12:17 Türkmen hukugynyñ taryhyndan | |
TÜRKMEN HUKUGYNYÑ TARYHYNDAN
Hukuk maslahathanasy
Türkmen halkynyñ taryhyndan, geçmişde bolup geçýän wakalardan, şonuñ bilen birlikde kanunçylyk, hukuk bilen baglanyşykly taryhymyzda amal edilen işler hakynda www.kitapcy.ga saýty ünsüñizi çekäýjek käbir gyzykly taryhy maglumatlary okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildi. ■ Geçmişde halk sudlary Ruslaryñ türkmenleri öz raýatyna geçirmezinden ozal bu ülkede ýeke-täk sud işläpdir, olam kazylaryñ sudy. Şol musulman sudunyñam şerigatyñ kanunlaryna arkalanmagy bolsa tebigy zat bolupdyr. Kazylar bolsa diñe Hudaý tarapyn berilmeli diýlen pikir bu halkda agdyklyk edipdir. Şonuñ üçin kazylyga iñ bir ynsaply, iñ bir adalatly, iñ bir tanalýan adamlar saýlanypdyr. Olaryñ durmuş tejribesi bilen bilelikde akyl-düşünjesi, ukyplylygy, başarjañlygy hem göz öñüne tutulypdyr. Kazylar her bir ýeriñ häkimi, aksakgaly, beg-hany tarapyndan saýlanypdyr. Kazynyñ mümkinçiligi, onuñ täsir ediş güýji juda uly bolupdyr. Ol kazy hökmünde hem-ä sud işini - jedelli meseleleri alyp barypdyr, hemem musulman dininiñ kada-kanunlarynyñ ýerine ýetirilişine-de gözegçilik edipdir. Kazyñ üstünden arz etmekçi bolsañ diñe ýokary gatlagyñ adamlaryna, häkimlerine - emirdir hanlara, beglere ýüzlenmeli bolupdyr. Eger-de kazy dogrudanam günäkär hasap edilse, onda sud işini dowam etmeklik başga bir kaza tabşyrylypdyr. Emläk bilen baglanyşykly islendik jedelli meselede kazy öz islän jerimesini salyp bilipdir. Has agramly jenaýatlary amala aşyran günäkärlere bolsa kazy gamçy bilen ýençmekden başlap, jenaýatçylaryñ el-aýagyny çapmak ýaly jezany, hatda ölüm jezasyny hem yglan etmäge hukugy bolupdyr. Ýöne jeza işini amala aşyrmak üçin bolsa kazy hökman ýerli han-begiñ rugsadyny almaly bolupdyr. Musulman şerigatynyñ kanunlary bolsa kaza sud kodeksi hökmünde hyzmat edipdir. Ol kanun bolsa adam gatnaşyklarynyñ ähli ugurlary boýunça kada-düzgünleri özünde jemläpdir. Şerigat kanunlarynda musulman diñe bir Hudaýa, metjide bolan gatnaşyklary kesgitlenilmän, onda her bir musulmanyñ şahsy hem maşgala durmuşy, her bir musulmanyñ oý-pikirleri, onuñ ýerine ýetirmeli däl işleri anyklanylypdyr. Kada-kanun musulmanyñ ruhy dünýäsi bolupdyr. # Graf K.K.Paleniñ "Türküstan ülkesinde halk sudlary" kitabyndan, Sankt-Peterburg-1909 ý. ■ Aýry-aýry meseleleri çözmekde türkmenleriñ hukugy Öñki döwürlerde türkmenlerde eger günäkär kiçi ýaşly çaga bolsa onuñ günäsi ýeñilleşdirilip, oña üýtgeşik bir jeza berilmeýär. Ruhy tarapdan näsag adamlar jenaýat işini amala aşyraýanlarynda-da, olara jeza berilmeýär. Ýa-da amala aşyrylan jenaýat esasynda zyýan az çekilen bolsa, onda ýeñilleşdirilen jeza yglan edilýär. Öz günäsini boýun alyp, eden işine ahmyr edýän jenaýatçynyñam, ilkinji gezek jenaýata baş goşanlaryñam jezasy ýeñilleşdirilýär. Ýöne agyr jenaýata baş goşan adamlara-da jeza bermek meselesinde her hili çemeleşilýär. Eger adam atdanlykda ýa-da garşydaşyndan goranyp öldürse, onda ol ýa-ha jezadan boşadylýar ýa-da oña ýeñilräk jeza berilýär. Seresapsyzlyk bilen kişi emlägine zyýan ýetiren günäkär adam bolsa şol ýetirilen zyýanyñ öwezini dolduran ýagdaýynda aklanylypdyr. Bardy-geldi jemgyýetde ýa-da maşgalada uly abraýa eýe bolýan, hormatlanýan adam jenaýat işini amala aşyraýsa, onda olar ýaly adamlaryñ hem jezasy ýeñilleşdirilýär. Eger-de ýokary gatlakdaky adamlar (hanlar, begler we ş.m.) hatda agyr günä etselerem, olaryñ jezasy ýeñilleşdirilýär. Ogurlyk, talañ mahaly ýa-da zorluga sezewar etmeklige synanyşylan wagty günäkärlere garşy güýç ulanyp, olary öldüren ýagdaýynda jenaýt eden adam jezadan boşadylýar. Eger-de adamyñ janyna kast edilse, şahsyýetiniñ, maşgalanyñ namysyna degilse, ýokary gatlakdaky adamlara garşy güýç ulanylsa, onda şeýle jenaýat agyr jenaýat hasap edilýär. Şeýle jenaýaty amala aşyrýan günäkärleriñem jezasy agyr bolýar. Şeýle agyr jenaýatlaryñ hataryna çagalaryñ öz ata-enelerine garşy amala aşyrýan jenaýatlaryny hem goşmak bolar. Öz ýanýoldaşyna garşy jenaýat eden aýala hem agyr jeza çäresi amala aşyrylýar. Eger-de jenaýat ikilenç ýa-da birnäçe gezek gaýtalansa, jenaýat toparlanşyk esasynda, özem birbada birnäçe jenaýatlar amala aşyrylsa, şol jenaýat işlerem her bir obanyñ, galanyñ, mülküñ abraýyna zyýan ýetirýän bolsa, onda şeýle jenaýata baş goşan adamlara garşy iñ agyr jeza çäreleri amala aşyrylýar. # "Türkmenleriñ adaty jenaýat hukuklary" kitabyndan, "Ylym" neşirýaty, Aşgabat-1986 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |