GIRIŞ
Adamzat taryhynyň dowamynda türkmen topragy müňlerçe ýyllap köp gezek gandöküşikli jeňleriň meýdanyna öwrüldi, gazaply uruşlary başyndan geçirdi. Her hili saýrywan basybalyjylar türkmen halkynyň başynyň täjine deňeýän mukaddes ene topragynda hökmürowanlyk islediler: ynsan yhlasy we zehini bilen döredilen ençeme kämiliýetler weýrana geldi, beýik soltanlyklar syndy, kaşaň köşgi-eýwanly şähristanlar haraba öwrüldi. Emma jeň-dawalaryň ýalynly tupany biziň halkymyzyň Taňry tarapyndan berlen edermenligini, her bir işe gaýduwsyz erjellik bilen çemeleşmek ukybyny, duşmana gazaply daramak, ejizlere, ýetim-ýesirlere hemaýat bermek ýaly asylly häsiýetlerini ýok edip bilmedi. Asly nurdan, Pygamber neslinden bolan halkymyzy Zeminiň ýüzünden ýok edip bilmedi. Söweşleriň hupbat-kynçylyklaryndan geçen, ganyma garşy ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ählisi erkek-aýal diýmän böri kimin topulan türkmenler gylyç-naýza syrmakda, leşger çekmek we söweş guramak sungatynda, esgerligiň tilsim-tärlerini ezberlemekden ussatlyk derejesine ýetip, çyn söweşijiler bolup ýetişdi. Olaryň bir bölegi gününiň gowy geçen menzil-mekanyny gözläp, joşa gelende çarpaýa galýan we ýer peşeýän bedewleriniň başyny Aziýanyň we Ýewropanyň alys ýutlaryna tarap öwürdi. Türkmenler harby ýörişlere, köplenç, töwerekdäki gylyjyny çeýnäp duran ganojaklaryň olary asuda ýaşap, zähmetiniň hözirini görmekden, parahat we sapaly ýaşaýyşdan el çekmäge mejbur edýändigi üçin ugraýardy.
Görübilmezlik, duşmançylyk kerebi kalplaryny we aňyny baglan, aga ak – gara gara diýmäge parasady ýetmeýänleriň käbiri biziň ata-babalarymyzy uruş-jeň üçin bahana tapsa, gözleri açylýan, gylyçlaryndan hemişe bigünä ejizleriň gany damyp duran basybalyjylar hökmünde suratlandyrýar. Ýöne, näme üçindir, olar şu zatlary unudýarlar: gadymy döwürde Rimiň, Makedoniýanyň, Wizantiýanyň; orta asyrlarda Hytaýyň, Fransiýanyň, Angliýanyň, Portugaliýanyň, Ispaniýanyň; täze eýýamda bolsa Russiýa imperiýasynyň basybalyjylykly ýörüşleri, faşistik Germaniýanyň we Italiýanyň iki Jahan urşuny tutaşdyranlygy, şeýle hem ABŞ-niň hiç hili harby zerurlygyň ýokdugyna garamazdan, diňe täze elhenç ýaragyny synamak üçin ýapon şäherleriniň üstünden atom bombalaryny indermegi netijesinde bolan gyrgynçylyklar bilen deňeşdireňde, hatda älemi sarsdyran Çingiz hanyň wagşy kellekeserleriniň rehimsizliginiň-de ýüze sylaýmaly ýowuzlykdygyny unudýarlar.
Ýok! Ýewropaly käbir alymsumaklar biziň ata-babalarymyza şyltak atmak, gara sürtjek bolup, näçe arrygyny gynasa-da, şöhraty Zemini gurşan, baran ýurtlarynda dürli dine uýýan we dürli mezheplerden bolan ilat tarapyndan halasgärler hökmünde garşylanýan merdana we adalatly, parasatly we pähimdar ata-babalarymyz bolan türkmenler hiç haçan bigünä adama gylyç galdyrýan, oba-kentlere bisebäp zeper ýetirýän, ynsan elleri bilen döredilen gülzarlyklary haraba öwürýän wagşy orda bolan däldir!
Munuň anyk we äşgär, hiç haçan iňkär edilip bilinmejek we ynsan taryhynyň ähli zamanalaryna degişli delilleri sanardan köpdür. Dünýä kämiliýetiniň gözbaşlary bolan Altyndepe, Marguş, Änew ýaly örän gadymy şähristanlyklar türkmen topragynda döredilendir! Iň adalatly we halal adamlar hökmünde adygan ariler, skifler, parlar, gunlar we oguzlar türkmenleriň şöhratly ata-babalarydyr! Haramylar tarapyndan harlanan yslamyň mukaddes tuguny belende göterip, musulman älemini halas eden we birleşdiren, uly-uly leşgerlere gaýtawul bermäge ukyply edermen goşunlary döreden Türkmen agadyr! Dürli mezheplerden bolan musulmanlaryň arasyndaky oňşuksyzlyklar, ara bozarlaryň meçew bermegi bilen döreýän jeň-dawalar sebäpli tas gana gark bolan Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ilatynyň umyt we uly söýünç bilen garşylan esgerleri Seljuk Türkmenleridir! Parahat ilaty talamagy sebäpli Rim Papasy we Ýewropanyň hökümdarlary tarapyndan öz ýurtlaryndan kowlan, hamala isaýylaryň mukaddesliklerini halas etmegiň hatyrasyna «mukaddes urşa» iberilen haçlylaryň süteminden prawoslaw grek buthanasyny halas edenler hem türkmenlerdir! Ermenistanly isaýylary ähli salgytlardan boşandygy hem-de ermenileriň apostol buthanasynyň galkynmagyna hemaýat berip, şert döredendigi üçin olaryň alkyş-dogalaryny alanlar hem biziň ata-balalarymyz – türkmen häkimleridir! Dini, däp-dessurlary depelelen, sapaly obadyr şäherleri gözlere ýaş aýladýan derejede weýran edilen halklaryň Aleksandr Makedonskiniň kemsiz tälim gören leşgerine garşy azat edijilik göreşine mertlerçe baş bolan, harby sungatyna ezberländigini ýene bir gezek görkezenler hem edermen türkmenlerder! Mongollary 1221-nji ýylda Nusaýyň eteginde söweş meýdanynda ilkinji bolup ýeňen we Türkmenistanda, Eýranda, Owganystanda we Hindistanda wagşy ganymlara garşy güýçli halk hereketini galkyndyran, gazaply söweşlere baş bolup, mongol goşunlarynyň ýeňilmezligi hakyndaky toslama gürrüňleriň towşan ýüreklileriň tapan sözleridigini äşgär subut eden Jelaleddin Türkmendir!
