23:48 Türk ogly Türk: Noel baba / satiriki esse | |
TÜRK OGLY TÜRK: NOEL BABA
Satiriki hekaýalar
22-nji ýanwar - gündizlerine trotuatrlardan adam sil bolup akýar. Dürli-dümen harytlardan doly aýna witrinalar "gel, meni al!" diýýän ýaly özüne çekýär. Rim gijeleri yşyklandyrmanyñ añrybaş derejesine ýetmegiñ keýpini görýär. Hamala asmandaky ýyldyzlaryñ barsy alynyp, ýer ýüzüne dikilen ýaly bolýar. Toýnuk gurap gelýän günlerem, ylla Noeliñ buşlukçysy mysaly. Häzir adamlaryñ elindäki-ujundaky puly sowup ýören wagtlary. Odur-budur satyn alyp bitap düşen garry aýal gyş paslydygyna garamazdan, güneşli howanyñ keýpini görýän ýaly oturan kafeteriýasynda äri bilen bile geçip giden günlerini ýatlaşýarlar. - Öñ garypja-da bolsak, bagtly ýaşaýardyk - Ahmyr bilen başyny ýaýkaýan kempir sözüniñ dowamynda: - Şindi adamlaryñ ernini gyşardyp gülüp geçýän ownujak zatlary bilenem bagtly bolmagy oñarýardyk -diýip pyşyrdaýardy. Adamsy bolsa başyny aşak salyp durşuna, kempriniñ sözüni makullasa-da, edil wagt ýaly isleglerdir adatlaryñam üýtgändigini aýdýar. Olaryñ gapdalyndaky stolda bir topar ýaş oglan-gyzlar Noeldäki syýahat programmalaryny höwes bilen öz aralarynda paýlaşyp durlar. Oglanlaryñ biri: - Işlemekden ýaña sütünim süýndi, biraz dynç aljak. Noel derdime derman boldy - diýýär. Ýewro bilen bile bahalaryñ keýgiñ şahyna çykandygyny aýdýan ýaş gyz demini uludan alyp söýgülisine bileje gezelenje gitmegi teklip edýär. Aralarynda Noel baýramy geçip gutarýança Rimden gitmän oturjaklaram bar. Italýanlarda klassyka öwrülen bir söz bar: " - Ata-babalarymy näme diýipdir? - diýen sorag berip, beren soraglaryna-da özleri şeýle jogap berýärler: - Noeli maşgalañ bilen, Pashany kimi göwnüñ islese - şonuñ bilen geçir!" Kafeteriýadan elli metr uzaklykdaky Türkiýäniñ Turizm býurosyndan broşýura alyp gelip, meniñ oturan stoluma çöken italýan dostlarymyñ biri gep oklaýar: - Ýeri bakaly, Noelde näme etsem-petsemiñ bar? Bärin-ä özüñ görüp dursyñ, belki pursatdan peýdalanyp Türkiýä gidip gelersiñ? Men oña Noel bosaga gelip diränem bolsa, heniz belli bir etsem-petsemimiñ ýokdugyny aýdýaryn. Dostumyñ çetine degmek üçin: - Hany dostjan, sen maña aýtsana Noel baba nirede doglupdyr? - diýip soraýaryn. Ol Noel baba diýip adamyñ ýaşap geçmändigini, onuñ hekaýatynyñ skandinaw legendasyndan gelip çykandygyny janygyp düşündirýär. Men onuñ elinden Turizm ministrliginiñ çap eden Antalýa broşýurasyna kakyp alyp, kartany gözüne sokaýjak bolup görkezýärin: - Al saña ylmy subutnama! - Yzyndanam Demräniñ aşagyna ýazylan ýazgyny görkezýärin: - Noel babanyñ doglan ýeri! Dostum hezil edip güldi. - Aý berekella! Noel babany-da türkleşdirdiñizmi indi? Söz ýog-aý size! Yzyndan ikimizem dymýarys. Ol elindäki broşýuralara dümtünýär, menem önümdäki gazetlere. Gazetler Noel güni nähili sowgat alyp boljakdygy boýunça teklip bermekde teleýaýlymlardaky