SÖBÜK DAMARY
1.
Çölde suwsuz galdygyň işiň gaýtdygy. Onda-da tomsuna. Bagtyň çüwüp, çopan goşuna, guýa ýetäýmeseň, ardurja öldügiň.
Elbetde, munuň şeýledigini gum bilen iş salşyp ýören adamlar: çopan–çoluk, awçy-beýlekiler gowy bilýärler. Şonuň üçinem olar suw meselesinde ahmal bolmaýarlar.
Eger her bir guýynyň, kakyň salgyny anyk bilmeseň, çöle uzak wagtlyk çykmak howply. Ýanyňa alan suwuň entek doly gutarmanka, üstüni dolmagyň gamyny iýmeli. Töwekgelçilik etseň, «Pylan guýudan alaryn-da...» diýip, barja suwuňy gutaryp barsaň, suw alaryn diýen guýyň hem çeşmesi köräp, takrap ýatan bolsa, ýa-da çäge süýşüp gömen bolsa, bagtyň ýatdygy.
Käte süýji suwly guýularyňam suwunyň ajap, içip bolmaz ýaly bolýan halatlary bar. Şonda bialaç başga guýy gözlemeli bolýar.
Bu düňle çölde geçmişde agyr-agyr kerwenler, ötegçi-derwüşler suwsuz galyp heläk bolupdyrlar. Kä ýer-kä ýerde üstüni ýel açyp, henizlerem olaryň çakyr süňkleri agaryp ýatyr.
Şonuň üçinem guma çykanyňda suw meselesini baş mesele hasaplamaly.
Gadym döwürde bir täjir bar ekeni. Ol özüniň tejribeli kerwenbaşysy bilen ymgyr çöllerden sag-salamat geçip, alysdan-alys ýurtlara argyşa gidip, her dürli haryt getirip satyp, depseň yranmaz döwlet edinipdir.
Bir gün kazasy dolup, dünýäden ötmeli pursady gelende, ol täjirçilik işini ogluna ynanyp:
—Sen, ynha, şu adamyň gadyryny bil. Meni hormatlaýşyň ýaly muny-da hormatla. Ýolda kerweniň täleýi şunuň golundadyr! –diýip, kerwenbaşa sarpa goýmagy, bir iş etjek bolanda onuň bilen maslahatly etmegi wesýet edip gidipdir.
Täjiriň ogly «Bolýar» diýse-de, öz bilenini edipdir. Bir gezek bolsa alys ýurtlaryň birinde söwda edip, yzlaryna gaýtmakçy bolanlarynda, hyzmatkärlere kerweniň suw ýüküni azaldyp, onuň ýerine haryt basmagy buýrupdyr.
Kerwenbaşy oňa:
—Beýtme –diýip, öňlerinde uç-gyraksyz çöl bardygyny ýatladypdyr.
—Sen maňa akyl öwretme. Munça suwuň ýolda asla geregi ýok. Onuň ýerine haryt alyp gitsem, maňa bähbitli! –diýip, täjiriň ogly onuň ýüzüni alypdyr.
Maslahaty diňlenmedik kerwenbaşy:
—Beýle bolsa, men kerwene kerwenbaşylyk edip biljek däl! –diýip, niýetini aýdypdyr.
—Etmeseň, ters et! Sen bolmasaň, senem jan! –diýip, täjiriň ogly atasyndan galan kerwenbaşyny kowup, başga bir tejribesiz adamy kerwenbaşy tutunypdyr.
Olar çölüň orta ýoluna ýetenlerinde suwlary tükenipdir. Täze tutunan kerwenbaşysy guma gowy belet bolmansoň, guýularyň nirelerde ýerleşýändigini hem bilmeýär ekeni. Düýeler suwsuzlyga çydapdyr welin, adamlar heläk bolup başlapdyr. Olar «Öldüm-öldüm» diýende, yzlaryndan düýeli gelýän öňki kerwenbaşy ýetipdir. Täjiriň ogly ondan suw bermegini özelenip sorapdyr.
Göwni galan kerwenbaşy oňa:
—Bol ýerinde suwuň bahasy hiç zat. Bu itgyranyň çölünde welin, bir meşik suw —bir goşawuç gyzyl pula durýar –diýipdir.
Täjiriň ogly:
—Bolýar –diýip, her meşik suwy bir goşawuç gyzyl pula bahalaşyp alyp, ýurduna aşypdyr.
Kerwenbaşy bolsa ol pula gum içinden birnäçe guýy gazdyryp, sogap iş edipdir.
2.
«Çölde guýy gazmak kyn bolsa gerek?!» diýýäňizmi?
Elbetde kyn. Ilki bilen ýerasty suwuň ýatagyny kesgitlemekde iş bar. Munuň özi giden bir sungat. Bu sungatyň syry atadan ogla aýdylyp, arkama-arka gizlin saklanyp gelipdir.
Suw süýjümi ýa-da talhyrak kakýar? Näçe çuňlukda ýatyr? Suwlulygy gowumy? Şu zatlaryň hemmesini täze guýy tutulmaly ýeri salgy berýän adam —salar kesgitläp bilmeli eken.
Oýlanyp görüň, ummasyz çuňluk gazylyp, dünýäniň azaby çekilensoňam, ondan çykan suw içer ýaly bolmasa ýa-da şonça çuňluk gazylansoňam, suw bar diýlen ýerde suw ýok bolsa, nijeme zähmet yrýa gitjek. Şonuň üçinem gadymy däbe görä, salaryň salgy beren ýerinden süýji suwly çeşme çyksa, guýy ýurduny şeksiz kesgitläp berendigi üçin, oňa özüniň soran zadyny baýrak bermeli ekeni. Köşekli düýemi, sagmal sygyrmy, aýlaw baglaýan bedewmi, nepis dokalan halymy... näme sorasa-da, ýok diýilmeli däl eken.
Köplenç guýyny hem salarlyk edýän adamyň özi gazýan eken. Suw ýaly akyp duran çägelikde guýy içine opmaz ýaly, onuň diwaryna sazak örülýär eken. Ýokardan inýän çäge çeşmäni gömmez ýaly, düýbi giň edilýär eken.