Dünýäde iň naýbaşy halylary dokan we dokaýan, dünýäde deňi-taýy bolmadyk şaý-sepleri ýasaýan hem-de «asman bedewleri» diýlip Zeminiň köp künjeklerinde meşhur bolan atlaryň taýsyz tohumyny äleme peşgeş beren hem biziň ata-babalarymyz – türkmenlerdir! Häzirki tebigaty öwreniş we aňyýet ylymlarynyň köp sanly binýatlyk ýörelgeleriniň düýbüni mongollaryň gelmeginden köp öň tutan alymlaryň dünýäde iň güýçli mekdepleriniň mesgeni bolan ülke Türkmenistandyr! Soltan Sanjar mawzoleýini, Änew metjidini, Törebeg hanymyň kümmetini, Il Arslanyň we Tekeşiň mawzoleýlerini we köp beýleki kämil ymaratlary, şäherleri, synmaz galalary we kaşaň tagty-eýwanlary guran, Günbataryň binagärlik ylmyndan ýüzlerçe ýyl ozduran biziň ýiti zehinli ata-babalarymyzdyr! Ilkinji slawýan namalary-da türkmenleriň runiki elipbiýi ulanylyp ýazylandyr! Oguz türkmenleriň jeňe ussat esgerleri öz wagtynda Kiýew Rusy üçin kükregini gerendir! Galyberse-de, Birinji Jahan urşunyň barşynda söweşlere gatnaşan we Russiýanyň ak patyşasy üçin gylyç syran, gahrymançylygy we merdanalygy, harby ezberligi we ussatlygy, düşbüligi we wepadarlygy rus serkerdeleriniň ýazan goşgularynda wasp edilenler hem türkmenlerdir!
Türkmenler hiç haçan sürrenekleşip ýören wagşylar bolan däldir! Her bir halkyň taryhynda rowaçly zamanalar we kalplary gam-gussa, lapykeçlik, göwnüçökgünlik baglaýan döwürler bolýar, bu tebigy zat. Türkmen halky hem bulary başyndan geçirmeli boldy. Belentlikden ýykylmak has yzaly bolýar diýýärler. Bu, dogrudan-da, şeýle. Soňky birnäçe asyr biziň halkymyz üçin kynçylykly döwür boldy. Ýöne Türkmen aga kem-kemden özüni dürseýär, şöhratly ata-babalaryny ýatlap, galkynýar we şunda öz geçmişini, taryhyny dogruçyl öwrenmegi we bilmegi oňa medet berýär, onuň kalbyny göterýär, gözleriniň nuruny ýiteldýär, goluna-biline kuwwat berýär, sebäbi öz ata-babalarynyň geçen şöhratly ýoluny bilmeýän, taryhyny, ady äleme dolan eždatlarynyň gahrymançylygy we edermenligi hakynda habary bolmadyk, olaryň taýsyz merdanalygyna we senetkärlik, binagärlik bolsun ýa-da jeň meýdanynda özüni görkezmekde ussatlygyna buýsanmaýan halkyň berkarar döwleti, eşretli Diýary bolmaýar. Biz ariler, hetler, skifler, massagetler, saklar, dahlar, parflar, alanlar, sarmatlar, gunlar, gypjaklar, türkler, oguzlar, hazarlar, kirmanlar ýaly we beýleki köp dürli atlar bilen dünýäde özüni tanadan ata-babalarymyzyň ruhunyň belent bolandygyny, ylymda, sungatda, gözel ymaratlary we ägirt desgalary gurmakda we harby ussatlykda älemi haýran edendigini hiç haçan unutmaly däldiris!
Mundan bäş müň ýyl öň bolşy ýaly, türkmenler häzir hem öz Watanynyň namysjaň we gaýduwsyz esgeridir. Ýöne biziň alplarymyzyň ýaragy çozmak üçin däl-de, öz zehinli we zähmetsöýer halkynyň asuda durmuşyny, ene topragyny goramak üçin niýetlenilendir.
Keýmir peýkamlaryň şuwwuldysy, polat gylyçlaryň şarkyldysy taryhyň genji-hazynasynyň bezegi bolubersin. Bize jeň meýdanyndaky söweşler gerek däl, emma biz sahabatly Diýarymyzy goramaga, gerek bolsa, şirin janymyzy onuň üçin gurban etmäge mydama taýýar bolmalydyrys!
Türkmenler hemişe parahat zähmet çekip, asudalykda onuň hözirini görmegi isläpdi, häzir hem şony arzuwlaýar. Söweşlerde görkezen gahrymançylygy bilen adyny şöhrata beslän halk indi uruş islemeýär, onuň Esasy Kanunynda (Konstitusiýasynda) şeýle ýazyldy: Türkmenistan dünýä birleşiginiň doly hukukly döwleti bolup, halkara hukugynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen kadalaryny ileri tutýar, daşary syýasatda hemişelik oňyn bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk we harby birleşiklere we birleşmelere gatnaşmazlyk, sebitiň ýurtlary we ähli dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam bermek ýörelgelerine daýanýar.
Hakykatdan-da, dürs ýol – halal ýörelge – şudur! Ähli bolup geçen öýke-kineleri unudyp, goňşusyna gylyjyň destini gysymlaýan elini däl-de, kalby ýaly açyk we göwni ýaly arassa elini uzatmagy diňe müňlerçe ýyllyk şöhratly taryhy bolan we çuňňur pähim-parasatly halk başaryp biler.
