16:02 Syçanlaram bir-birini iýýän ekeni!.. / satiriki hekaýa | |
SYÇANLARAM BIR-BIRINI IÝÝÄN EKENI!..
Satiriki hekaýalar
Gadym zamanlarda... Bir alys ýurtda... Ýok, ýok, erteki däl bu... Iñ gowusy nirde bolanyny, haçan bolanyny gürrüñ bereýin. Wagty: Miladydan soñra... Ýeri: Ýer togalagynyñ bir ýerinde... Ynha, ýeri belli, wagty belli... Geleliñ indi, bolup geçen wakanyñ özüne. Aýdylan wagtda, ady agzalan ýerde ullakan bir ambar barmyşyn. Bu ambar dürli-dümen harytdan, azyk önümlerinden, egin-eşikden hyryn-dykyn dolumyşyn. Hemme zat tertiplije örülip goýlanmyşyn. Bürünç, nohut, noýba ýaly gury gök önümler bir tarapda, bugdaý, arpa, çowdary, dary ýaly däneli önümler bir tarapda... Sabynlar, ýaglar aýry ýerde, geýim-gejim, köwüşler aýry ýerde... Aýdylan ýerdäki, agzalan wagtdaky, salgy berlen uly-y-yy ambary juda ederini bilýän we işine ezber biri dolandyrypdyr. Bu edenli we guramaçy adam bir gün näme etjegini bilmändir. Çünki, ambary syçanlar göteripdir. Iýmitler gün-günden azalypdyr, peýnirler, suharikler bir ujundan gädilip barýarmyşyn. Elbetde, edenli ambarçy ellerini bykynyna urup durubermändir. Janyny orta goýup syçanlara garşy göreşipdir. Emma näme etse-de, syçanlara garşy söweşde üstünlik gazanyp bilmändir. Bir gyrasy kertilen sabynlar, peýnir bölekleri günbe-günden kemelip barýarmyşyn. Geýim-gejimler eleme-deşik, bölek-bölek bolupdyr. Un haltalarynyñ içi syçanlaryñ meýlishanasyna öwrülipdir... Ambarda syçanlardan ýaña hiç hili rahatlyk bolmandyr... Gowurdaklary, däneli önümleri ýalmap-ýuwutdyklaryça semräpdirler, semredikleriçe-de gäbi azyp bir ýerde durmandyrlar, barha köpelip, örñäp barýarmyşlar.... Ambar syçanlardan dolupdyr. Añyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giden bir ambary syçanlar ordasy basyp alypdyr. Indiden soñ bularyñ öñüni almak mümkin dälmişin. Olar diñe iýmitleri iýmek, geýimleri gemirmek, peýniri, kolbasany zaýalamak bilenem çäklenmändir. Köwüşleri, derileri, tagtalary hem gemire-gemire diş-dyrnaklarynyñ zoruny görkezipdirler. Syçanlar bol-telki iýip-içip pişik ýaly daýawlanypdyrlar, hatda gitdigiçe semräp it bilen deñleşäýipdirler. Edýäniñiz näme diýilmänsoñ, ambaryñ içinde ikiýana ylgaşyp, oýnaşyp, böküşip hezil edipdirler. Munuñam üstesine ambaryñ iñ güneşli, iñ görnükli ýerlerini-de olar eýeläpdir. Edenli ambarçy syçanlara garşy aldym-berdimli söweşinden yza tesmändir. Ambaryñ her ýerräginde, her ýerräginde iñ zäherli syçan awusyny goýuşdyryp çykypdyr, bulam derde ýaramandyr. Derde ýaramandanam beter, adamlaryñ keýp beriji zährimarlara endik edişi ýaly, ambarlardaky syçanlaram, ambarçynyñ ölsünler diýip goýan zäherlerine şeýle bir öwrenşipdirler welin, her geçen gün goýulýan zäheriñ artdyrylmagyny isläpdirler. Goýulýan zäherleriñ mukdary her gün biraz artdyrylyp berilmese, ambary başlaryna ýumraýjak bolupdyrlar. Ambarçy iñ awçy pişikleri toplap, gije ambara goýberipdir. Ertesi turup seretse, pişik görgülileriñ diñe tüýleri bilen birküç bölek süñki ýatanmyşyn. Syçanlaryñ hötdesinden pişiklerem gelip oñarmandyr, iñ güýçli zäherlerem olary öldürip bilmändir. Edenli ambarçy uly-uly gapanlar gurup başlapdyr. Gapana düşen syçan azam bolmandyr. Emma her gije bäş syçan gapana düşse, günde azyndan ýigrimi-otuz syçan döreýärmişin. Ahyrsoñy ambarçy oýlana-oýlana özüçe bir emel oýlap tapypdyr. Demirden üç sany uly kapasa ýasadypdyr. Gapana düşen diri syçanlary-da şol kapasalara oklaberipdir. Üç kapasa hem syçanlardan dolupdyr. Ambarçy kapasalardaky syçanlara iýip-içer ýaly hiç zat bermändir. Bir gün, üç gün, bäş gün kapasada aç galan syçanlar öz aralarynda iñ ejiz bolan syçany lak-luk atypdyrlar. Garynlaryny doýran syçanlar biraz wagt geçensoñ, ýene-de ajygyp, özara dalaşmaga başlapdyrlar. Bu ganly dalaşmanyñ soñunda, ýene aralaryndan birini basyp-bogup iýipdirler... Ynha, şeýde-şeýde her üç kapasadaky syçanlaryñ sany günbe-günden azalyberipdir. Iñ ekabyrraklary galyp, ejizleri ýeñilip lukma bolmaly bolupdyr. Syçanlardan dolan kapasalar garpyşykly söweş meýdanyna öwrülipdir. Iñ soñunda her kapasada bäş-üç sany syçan galypdyr. Bu gezek diri galan syçanlar garynlarynyñ ajygaryna garaşyp durman, içlerinden biriniñ üstüne atylyp, ony parçalamaga başlapdyr, biri beýlekisini parçalamasa, barybyr beýlekisi ony parçalajagy görnüp duran zat. Ynha, şonuñ üçinem öz janlaryny halas etmek islän syçanlar içlerininden birini uklap ýatyrka, ýatanlygyndan peýdalanyp basyp-bogup öldüripdir. Hasam beteri kapasada iki-üç syçan bileleşip, bir syçanyñ üstüne topulan wagtlaram bolupdyr. Özara güýç birikdirenlerem ýeri gelende çemine getirip, bir-birlerini iýenmişler. Ahyrsoñunda her kapasada bir syçan galypdyr. Iñ daýaw, iñ uly, iñ emelkeş, iñ güýçli syçan... Edenli ambarçy her kapasada bir syçan galansoñ, kapasalaryñ agzyny açyp, olary ambaryñ içine goýberipdir. Öz jynsyny iýmäge endik edinen, ýagny mahluklaşan ol äpet üç sany syçan kapasadan çykan batlaryna ambarda näçe syçan bar bolsa, olaryñ üstüne atylyp, bogmaga, parça-parça etmäge başlapdyr. Bir mahluklaşandan soñ, iýenlerini iýipdirler, iýmediklerinem olar özlerini bogup iýäýmesinler diýip, öz howpsuzlyklary üçin ätiýaçdan öldürýärmişinler. Ynha, aýdylan wagtdaky, agzalan ýerdäki salgy berlen şol ambar az wagtlygam bolsa, syçanlardan halas edilipdir. Waka munuñ bilenem gutarmaýar. Indi bolsa siziñ özüñize bir sorag: Edenli ambarçynyñ kellesine şeýtanyñam aklyna gelmejek bu tilsim nireden geldikä? Syçanlary bir-birine iýdirip, olary ýok etmek usulyny nädip oýlap tapdyka? Jogap: Çünki, ol edenli ambarçy öz jynsdaşlaryny ýok ede-ede aman galan iñ güýçli syçanyñ özüdi, öz hemşerilerini iýip-iýip, ýok edip-edip, şol uly-y-yyy ambaryñ baş dolandyryjysy bolupdy. Ol öz durmuşyndaky üstünlik getirýän usullaryñ birini syçanlara garşy ulanypdy. Netije: Syçanlaram bir-birlerini iýýän ekeni!.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||