Gumdaky guýularyň käbiriniň gadym geçmişden bäri ulanylyp gelinýändiginden çen tutsaň, onda olar, gör, näçe adamlaryň, dowar-mallaryň, çöl jandarlarynyň suwsuzlygyny gandyryp, janlaryny howpdan gutarandyrlar.
Ozalky döwürde düňle çöli kesip geçýänleriň iň uly arzuwy guýudan guýa ýetmek bolupdyr. Guýynyň başynda ýük ýazdyryp, dynç alypdyrlar. Çägesinde patrak gowrubermeli gyzgyn çölde, olar diňe guýynyň başynda —suwuň ýanynda gorkman, arkaýyn oturypdyrlar.
Ýurda duşman çozanda bolsa, onuň leşgerleriniň geçjek ýolunyň ugrundaky guýularyň üstüni mäkäm basyryp, gizläpdirler. Aýny bolmanda, içine zäher guýupdyrlar. Zäherli suwdan içip, kowçum-kowçum goşunlar gyrlypdyr.
Öňler çölden suw tapyp, guýy gazyp bilýän adamlary hormatlap-sylaglap, göz-gulak bolup saklapdyrlar. Gowy binagärleriň, seýisleriň, ýarag ussalarynyň ogurlanyşy ýaly, guýy ussalarynyň hem ýurt arasynda ogurlanýan wagtlary bolupdyr.
3.
Guýy ussalarynyň guýynyň çuň düýbündekä diwar opup ýa-da gazly gatlak deşilip, demigip heläk bolýan halatlary-da bolupdyr.
Ýöne hemme iş şowly soňlanyp, guýudan süýji suw çykyp, iş boldum edilensoň, guýy gazdyran adam guýy toýuny tutýar ekeni. Obada tutulýan şol toýuň çaý-nahar suwunyň ählisi täze guýynyň suwundan eltilip edilipdir. Toýdan soň doga okap, guýynyň ömürli bolmagyny dileg edipdirler.
Gumdaky guýularyň köpüsiniň adynyň adam atlary bolmagy ýöne ýerden däl. Ol atlar şol guýulary gazan ussalaryň ýa-da olary gazdyran adamlaryň atlary. Guýy ýaşasa, olaryň atlary hem ýaşaýar. Belli binagärleriň, bagşy-sazandalaryň, zergärleriň, at seýisleriniň, mergenleriň, tebipleriň atlarynyň il arasynda asyrlaryň dowamynda uly hormat bilen ýatlanylyşy ýaly, guýy ussalarynyň atlary hem ýatlanýar.
Maňa bir çopan dostum şeýle hekaýaty aýdyp beripdi. Mahlasy, Pendä belli Agageldi atly bir guýy ussasy bar ekeni. Soňabaka onuň at-owazasy il aşyp, goňşy ýurtlara-da ýetipdir.
Ol döwürlerde alamana gitmek däbi-de heniz dowam edýär ekeni. Guýy ussasynyň obasynda hem galtamançylyga göwün goýanlary daşyna jemläp, alamana gidip, güzeranyny dolaýan Çapyk serdar diýen bir adam bolupdyr.
Bir gezek ýaňky Çapyk serdar ýanynyň nökerleri bilen Hywa alamana gidipdir. Olar Mädemin baý diýilýän bir baý adamyň belli nagyşçy binagärini bina gurup ýören ýerinden tutup, atyň öňüne kese basyp, «Oljamyz oňdy, yzyna ep-eslije pula satarys» diýip, gaçyp ugrapdyrlar. Yzlaryndan ýetip gelýän kowguçylardan gutulmak üçin atlaryny gyssap, uzak sürüpdirler. Bu gaçha-kowluga tap getirmedik garryja binagär atyň öňünde demigip ölüp galypdyr. Ony ýere oklap alamançylar zordan janlaryny gutarypdyrlar.
Muňa öjügen hywaly baýyň ýollan galtamanlary çemine salyp gelip, ýaňky guýy ussasyny guýy gazyp ýören ýerinden hiç kime bildirmän, tutup alyp gidipdirler.
Aryny ýerine salmagy niýet edinen baý guýy ussasyny, göräýmäge, gadyrly garşylap, süýjüdillilik bilen ýüzlenipdir:
—Hoş gelipsiz, salamat gelipsiz, türkmen eke.
—Men öz erkime gelmedim. Zor bilen getirildim. Meni goýberiň, maşgalamdan aýyrmaň –diýip, guýy ussasy ýalbarypdyr.
—Gum içinden üç sany sirin suwly guýy gazyp berseň, goýbereýin. Ýogsam size dogan iliňizi, beçeleriňizi bu ömrüňize görme ýok –diýip, baý şertini mälim edipdir.
—Sözüň sözmi?
—Söz.
—Bolýar –diýip, guýy ussasy ylalaşypdyr. Ýesir edilip eltilensoň, oňa dagy näme alaç galýar?!
Ol ussa baýa diýen üç guýusyny-da gazyp beripdir. Şolary gazýança iki ýyl gowrak wagt geçipdir. Barybir baý sözünde tapylmandyr. Sebäbi ol ýaňky ussanyň gazan her guýusyny maldar baý kişilere satyp, girdeji baryny edinýän ekeni.
4.
Baýyň özüni goýbermejegine magat göz ýetiren ussa gaçmagy ýüregine düwüpdir. Nobatdaky guýyny gazýarka, özüne edilýän saklawyň gowşan halaty ýüzüni garaňka tutup gaçypdyr.
Yzyny yzarlap tapyp bilmezler ýaly, çokaýlaryny aýaklaryna burun tarapyny yzlyn edip daňyp, gündiz gizlenip, gijesine ýöräpdir. Köplenç guýy gazyp, çopan-çoluklaryň arasynda bolandygy üçin, ol ýyldyzlara seredip ugur kesgitlemegi gowy başarýar ekeni.
Emma baý bir ökde yzça yz çaldyryp, uzak gitmänkä ony tutupdyr.
—Türkmen eke, nigä kaçdyňyz? –diýip, içýakgyç mylaýymlyk bilen sorapdyr.
—Sözüňde derek bolmasa, gaçmaly bolýa-da –diýip, ussa janyýangynly jogap beripdir.
—Haý, türkmen eke, türkmen eke, oňarmansyňyz. Birinji gezek men size degmäýin. Indi gaçsaňyz, ýaman erbet edemen.
—Men başda dilleşen üç guýumyzy hem gazyp berdim. Sen meni goýbermegi söz beripdiň ahyryn?! –diýip, guýy ussasy şerti berjaý edendigini ýatladypdyr.
—Ýene-de iki guýy gazyp beriň, onsoň goýbereýin –diýip, baý sowukganlylyk bilen ýylgyrypdyr.
—Sözüň sözmi?
—Söz.
—Aldamazmyň?
—Aldamaryn.
Guýy usasy baýa şol diýen iki guýusyny hem gazyp beripdir. Baý ony şonda-da goýbermändir. Ol maý tapyp ýene gaçypdyr. Öňki yzçynyň kömegi bilen baý ony ýene-de gola salypdyr:
—Türkmen eke, ýene gaçdyňyzmy? –diýip, ozalky içýakgyç mylaýymlygy bilen sorapdyr.
—Sözüňde durmasaň, gaýry alajym näme?
—Haý, türkmen eke, türkmen eke, siz meniň gaharymy getirip goýduňyz. Men size owal gaçanyňyzda «Indi gaçsaňyz, erbet edemen» diýdimmi?
—Diýdiň öz-ä. Ýöne sen: «Ýene iki sany guýy gazyp berseň, goýbereýinem» diýdiň.
—Türkmen eke, indi meniň sizi edişime bakyň!
Gazaba münen baý gaýdyp gaçyp bilmez ýaly, onuň iki aýagynyňam söbük damaryny kesdiripdir.
Öňler gowy binagäri, tebibi, seýsi, tüpeň därisidir ýarag ýasap bilýän ussany..., garaz, gerekli adamy gola salsalar, gaçyp bilmez ýaly, söbük damaryny kesipdirler. Söbük damary kesilen kişi agramyny göterip ýöräp bilmez ekeni. Şeýdip, ony «güýlüpdirler».
5.
Ýusup Agageldileriň duldegşir goňşusy demirçi ussa Janmyrat agadyr Ogulkeýik ejäniň ýalňyz perzentleri ekeni. Çagalary bolman-bolman, ahyr ýaşynda bolup, ony ýaňy oda-suwa ýykylmaz ýaly edenlerinde-de, yzly-yzyna dünýäsini başgalapdyrlar. Şondan soň ýaňy murt ýeri garalyp ugran on üç-on dört ýaşly Ýusubyň ýeke-täk hossary Agageldi bolup galypdyr.
Aralarynda ep-esli ýaş tapawudyň bardygyna seretmezden, olar biri-birine «dost» diýşip ýüzlenmegi endik edinipdirler.
Muňa-da Agageldiniň özi sebäp bolupdyr. Ol Ýusuba ýaş başyndan: «Dost, nähili?», «Dost, şu ýumşumy bitirsene!», «Dost, men gumda wagtym ýeňňeňe odun ýaryp bersene?!» diýip ýüzlenýär ekeni.
Ýusup hem oňa: «Bolýar, dost.», «Dost, kakam unly çuwallary düýeden düşürişsin diýýär» diýip habar gatýarmyşyn.
Şeýdip, olar hakykatdan hem dostlaşypdyrlar. Ýüreklerinde biri-birine bolan sarpa barha bekäpdir. Ejesi, kakasy aýrylansoň-a, Agageldi Ýusubyň diňe bir dosty däl, agasy ýaly, islendik ýerde oňa hemaýatkärlik edipdir.
Nahara oturmakçy bolanlarynda-da:
—Dost, hany ýör, çörek iýeli –diýip, Ýusubyň häli-şindi özlerinde owkatlanyp ýörmäge utanýandygyny görüp, onuň halaýan ugrundan–ýyndam bedewlerden söhbet açyp, ýaş ýigidiň gürrüň at barada edilende, wagty hoş bolup, ýaz-ýaz gülleýändigine kesesinden guwanypdyr.
Ine, bir gezek obanyň uly baýy Orazmyrat baý Agageldä guýy buýrupdyr.
Ol guýy Agageldiniň gazan guýularynyň içinde iň agyr düşeni bolupdyr. Iki gezek dagy üstüne diwar opup, tasam ölen ekeni. Çeşme hem juda daş aralykdan, «Bu gazyp gidip oturyşyma ýeri deşip, ol tarapyndan çykaýmasam ýagşy» diýdirensoň göz beripdir.
Agageldi bir guýy gazyp başlasa, tä işini tükelleýänçä, «Guýynyň piri halamaz» diýip, öz ýanyndan yrym edip, öýüne hem gaýtmaz ekeni.
Orazmyrat baýyň buýran guýusyny gazýan wagty Ýusup onuň yzyndan üç-dört gezek eşekli gelip, gelni Maýagözeliň süýt garyp ýörite bişiren külçesini, gowurma, kişmişdir kişde, guşdyrnak hytaýy çaý getiripdir.
Iň begençlisi-de, ol aýaly Maýagözeliň, ýaňy dil çykaran oguljygy Allanazardyr gyzjagazy Kümşüň saglyklary barada Ýusupdan ine-gana soraşyp eşidip bilýär ekeni.
—Ýeňňeň niçik, dost? –diýenden, Ýusup, diňe bir onuň sag-gurgundygy, allanäme bolup oturandygy barada aýtman, guýy gazmaga gaýdaly bäri bitiren işleri hakda-da:
—Ýeňňem halysyny kesdi, dost. Gelip görenler: «Oňupdyr!» diýýärler. «Agageldi gelse, ilki şoňa ýazyp, üstünde çaý berýänçäm, öýe düşejek däl» diýip, düýrläp goýdy –diýip, süýjüdip gürrüň berýän ekeni.
Oguljygynyň peltekläp, ýaňy aýdyp ugran sözlerini, gyzjagazynyň bolsa ýörjen-ýörjen bolandygyny, indi ýykylman bir-iki ädim özüniň ätläp bilýändigini eşidensoň-a Agageldiniň gözi röwşen tapyp, hut özi öýlerine baryp gaýdan deý arkaýynlaşyp, adam göwresi zordan sygýan guýynyň dar agzyndan aşak, ýeriň göbegine sallanyp, ýagçyrasyny ýakyp, çeşmä ýetmek üçin haýdap işläp ugraýar ekeni.
Özi deň oglanlar at münşüp, hondanbärsirän bolşup, ýörkäler, kemmagallygy zerarly eşekli gezýändigine Ýusubyň kemsinýändigini duýup duran Agageldi oňa, soňky gezek yzyndan baranda:
—Dost, seni enşallasa, meniň özüm bedewli ederin. Gowuja taý gözüňde bolsun! –diýipdir.
—Dost, çynyňmy? –diýip, Ýusubyň gözleri uçganaklapdyr.
—Çynym.
—Dost… diýip, Ýusubyň begençden ýaňa damagy dolup, aýtmakçy bolýan minnetdarlyk sözlerini hem aýdyp bilmändir. Agageldi onuň näme diýmekçi bolýandygyna barybir düşünip, mähir bilen egnine kakypdyr.
Şondan soň Ýusup kakasyndan galan demir ussahanasynyň işine has-da yşnak daraşyp, oba adamlarynyň möhümini bitirmekden ötri, indiki edinjek bedewi üçin at esbaplaryny hem taýynlap goýupdyr.
6.
Ýusup öň hem gylýal saklaýan adamlaryň sürülerindäki keýerjekleşip duran jeren bakyşly taýçanaklara höwesli seredýär ekeni. Dosty Agageldiniň şol gezekki sözünden soň-a, olary has-da dykgat synlap başlapdyr. Onuň göwnüne Orazmyrat baýyň gylýal sürüsindäki altyn öwüşginli taý has-da ýarapdyr. Bir ebeteýini tapsa, şony görmäge çalşypdyr. Bahana bilen baýyň atbakary Ylýas aganyň ýanyna gatnap ugrapdyr. Ylýas aga garasöýmez adam bolansoň, il içinde oňa «Ylýas gyňyr» hem diýýärmişler. Ol Ýusuba-da känbir ýüz bermändir.
—Ylýas aga, salawmaleýkim.
—Waleýkim-ä.
—Armaň-da.
—Bar bol-a.
—Gylýallar nädýär, kösemän durýarmy?
—Köseseler, paýlary gara gamçy.
Şondan soň Ýusup näme gürrüň tapjagyny bilmän, ara dymyşlyk düşýärmişin.
Ylýas gyňyr iki ýana ýel ýaly ýortýan ýeňilaýak taýata tomaşa edip, köňlünde süýji arzuwlar besläp duran Ýusubyň al-petinden alýarmyşyn:
—Näme üçin geldiň?
—Taýlary synlamaga.
—Synlar ýaly, taýlar boýgyzlar däl! Seniň ýaşyňda gyzlary synlarlar. Meniň ýanymda mydyrdap durman, git-de, gyzlary synla! –diýip, her gezek bir ýoknasyzyny aýdyp, ony kowup goýberýärmişin.
Agageldi ahyrsoňy hupbat baryny görkezen guýyny çilikläp, işini boldum edipdir. Orazmyrat baý täze guýusyna öz adyny dakyp, janly soýup, mähelle üýşüripdir.
«Ussanyň soran zadyny berdi» diýdirip, özüniň mahabatyny has-da belende götermek üçin, ol heniz adamlar dargaşmanka, Agageldä ýüzlenipdir:
—Ussa, guýy süýji çykdy. Suwlulygam gowy. Indi seni hoş etmegim gerek. Hany, sora, zähmetiňe näme bereýin?!
—Baý aga, gylýal süriňde bir taýçanak gördüm. Altynsow reňkli. Maňlaýy sakarja. Şony diýsem, niçik bolar?
Ussa özüniň diýseň gowy görýän taýçanagyny sorar öýdüp pikir hem etmedik baýyň ýüzi üýtgäp gidipdir. Sesini çykarman uzak dymypdyr. Onuň belli bir zat diýmegine garaşyp, töwerekdäkiler hem gürrüňleriniň arasyny kesip, lal-jim bolup oturypdyrlar.
Baý ahyrsoňy dillenipdir:
—Ol taýy oglum gowy görýär. Başga zat sora!
Oturan adamlar: «Baý ata-baba owaldan gelýän däbi äsgermejek bolýar» diýşip, öz aralarynda «hyşy-wuşy» edişip ugrapdyrlar.
—Meniň-ä, baý aga, şol taýdan gaýry göwün beslän zadym ýok! –diýip, Agageldi turmak bilen bolupdyr.
Baýyň taýy bermezligi Ýusuby juda gynandyrypdyr. Gapysyny içinden kiltläp, uzynly gün öýden çykman, gama batyp oturypdyr.
Agageldi oňa:
—Tagapyl etsene, dost! Däp däpdir. Baýyň gitjek ýeri bolmaz –diýensoň, köşeşip, gününi sanap garaşyp başlapdyr.
Aradan hepde ýarym geçensoň, «Däbi äsgermedi» diýlip, obada abraýynyň belli-külli dökülmeginden howatyr eden baý atbakary Ylýas gyňra «Taýy Agageldiniň gapysyna daňyp gaýt! Bu guýy maňa juda gymmat düşdi» diýipdir.
7.
Ylýas gyňyr gapysyna taýy alyp gelende, Agageldi öýde däl ekeni. Guma indiki guýusyny gazmaga giden eken.
Aýaly Maýagözel dik boýun, gamyş gulak, aýaklary jereniň aýaklary ýaly syrdamdan uzyn gelen, endamy altyn suwy çaýylana meňzäp birgeňsi öwüşgin atyp duran taýy görüp, «Baý ahyrsoňy däbe boýun bolupdyr-ow» diýip, eline urba alyp daş çykypdyr.
—Ynha, eýeçilik ediň! –diýip, Ylýas gyňyr taýy gazyga baglapdyr. —Agageldi şu taýyny alyp, baýyň ýagyrniçligini otlady.
Ylýas gyňryň taýy getirenini görüp, goňşy-golamlar hem dessine ýygnanyşypdyrlar:
—Tüweleme, toýa münmek nesip etsin! –diýşip, ýerli-ýerden Maýagözeli gutlapdyrlar.
—Sag boluň.
Maýagözel taýyň maňlaýyna urba çalypdyr:
—Aýagyň ýeňil bolsun, janawar!
Soňra taýyň getirilendiginden bihabar, kakasyndan galan ussahanada araba tekerine gasňak bejerip oturan Ýusubyň yzyndan:
—Bar, Ýusup kakaňy çagyryp gel! –diýip, bir oglanjygy ýüwürdip goýberipdir.
Hoş habara guş bolup uçup gelen Ýusubyň begenmekden ýaňa agzy gowşanokmyşyn.
Maýagözel:
—Agageldi maňa, öňünden bilen ýaly «Baý getirer welin, taýy dostuma bergin!» diýip gitdi. Ynha, toýa münmek nesip etsin! –diýip, taýyň uýanyny Ýusubyň eline beripdir.
Agageldi bilen Ýusubyň ýegre dostduklaryny bilseler-de, beýle çuň derejededir öýtmeýän oba adamlary bu garaşylmadyk ahwalata diýseň begenipdirler. Ýerli-ýerden:
—Tüýs bolaýdy.
—Aýlaw baglajak at bolsun! –diýşip, Ýusuby gutlapdyrlar.
Diňe bir uzak ýaşy üçin däl, adamkärçiligi, kiçigöwünliligi üçin uly-kiçi hormatlaýan Gulmyrat aga bolsa Ýusubyň uýanly eliniň daşyndan tutup:
—Agageldi dogry etdi. Hakyky dost şeýle-de bolmaly. Bu taýy gowy at edip ýetişdirip, oň işlere münmek nesip etsin! –diýip, yzyndan hem doga okap, gol göteripdir.
Duranlara ýüzlenip:
—Adamlar, bu indi diňe Ýusubyň taýy däl—biziň hemmämiziň taýymyz. Ýusup ýaş oglan, muňa atşynasyňyz, seýsiňiz, çapyksuwaryňyz ýerli-ýerden kömek ediň. Taýy gowy at edip ýetişdirip beriň! –diýipdir.
Şondan soňky günler Ýusup üçin edil bir täsin ertekidäki ýaly gyzykly geçipdir. Obanyň atdan baş çykarýanlary taýa münüş öwredip, seýisläp, gowy alaşa edip ýetişdirip beripdirler.
Adyna hem, Ýusubyň özi näme dakjagyny bilmän, kyn güne galyp ýörensoň: «At atsyz köp gezse, çaman bolar» diýşip, ýene-de şol Gulmyrat aganyň maslahaty bilen «Tarlaň» dakypdyrlar. Bu at Ýusuba hem ýarapdyr. «Tarlaňym—algyr laçynym» diýip, alaşasyna atlananda, göwni al-asmana galkypdyr.
Şol günleriň birinde Orazmyrat baý Ýusuby öýüne çagyrypdyr. Ýusup nire, ol nire, ýeňiýoluk görüp, deňi saýmaýandygyny duýdurmadykdan bolup, hezzet–hormat edipdir.
Soňundan bolsa:
—Men oglumyň halaýan taýyny Agageldä guýyhaky berip ýalňyşypdyryn. Şol ýalňyş zerarly, oglum ikimiziň aramyza tow düşüp barýar. Bu meselede indi sen maňa kömek et! Meniň atlarymyň erbet däldigini özüň gowy bilýärsiň, islendigini al-da, alaşany yzyna ber?! Ýa bolmasa, ýaş taý gerek diýseň, gylýal sürimden halan taýyňy saýlap al! –diýipdir.
Baýyň özge mesele bilen çagyrmajakdygyna öňünden gözi ýetik Ýusubyň jogaby taýyn ekeni:
—Ýok, baý aga, maňa «Tarlaňdan» gaýry at-da gerek däl, taý-da! –diýip, ol kesgitli jogap beripdir.
Onda baý:
—Beýle bolsa, alaşany sat! Diýen bahaňy bereýin! Öýlenmekçi-illenmekçi, ganymat öý dikip, sana goşulmakçy bolsaň, pul gerekdir –diýipdir.
Ýusup bu gezegem:
—Bagyşlaň, men «Tarlaňa» arzuw edip ýetdim. Ony satybam biljek däl! –diýip, baýyň umydyny puja çykarypdyr.
Ýumşak ýol bilen Ýusubyň eýgertmejegine göz ýetiren baý, abaý-syýasata ýüz urupdyr:
—Dawaly at münmäge utanaňokmy? Oglum Bally: «Baragetmäni, alaşany Ýusubyň elinden gaňryp alyp gaýdaryn» diýip, dostlary bilen dyzap dur. Men «Beýtmäň!» diýip, zordan saklaýaryn.
—Alaşa ogurlyk däl, dostumyň bereni. Olam ony gan-garader bolup gazan guýusy üçin sizden halal alypdyr. Şu zatlar mälimkä, ogluň hem ony alybermäge gaýraty çatmaz. Beýtse, gözden düşer, siziňem abraýyňyzy ýere çalar –diýip, Ýusup sowukganlylyk bilen jogap beripdir. —Onsoňam, alaşamy elimden gaňryp alyberer ýaly, menem ýeke däl! Meniň yzymda il-gün bar.
Şu gürrüňden soň Ýusup:
—Hezzet-hormatyňyz üçin sag boluň! –diýip çykyp gaýdypdyr.
Şondan soň baý oňa açyk aslyşmasyny goýupdyr. Ýöne aýlawda niçikmi Ýusubyň alaşasy ilki gelende, «Bu biziň atymyz» diýip, ondan heniz hem tamasyny üzmändigini ýaňzydypdyr.
Ýusup baýyň alaşasyny yzyna almakçy bolýandygy barada, «Ýüregini çişirmäýin» diýip, dosty Agageldiniň ýanynda dil ýarmandyr.
8.
Agageldiniň guýy gazýan ýerinden gürüm-jürüm bolmagy aýaly Maýagözele diýseň agyr düşüpdir, Ýusup üçin hem uly urgy bolupdyr. Ol gijeler ýatman, ýeke-täk dostunyň nirä ýitirim bolup biljekdiginiň pikirini edipdir.
Obadaşlarynyň «Guýy üstüne opup, çägäniň aşagynda galyp heläk bolandyr» diýşip, guýa girip görüp, beýle däl ekendigini aýtsalar-da, ynanman, goňşy obadan Sähet çuňňul diýilýän garryja guýuçyny getirip, guýynyň düýbüni ýene-de barladypdyr. Emma Agageldiden derek ýokmuşyn. Şondan soň oba arasynda «Agageldi diri gaýyp bolupdyr. Kärine uçursyz zor ussalar şeýdip ýitýärmişin» diýlen gürrüň ýaýrapdyr.
Adamsy ýitip, eklençsiz galan Maýagözel ilki-ilkiler bukup goýanja puluna, soňabaka altyn-kümüş şaý-sepini satyp, şoňa eklenipdir. Gün geçdigiçe hojalygy sykylyp, güzerany halys kynlaşyp başlapdyr.
Obadaşlarynda hem kömek edip durmaga artykmaç zat ýok diýýär. Obalarynyň baýlary bolsa gazananyny gysymlaryna pugta gysyp, barmaklarynyň arasyndan syzyp çykanyny ýalaşyp ýören, barypýatan syrnyhmyşyn.
Maýagözel haly dokap, Ýusuba Mary bazarynda ýerledip, puluna jöwen-mäş getirdip, bir mydar edip ugrapdyrlar. Haly diýeniňem näme aýlap-ýyllap dokalyp, gözüň köküni gyryp bitýän zat. Şonuň üçin bu çykalga-da ýöne bir jan saklar diýäýmelimişin.
Şol arada-da Agageldiniň yzynda galan naçaryna Çapyk serdar göz dikip, ony özüne dördünji aýal edip almak üçin, diline bal çalnan ýaly dilewar kempirleri Maýagözeliň üstüne sawçy ýollapdyr.
Olar gelip:
—«Är öldi—hatyn talak». Başy boş aýal ýeke otursa gowy däl. Çapyk hanyň penasyna bar! Üstüňden guş uçurmaz. Horluga ýüzüň düşmez, ýag iýip–ýüpek geýersiň! –diýşip, onuň ýürek ýarasyny dyrnaçaklap başlapdyrlar.
Maýagözel mylaýym gelin bolansoň, hernäme-de bolsa, sypaýyçylygy elden bermän:
—Agageldi diridir—ýüregim syzýar. Patasy alynmadyk adamyň maşgalasyna sawçy gelmäge utanaňzokmy? –diýip, olary gaýtarypdyr.
Bedew edinenini eşidip, Çapyk serdar Ýusubyň hem daşyna geçip ugrapdyr:
—Özüňe bir gylyç ýasan-da, meniň yzyma düş, seni adam edeýin!
—Sag bol, Çapyk aga, meniň alamançy bolmak niýetim ýok!
—Alamançy bolmasaň-bolma! Ýöne üstümize ýagy dökülende, başyňy gutarmak üçin, gylyç salmagy öwrenip goýmagyň gerek! Bu her bir erkek göbeklä parz.
—Ýok, men gylyç ýasamarynam, gylyçlaşyp urşmarynam.
—Häý, garry döli diýsänim! –diýip, Çapyk serdar oňa sögünip, gitmek bilen bolupdyr. —Jan süýjüdir, duşman aldym-berdime salanda, meniň şu maslahatymy ýatlarsyň entek!
Ýusubyň taýy gowy at bolup ýetişip, aýlawlarda ula gidip, baş baýraklary alyp başlapdyr.
Haly berilse-de, mal berilse-de, ýerläp, Ýusup onuň puluna dosty Agageldiniň hojalygyna zerur zatlary alypdyr.
Maýagözel oňa:
—Ýusup jan, sen bize şonsuzam köp kömek edýärsiň. Gallamyzy üwedip, odun-otumyzy getirip berip dursuň. Ýüwürjim ýaly sen. Men saňa juda minnetdar. Gazanjyňy bize sowman, öz öýüňe harçla! Ýa-da gyzyl-kümüş pula öwrüp, ýygşyrypjyk goý. Ynha, hä diýmäne aý ýaly gelin edinersiň. Öýüň düzüwli bolsa, gowy bolar. Puluň hem geregi çykar –diýse, Ýusup oňa:
—Ýeňňe, siziň şu kyn günüňizde haýrym degmejek bolsa, gazanjymy bukjak bolsam, onda meniň dostluk borjumy ödemedigim bolar –diýipdir.
—Agageldiniň indi şeýdip gidiberdigi bolarmyka? –diýip, Maýagözel ah ursa:
—Umytda bol, ýeňňe. Dostum diridir. Ynha, görersiň, bir ýerden habary çykar. Men guş bolup gidip, ony özüm alyp gelerin. Göwnüme, şeýle boljak ýaly bolup dur! –diýip, gaýgydan ýaňa meňzi solan gelne göwünlik beripdir.
9.
Kysmatynyň ýowuz gelmeginden ah çekip ýören guýy ussasynyň nirdedigi ahyrsoňy obadaşlarynyň gulagyna ilipdir.
Guýy ussasynyň nirä ýitirim bolandygyny, ölüdigini-diridigini bilip bilmän serimsal bolşup ýören obadaşlary onuň hywaly baýyňkyda ýesirlikdedigini eşidip, maslahata üýşüpdirler.
Ýaňky dyzmaç Çapyk serdar köpi gören, dili senaly ýaşululardan-da öňürtiläp:
—Atly-ýaragly gidip boşadalyň. Wessalam –diýip, öz teklibini aýdypdyr.
Onuň ganygyzmadygyny, alamana höwesekligini hiç haçan-da oňlamaýan, ýaşy togsana ser uran, ençeme külpetleri başdan geçiren Gulmyrat aga sowukganlylyk bilen dillenip:
—Atly-ýaragly gitseň, gyrgynçylyk bolsa, ýetim-ýesir galan maşgalalara näme jogap berjek? Belki, adamlar başga bir maslahat tapar –diýipdir.
Gulmyrat aganyň bu ýerlikli delilinden soň, ara dymyşlyk düşüpdir. Her kim içini hümledip oturypdyr. Şol barmana:
—Pul berip satyn alsak näder? –diýip, ýaşulularyň birisi geňeş salypdyr.
—Şu pikir biçeme däl –diýip, ony oňlanlar-da tapylypdyr.
