13:57

Synanşyk

SYNANŞYK

Men seni dünýäniň malyna deňäp,
Gabanyp, gysganyp goraglap ýörün.
Almaz sakçysy deý, her gün, her agşam,
Kirpiklem çalyşsa ogurlanjak dek,
Bagryma bassamda ynjalyp bilmän,
Gizläre ýer gözläp nijeme gündür,
Bukuja ýerleri sermeläp, dörüp,
Saňa kybap geljek, seni ýerlejek,
Ýumşak ýelek ýaly, anbar-u-müşkli,
Bägüliň suwuna suwlanan ýeri
Gözläp tapabilmän içimi tutup,
Didämiň dürleri seçelenip dur...
Ýüregmi birhili wehim gurşapdyr,
Sähel üns bermesem gidäýjek ýaly,
Sesine bilbiller sesin goşdugym,
Nurana keşbine, jady bakyşna,
Saçlarnyň taryna müň hyrydarlym,
Gözüm ýolda goýup garaşdyryp kän,
Goýnunyň ýazynda döwran sürjegim,
Güýzünde dolandy, ak bagtym bolup.
Bagtdan gök diredi çalaran başym,
Ine indem çaşan serim gowgada.
Del gözden, nazardan, ýalan gybatdan,
Gorajak, gizlejek ilkinji söygim,
Arman ýer tapamok özünden başga.
Gowsy kem-kem söýgi bolup, bal bolup,
Didesinden gursagyna dömeýin,
Ýüreginde ornum bardy birmahal,
Sönmez söygiň közi bardyr ynanyan,
Çalaja körese ýeterlik maňa.
Zenan mähri, yhlasynyň öňünde,
Çözülmejek doň barmyka aslynda?
Eger şeýle bolsa ynanmaryn men,
"Söýgi gudrat" diýen jümlä, alyma.
Ýöne şu mahala giç gelen bagty
Ömürlik wysala ýetirjek bolup ,
Bagt guşumy gujagymda saklajak.
Didesinden gursagyna ýetýänçäm,
Doňan kalbyn mährim bilen çawlajak,
Eger oňarmasam bagyşla meni,
Şunça ýyllap umyt beren söýgimi
Sessiz üýnsüz gursagyma jaýlajak.
Категория: Goşgular | Просмотров: 498 | Добавил: Azady | Теги: Bagtygül Tekäýewa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
...Fewral, heniz gyş / Goşgular - 06.02.2024
Dört pyýala / Goşgular - 21.02.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
1
1 Azady  
225
@Haweran sag boluň. Bu hakda oýlanyp görmändirin. Mümkinçilik bolsa synanyp göräýmeli.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]