mahabatlar bilen gyzgalañly ýaryşýar. Bagtyýarlygyñ ýoly satyn almakdan geçýär. Almasañyz, alyp bilmeseñiz size gizlin depressiýa garaşýar. Noel ýaly güýmänjäñiz bolman biler. Mahabatyñ ulusy bular ýaly ýagdaýda sizde: "Hany, Noel bir geçsin, bahalar düşsün, şonda alaýaryn" diýen pikiri döredýär. Bir çete çekilip, daş-töwerege göz aýlanda, göýä bir mahallaryñ ölüp giden hudaýy Saturn täzeden direlip ar alýan ýaly pikir döredýär. Butparazlyk döwrüniñ Riminde dekabr aýynyñ soñky ongünlügünde Saturn atly hudaýyñ hormatyna şüweleñler geçirilipdir. “Saturnalia” (Saturn günleri) diýilýän şol günlerde sosial gatlaklar garym-gatym bolupdyr. Gullar hojaýynlaryna buýruk bererlermiş. Hojaýynlar bary-ýogy birnäçe günlügem bolsa, gullaryna saçak ýaýyp hyzmat ederlermiş. Kalendar dekabr aýynyñ 25-ne ýetende rimliler “Natalis Solis İnvicti” (Yeñilmez Günüñ doguşy) gününi baýram edipdirler. Wawilonlylar tarapyndan günleriñ täzeden uzap başlaýandygy üçin Gün hudaýynyñ hatyrasyna bellenýän baýramyñ Rim imperiýasynyñ paýtagtyna III asyrda aralaşypdyr. Rimiñ hristianlygy döwlet dini hökmünda kabul etmeginden soñ IV asyryñ ortalarynda şol baýramçylyk birneme özgerişe sezewar bolup, “Natalis Christi” (Hristiñ doglan güni") diýip atlandyrylypdyr. Buthana Gün hudaýynyñ ornuna "älemiñ we adamzadyñ hakyky ýalkymy" hökmünde görlen Isa Mesihi oturdypdyr. Baýramçylygyñ dürli öwüşginler bilen baýlaşmagy bolsa has soñky asyrlarda dürli medeniýetleriñ utgaşmagynda dörän tebigy prosesiñ netijesidir. Latyn dilindäki “Natali(s)” sözüni "Dogluş, doguş" diýip terjime edip bolýanam bolsa, bu sözi terjime etmän, fransuz dilindäki wersiýasynda bolşy ýaly "Noel" diýmekleri gaty geñ. Gürrüñi gidýän baýramçylygy aslynda frenk däbiniñ üýtgedilen görnüşi diýip düşündirmek mümkin. Bu elbetde, türkleriñ paýyna Noelden hiç zat düşenok diýmekligi añlatmaýar. Biziñ köpümiz türkanalygymyzy edip, Noeli hristianlykdaky dar dini galyplardan çykaryp, Täze ýyl gününe taýýarlyk günleri ýaly geçirýäris. Täze ýyl baýramçylygyna ýelmenen görnüşde bolsa-da, at berilmedik baýramçylyk howasynyñ şemalyny öwüsdirmegimizde geñ görlesi zat ýok. Häzirki döwürde unuwersallyk babatda iñ çynlakaý din derejesindäki sarp edijilik diñe biziñ dini baýramlarymyza täze öwüşgin bermek bilen çäklenmeýär. Şeýle ýagdaýda başgalaryñ elinden geçen sarp edijilik öwüşginli döwrebap Noellerden biziñem peýdalanmagymyz tebigy kanunalaýyklykdyr. Sarp edijilik dini taýdan Isa pygamberiñ (a.s) aslynda nämälim doglan gününiñ soñra birdenkä 25-nji dekabrda bellenip başlanmagy - bu kultuñ esaslandyryjylary bolan katolik ruhanylaryñ öz sözleri bilen tasa getirilmeginiñ hiç hili geregi ýok. Oraza, Gurbanlyk, Noel bahana adama. Bärde esasy zat - adamlaryñ zadyñ mukaddesleşmesini üpjün etjek mukaddessöw atmosfera girmeleridir. Sarp edijilik dini haýsy sebäp bilen bolsa bolsun, tapawudy