Emma Çapyk serdar:
—Az-bärki pula-ha bermezler. Köp puly-da nädip ýygnajak? Ahyrsoňy meniň diýenimi etmeli bolarsyňyz –diýipdir.
—Köp puly-da ýygnap bolar. Goý, ony çölde süri-süri maly bar baýlar bersinler. Guýy ussasy, esasan, şolara gerek –diýip, oturanlardan birisi söze goşulypdyr. Onuň bu pikiri Orazmyrat baýyň gonjuna gor guýupdyr:
—Biz oňa guýyny mugtuna gazdyramzok –diýip, alaşa üçin hem ahmyrly baý ýene baýlygy golundan gidip barýan ýaly hopugypdyr.
Maslahatyň dawa ýazyp gidibermeginden howatyrlanyp, ýene-de Gulmyrat aga söz alypdyr:
—Adamlar, biz Agageldini gowy guýy ussasydygy üçin däl-de, özümiziň birimizdigi üçin boşatmakçy bolýas.
Ahyrsoňy bir çetde sesini çykarman, diýlenleri diňläp oturan Ýusup gobsunypdyr:
—Makul bilseňiz, mende bir teklip bar.
—Hawa, aýt?! –diýşip, ýaşulular oňa söz nobatyny beripdirler.
—Eşidişime görä, ol hywaly baý ýüwrük atlary gowy görýärmişin.
—Hawa, gowy görse näme?
—Nämesi şol. Dost meniňki. Alaşaly gidip haýyş etjek. «Aýlaw baglaýan şu alaşamy al, dostumy boşat!» diýjek.
—Atyňa gynanaňokmy?
—Dostum üçin gitse, gynanamok.
—Aýlaw baglaýan atyň gitjegine sen gynanmasaňam, biz gynanýas –diýip, Orazmyrat baý entegem alaşadan umytlydygyny duýdurypdyr.
Emma şol pursat:
—Ýusup, seniň bu gürrüňiň çaga gürrüňi ýaly bir zat-how! –diýip, ýene-de Çapyk serdar ara goşulypdyr. —Baý adam bolsa, alaşa onuň özünde-de gyt däldir. Bu ýerde gara gylja bil baglamasak, mesele çözülmez.
—Men-ä çözülermikä diýýän.
—Çözülmez.
—Synanyşyp bir göreýin...
—Hawa, synanyş –diýip, Gulmyrat aga başlyklaýyn ýaşulular Ýusubyň bu pikirini oňlapdyrlar. —Belki, şowuna bolaýady-da. Başa barmasa, soň görübiris...
Ýusup ýola ugramakçy bolanda bolsa, oňa:
—Badyhowalyk, jahyl gyzmalygyny etmegin. Mylaýymlyk bilenem köp işler bitirip bolýandyr –diýip, maslahat berip ugradypdyrlar.
Çapyk serdar bolsa:
—Eger munuň pikiri başa barmasa, gezek biziňkidir –diýip, nökerleriniň sanyny köpeldip, olary jeňe taýynlap başlapdyr.
10.
Hywaly baý Ýusubyň näme niýet bilen gelendigini eşidip, alaşasyny münüp çapyp görüpdir. Öz atlaryny görkezipdir.
—Hawa, türkmen eke, biziň atlarymyzy nähili gördüňiz?
—Gowy atlar.
Onsoň baý Ýusup bilen bile nahar edinipdir. Nahardan soň onuň bilen baga aýlanmaga çykypdyr. Ýusubyň sadalygy, mylaýymlygy oňa ýarapdyr.
—Dostumy boşatmaga geldim diýsene?
—Hawa, baý aga!
—Alaşaň erbet däl. Ýöne ony aýlawa çykaryp görmekçi.
—Bolýar, baý aga.
—Eger atyň ilki gelse, dostuňy bereýin. Eger gelmese, onda sen hem meniň gulum bolup galarsyň. Şuňa yrzamyň? –diýip, baý örän ýowuz şert goýupdyr.
—Bolýar, baý aga –diýip, häsiýetli alaşasyna ynamy uludygy üçin Ýusup ylalaşypdyr.
—Ýöne atyňy biziň çapyksuwarymyz çapar –diýip, baý şertini has-da çylşyrymlaşdyrypdyr.
Ýusup baýyň bu şertine tisginip gidipdir. Sebäbi atyň aýlawda ýeňmeginiň köp babatda çapyksuwara baglydygyny oglanlykdan ençeme ýaryşa gatnaşyp gören ol bilmän, kim bilsin?
Özüniň içki harasatyna basalyk berip, «Töwekgeliň işi ileri, Ýusup!» diýip, özi-özüni köşeşdirip, ol baýyň bu şerti bilen hem ylalaşypdyr. Soňra baý oňa dosty bilen duşuşmaga rugsat beripdir.
Ýat ýurtda, ýesirlikde gören azaplary, horluklary zerarly sanalgy ýylda saçy agaryp, dişi düşüp giden adamyň şol öňki dostudygyna onuň asla ynanasy gelmändir. Aýaklary agramyny göterip, dik durup bilmeýän, ýörände gurbaga pisint, iki elini ýere diräp, kä emedekläp, käte bökjekläp ýöreýän dosty Ýusuby gujaklap aglapdyr. Damagy dolup, ýekeje söz hem aýdyp bilmändir. Şonuň üçinem Ýusup, «Agageldiniň diňe söbük damaryny däl, dilini–de kesendirler» çaklap gorkupdyr:
—Obalar saglyk. Köp salam aýtdylar. Alla oňuna etse, alaşam ýaryşda ýeňse, men seni boşadaryn, dostum. Baý aga hem ýene-de bir gowy atly bolar.
—Eger baý sözünde durmasa?! –diýip, dosty dillenende, Ýusup muňa: «Hernä, dilini-hä kesmändirler» diýip, içinden begenipdir. —Men baý aga ynanýaryn. Ol sözünde durar –diýip, dosty ikisini baýyň diňleýän bolmagynyň mümkindiginden howatyrlanyp jogap beripdir. Dogrudanam, baý gizlenip, Ýusup bilen guýy ussasynyň näme diýişýändiklerini diňläp duran ekeni.
Soňra Ýusup alaşasynyň ýanyna barypdyr. Ony ýuwup tämizläpdir, özi bilen alyp gelen arpasyny berip iýmläpdir. Maňlaýyndan öpüp, «Gaýrat et, indi dostum ikimiziň täleýimiz saňa bagly» diýipdir. Daňa çenli ony howp-hatarlardan gorap, gözüni gyrpman çykypdyr.
Ýusubyň atyny eý görşüni daşyndan synlap, baýyň bedewlerine esewançylyk edip ýören garryja adam, Ýusubyň ýanyna assyrynja gelip:
—Oglum, sen gaýgy etme. Hemme zat halal bolar. Seniň alaşaňy çapmaly çapyksuwar meniň agtygym. Oňa tabşyraryn. Eger atyň ýyndamdygy çyn bolsa, ýeňer –diýip göwünlik beripdir.
Ertesi aýlawa mähelle bary üýşüpdir. Çapyşygyň öňüsyrasy ýerli bagşylar aýdym aýdyp, saz çalypdyrlar. Soňundan jarçy baýyň şertini yglan edipdir.
Ýusubyň alaşasyny hywa etrabyny baglan ýyndam atlaryň on iki sanysy bilen bilelikde uly aýlawa çykarypdyrlar. Alaşa birbada juda öňe saýlanman, orta gürpde gidipdir. Bu oňa Ýusubyň öwreden edähedi ekeni. Şeýdip, iň soňky öwrümden pellehana göni gidilýänçä, ol töwerekden synlaýanlarda «Şu at ýeňer-ow» diýen umyt döretmändir.
Bedewler güpürdeşip iň soňky aýlawdan ýüzüni bärik öwrenlerinde, Ýusubyň alaşasy ýaryşdaş atlaryny birme-bir yza goýup, olaryň arasyndan mesgeden gyl sogrulan ýaly bolup, öňdäki hatara geçipdir. Bu ahwalata haýran bolan mähelle heýjana gelip, ör turupdyr. Iň jygba-jygly pursat başlanypdyr. «Atlar deň geldi» bahanasy ara düşmez ýaly, alaşanyň ýene-de, hiç bolmanda, bir ädim öňe çykmagy zerurmyşyn.
Hä diýmäne pellehana ýetiljek bolnup durka, çapyksuwarlaryň ählisi bedewlerini debsileşip, özleri atyndan öň geläýjek bolşup gaýkyjyklaşyp barýarmyşlar.
«Alaşa deň geljek öýdýän. Niýetim başa barmajak ýaly» diýip, Ýusuba galpyldy aralaşypdyr.
Ol soňky pajygaly pursady görmejek bolup, ýüzüni aşak salyp, gussa batyp oturypdyr. Ine, şonda mähelläniň gohunyň güýçlenmegine geňirgenip, ol aýlawa seredipdir. Görse, ýaňky deň gelýän alaşasy beýleki atlardan görnetin öňe saýlananmyşyn. Pellehana çenli galan aralykda bolsa ol ýene-de bir ädim töweregi utupdyr.
Alaşanyň ýeňşi jedele ýer goýmandyr.
Ýusup alaşasynyň maňlaýyny mähirli sypapdyr. Ony çapan çapyksuwara:
—Köp sag bol! –diýipdir.
Çapyksuwar ýigit bolsa oňa:
—Sen agam, atyňa sag bol aýt. Iş bitiren şul. Men diňe üstünde jylaw tutup oturdym. Beýle-de ýyndam at bolar eken-ow, göz degmesin –diýipdir.
Jarçy bolsa:
—Ýaryşda baý aganyň Pendiden peşgeş alan täze aty ýeňdile-haw! –diýip, yglan edipdir.
Mädemin baý begenipdir. Hernäme-de bolsa, bu gezek sözünde tapylyp, guýy ussasyny boşadypdyr.
Ýusup taýçanaklygyndan bile tirkeşip ulaldan, ençeme ýerde çyn dost kimin goldan, iň soňky gezek täleýini ynananda hem, ýat ýerde, ýat atlaryň arasynda, ýat çapyksuwaryň çapmagynda, ak köpürjik bolup, pellehana ilki gelip, ynamyny ödän alaşasy bilen gözüni ýaşlap hoşlaşypdyr.
—Ýol uzakdyr. Meniň bu pyşbaga ýöreýşim bilen oba nädip aşarys? –diýip, Agageldi gussa batypdyr.
Ýusup oňa:
—Gaýgy etme, dostum. Men indi seni arkama hopba edibem oba aşyraryn –diýip, arkasyna alyp, «Niredesiň Pendi ili?» diýip ýola düşüpdirler.
Ýusup dostunyň agramynyň, gören horluklary zerarly ýelek ýaly ýeňläp galandygyna içinden gynanyp, oňa öýi, çagalary barada gürrüň berip barýarmyşyn. Ol bolsa teşnäniň suwa ýapyşyşy ýaly, ol gürrüňleri höwesli diňläp, wagtal-wagtalam:
—Saňa-da azar boldum-ow, dost –diýýärmişin.
Şeýdip, bir menzil ýol geçip, baýyň mülkünden mazaly daşlaşanlarynda, olaryň yzyndan eşegini ýorgaladyp, bir garajürjen oglanjyk ýetipdir.
Ol:
—Men seýsiň agtygy. Siziň alaşaňyzy çapan ýigidiň jigisi. Şu eşegi atam goýberdi –diýip, eşegiň ýüpüni Ýusubyň eline berip gidipdir.
—Gowy adamlar her ýerde-de bar-ow! –diýip, Ýusup dosty Agageldini eşege mündürip, özi gapdalyndan pyýada ýöräp, obalaryna aşypdyrlar.
Ine, ol, şeýdip, dostuny halas edipdir.
Agageldi ýesirlikden boşansoň, gazan guýularynyň ilkinjileriniň birine Ýusubyň guýusy diýip, dostunyň adyny dakypdyr. Tarlaň kimin gowy bedewli edipdir. Tä ömri ötýänçä goltugy pişekli gum içinde gezip, ýowuz çölüň astynda nirede jana şypa suw bardygyny kesgitläp berip, sogap baryny gazanyp dünýäden ötüpdir.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar