7. Hunlaryň beýik oguz-türkmen döwleti
Parfiýanyň tutuş sebitde gepini ýöreden döwrüne örän ýakyn bolan wagtda Aziýada Kuşan soltanlygy diýen döwlet bardy, ol häzirki Günorta-Gündogar Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň, Demirgazyk Hindistanyň ýerlerini öz içine alýardy.
Şeýle hem Merkezi Aziýada Hunlaryň oguz-türkmen döwleti, Gündogar Ýewropada Sarmat-alan döwleti bardy.
Eger günbatarda parflar rimlileri amana getiren bolsa, onda gündogarda hunlar Gündogaryň iň güýçli döwleti bolan Hytaý bilen ençeme söweşlerde guwandyryjy ýeňişleri gazandylar. Duşmanlardan penalanmak üçin gurlan Beýik hytaý diwary hem ýöriş gurap, söweşlerde ussatlykda taý tapylmaýan hunlardan gorap bilmedi.
Hunlar döwletini kuwwatly häkim Mete han (hytaýça – Mao Tun) döredipdir, ol akyl-paýhasy, gylyk-häsiýeti taýdan Oguz hana meňzeşligi bilen şöhrat gazanypdyr, hut şonuň üçin oňa Oguz han diýipdirler.
Miladydan öňki 200-nji ýylda Mete han Szinýan şäheriniň golaýynda sany hunlardan iki esseden köp bolan hytaýlylara garşy türkmenleriň ata-babalary bolan parflaryň, skifleriň, sarmatlaryň adaty söweş usulyny ulanypdyr. Ilkinji çaknyşykdan soň yza çekilip, jeň meýdanyndan gaçýan ýaly hereketleri edip, ol duşmany duzaga düşüripdir. Şonda köp sanly hytaý esgeri wepat boldy, imperator Gaodzunyň özi bolsa saýlama goşunlary bilen bilelikde gabawa düşdi. Şondan soň Hytaý hunlara her ýyl paç töläpdir.
Elbetde, söweşlerde ýeňiş bilen şowsuzlyk käte gezekleşip gelýär. Ýöne bir zady bellemek gerek, ýagny, hunlar hemmesi jemlenende sany boýunça Hytaýyň bir sebitiniň ilatyna barabar bolardy, Hytaýda bolsa şeýle sebitleriň ýüzlerçesiniň bolandygyny aýtmak gerek. Emma hunlar çyn esgerlerdi, hakyky ussat söweşijilerdi we sany özlerinden iki esse, käte bolsa üç esse köp bolan duşmany harby ussatlygy, gaýduwsyzlygy, inçe söweş tilsim-tärleri bilen ýeňmek olar üçin adaty zatdy.
Hytaý imperatory An-gonyň emeldarlarynyň biri miladydan öňki 135-nji ýylda şeýle ýazypdyr: «Sünnularyň (hytaýlar käte hunlary şeýle atlandyrypdyr) esgerleri çalasyn we edermen, olar tüweleý ýaly bolup bir ýerden peýda bolýar we ýyldyrym çaltlygynda gözden gaýyp bolýar; olar mal bakýar, bu olaryň pişesi, ýöne şonuň bilen birlikde olar agaç we buýnuz ýaýlardan atyp, aw awlamaga hem ökde».
Miladydan öňki 99-njy ýylda hytaý pyýada goşunlarynyň Li Liniň baştutanlygyndaky elli müň esgerden ybarat goşun bölegi hunlara ýesir düşüpdir. Şonda imperator U-di 70 müň atlydan we 100 müň pyýadadan ybarat ägirt uly leşger toplap, miladydan öňki 90-njy ýylda şol goşunlary hunlaryň üstüne sürüpdir. Şol söweş Ýanjan söweşi hökmünde bellidir.
Hunlar hytaýlaryň 170 müň esgerden ybarat goşunyna garşy 50 müň atlyny çykarypdyr. Özleriniň ezber tilsimlerini ulanmak bilen, hunlar ilki başda duşmany surnukdyrmakçy bolupdyrlar. Olar sähralyklara tarap çekilip, ösümliklere ot berýärdi we guýulary gömýärdi. Özi-de şonuň bilen bir wagtda hytaý goşunlaryna kiçiräk toparlar görnüşde duýdansyz çozup, olary ýiti peýkamlardan oka tutupdyr. Hytaýlar hunlaryň yzyndan ýetjek bolup jan edýärdi, olaryň goş-golamly arabadyr ulaglary birnäçe kilometr aralyga ýaýrady, hytaý goşunynda suwuň we azygyň azlygy bildirip başlady. Yza galan hytaý esgerleri hunlara ýesir düşýärdi, beýlekiler bolsa gündiz hem, gije hem duýdansyz çozuşlardan howatyr edip, toparlanyşyp duranyny kem görmeýärdi. Hytaý goşunynyň ruhy halys çökdi we serkerdeler yza çekilmeli diýip buýruk berdiler. Ýanžan dagynyň golaýynda Hangaý diýen ýerde hytaýlar demini dürsäp, azyk-owkat edinmek üçin düşelge guradylar. Hunlar bolsa gijäniň garaňkylygyndan peýdalanyp, hytaýlaryň ýörejek ugrunda çuň garym gazypdyr.
Daň saz berende hunlaryň atly goşunlary hökümdar Hulugu hanyň özüniň baştutanlygynda hytaýlaryň ýeňsesinden zarba urdy we olary garyma tarap kowup başlady. Oňat dynjyny alan bedewlere münen hun alplary duşmanyň üstüne tupan ýaly bolup indiler. Aldym-berdimli gazaply söweş garaňky gatlyşýança dowam etdi. Ertire çykylanda bolsa hytaý goşuny diýen leşgeriň indi asla ýokdugy mälim boldy. Gynansak-da, maglumat çeşmelerinde şol beýik söweşiň takyk senesi görkezilmeýär, ýöne Hytaýa urlan şol zarbanyň elhenç täsiri, ýurdy şonda gurşap alan gam-gussalygy hytaý şahyrlarynyň ençeme asyr geçenden soň hem özleriniň agysynyň sanawaçlarynda, goşgularynda beýan edendigi mälimdir. «Hytaý görlüp-eşidilmedik ýeňlişe sezewar boldy we şol döwre çenli hunlara garşy göreşde ähli gazanylan rowaçlyklara atanak çyzyldy» diýip, taryhçylar belläpdirler.
Biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlarynda hünlaryň öz aralaryndaky içerki oňşuksyzlyklar olaryň döwletiniň bölünmegine sebäp boldy. Hunlar günbatara – öz watany bolan Türkmenistanyň çäklerine çekildiler. Şol ýerde özlerini tijäp, goşunlarynyň sanyny artdyryp we söweşjeň ussatlygyny sungat derejesine ýetirip, Gündogar Ýewropa zarba urdular. Ýewropanyň maglumat çeşmelerinde olary «gunnlar» diýip atlandyrýarlar. Latyn ýazyjysy Ieronim «Kawkaz daglarynda Aleksandr tarapyndan berk gabawa salnan wagşy massagetler diýen halkyň mekanyndan gunnlaryň ordalarynyň tüweleý ýaly bolup çykandygy hakyndaky habaryň bütin älemiň süňňüni sandyradandygy» hakynda ýazýar.
Başga bir ýazar Ammian Marsellin (IV asyr) öz hökümdaryna şeýle habar berýärdi: «Gunnlar duşmany ýylanyň diline meňzedilip süňkden ýasalan ýiti uçluklary ussatlyk bilen berkidilen, ýyldyrym çaltlygynda uçýan peýkamlary bilen öldürýärler, duşman bilen aralygy ýyndamlyk bilen geçip, gylyçlaryny çalasynlyk bilen ulanyp, gaýduwsyzlyk bilen döwüşýärler. Duşmanlarynyň naýzadyr gylyçlarynyň howp salyp başlanyny göreninde bolsa, urganlary ezberlik bilen atyp, garşysyndaky atly ýa pyýada esgerleriň ellerini-aýaklaryny baglap taşlaýarlar».
434-453-nji ýyllarda Ýewropa gelen hunlara zehinli serkerde Attyla baş bolýar, ol gysga wagtyň dowamynda hemmeleri haýrana goýan beýik soltanlygy döredýär. Şeýlelikde, hunlar ähli Merkezi we Gündogar Ýewropany öz ellerine alýar. 442-nji ýylda Attyla goşunlaryny Wizantiýa imperiýasynyň paýtagty Konstantinopolyň alkymyna eltýär. Imperator Feodosiý II şäheri gabap almakdan el çekmegi Attyladan haýyş etdi. Teklibi kabul edilse, her ýylda 2 müň altyn liwr möçberde paç tölemegi wada etdi hem-de Dunaý derýasynyň sag kenaryny Singirundan Naisa çenli Attylanyň tabynlygyna berdi. Ýewropanyň maglumat çeşmeleriniň birinde Attila hakynda şeýle ýazylýar: «Ol halklary sarsdyrmak üçin äleme gelen bir alpdy, ol ähli ýurtlary eýmendirijidi, özi hakynda giňden gürrüň edilýän elhenç zatlar adamlary haýykdyrýardy. Onuň ädimleri merdemsidi, gözleriniň nazary ýyldyrym ýalydy we beden synalarynyň hereketleriniň özi onuň gudrat-kuwwatynyň bimöçberdigini görkezýärdi».