ýok, özi bilen baglanşykly adamlaryñ we müritleriñ ýüreklerinde niçiksi ruh ahwalyny döredip bilýändigi bilen gyzyklanmak bilen çäklenip oñýar: Witrinada goýlan ýokary hilli jinsini alanyñyzda, arkaýynlaşma duýgusyny başdan geçirýäñizmi? Iñ uly arzuwlaryñyzyñ biri - göýä bir düýş deýin öñüñizden zymdyrylyp geçip giden awtoulagy satyn alyp biljek günüñize ýetmekmi? Awtoulagyñyzy çalyşyp, has gowy kysymlysyny almany arzuw edeñzokmy? Depressiýada bolsañyz, ine-gana söwda edeniñizde hemme zadyñ gülala-güllük boljagyna ynanañzokmy näme? Sizden has geýnüwli birini göreniñizde içiñizden göripçilik gatyşykly ahmyr çykmaýarmy näme? Pylankes manken kimin syrdam sypata eýe bolup hemmeleriñ gözüni-başyny aýlamak isläñizokmy? Futbolçylar, aýdymçyllar, fotomodeller ýaly bolup bilseñiz, ähli problemalaryñyzyñ ýok bolup gitjekdigini, ertekileri ýatladýan bagtly we erkana durmuşda ýaşajakdygyñyza ynanañyzokmy? Sarp edijilik dininiñ bilgiçleriniñ nukdaýnazaryndan seredende maksat hasyl boldy diýmekdir. Sarp edijilik dininiñ bilgiçler arzuw-hyýallarymyzyñ ýeke-täk kesgitleýji hojaýyny bolmak isleýärler. Olaryñ muny başarmaýandyklaryny aýtmak kyn. Skandinaw gahrymanynyñ hristian dünýäde Santa Klaus bilen birleşdirilmeginden soñ, Noel babanyñ şahsy kimligini 1930-njy ýyllardan bäri "Coca Cola" kompaniýasy kesgitleýär. Geýimleri "Cola"-nyñ reñkleri bilen birmeñzeş, gyzyl-ak geýimler geýnen çuw-ak sakgally çişik gojadyr ol! Hany göreli bakaly, hetdiñiz bolsa gözüñizi ýumyp Noel babany başga sypatda göz öñüne getirnäge synanşyp görüñ! Bu oý-pikirlerden ýanymdaky italýan dostumyñ: "Hmm, diýmek Noel baba siziñ ýurduñyzda doglupdyr-da, şeýlemi?" diýip, hem ýañsy, hem göwnüýetmezçilik tüteýän soragyndan soñ saplandym. Ýeri, bu nekgendä näme diýsemkä indi? Türkiýäniñ "Resmi gazetiniñ" 1996-njy ýylyñ 19-njy dekabrynda çap edilen sanyndan birjesi ýanymda bolsa, ony öñüne oklap: "Seret, gardaşym, Noel baba fondy diýip ýörite fond hem açypdyk! Oýnamaga açandyrys öýdýäñmi?" diýip ýakasyndan ebşitläp tutsamam bordy. Ýa bolmasa samsyklyga salan bolup, Noel babanyñ geýminiñ reñki bilen türk baýdagynyñ renkiniñ bire-bir gaýtalanýandygyny aýdyp delil tutunsammyka? Ýa-da Anadolynyñ goýnunda doglan adamy bize ýeke teññe tölemän mahabat kampaniýalarynda birugsat ulanmaga hakyñyz ýok diýip, "Coca-Cola" kompaniýasynyñ üstünden arz edilmeýän we öweztölegi talap edilmeýän bolsa, munuñ diñe türkleriñ sadalygyndan, çäksiz hoşniýetliliginden gelip çykýandygyny düşündirsemmikä? Kelläme Medeniýet we Turizm ministrliklerimiziñ Noel babanyñ türklüginden dem urup ýazyşan hatlary gelýär. Ýüzüme ýeñil gülümsireme inýär. Italýan dostuma gysga jümlede jogap berip sözümi jemleýärin: - Noel baba Türk ogly Türkdür! Rast, biz şeýle diýýäsmi, şeýledir şol! Lütfullah GÖKTAŞ, Roma / NTV-MSNBC. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |