SERHET GORAGY
Serhet aslynda döwletleriň döremegi bilen bir wagtda peýda bolýar. Eýýäm bürünç eýýamynda dürli tire-taýpalaryň arasyndaky serhet geografik alamatlar we tebigy belgileri bilen tapawutlanypdyr. Eger juda anyk görkezilmese, onda uly daş bölegi goýlupdyr ýa-da araçäkde agaç gazyk dikilip, onuň ýüzüne bolsa şol taýpanyň öz tagmasy, ýagny gerbi şekillendirilipdir.
Ilkinji döwletleriň emele gelmegi bilen olaryň arasyndaky serhetler diňe bir alamatlandyrmalardanam ötri olary goramagyň zerurlygy ýüze çykýar. Mysal üçin, Günorta Aziýadan Gündogar Ýewropa giden skif taýpalary bosfor patyşalaryna çopanlar sürülerini Skif patyşalygyna (b.e.öňki VII-III a.) degişli ýerlerde bakmasynlar diýip duýdurypdyrlar.
Taryhy çeşmelerde türkmenleriň gadymy ata-babalary bolan hunlaryň serhet saklawynyň bolandygy hakynda anyk maglumatlar bar. Ony umumy aňlatmak üçin ýörite «orda» sözi hem ulanylypdyr. Bu söz birnäçe düşünjäni özüne birleşdirip, ýüzýyllyklaryň dowamynda öz ilki başdaky manysyny birnäçe gezek üýtgedipdir. Birde hökümdaryň derejesi hökmünde ulanylsa, käte halkyň we begleriň birleşmesini aňladýan düşünje hökmünde bolup gelipdir. Biziň eýýamymyzdan öň I müňýyllykda «orda» sözi Hytaý ýazgylaryndaky düşündirmelere görä, «serhetde harby ornaşma», «serhedi goraýan ýer» diýlen aňlatmany beripdir. Şol ýerlerde hunlar hytaýlylaryň hereketini synlap durmak üçin ýerkümeleri ýasanypdyrlar. Şeýle-de, serhet araçägine gözegçilik edilýän ýere ýa-da her hili ýagdaý ýüze çykanda duýduryş alamatlary arkaly habar berlipdir.
Bir taryhy eserde şeýle mysal getirilýär. Biziň eýýamymyzdan öň 129-njy ýylda Hytaýyň imperatory her on müň atly harby topara serkerde belläp, hunlaryň serhetýakada ýerleşen bazarlaryna çozuş gurapdyr. Birinji topar ikinji hüjümde güpbasdy edip, hunlaryň ýedi ýüz adamsyny ýesir alýar. Emma ikinji topar güýçli garşylyga sezewar bolup, yza gaçýar. Üçünji topar hem hüjüm wagtynda söweş ula ýazyp, on müň adamdan ýedi müň adamy ýitirýär, galanlary zordan gaçyp gutulýar. Dördünji topar bolsa derbi-dagyn edilýär we serkerdesi ýesir alynýar. Ol soňra Hytaýa gaçyp baran hem bolsa, ony we üçünji toparyň serkerdesini kazyýete tabşyrýarlar. Bu elbetde, örän uly Hytaý goşun toparynyň güýji garşylyga duçar edilendigi hem ýeňlip gaçandyklary üçin şeýle edilýär. Şundan hem eýýäm şol mahal hunlaryň serhet birikmeleri ýeterlik urşujyly uly güýje eýe bolupdyr diýip netije çykarmak mümkin. Muňa mysal hökmünde biziň eýýamymyzdan öň 79-njy ýylda hunlaryň ýokary goşun hany serhede gözegçilik etmek üçin men diýen esgerlerden ybarat dokuz müň atlyny iberipdir.
Şo döwrüň wakalary türkmenleriň gadym ata-babalary bolan hun ordalarynyň serhet harby düşelgesi diýlip atlandyrylandygyny tassyklaýar. Biziň eýýamymyzdan öň 80-nji ýyllarda hunlar hytaý goşunyna garşy durmak üçin güýçli goranyşa geçipdirler we harby goranyşy berkitmek hem ulaltmak üçin öz adamlaryny serhede ýollapdyrlar.
Biziň eýýamyzdan öň 66-njy ýyllarda birnäçe müň adamly taýpalaryň biri güýç bilen Hytaýa geçip gitmek isleýär. Ýöne bu olara ýeňil düşmändir. Çünki serhedi goraýan orda bilen mejbury ýagdaýda söweşe girmeli bolýarlar.
Biziň eýýamymyzdan öň 8-nji ýylda Han häkimligi Hytaý hem Hun döwletleriniň arasyndaky serhedi gönülemegi soraýar. Sebäbi, hunlaryň ýeriniň bir bölegi olaryň çäklerinde has aňry süsňäp geçipdi. Hun häkimiýeti hut şol ýerde ordanyň baştutanynyň ýaşaýandygyna salgylanyp, ýüz tutup gelen ilçä ýeriň berilmejekdigini aýdýar.
Orta asyryň ortalarynda köpsanly türkmen imperiýalarynyň we beglikleriniň döremegi bilen, şeýle-de oguz türkmenleriniň günbataradyr günorta eden hereketleri netijesinde gadymky döwletiň serhedi hemişe üýtgäp durupdyr. Täze serhetde harby ilatlar gelip başlapdyr. Zakawkazýede türkmenleriň arasynda IX-XI asyrlarda džun ady bilen serhet goşuny belli bolupdyr. Ol hem öz gezeginde serhet çäklerini goramak üçin niýetlenen toparlara hem atly gözegçiligi gurar ýaly goşunlara bölünipdir.
Türkmen-Seljuk döwletinde serhet goragynyň gurluşynda üýtgeşme bolup geçipdir. Ýörite institut döredilipdir. Ýagny serhet ýakada ýerleşen türkmen-oguz taýpalary gulluk etmekligi ýer bilen alşyk edipdirler. Mundan başga-da harby oljadan bir bölegi wada berlipdir. Ujlaryň ýeňil ýaraglanan atly toparyna uç begler-begine tabyn uçbegi (uçemiri) baştutanlyk edipdir.
Ujlar gazylardan we akynjylardan düzülipdir. Muňa taýpanyň söweşe has ukyply bölegi giripdir. XVII asyrda näbelli gruzin ýazarmany «Şazada Tamaranyň ömri» atly ýazgylar toplumynda bir ýagdaýy aýratyn belläpdir. Ol «ujlar söweşde mert, gaýduwsyz, san boýunça köplükdi» diýip ýazypdyr.
Serhet ýaka ujlar dura-bara uly serdarlyklaryň döremegine getiripdir. Uj begleri özbaşdak ýöriş gurap hem harby operasiýalary hem geçiripdirler. Mysal üçin, uj emiri Tutegin ikinji türkmen-seljuk soltany Alp Arslanyň goşunynda (1063-1072) saýlama toparda öňe gidipdir. Taryhçy Ibn al-Asiriň aýtmagyna görä, Alp Arslan mukaddes urşy alyp barmagyň ussadydyr. Onuň her bir esgeri ol ýa beýleki ýurt bolsa diýseň belet bolupdyr. Serhet ýakadaky ujlardan bolan gazylar türkmen döwletleriniň serhetlerini giňeltmekde, täze ýurtlary özleşdirmekde tapawutlanypdyrlar.
Eýsem-de bolsa, uj söweşijilerini-de ýeňişler aňsat miýesser edendir öýdüp pikir etmekligiň geregi ýok. Kiçi Aziýada, mysal üçin, Wizantiýa bilen serhetde bu meşhur imperiýanyň serhet goşunlary bilen gandöküşikli uruşlary alyp baranlaram şolardyr. Şol döwürde L.Kinross diýen adamyň ýazyşy ýaly, serhetde ýaşaýan grek söweşijileriniň topary gazylara berk garşy durupdyrlar, şeýle hem edil türkmenleriň uruş däplerini alyp baryşlary kimin gaça söweş edipdirler.
Wagtyň geçmegi bilen ujlar serhet galalaryna öwrülipdirler. Parahatçylyk döwürde ýerli täjirler, içden-daşdan söwdagärler şol ýerde gabatlaşyp, alyş-çalyş edipdirler. Bu bolsa öz gezeginde täze şäherçeleriň döremegine getiripdir.
Iň soňky türkmen-seljuk soltany Sanjaryň döwlet ýazgylaryň birinde serhet galalarynyň peýda bolmagy bilen bagly zatlar görkezilýär. «Bu welaýat (Dehistan göz öňünde tutulýar) düzlük, daglyk, çöllük hem deňiz berkitmeleri (galalar) bardyr. Bu galalara ýörite garawul gullugy ýolbaşçy edilip bellenendir.»
Şo mahal Dehistan sebitlerinde ýerleşen türkmen goşunlary Müňgyşlak tarapda Gorgan we Horasan serhet araçäkleriniň goragyny alyp barypdyrlar.
