň perişdesi. Olaryň ilkinji dilewarlyk bilen ruhy galkyndyrsa, ikinjisi wepalylyk we hoşniýetlilik bilen bedeni sagalýarlar” diýip ýazypdyr.
Gaznaly türkmenleriň döwletiniň meşhur hökümdary Mahmyt Gaznaly (hökümdarlyk ýyllary 998-1030 ý.) 971-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Owganystanyň Gazna şäherinde dogulýar. Mahmyt Gaznaly 27 ýaşynda Gaznaly tagtyna geçýär. Gündogarşynaslar K.E.Boswort, W.W.Bartold, A.Ý.Ýakubowskiý onuň nesliniň türkmenleriň gaýa (kaýy) boýundandygyny ýazýarlar.
Bagdat halyfy Kadyr Mahmyt Gaznalynyň harby taýdan başarjaňlygyny, döwleti dolandyrmakda syýasy kynçylyklardan ýerlikli baş alyp çykandygyny göz öňünde tutup, oňa «Döwletiň daýanjy we dini jemgyýetiň ynamdar wekili» (Ýemin ad-dawla we emin al-milla) diýen hormatly at bilen bilelikde «Horasanyň soltany» diýen derejäni (titul) berýär.
Mahmyt Gaznalynyň döwletiniň çäkleri Eýrandan Hindistanyň Gang jülgesine, Horezmden Hind ummanyna çenli ýaýylyp gidipdir. Mahmyt Gaznaly 30-55 ýaş aralygynda, ýagny 1001–1026-njy ýyllar aralygynda Hindistana 17 gezek ýöriş gurapdyr. Hindileriň üstüne uzaga çeken gazawatlary guran hem bolsa, şol halkyň ömürboýy döreden medeni mirasyna uly sarpa goýupdyr. Gurlan kaşaň ymaratlary aýawly saklamagy berk tabşyrypdyr. A.Ý.Ýakubowskiý «Mahmyt Gaznaly, gürrüňsiz, öz döwrüniň meşhur diplomatydy» diýip ýazýar. 31 ýaşynda Sistany (1002 ý.), 41 ýaşynda Garçystany (Owgan Türküstanda) boýun egdiripdir (1012 ý.). Horezme (1017 ý.), Gurlularyň üstüne üç gezek (1011, 1015, 1020 ý.) ýöriş edipdir. Horasanda agalyk etmek üçin Garahanly türkmenleri bilen ençeme gezek çaknyşydyr. (1006, 1008, 1019ý.)
Nyzamylmülk «Syýasatnama» kitabynda Mahmyt Gaznaly barada: «Döwlet dolanşygynyň inçe syrlaryny doly öwrenip, hökümdarlyk etmekde özüniň ajaýyp medeniýetliligi bilen il içinde taryplanypdyr. Ol mydama dünýäde öten meşhur patyşalar barada rowaýatlary diňlemegi gowy görüpdir. Şol sebäpli öten patyşalara sarpa goýmagy başarypdyr. Özüniň adalatlylygy bilen Mahmyt halkyň içinde uly şöhratda eýe bolupdyr. Ol musulman dünýäsinde yslam üçin göreşen hökümdar tanalypdyr» diýip ýazypdyr.