450-nji ýylda Attyla Rim imperiýasyna garşy ýörişe ugrady. Duşmanlaryň leşgerlerine bir mahallar hunlarda ýesirlikde bolan Aesiý baştutanlyk edýärdi. Ol türkmenleriň ata-babalarynyň söweş tärlerini-de, olaryň dilini-de örän oňat bilýärdi. Aesiý Attylany örän oňat tanaýardy hem-de abanýan howpuň nähili uludygyna göz ýetirýärdi. Ol ägirt uly goşunyň başyny jemledi, olaryň arasynda rimliler, gotlar, franklar, armorisianlar, latisianlar, burgundlar, saksonlar, ripariolylar, brionlar we ençeme beýlekiler bardy. Aslynda, Aesiniň goşunynda Ýewropanyň ähli halklarynyň wekilleri bardy.
451-nji ýylda Şampaniýada (Fransiýa) Katalun giňişliklerinde owalda-ahyrda görülmedik bir uly söweş boldy. Ýewropa we Aziýa ýüzbe-ýüz durdy.
Attyla öz esgerlerine şu sözler bilen ýüzlendi: «Şeýle köp sanly taýpalar synandan soň, bütin dünýä tabyn edilenden soň, men siziň öňüňizde durýan wezipäniň nämeden ybaratdygyny aýdyp durmagy peýdasyz hasap edýärin. Eýsem, siziň üçin jeň meýdanynda edermenligiňizi görkezmekden başga adaty zat barmydyr?! Şonuň üçin hemişeki galjaňlyk we çalasynlyk bilen duşmanyň üstünden ineliň, çünki zarbany urýan hemişe edermendir. Şu ýere toplanan dürli dillerde gepleýän taýpalary adam saýmaň – başgalar bilen güýçleriňi birleşdirip goranmak gorkaklygyň alamatydyr. Serediň! Siz entek hüjüme başlaňzok, duşman bolsa eýmenmekden ýaňa özüne ýer tapmaýar. Goý, siziň belent ruhuňyz joşup gaýnasyn, goý, ýürek-kalplaryňyz gahar-gazap bilen möwç alsyn! Ýaraly bolmak maňlaýyna ýazylanlar duşmanynyň ölmegi üçin jan etsin, aman galanlar bolsa – teşneligini duşmanyň gany bilen gandyrsyn».
Hunlar atlaryna gamçy basdylar. Tutuş söweş meýdanynda gana boýalmadyk bir garyş ýer galmady. Goşunlaryň hatarlary garyşdy we ýeňiş surnaýyny kimiň çaljakdygyny hiç kim bilmeýärdi. Elhenç söweş diňe gijäniň aralaşmagy bilen tamamlandy, ynsanyň gyrmyzy gany bulaklar bolup akýardy. Serkerdeler öz goşun böleklerini tükellemek bilen boldy. Gün şöhleleri jahany ýagtylandyranda eýmenç görnüş köpleri haýykdyrdy. Katalun giňişliginde jesetlerden ýaňa aýak basara ýer ýokdy. Gözli şaýatlaryň aýtmagyna görä, dürli halklardan bolan esgerleriň ýüz müňden gowragy şol söweşde baş goýdy. Goşunlaryň ikisiniň-de söweşi dowam etmäge ýagdaý-mejaly ýokdy. Jeň meýdanyndan aman çykan esgerlerini aýamak üçin, leşgerleriň ikisiniň-de serkerdeleri yza çekildi.
Ýöne eýýäm soňky ýylda Attyla goşynlaryna baş bolup, Italiýanyň üstünden indi. Rim imperatory paç tölemäge mejbur boldy. 453-njii ýylda Attyla Ýewropada iň kuwwatly imperatora öwrüldi.
Hunlar Ýewropanyň taýpadyr milletleriniň düzümini dolulygyna üýtgetdi hem-de onuň syýasatyny uzak döwrüň dowamynda kesgitledi. Attylanyň adyny bolsa ýüzlerçe ýyl geçenden soň german esgerleri öz aýdymlarynda wasp edýärdi, onuň gaýrat-kuwwatyny, pähim-parasadyny arşa göterip öwýärdi.
Taryhy makalalar