XVII-XVIII asyrlarda türkmenler esasy gullugy Türkmen-Sefewid döwletiniň serhet goşunlarynda geçipdirler. Goşunda baştutan begler-begi bolupdyr we oňa serhetýaka emirleri tabyn eken. Aýry-aýry toparlar hanyň, ýeliniň, häkimiň garamagyna degişlilikde döredipdirler. Olaryň ählisine hem harby gulluklary üçin aýlyk tölenipdir. Şeýle hem yzygiderli sylaglary, ýörite bellenen möçberde pul sylagyny alyp durupdyrlar. Ýene-de bir bellemeli zat, Afşar Nedir şanyň imperiýasynda Merw welaýatynyň serhetçileriniň baştutanlygynda şanyň aýratyn harby ähmiýet bermeginde garawulbaşy goýlupdyr.
Şo döwürde esasy harby wezipeleri öýlenmedik esger ýigitler alyp barypdyrlar.
■ Ak öýlüler ~ serhetçiler taýpanyň oturan ýerinden serhede has golaý ýerde eken. Olar serhedi doly göz astynda saklapdyrlar. Olaryň maly, suwy, ýeri, umuman, öz hojalygy bolmandyr. Olar goşunyň esasyny emele getirmek bilen mertebelenip, jemgyýetiň hasabyna eklenipdirler. Taryhçy M.Durdyýew «Ak öýlüler hemişelik serhet toparlarydyr, XIX-XX asyrlarda bu şeýle bolmagynda dowam edipdir. Ak öýlüler, ýaşaýjylar aýratyn hem Eýran serhedine golaý ýerde, Deştdir Ýaňgala obalarynda ýerleşipdirler» diýip belleýär.
Ak öýlüleriň instituty ýomut türkmenlerinde-de uzak wagtlap saklanypdyr. Etnograf Ýu.Botýakowyň meýdan ýazgylary boýunça ýomutlarda ak öýlüleriň üç görnüşi belli bolan. Birinjisi, demirgazykda (gazak serhedinde), ikinjisi bolsa günortada (pars serhedinde). Ak öýlülerden her on hojalykdan bir esger saýlanypdyr. Onuň bolsa öýlenen, alty ýigit bolmagy, öz maşgalasy bilen düşelgede – lagerde mekan tutmagy hökmany bolupdyr. Düşelge adaty ýaşalýan ýerden hiç hili tapawutlanyp hem durmandyr. Ýu.Botýakowyň sözlerine görä, ol berkitme nokady bolman, baza has meňzeşdir. O ýerde harby ýagdaý ýüze çykmadyk halatlary adaty durmuş höküm sürüpdir. Diňe iki-üç günden atly ýigitler serhet gözegçiligine baryp gelipdirler. Olar juda ünsli bolup, berkidilen araçäkde yzlary öwrenipdirler, öten-geçen bolsa hereketlerini synlap, netije çykarypdyrlar. Eger şol atly gidenler wagtynda yza dolanmasalar, onda ak öýlülerden kyrk adamdan ybarat atly topar döredilip, ýagdaýy anyklamak üçin ýola düşüpdir. Ak öýlüleriň bazasy 500-600 öýden ybarat bolup, kämahal serhet toparynyň düzüminiň sany 5-6 müň esgere ýetipdir.
Görşümiz ýaly, türkmende ak öýlüleriň, esasan, iki görnüşi bolan. Birinjisi, serhetçileriň düzümi serdar bellenmeginde öýlenmedik ýigitler bilen çäklenipdir. Bu hili ak öýlüler hakda «Dünýä täsinlikleri» atly eserde gürrüň edilýär. Şonda teswirlenişi ýaly, türkmenler çagalaryny, bellibir ýaşa ýetende, özlerinden daşlaşdyrypdyrlar we olar çölde, sährada mekan tutup, özbaşdak durmuşa uýgunlaşypdyrlar. Ikinjisi, uly ýaşly esgerlerden ybarat ak öýlülerdir. Olar öz maşgalalary bilen serhetýakada oturymlaşypdyrlar. Özi-de köpsanly topar hökmünde bellidir. Megerem, ak öýlüleriň, ikinji görnüşi duşmanyň çozmak howpunyň aýdyňlaşyp ugran ýyllarynda dörän bolmaly.
Ak öýlüleriň durmuşynda gorag meseleleri bilen baglylykda käbir aýratynlyklar hem döräp durupdyr. Käbir ýagdaýda ýaş ýigitlerden ybarat söweşjeň toparynyň keseki ýurt basybalyjylarynyň çozuşyny ilkinji bolup öz üstlerine almaly bolandygy, ähli ilatyň jemlenip ýetişmegi, goşunyň toplanmagy üçin wagt utmak – şert döretmek gerekdi. Aýallarydyr çagalary howpsuz ýere aşyryp bukmak üçin, mal-garalary çölüň jümmüşine alyp gitmek üçin wagt bolar ýaly, ýaş türkmen ýigitleri duşmanyň uly güýjüniň öňünde durup, ahyrky demlerine çenli mert söweşipdirler. Ak öýlüler daş-töweregi, ýerli ýagdaýlary, guýularyň bar ýerini oňat bilipdirler. Olar tarapyndan gözegçilik berk ýola goýlupdyr we habar beriş serişdelerini özleri oýlap tapypdyrlar.
«Gorkut ata» kitabynda Anar şeýle ýazýar: «Oguz taýpasynyň adatyna görä, eger iki ýerde ot ýakylsa (dagyň başynda ýa belentlikde) hemmeler taýpanyň üstüne howp abanýandygyny, çozuş boljakdygyny öňünden bilipdirler, şeýle bolanda gerçek ýigitler dessine ýaraglanypdyrlar, hemmeler bir ýere jem bolup, garşylyk görkezmäge ykjam taýynlyk görüp ýetişipdirler».
Hakykaty aýtmagymyz gerek. «Ak öýli» düşünjesi bilen tutuş taýpany hem atlandyrypdyrlar. Mysal üçin, orta asyr eposy «Oguznamada» taýpalaryň sag ganatyna “ak öýli” diýlendigi ýatlanýar. Munuň özi, haýsydyr bir taýpa duşmanlarynyň yzarlamasyndan ätiýaç edip, öz güýçli taýpadaşlaryna birleşmekçi bolup gelende ony serhetde ýerleşdiripdirler. Olar töweregi goramaklygy öz üstlerine alypdyrlar. Şular ýaly taýpany hem käte «ak öýli» diýip atlandyrypdyrlar.
Türkmenler ajaýyp serhetçiler bolupdyrlar. Bu meselede olara müňýyllyklarda jemlenen harby tejribe ýardam edipdir. Aýratynlykda, 1771-nji ýyldan başlap, tä 1827-nji ýylda stawropol türkmenleriniň öwrülişigine çenli Müňgyşlykdan Russiýa aralaşanlar Demirgazyk Kawkazda we gazaklar bilen serhetde serhet gullugyny berjaý edipdirler. Russiýanyň günorta serhetleriniň goragy üçin türkmenler ýylyň-ýylyna baştutany bilen birlikde 500 atly esger beripdirler. Olary saklamaklyga hem türkmenleriň özleri jogap beripdirler. Olary bir ýyldan çalşyp durupdyrlar.
Patyşa goşunlarynyň Türkmenistanda harby çäreleri geçiren döwründe türkmen serhetçileri ilkinji bolup söweşe giripdirler. Gelýän uly goşunyň ähli ýagdaýy hakdaky habarlary dessine bilip, öwrenip, duşmanyň pyglyny öňünden kesgitläp bilenlerem türkmen serhetçileridir.
Rus ýazyjy W.A.Tugan-Baranowskiý 1881-nji ýylda şeýle ýazýar: «Türkmenler patyşa goşuny bilen pyýada hem atly söweşleri guraýarlar. Duşman peýda boldugy, dürli belentliklerde ot ýakylyp, duýduryş alamatlary arkaly türkmenleriň esasy goşun güýçleri duşmanyň ähli hereketlerinden habardar bolýarlar we nireden nähili hüjüm etmeli bolsa, dessine taýýarlyk görüp, herekete geçýärler. Duşmanyň gije düşlejek ýeri ot ýakylyp habar berilse, daň atyp nirä ugur aljak bolsa, ony hem tüsse çykarmak ýoly bilen anyk duýduryp bilýärler. Duşman hakda dürs habar berýän duýduryş alamatlarynyň köpsanlysyny türkmenler başarjaňlyk bilen ulanýarlar».
Türkmende hemişe berk serhet goragy bolan. Ony bolsa halkyň iň ynamdar, gaýduwsyz ogullary berjaý edip, olar öz watandaşlarynyň müňlerçesiniň aman galmagy üçin duşmanyň esasy hüjümini öz üstlerine alan merdanalardyr.
Öwez Gündogdyýewiň «Aziýanyň gerçekleri» atly kitabyndan.
Taryhy makalalar