20:51
Şükür, başym egilmedi
ŞÜKÜR, BAŞYM EGILMEDI
Saýasynda päk ynsanlañ,
Özümi saýamda melek.
Orramsylañ arasynda,
Oýun gurdy käte pelek.
Orramsylañ myjabatyn,
Asyp boýna gynap gördi.
Olar bilen bu ýollarda,
Belki, meni synap gördi.
Dik başymy egjekdiler,
Şükür,başym egilmedi.
Abraý a:tly daragtymy,
Döwjekdiler,döwülmedi.
Bu oýunda utulara,
Ne günäm,ne müýnüm bardy.
Çünki meni ak ýollardan,
Alyp gelýän düýnüm bardy.
Oña bakman olar bilen,
Oýun gurdy käte pelek.
Hemmeleri ýagşy saýyp,
Ýörmegime diýip"telek".
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Goşgular
Категория: Goşgular |
Просмотров: 605 |
Добавил: Gumlygelin
| Теги: Gyzylgül Annagylyjowa
| Рейтинг: 4.6 /5
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 4
Порядок вывода комментариев:
По умолчанию
Сначала новые
Сначала старые
2
Eger meniň wyždanym arassa bolsa, hiç bir töhmet meni ynjydyp bilmez. (Mariýa Korelli)
Ajaýyp goşgy.
0
Orramsylañ myjabatyn
Asyp boyna,gynap gordi.
Gor, nahili ahmyrly sozler.
Shahyr icki duygylaryny buysanc bn aydyar. Durmushuñ carkandakly yollarynyñ azarynyñ agyr,hubbatly blandygyny shahyr aydyar.Gulala gulluk yashayyshyn bolmandygyny nygtayar. Sabyrly bolsañ,gayrata dayansañ,gelejege bolan ynama soyenseñ,merdana bolsañ bashyñdan sowulmajañ derdu-melamatlaryñ bolmajakdygynynygtayar shahyr uyamyz.
0
Hemmäñize sag boluñ.Goşgydaky pikirime dogry düşündiñiz.