Alymyň köşk howandarlygy, hemaýaty bolmasa ýeke özüniň bitirjek işi ýok. Ylym köp çykdajylary talap edýär. Ylmy maddy serişdeler bilen üpjün etmäge we goldamaga köşgüň güýji ýetýär. Dünýäde meşhurlyk gazanan beýik alymlaryň aglabasy köşkde ýaşapdyr, köşküň hemaýatyndan peýdalanan adamlar. Mahmyt Gaznaly hem şu hakykata gulluk edipdir. Öz eýelän ýerlerinden alymlary paýtagta – Gazna çagyryp, olar üçin zerur şertleri döretmäge çalşypdyr. Soltan Köneürgenji öz tabynlygyna salan soň, musulman dünýäsinde ady belli matematik, astronom we taryhçy Abu Reýhan Birunyny (973-1048ý.) Gaznanyň alymlar köşgüne alyp gaýdýar. Biruny Gazna geleninde, özüniň ylmy hazynasyny ýany bilen alyp gelmegi başarypdyr. Gündogaryň beýik alymy Biruny soltan Mahmyt Gaznalynyň Hindistana eden ýörişlerine gatnaşyp, Hindi alymlarynyň kömek bermeginde «Hindistan» diýen uly eserini döredipdir. Munuň üçin Biruny 44 ýaşynda iň kyn dilleriň biri hasaplanýan sanskrit dilini öwrenipdir. Birunydan başga-da, Abu Nasr ibn Yrak, Abdysamet ibn Abdysamet al – Hakim, Abulhaýyr ibn Hammar ýaly ylmyň dürli ugurlarynda meşhur alymlar hem Mahmydyň hemaýatyndan peýdalanypdyrlar.
Abul Fath Aly ibn Muhammet al – Busty, Abulkasym Zyýat ibn Muhammet al – Kamary al – Jürjany, Abu Bekr Muhammet ibn Aly Hysrowy as – Sarahsy... Gaznaly türkmenleriniň köşgüniň hemaýatyny gören alymlardyr, şahyrlardyr. Taryhçy Muhammet Utby 1021-nji ýylda «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly kitabyny ýazýar. Utby soltan Mahmydyň Gaznada gurduran medresesiniň ýerden petigine çenli gadym we täze döwrüň adamlarynyň ylymlaryna degişli, älymlaryň eserlerinden doldurandygyny ýazýar.
Mälik şa Beýik Seljuk türkmen şadöwletiniň meşhur soltany Alp Arslanyň ogludyr. Ol 1055-nji ýylyň 6-njy awgustynda dünýä inipdir. Onuň dünýä inen ýyly seljuk türkmenleriniň taryhynda ähmiýetli wakalaryň biri bolupdy. Togrul beg şol ýylda Bagdady eýeläpdi. Bagdat halyfy al-Kaýym oňa «Ähli Gündogaryň we Günbataryň soltany» («Soltan maşryk we’l magrib») unwanyny beripdi. Türkmenleriň şeýle şöhrata ýeten ýylynda Alla Çagry bege öz merhemetini eçilip, mynasyp bir agtyk bagyş edipdi. Bu oglanjyga geljekde «Älemi söýgi we abadançylyk bilen özüňe tabyn eden soltan» atly hormatly dereje garaşýardy.
Alp Arslan özüniň üşükliligi we käbir artykmaç taraplary bilen beýleki doganlaryndan tapawutlanýan ogly Mälige ýaşlygyndan başlap aýratyn üns beripdir. Onuň bilim-terbiýesini gözden salmandyr. Weziri Nyzamylmülküň elinde oňa atabeglik terbiýesini beripdir. Şazada ýaşlygyndan at münmek hem-de türkmeniň gadymdan gelýän söweş tilsimleri öwredilipdir. Mälik şanyň atabeglik mekdebinde terbiýelenişi hakda şeýle diýilýär: «Mälik şa, geljekki soltan her günde birnäçe sagat beden hem söweş türgenligini geçer eken. Bary-ýogy bäş-alty sagat ýatypdyr. Ogluna dözmedik ejesi aram-aram:
-Şazadam, senem dynjyňy alaý!
Sen şazada ahyry – diýse, Mälik:
-Eger men halkyň öňüne düşmeli bolmasam, şu alan bilimim, ylymym, türgenleşigim ýeterlik bolardy, ýöne men halkyň öňüne düşmeli ahyry – diýipdir».
Kakasy Mälik şany söweşlerde ýanyna äkidip, onda batyrlygy we mertligi terbiýeläpdir. Alp Arslanyň 1064-nji ýyldaky Gürjüstana ýörişi mahalynda 9 ýaşly Mälik şa wezir Nyzamylmülk bilen bilelikde Araz çaýynyň boýundaky Sürmari we Merýemnişan galalaryny tabyn edipdir. Bu geljekki soltan Mälik şanyň ilkinji harby üstünligidi.
Soltan Alp Arslan 1066-njy ýylda Mälik şany tagt mirasdary diýip yglan edipdi. Şol wagt Mälik şanyň 11 ýaşy bardy. Kakasy ýogalyp, tagta çykan mahalynda Mälik şa 17 ýaşyndaky ýetginjekdi.
Mälik şa 1087-nji ýylyň 25-nji aprelinde, ýagny 32 ýaşynda mahaly Bagdat halyfy al-Muktedi Biemrillah uly hormat bilen Mälik şany kabul edip, oňa ýedi sany halat geýdirýär. Halyfyň emri bilen onuň biline iki sany gylyç dakylýar. Bu onuň «Gündogaryň we Günbataryň soltany» diýlip yglan edilmeginiň nyşanydy.
Soltan Mälik şa 1092-nji ýylyň 18-nji noýabryndan 19-yna geçilýän gijesi aradan çykypdyr. Taryhçy Ibn Esiriň maglumatlaryna görä, «Beýik türkmen soltany ýogalanda onuň 37 ýaşy bardy. Ol on dokuz ýyl we alty aý soltanlyk etdi». Şu gysga ömründe ol ägirt uly işleri bitirmäge ýetişipdir.
Mälik şanyň döwründe söwdany ösdürmek maksady bilen ýatyrylan salgytlaryň, gümrük paçlarynyň jemi hasaplanyp görlende, ol ýyllyk 600 müň dinara barabar bolupdyr. Söwda kerwenleriniň gapdalyna ýaragly ýygynlar berkidilipdir. Olar kerweniň howpsuzlygyna jogap bermeli eken. Bardy-geldi kerwenler talanan ýagdaýynda, kerweniň ýolbaşçysynyň çeken zyýany döwlet hazynasyndan tölenipdir. Söwdagärleriň girdejisiniň bir böleginden döwlet salgyt alypdyr.
Beýik soltan Mälik şa Mekgä gidýän haj ýoluna uly ähmiýet beripdir. Mekgä we Medinä barýan ýollarda ýörite düşleg menzillerini, myhmanhanalary gurdurypdyr. Haja barýan musulmanlaryň suwsuzlykdan kösenmezligi üçin guýular, çeşmeler, howuzlar gazdyrypdyr. Käbä zyýarata gidýän musulmanlaryň Mekge çölünde oturanlara mejbury tölemeli salgydyny ýatyrdypdyr.
Soltan Mälik şa ekerançylyga uly üns beripdir. Ekerançylykdan gelýän girdejiler söwdanyň ösmegine, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir edipdir. Mälik şa galla ekýän daýhanlary hemmetaraplaýyn goldapdyr. Olara tohum we zähmet gurallaryny paýlamak bilen goldaw beripdir.
Orta asyr taryhçysy Ymadeddin Yspyhanynyň ýazmagyna görä, Mälik şa suwaryş ulgamlarynyň dikeldilmegi, kanallaryň gazylmagy, bentleriň, köprüleriň, gala diwarlarynyň gurluşygy üçin ummasyz serişdeleri harçlapdyr. Mälik şa Merw şäheriniň abadançylygyna aýratyn ähmiýet beripdir. Soltanyň emri bilen Merw jülgesiniň daşyna 12300 ädim uzynlygyndaky gorag diwarlary aýlanypdyr, 100 müň adamyň güýji bilen Murgabyň suwaryş ulgamy ýarym ýylyň dowamynda doly dikeldilipdir. Merwiň orta asyr galalarynyň biri bolan meşhur Soltangala Mälik şanyň döwründe gurlupdyr.
Mälik şa döwletiň binýadynyň ylymdan tutulmalydygyna düşünipdir. Ylym adamlaryna hemaýatkärlik edipdir. Mälik şa 1074–1075-nji ýyllarda (şol wagt ol 19-20 ýaşynda-dy) obserwatoriýa gurdurýar. Onda Omar Haýýam, Ebul Muzaffar Isfizary, Mamun bin Nejip al-Wasiti ýaly alymlar işläpdir. Olar ýylnama (kalendar) özgertmesini geçiripdirler. Täze düzen ýylnamasyny Mälik şanyň hormatyna «Jelaly ýylnamasy» diýip atlandyrypdyrlar. Ol ýylnama 30 günlük bolup, 12 aýdan we goşmaça 5 ýa-da 6 günden durýar. Bu ýylnamada ýylbaşyny Nowruza deňlemek üçin dört ýylda bir goşmaça gün girizilipdir. Jelaly ýylnamasynda 3770 ýylda bir gün, grigorian ýylnamasynda bolsa, 3330 ýylda bir gün ýalňyşlyk bardyr. Diýmek, ol häzir dünýä ýüzünde ulanylýan milady (Grigorian) ýylnamasyndan hem 7 sekunt takykdyr. Özgertmäniň iň möhüm ähmiýeti Aý kalendaryndan hojalyk işlerinde has takyk, oňaýly bolan Gün kalendaryna geçilmegidir. «Jelaly ýylnamasynyň» Omar Haýýamyň şol wagtlar 26-27 ýaşy bardy.
Döwletiň edara edilmeginde «nesihat kitaplarynyň» («Syýasatnamalaryň») örän uly goldawynyň boljakdygyna düşünen Mälik şa 1077-1078-nji ýyllarda döwlet adamlarynyň we alymlaryň arasynda ýaryş yglan edipdir. Bu bäsleşikde wezir Nyzamylmülküň «Syýasatnama» atly eseri örän gowy görlüpdir.
Hytaý bilen Müsür aralykda türkmenleriň döwletlilik taryhyndan Anadoly hem möhüm ähmiýete eýedir. Anadoly – Aziýa yklymynyň günbatara tarap uzaýan, dörtburçluk şekilindäki, 755,688 inedördül km meýdany tutýan adybir ýarymadasy. Ol häzirki Türkiýe Respublikasynyň meýdanynyň 97%-ni tutýar. Demirgazyk-günbatardaky Mermer deňziniň Bosfor we Dardanell bogazlary arkaly ol Türkiýäniň Ýewropadaky Frakiýa kysmyndan bölünip aýrylýar. Anadolynyň üç tarapy deňiz bilen gurşalandyr: onuň demirgazygynda Gara deňzi, günbatarynda Egeý deňzi, günortasynda bolsa Ortaýer deňzi (Ak deňiz) bar. Ýarymada demirgazykdan günorta tarap 650 km, gündogardan günbatara tarap 1600 km uzalyp gidýär. Hut şu topraklarda türkmenler taryhda 20-den gowrak beglik döretdiler. Seljuk türkmenleri bu ýerde Anadoly (Rum) Seljuk döwletini döretdiler. Bary-ýogy 28 ýaşan Gylyç Arslan I (1079-1107) Anadoly seljuklarynyň meşhur soltanydyr. Gylyç Arslan Süleýman şanyň ogludyr, Gutulmyşyň agtygydyr, Arslan Ýabgunyň çowlugydyr, Seljuk begiň ýuwlugydyr. 13 ýaşynda Yznykda (Nikeýa) tagta çykdy, 15 ýyllap hökümdar boldy (hökümdarlyk ýyllary 1092-1107ý.).
Gylyç Arslan Izmirdäki türkmen begi Çakan beg bilen dostana gatnaşyklarda bolupdyr, onuň gyzyna öýlenipdir. Gylyç Arslan ilkibada Çakan beg bilen bilelikde wizantiýalylara garşy göreşipdir. Olary Mermer deňziniň kenarlaryndan yza çekilmäge mejbur edipdir. Çakan beg Bosfor (Stambul) bogazynyň töwereginde işjeň hereketleri alyp baryp, Stambuly almaga synanyşypdyr.
Gylyç Arslan 17 ýaşynda Izmitiň golaýynda I haçly ýörişi yza serpikdiripdir (1096 ý. sentýabry). Haçparazlaryň az bölegine Konstantinopola çekilmek başardypdyr. I haçly ýörişiniň howpy sowlansoň, 18 ýaşynda Konýany Rum seljuklarynyň döwletiniň paýtagtyna öwrüpdir.
Gylyç Arslanyň özlerine Anadolyny ýurt tutunyp, döwlet gurmaga idin beren Beýik Seljuklaryň garşysyna gitmegi bolsa, onuň ömrüniň pajygaly tamamlanmagyna eltýär. On bäş ýyllyk soltanlygy döwründe halka özüni söýdüren Gylyç Arslan Anadolynyň türkmenleşmeginde, haçparazlara garşy göreşde uly hyzmatlary bitiripdir.
***
Muhammet Tapar (doly ady Gyýaseddin Abu Şuja Muhammet, 1082-1118ý.) 23 ýaşynda Beýik Seljuk türkmen şadöwletiniň ýedinji soltany bolýar (hökümdarlyk ýyllary 1105-1118 ý.). Muhammet Tapar ady bilen mälim bolan bu soltan Mälik şanyň ogludyr, Alp Arslanyň agtygydyr, Çagry begiň çowlugydyr, Soltan Sanjaryň süýtdeş doganydyr. Muhammet Tapar tagt dawalarynyň soňuna çykyp, dargap barýan döwleti gaýtadan birleşdiren hem-de haçparazlara garşy göreşen Beýik Seljuk türkmen soltanydyr. Muhammet Tapar 1118-nji ýylda 36 ýaşynda 13 ýaşly ogly Mahmydy tagt mirasdary diýip yglan edip, aradan çykypdyr.
Beýik Seljuk türkmen şadöwletiniň iň soňky hökümdary Soltan Sanjar (hökümdarlyk ýyllary 1118 – 1157 ý.) 1084-nji ýylyň 27-nji noýabrynda dünýä inýär. Sanjar ýaşlygynda atabegi Kamajyň tälim-terbiýesini alypdyr. 10-11 ýaşynda dogany Berkýarygyň Horasandaky naýyby bolup, döwleti dolandyryş işlerine gatnaşyp başlaýar. Ilkinji permanlaryny 12 ýaşynda berdi. 18 ýaşyna ýetende atalyk mekdebiniň ilkinji synagyndan üstünlikli geçýär – az sanly goşun bilen Garahanly hökümdary Kadyr hanyň uly goşunyny ýeňýär (1102 ý.). As-Samanynyň maglumatyna görä, entek dogany dirikä Sanjaryň ady Mälik Muzaffar – üstün geliji, ýeňiji patyşa görnüşinde tutulypdyr. Ol 33 ýaşynda tagta çykýar. Mälik şanyň döwründe bolşy ýaly, bütin musulman Aziýasy Sanjaryň soltanlygyna tabyn edilipdir. Soltan Sanjaryň döwründe türkmenleriň Gaznaly we Garahanly nebereleriniň guran döwletleri hem Seljuk türkmenlerine tabyn edilipdir. Soltan Sanjar 61 ýyl höküm sürüp, türkmenleriň at-owazasyny belende göteripdir. Şonuň 38 ýylyny ol Beýik Seljuk türkmen döwletiniň soltany, galanyny bolsa Horasanyň mäligi wezipesinde geçiripdir.
Soltan Sanjar özüniň ýarym asyrdan gowrak dowam eden hökümdarlygynda ylma, medeniýete howandarlyk etmekde nusga bolan soltanlaryň biridir. Biz türkmenleriň taryhy hakda abyrsyz uly işleri eden akademik W.W.Bartolda hernäçe uly sarpa goýýan-da bolsak, dünýä derejeli bu alymyň Soltan Sanjaryň okap hem ýazyp bilmeýändigi hakdaky aýdanlary, umuman seljuklaryň islendik bilimden daş bolandygy aýdanlary bilen ylalaşmaýarys. Çünki ylymsyz-sowatsyz soltan hiç wagtam töweregine ylym adamlaryny jemlemez, olaryň söhbedini diňlemez, olara hemaýat goluny uzatmaz. Sanjar bolsa döwrüniň beýik alymlaryny öz töweregine jemläp, olara goldaw beripdir.
Arapşynas, meşhur terjimeçi R.Gylyjowyň ýazyşy ýaly «Asmanyň ýyldyzlary kän, emma olaryň ählisinden ýol-ugur alynmaýar. Uly meşhurlyk gazanan Soltan Sanjar ýaly eždatlarymyz bolsa, ömründen nusga almaly taryhyň parlak ýyldyzlarynyň biridir».
Abul-Fath Abdyrahman al-Mansur al-Hazyny – Soltan Sanjaryň köşgünde ýaşan, howandarlygyndan peýdalanan alymlaryň biri. Hazyny asly wizantiýaly grek bolsa-da, ykbaly Merwe baglanypdyr. Çeşmelerde onuň doglan wagty anyk bolmasa-da, dogduk mekanynyň Merwdigi aýdylýar. Onuň «Hazyny» lakamy üns bererlikdir. Orta asyrlarda kitaphanalaryň ylmy we guramaçylyk işlerine jogapkär adamlara «Hazyn» diýlipdir. Onuň köki «Hazyna» sözündendir. Çünki türkmenler kitaby iň oňat hazyna hasaplapdyrlar. Diýmek, berlen lakamyndan çen tutsak, Hazyny Merwiň meşhur kitaphanalarynyň birinde jogapkär wezipede işlän bolmaly. Hazyny ömrüni ylma-bilime bagyşlan takwa adam bolupdyr. Ol Omar Haýýamyň şägirdi bolup, «Jelaly ýylnamasyny» düzmäge gatnaşypdyr. Aýtmaklaryna görä, bir gezek Soltan Sanjar oňa 1 müň dinar altyny peşgeş berende, 10 dinaryň hem özüne üç ýyla ýetjekdigini aýdyp, galanyny yzyna gaýtarypdyr. Onuň döredijiliginiň güllän wagty 1115-1130-njy ýyllara gabat gelýär.
Abdyrahman Hazynynyň üç sany eseri bize mälimdir. «Mizan ul-hikmet» («Paýhas terezisi») atly birinji kitaby adamzadyň gündelik durmuşynda iň bir zerur enjamyň – dürli görnüşli terezileriň ýasalyşyna we işleýiş ýörelgesine bagyşlanan ylmy işdir. Ikinji eseri Soltan Sanjaryň hormatyna ýazan «Azzij al-mugtabar as-Sanjary as-Sultani» («Soltan Sanjaryň ygtybarly jedweli») atly kitabydyr. Eserdäki jedweller alymyň 1115-1116-njy ýyllardaky gözegçilikleriniň esasynda düzülipdir. Olarda ýyldyzlaryň asmanda ýerleşişi, olaryň dogşy baradaky maglumatlar Merw şäheriniň geografik koordinatlaryna (370 411 ) görä berlipdir. Kitapda Beýik Seljuk türkmen döwletiniň düzümine girýän ýerleriň meridianlary, uzaklyk we giňlik derejeleri takyk görkezilipdir. Hazynynyň asman jisimlerine gözegçilik etmäge degişli enjamlar baradaky üçünji kitaby «Risaleý’i - Sanjariýe» («Soltan Sanjar risalasy») atly eseriniň başynda: «Bu kitap Älemiň patyşasy, iň beýik soltan, Gündogaryň we Günbataryň hökümdarlarynyň hökümdary Sanjaryň arzuwy bilen, onuň kitaphanasy üçin taýýarlandy» diýip ýazypdyr. Fizika degişli bu eserde tebigatdaky dürli fiziki hadysalaryň sebäbi giňişleýin düşündirilýär. Kitapda ses hadysalary, ýeliň hereketi, ýerasty suwlar, ýerasty baýlyklaryň emele gelmegi hakynda gymmatly maglumatlar berlipdir.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.
Taryhy makalalar