Türkmenleriň harby sungaty ösdürmeginiň taryhy türkmen halkynyň bakyýetdäki ömür ýolunyň taryhynyň möhüm bölegidir we döwletimiziň raýatlarynyň parahat zähmetini goraýan esgerler-de, maşgala ojagynyň döwletli bolmagyny arzuwlaýan her bir türkmen-de ony oňat bilmelidir.
▶ TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY
WE ONUŇ TARYHY GÖZBAŞLARY
Türkmen topragynyň üstünde näçe urşuň bolandygyny hiç bir taryhçy takyklap bilmez, anyk bir zady welin, biziň her birimiz bilýäris. Bu topragyň her daban ýeri biziň merdana ata-babalarymyzyň gany bilen, enelerimiziň gözýaşy bilen eýlenendir. Bu topragyň her bir gysymyna ata-babalarymyzyň eliniň ýylysy siňendir. Bu topragyň her ädiminde ata-babalarymyzyň yhlasy, söýgüsi ýatandyr. Müňlerçe şahyrlar bu topragyň waspyny edip geçendir. Heý, onsoň bu toprak keramatly bolmazmy?
Bitaraplyk – sabyr-takady hiç haçan elden bermeýän türkmenleriň päk kalbynyň, ynsanperwer aň-düşünjesiniň miwesidir. Keseden gelenleriň olary ýarag alyp, ata çykmaga mejbur edendigine garamazdan, biziň ata-babalarymyz goňşy ýurtlar, ähli halklar bilen parahat ýaşamagy hemişe arzuwlaýar.
Biziň Türkmenistan döwletimiziň topraklary Hindistan we Ýakyn Gündogar bilen bir hatarda dünýäde ilkinji döwletleriň döräp kämilleşen sebitleri hasaplanýar. Taryhy çeşmeler häzirki Türkmenistanyň çäklerinde miladydan öňki III-II müňýyllyklarda turlaryň we arylaryň iki sany örän uly döwleti gurandygyny beýan edýär. Şol iki kuwwatly birleşme öň sähralyklarda we derýaly ýaýlalarda biri-birinden üzňe ýaşan il-halklary özünde jemläpdir. Turanlar Aziýanyň we Ýewropanyň ähli künjeklerinde özlerini skifler, massagetler, saklar, dahlar, sarmatlar, alanlar ýaly atlar bilen tanadypdyr.
Şol wagtdan başlap, türkmenleriň ata-babalary her döwürde köp dürli halklary birleşdirýän beýik döwletleri gurupdyr. Eýsem, türkmenler öz hökmürowanlygyndaky şol ýerlere nähili häkimlik edipdir? Eger biz hyýalymyzda birnäçe müň ýyl alysda galan wakalara siňe ser salsak, döwletiň daşary syýasatynyň binýady bolan hemişelik bitaraplygyň gözbaşlarynyň türkmen halkynyň hakyky milli däp-dessurlarynyň jümmüşindedigini, ata-babalarymyzyň ynsanperwerligi, hoşniýetli goňşuçylygy, myhmansöýerligi we parahatçylygy bilen ömürbaky tapawutlanmagyndadygyny göreris.
Türkmenler beýleki, ilkinji nobatda bolsa goňşy ýurtlar bilen özara gatnaşyklaryň iki tarap üçin-de bähbitli bolmagyna hemişe uly ähmiýet berýärdi we berýär. Biziň ata-babalarymyz gaýry ýurtlaryň ilçilerini hiç haçan kemsiden, olaryň mertebesine şek ýetiren däldir. Iki döwletiň arasynda baglaşylan şertnamalary birkemsiz berjaý edendir. Bu däbiň gözbaşlary gojaman gadymyýetde başlanýar. Baryp arylar we turlar zerduşdylar dinine uýmak bilen, hem çopan-çolugyň hemaýatkäri, hem ähti-şertnamalaryň piri bolan Mitra diýen ylaha ybadat edipdir. Zerduşdylaryň mukaddes kitaby «Awestada», «Mitranyň tarypnamasynda»:
«Ata bilen ogluň arasyndaky şertnama
Ýüz esse mukaddesdir,
Iki ýurduň arasyndaky şertnama
Müň esse mukaddesdir» diýlip, öwüt-ündew edilýär.
Şol döwürden üç müň ýyla golaý wagt geçenden soň jahanşynas W.A.Tugan-Mirza-Baranowskiý her bir türkmeniň «...söz berse, ony hiç haçan, hatda öz janyna we azatlygyna wehim salynsa-da bozmaýandygy» barada geň galyp we gözügidijilik bilen ýazdy.
Türkmenler sypaýylygyny, myhmansöýerlik däbini ähli döwür-zamanalarda saklapdyr. Myhman – Ýaradanyň iberen adamy diýlip hasap edilýärdi. Şonuň üçin biziň ilde dil biten çagadan başlap, bakyýet ýoluna taýýarlanýan gojalara çenli hemmeler «Myhman ataňdan uly» diýen nakyly bilýär we oňa eýerýär.
Biziň ata-babalarymyz öz döreden döwletleriniň çäklerinde ýaşaýan gaýry halklary, dini başga adamlary hiç haçan gyrakladan, kemsiden däldir. Tersine, türkmenleriň anyk ýörelge edinýän parahatçylyk söýüji syýasaty, adalatlylygy, ynsanperwerligi olara orta asyrlarda Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň we Demirgazyk Afrikanyň ähli künjeklerinde 70-den-de köp ululy-kiçili döwletleri, şol sanda beýik soltanlyklary gurmaga kömek etdi.
Şeýle täsin ahwalatyň syrly täri nämede? Ilkinji nobatda, ol türkmenleriň gylyk-häsiýetinde, olaryň ýasawynda, kalbynyň perdeleriniň näzik sazlaşygyndadyr. Türkmenler hiç haçan gaýry milletden we başga dinden bolan adamlaryň göwnüne degen, mertebesine zeper ýetiren däldir. Mysal üçin, ermeni halkynyň wekilleri Garagoýunly türkmenleriň döwletiniň häkimleriniň ermenileriň din-ybadatlaryny berjaý etmekde, buthana edim-gylymlaryny öňki ýaly amal etmekde olara kömek berendigi, öz raýatlary bolan ermenilere, gürjülere we beýleki milletlere arka çykandygy hakynda minnetdarlyk bilen ýazýar.
XII asyrda ýaşan şamly Mihail türkmen soltanlarynyň Kiçi Aziýada öz raýatlaryna musaýylyk, isaýylyk bolsun ýa otparazlyk – ata-baba uýýan dinini saklamaga, ybadat-dessurlaryny berjaý etmäge rugsat berendigi hakynda ýazýar. Rum soltanlygynyň seljuk türkmenlerden bolan häkimi Gylyç Arslan II-iniň (1188-nji ýylda aradan çykan) ýakowitleriň kethudasyna iberen haty saklanyp galypdyr, onuň ilkinji setirleri: «Kappadokiýanyň, Siriýanyň, Ermenistanyň beýik soltany Gylyç Arslan – biziň soltanlygymyzyň dosty bolan, ýeňişleriň bize hemra bolmagy barada doga edýän, Bar-Saumy ybadat öýünde mesgen tutan we biziň soltanlygymyzyň şan-şöhratyna guwanýan kethuda ynsana» diýen sözler bilen başlanýar. Gylyç Arslanyň isaýylaryň öz döwletinde ýerleşen ähli ybadat öýlerini salgytlardan boşadandygyny bellemek gerek.
Biziň ata-babalarymyz dünýäde tanalyp başlanan ilkinji günlerinden şol döwrüň ähli ynsanlary türkmenlerde jemagatynyň adalatly gurlandygyna haýran galypdyr. Ýunanly we rimli taryhçylar olaryň rehimdarlygy, ogry-kezzaplary ýigrenendigi hakynda ýazýar, olaryň ata-enä sarpa goýýandygyny we aýal-gyzlarynyň edep-ekramlylygyny wasp edýär. Miladynyň başynda rim taryhçysy Pompeý Trog skifler hakynda şeýle ýazýar: «Adalatlylyk diýen düşünje olara (türkmenlere) kanunlar bilen öwredilmän, eýsem olaryň aňyýetiniň miwesidir. Kişiň zadyna el gatmak olarda iň agyr günä hasaplanýar... Eý-ho, eger beýleki döwletlerde-de hem kişiniň maly babatda şunuň ýaly durnuklylyk we halallyk bolsady, elbetde, ähli asyrlarda we ähli ülkelerde munça jeň-dawalar bolmazdy».
Bu setirler türkmenleriň ata-babalaryna – turlara – skiflere bagyşlanypdyr, ýöne iki müň ýyl geçenden soň häzirki türkmenleriň aň-düşünjesinde şol asylly gylyk-häsiýetleriň, üýtgeşik aýratynlyklaryň saklanyp galandygy, gör, nähili täsin!
Dünýäde bolan şu ajaýyp ähmiýetli wakanyň – Türkmenistanyň baky bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň bir özi türkmenleriň öz ata-babalarynyň bolşy ýaly, başga birine degişli bolan ähli zatlara el gatmandygyny we el gatmaýandygyny, özüniňki bolmadyk hiç bir zady hiç haçan aljak bolmandygyny äşgär görkezýär.
Islendik daşary ýurtly täjir ýa-da jahankeşde türkmenleriň soraýan ýerlerinden öz janyna ýa emlägine howpuň abanmagyndan howatyr etmän arkaýyn geçip bilýärdi. Ekinleriň hasyly ýuka bolan ýyllarda ilata azyk we un mugt berilýärdi, sadaka paýlamak üçin ýüzlerçe müň dowar öldürilýärdi. Pars taryhçysy al-Hüseýni seljuk türkmenleriniň beýik soltanlygynyň ikinji hökümdary bolan Alp Arslan (1063-1072) hakynda şeýle ýazýar: «Soltan Alp Arslan döwleti dolandyrmakda özbaşdak bolup, tagta çykanda raýatlaryny adalat ganatlary bilen penalady we olara rehimdarlyk hem-de sahawat görkezdi. Ol raýatlaryny esasy salgydy ýylda iki gezek tölemekden boşatdy».
Alp Arslanyň ogly Mälikşa hem ynsanperwer türkmen ata-babalarymyzyň däplerini dowam etdi. Ol gallaçy babadaýhanlary elinden geldiginden höweslendirdi, olara däne we azaldyr-künde kömegini berdi; musulman däl ilaty ýanamagy gadagan etdi, isaýylaryň ruhanylaryna salnan agyr paçlary ýatyrdy. XIII asyrda ýaşan şamly taryhçy Kamal ad-Din Mälikşanyň öz raýatlaryndan bir dirhemi-de zorluk bilen almandygy, welaýatlaryň häkimleri edip bolsa akylly we adalatly adamlary belländigi hakynda ýazdy. Pars, şam, arap, horasan taryhçylary Mälikşanyň Gündogaryň iň adalatly hökümdary bolandygyny belleýär. Orta asyrlarda ýaşan ermeni taryhçysy Kirakos Gandzakesi bolsa ol barada şeýle ýazýar: «Ol ýer ýüzüni örän gysga möhletde uruş we zorluk bilen däl-de, has dogrusy, mähremlik we mylakatlylyk bilen özüne tabyn etdi».
Şunuň ýaly maglumatlar biziň üçin aýratyn gymmatlydyr, sebäbi ata-babalarymyz hakyndaky şeýle sözleri dürli halklaryň wekilleri ýazypdyr. Mysal üçin, XII asyrda ýaşan arap jahankeşdesi al-Idrisi şeýle ýazýar: «Olaryň (türkmenleriň) han-begleri uruşgan, ätiýaçly, tutanýerli, adalatly we köp beýleki ajaýyp sypatlary bilen tapawutlanýar».
Ýüzlerçe ýylyň geçmegi bilen hiç zat üýtgemedi. Türkmenler XX asyryň başynda hem öz ata-babalarynyňky ýaly sypatlary özünde jemleýär. Brokgauzyň we Ýefronyň 1902-nji ýyldaky ensiklopedik sözlüginde (34-nji jilt) türkmenler hakynda şeýle aýdylýar: «Türkmenleriň häsiýetiniň agdyklyk edýän aýratynlygy hoşniýetlilik, ýumşaklyk, özüni gurban etmekden gaýtmajak derejede myhmansöýerlik, hatda duşman barada bolsa-da, dogry sözlülik, halallyk, hyruçlylyk, şeýle hem bulary bezeýän gaýduwsyz batyrlyk, edermenlik, gerek bolanda özüňi goramagy başarmak».
Biziň hemmämiz öň bir döwletde emeli birleşdirilen käbir respublikalarda SSSR darganyndan soň agzalalygyň, oňşuksyzlygyň, barlyşyksyzlygyň we ýasama sebäplere esaslanýan dawalaryň, hatda uruş apatynyň möwç alandygyny bilýäris. Şol döwürde ilatyň meselelerini çözmegiň, ykdysadyýeti özgertmegiň, jemgyýetçilik durmuşynda sazlaşygy saklamagyň ýol-ýörelgelerini bilmeýän, aňsat çözgütleri gözleýän käbir syýasatçylar öz ýurtlarynyň ilatynyň arasynda milletçilik, goňşysynyň gününi görübilmezlik, adamlaryň bir toparynyň başyna inen müşgillikleriň sebäplerini başgalardan görmek, meseleleri dawalar, hatda söweş hereketlerini öjükdirmek arkaly çözmek, uruş tutaşdyrmak duýgularyny güýçlendirmäge ýüz urdy. Biz ata-babalarymyzyň ýedi ölçäp, bir kesmek edebine eýerdik.
Parahatçylyk we döredijilik ýoluna düşüp, durmuşyň kynçylyklaryny, jemgyýetde döreýän meseleleri eždatlarymyza mahsus bolşy ýaly, geňeşip-maslahatlaşyp, adamlara artykmaç hupbatlary döretmeýän parasatly ýörelgeleri ulandyk. Bu ýol – ata-babalarymyzyň hemişe ulanan we neberelerine ündeýän ýoludy, olaryň geçen asyrlaryň dowamyndaky dürli çylşyrymly wakalar mahalynda toplan, bahasyna ýetip bolmajak ägirt uly we baý, il-halaýyk üçin örän peýdaly tejribesiniň miwesidir.
Döwleti dolandyrýanlar dürli milletlerden bolan adamlaryň biri-birine sarpa goýmagyny, goňşusynyň şatlygyna begenip, gam-gussasyny paýlaşmagyny, özara sylaşygy esasy ýörelge edinmegini gazanmagyň aýry milletlerden bolan ynsanlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň medeniýetini ösdürýär, jemgyýetde oňşuklylygy saklaýar, döwletiň berkarar bolmagyny üpjün edýär. Şu günki türkmenler öz ata-babalary ýaly, milletara gatnaşyklary ösdürip, olary kämilleşdirip, derejesini ýokarlandyrmagy başardy. Öz halkynyň dini ybadatlaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmak bilen, olar beýleki halklaryň diline, däplerine hem sarpa goýýar we milletparazlaryň hem-de milletçileriň howalaly gopbamlyk we diňe özüňi bilmek ýaly zyýanly nogsanlyklaryny ýazgarmaga hemişe taýýardyr.
Biziň ata-babalarymyzyň elmydama gapylary açyk bolupdyr. Olar gulp diýen zadyň nämedigini hem bilmändirler. Ogurlyk, kesekiniň zadyna el uzatmak diýen zat biziň halkymyzyň arasynda bolmandyr. Eger-de obada ogry bar bolsa, bütin oba ondan ýüz öwrüpdir, onuň bilen hiç kim salamlaşmandyr, hiç kim ony myhmançylyga çagyrmandyr. Türkmen üçin şundan elhenç jeza bolmandyr. Iliň üýşen ýerlerinde wejera edipdirler. Ogrynyň elini kesmek usuly hem ulanylypdyr. Ogryny oba näletläp obadan çykaryp kowupdyr. Soň ony hiç bir oba kabul etmändir. Adam özüni ýalňyz duýan wagtynda, ol düzelip başlaýar, adamlaryň özi hakdaky pikirini üýtgetmäge çalyşýar. Munuň özi biziň milli özboluşlylygymyzdyr, munuň özi biziň täsin ruhy terbiýämizdir, bu biziň taryhymyzdyr – türkmençiligimizdir.
Türkmençilikde kyýamatlyk dogan okaşylsa, süýtdeşden aýry görülmeýär. Görogly bilen Agaýunus Öwezi kyýamatlyk ogul edip alýarlar.
Türkmenler myhmana uly hormat goýupdyr. Hatda duşmany öýüne myhman bolup gelse-de, onuň hununy geçipdir. Ýa-da myhman bir etmişli bolup gelse, öý eýesi ony yzyndan öç almaga gelenleriň eline bermändir. Ata-babalarymyz myhman garşylamagy häsiýetine siňdiripdir. Her gün nahar bişirende «myhman paýyny» goşup bişiripdir.
Ilimiz gadymdan bäri «Myhman ataňdan uly» diýen paýhasa eýerip gelýär.
Ata-babalarymyz adamlaryň agzybir gatnaşykda bolmagy üçin köp tagallalar ulanýan eken. Eger bir säw bilen ara tow düşen bolsa, sylanýan ýaşulular bilen töwellaçy barylýar. Töwellaçynyň töwellasy alynmasa, türkmençilikde erbet görülýär.
Bir ýere gitjek bolnanda, bir işiň başy tutuljak bolnanda, kesp-hünär öwrenip, işe başlajak bolnanda, halypadan, ýaşuludan ak pata alynýar. Görogly Harmandäliniň ýanyna gitjek bolanda Agaýunus: «Şähri-Bossanda Aşyk Aýdyň pir bardyr! Şonuň hyzmatyna baryp, bir aý, kyrk gün hyzmatynda bolgun, haýyr-patasyny alyp, onsoň barsaň, abraý taparsyň» diýýär.
Biziň ata-babalarymyz köp işleriň başyny geňeş bilen tutupdyr. Şol geňeşlerde ýa bir adamyň ýa-da tutuş iliň ykbaly çözülipdir. Geňeşe, esasan, iliň ýaşululary, han-begleri ýolbaşçylyk edipdir. Olar meseläni orta atyp, iliň pikirini jemläpdir. Kä halat geňeşilýän mesele hakynda iki pikir ýüze çyksa, haýsy tarapyň sesi köplük bolsa, şolaryň gepi sana geçipdir.
Biziň halkymyzyň öz-özüni dolandyryş düzgüninde geňeş, maslahat esasy orny tutýar. Bu soňky ýüz ýyllyklaryň döreden däbi däldir. Maslahat geçirmek, il-halk bilen geňeş edip, mesele çözmek Oguz han atamyzdan gözbaş alýar.
Türkmenistany Russiýanyň basyp almazyndan öňki türkmençilik zamanynda syýasy ýagdaýlaryň çylşyrymly bolmagy zerarly, umumy taýpa maslahatlary ýygy-ýygydan geçirilipdir. Şonda ilatyň ähli agzalaryna degişli möhüm harby-hojalyk meseleleri, uruş yglan etmek, ylalaşyk gazanmak, şertnama baglaşmak, täze ýere-ýurda göçmek, suwaryş desgalaryny, ýaplary gazmak, arassalamak, bent gurmak we olara gözegçilik etmek, ilaty, ekinleri, mallary duşmandan goramak, gala salmak, ýeri-suwy tireler arasynda paýlamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylypdyr hem-de belli karara gelnipdir.
XIX asyrda türkmen taýpalarynyň oturymly ýerleri belli bir derejede kadalaşýar. Özara oňşuksyzlyklar azalýar we merkezleşen döwlet döretmäge meýiller döräp başlaýar. Esasan hem Bäherden, Bamy, Gökdepe, Sarahs etraplarynda teke türkmenleriniň agalygynyň we agzybirliginiň güýçlenip başlamagy goňşy döwletleriň patyşalaryny ynjalykdan gaçyrýar.
XIX asyryň ortalarynda Eýran bilen Hywanyň arasynda türkmen topragy ugrundaky göreş has-da ýitileşýär.
1855-nji ýylda Sarahs söweşinde, 1857-1858-nji ýyllarda bolup geçen Garrygala söweşinde, 1861-nji ýylda Mary söweşinde daşarky güýçleriň derbi-dagyn edilmegi türkmen tire-taýpalarynyň agzybirliginiň netijesidi. Bu söweşlerde teke, ýomut, gökleň, salyr we beýleki tireler birleşip, ýow gaýtardylar.
Bu zatlara garamazdan, Lebap türkmenleri Buharanyň golastyndady.
Eýsem, türkmen bäş müň ýyllyk taryhda segsenden gowrak döwleti nähili gurupdyr? Olary nähili saklapdyr? Sekiz asyrlyk döwletsizlik döwründe ýurduny nähili gorapdyr?
Elbetde, munuň aslynda türkmeniň gahrymançylykly ruhy – halkymyzyň edermenlik, mertlik ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleriniň jemi ýatandyr. Türkmenler özüniň söweşjeňlik sypatlarynyň aýdyň mysallary bilen taryha giren halk. Döwletiň wezipesini türkmençilik hem adat tutupdyr we halky agzybirlikde dolandyrypdyr.
Ata-babalarymyz türkmen halkyny elmydama azatlykda, garaşsyzlykda, bagtly durmuşda görmegiň arzuwy bilen ýaşapdyrlar. Şol arzyly döwre ýetýänçä, halkymyz uzak taryhy döwürlerde ençeme ganly söweşleri başdan geçirmeli bolupdyr. Ata Watan üçin, onuň garaşsyzlygy üçin ýüz müňlerçe adam janlaryny gurban edipdi. Türkmen halkynyň üstüne ýaman niýet bilen gelen duşmanlaryň hijisi-de halkymyzyň ýüzüni ýere salyp bilmändi. Çünki, türkmen Watan üçin mert durup, janyny orta goýmagy başarypdy. Ata-babalarymyzda biziň şu günki neslimize görüm-görelde bolup biljek beýik ygrarlylyk, Watana buýsanç, çäksiz söýgi bardy. Watana bolan beýik buýsanjy we söýgini bolsa hiç bir güýç basyp bilmez...
Geçmişde biziň halkymyzyň gylyç oýnadyp, jyza parladyp, duşman bilen gaýduwsyz söweş gurmagy başaran är ýigitleriniň bolandygyny biz taryhdan gowy bilýäris. Şolar bilen bir hatarda goşunbaşy hökmünde harby ussatlyk görkezip, türkmen halkynyň taryhynda at galdyryp, oňa şanly sahypalar ýazan, bütin dünýä diýen ýaly owazasy dolan Oguz han, Frat, Süren serdar, Ärsak şa, Bumyn han, Atylla, Mahmyt Gaznaly, Alp Arslan, Çagry beg, Togrul beg, Jelaleddin Meňburny, Ärtogrul Gazy, Aba serdar, Gowşut han, Soltannyýaz beg ýaly serkerdelerimiziň hem bolandygy buýsançly ýagdaýdyr.
Bizde guwanara milli gahrymanlarymyz kän. Çünki, biziň halkymyz üçin harby sungat ýat däl. Her bir ýüňi ýeten ýigidi esger hasaplap, aty mydama eýerlengi, duly ýaragly taýýar duran halk öz harby sungatyny arkaba-arka ýaş nesle öwredip geldi.
Harby sungatymyzyň gözbaşy türkmenleriň nesilbaşysy, müňlerçe ýyllyk taryhy bolan Oguz han döwründen ugrugyp gaýdýar.
Biziň ady rowaýatlara öwrülen atamyz beýik Oguz han döwletiň güýjüniň we halkyň abadançylygynyň ilkinji nobatda döwletiň içinde tertibiň berjaý edilmegine baglydygyny, her bir adamyň – begzadanyň hem, garamaýagyň hem öz borç-ygtyýarlaryny takyk ýerine ýetirmelidigini aýdypdy.
Ýurdy gorap saklamagyň goşuna hem-de şol goşunda harby sungatyň düzgünleriniň berk ýerine ýetirilmegine baglydygyny-da Oguz han wesýet edipdir. Özi-de muny durmuşda subut edipdir.
Oguz hanyň goşun düzümi ýedi görnüşden ybarat bolupdyr. Bularyň her haýsynyň ýörişde ýa-da söweşde özüniň ýerine ýetirýän wezipesi bolup, hemmesi bilelikde uly bir güýji emele getiripdir.
Oguz handan soňky gurlan türkmen döwletlerinde-de, soňky sekiz asyrlyk özbaşdak döwletsizlik döwründe-de mydama türkmenleriň harby syýasatynyň özeni ýurduň, iliň-günüň bitewüligini üpjün etmekden ybarat bolupdyr.
Gerek ýerinde öz ýurdunyň çäklerini hem giňeltmegi başarypdyr.
Hiç haçan türkmen ýersiz-ýere özgäniň üstüne sürünmändir, özgäniň ýurduna göz gyzdyrmandyr, özgäniň üstüne goşun sürmändir. Özgä meçew bermändir, özgä gylaw bermändir. Gaýtam urşanlary ýaraşdyrjak bolupdyr.
Öz üstüne ýygyn çekip gelseler welin, türkmen garadan gaýtmandyr. Ýüňi ýeten goç ýigitler watan üçin, iliň-günüň ar-namysy üçin başlaryny eteklerine salypdyrlar. «Düýä münüp, hataba bukmandyrlar». Her biri duşmana aldajy gurt bolup darapdyr. Magtymgulynyň aýdyşy ýaly: «Doňuz kimin topulyp, aýy kimin asylypdyr».
Oguz hanyň wesýetine diň salyp görüň:
– Bir kişi günäkär bolsa, ol kişi patyşa oturan ýere ýakyn bolsa-da, uzak bolsa-da, ol günäkär kişi patyşanyň urugyndan bolsa, ýa özge urugdan bolsa-da, hanyň bir kişisi barsa we temmi berse, oňa hanyň inisi we ogullary ýa-da beglerinden hiç kim arkasynda durup gol ýapmasyn. Eger kim günäkäre arka dursa, ol arka duran kişini patyşa işigine getirip, arkasyny gylyç bilen çapyp, iki bölmek gerek, tä görene göz, eşidene gulak bolsun. Oguz neslinden, bozok ogullaryndan bir kişini patyşa etsinler. Iki kişini patyşa götermesinler. Sebäbi han bir bolsa, il düzeler, iki bolsa, il bozular. Öten akyldarlar aýdypdyrlar: «Bir gyna iki gylyç sygmaz, bir aýaly iki är almaz» diýip. Bir ýurda iki töre sygmaz».
Ine, bäş müň ýyllap türkmen halkynyň sygynyp gelen wesýeti. Bu wesýetiň berjaý edilmegi türkmeniň ömrüne dowamat beripdir. Oguz hanyň bäş müň ýyl mundan öň aýdan wesýeti bu gün hem ähmiýetini ýitirenok. Oguz hanyň wesýetiniň ýerine ýetirilmegi Watanymyzyň jebisliginiň, abadanlygynyň, mizemezliginiň kepilidir.
Türkmen zenanlary halkyň başyna howp abanan halatynda erkekler bilen bir hatarda gahrymançylyk görkezipdirler. «Gorkut atanyň kitabyndaky» Burla hatyny alyp görüň. Ol ençeme oguz gyzlaryna baş bolup, batyrlarça söweşip, duşman hanlarynyň birini öldürýär. «Burla hatyn kim?» diýip duşman soranda kenizleriniň ählisi: «Men Burla hatyn» diýip öňe çykýar. Burla hatyn bolup öňe çykmak – ölüm. Ýöne Burla hatynyň kenizleri öz howandary üçin ölmegi özlerine mertebe bilýärler. Edil şeýle waka Baýram han Türkmen bilen hem gaýtalanýar. Baýram han ýesir düşýär. Şonda duşman «Baýram han haýsyňyz?» diýip, ýesir düşenlerden soraýar. Bu soraga ähli ýesir düşen: «Men Baýram han!» diýip öňe çykýar. Ine, bu sypatda türkmenleriň merdanalygy äşgär görünýär. Ýa-da Gökdepe galasyny goramakda türkmen aýal-gyzlarynyň görkezen gahrymançylygyny söz bilen beýan edip bolarmy?
Türkmen urşa uruş diýmändir, «toý» diýipdir. Toýda özüni nähili howpsuz-hatarsyz, erkin duýşuň ýaly, söweşde-de özüňi toýdaky ýaly alyp barmaly, gorky-ürki ýat bolmaly, aljyramaly däl diýen niýet bilen batyr ýigitler söweş meýdanyny özleri üçin toý meýdany hasaplapdyrlar.
Uruş-söweş – yzan-da-çuwanlygyň ýeri.
Toý – şagalaň-şatlygyň ýeri.
Söweşde ýeňseň – seniň üçin toý – şol.
Görogly beg hem söweşe «toý» diýipdir.
Hindistanda bolan mahalym maňa bir şekiljigi görkezdiler. Gündogaryň peşeneli adamy ýylgyryp, elini arkasyna tutup dur. Şekiljigi beýlesine öwreninde bolsa, arkasynda tutup duran elinde gylyç görýärsiň. Şeýlelikde, onuň ýüzi ýylgyryp, elinde bolsa gylyç tutup dur. Elbetde, munuň özi belli bir döwrüň pelsepesidir.
Beýleki bir tarapdan, bu şekil öz ata-babalarymyzyň buýsançly halk bolandygyny ýene bir gezek ýatlatdy.
Hiç bir babatda türkmen gözi gülüp durup, ýüregi ýigrençden doly halk bolmandyr. Beýle häsiýete namartlyk diýilýär. Namartlyk bolsa, biziň halkymyzyň ýek ýigrenýän zady. Ylaýta-da, harby meselede namartlyga orun bolmandyr. Asla, türkmen namartlar bilen iş salyşmagy hem mertlik hasaplamandyr.
Ata-babalarymyzyň: «Gaçany kowujy bolma» diýen halk pähimi hem türkmen halkynyň mertliginiň bir beýanydyr, onuň harby sungatynyň guwançly keşbidir.
Gaçany kowmaýşy ýaly, türkmen ýigitleri mälim etmezden hem söweşe başlabermändir.
1880-nji ýylyň dekabr aýynyň 11-inde gije Gökdepe galasyny goraýjylara Marydan 2000 adam kömege gelýär. Güýjümiz köpeldi diýip, Gökdepäni goraýjylar şol gije duýdansyz hüjüme geçibermeýärler. Şol günüň ertesi olar Skobelýewiň goşunynyň alkymyna baryp: «Marydan kömek geldi, biz taýýar, geliberiň!» diýip habar berýärler.
«Görogly» eposynda beýle ýagdaýlara kän duşýarys. Ýekeje mysal: Görogly Reýhan Arapdan ar almaga baranda, görse, Reýhan Arap uklap ýatyr diýýä. Görogly şonda: «Namartlyk edip, uklap ýatan adamy öldürmäýin-le» diýip, turanda özüniň gelenini bilsin diýip, atyny onuň daşyndan üç mertebe aýlap, bir güjüme-de ok atyp gidýär.
Harby sungatda-da türkmen ogly halk pähiminden ugur alypdyr. Halk pähiminde bolsa şeýle diýilýär: «Ýatana ýylan hem degmändir».
Söweşde serdara uly orun degişli bolupdyr. Çaknyşykda garşydaşyňdan rüstem gelmek, agyr goşuny söweşden kän bir ýitgisiz alyp çykmak serdaryň – goşunbaşynyň söweşjeň tilsimlerini kesgitläpdir.
Harby demokratiýanyň kada-kanunlaryna laýyklykda türkmenler han, goşunbaşy, serkerde saýlap-seçenlerinde nesilden-nesle geçirmek düzgünine eýermändirler.
Türkmenler öz serkerdelerini seçenlerinde, diňe şonuň ukybyna-gujuryna, aňyna-düşünjesine seredip, hemme taraplaýyn ölçerip-döküp, çynlakaý pikir alyşmak arkaly saýlapdyrlar. Diňe bir goşunbaşy, han, serkerde saýlanjak adamyň özüniň däl, hatda maşgalasynyň hem ähli ahlak sypatlaryny nazarda tutupdyrlar.
XIX asyryň ortalarynda Sarahs türkmenleri özüne han saýlamak islänlerinde, Gowşudyň agasy aýalynyň myhman kabul etmegi başarmaýandygyny aýdypdyr: «Han saýlansaň, öýde bar wagtyň bolýar, ýok wagtyň bolýar, elmydama myhman geler. Gelen myhmany kabul etmeli bolar. Meniň aýalym bolsa, myhman kabul etmegi oňaranok. Ýöne Gowşut serdar, han bolup biler. Serdar bolmak üçin ata-babalarymyzyň aýdan ýedi talaby Gowşutda dogry gelýär» diýip, hanlykdan ýüz öwrüpdir.
Asla, güýjüňe baýrynyp, zor bilen goşunbaşy, serkerde bolaýyn diýip hem pikir etmändirler. Diňe uly il ynam bildirse, özüne-de ynamy güýçli bolanda, harby ussatlygyna göwni ýetse, şonda ol goşunbaşylyga razy bolupdyr.
Serdar, serkerde, goşunbaşy harby tälime ussat bolanda, ol her hili ýagdaýlarda-da üstünlikli hereket etmäge ukyply bolýar.
Garahan türkmenleriniň şalygynyň has-hajyby, meşhur türkmen akyldary Ýusup Balasagunly müň ýyl owal «Bilimnama» («Kut etdu bilig») atly meşhur eserinde goşun ýolbaşçysynyň söweş üstünliklerini beýik sungat hökmünde taryp edipdir.
«Bilimnamada» söweşde duşmany ýeňmek üçin goşun serkerdesine mahsus bolmaly sypatlar şeýle kesgitlenýär:
Birinji: dogry söz – ýoluny açar,
Gepi iki çyksa, ynamdan gaçar.
Ikinjiden: jomart bolmaly serdar,
Bahyl bolsa onuň goşuny dargar.
Üçünjiden: bolmaly ol dogumly,
Eger gorkak bolsa, başy ölümli.
Dördünjiden: başy çyksyn hileden,
Şeýle bolsa, syrtmak salar şire-de...
Magtymguly-da:
Hile hem batyrlyk gerek ýerinde,
Ony başarmaga kişi gerekdir –
diýipdir.
Ýöne hile namartlyk däldir. Söweşdäki hile duşmana al salmagyň bir täridir. Hile – söweşjeň ata-babalarymyzyň harby sungatynyň bir görnüşidir.
Soňky sekiz asyryň dowamynda türkmen halkynyň özbaşdak döwleti bolmandygy üçin, onuň bütewi goşuny hem bolmandyr. Ýöne, bu ýagdaý türkmenlerden serkerde ýigitleriň bolmandygyny aňlatmaýar. Ilat ondan-oňa göçüp-gonup ýörse-de, olar öz mekanlaryny daşarky howpdan goramagy başarypdyrlar.
Mertligi, dogumlylygy, bir sözlüligi, jomartlygy, ugurtapyjylygy bilen türkmen ýigitleriniň dabarasy dag aşyp, at-owazasy illere ýetipdir.
Orta asyrlarda köp döwletler türkmen ýigitlerini esgerlige alypdyrlar, harby ýolbaşçylar belläpdirler.
Goşun serkerdeligini türkmen asylly adamlara ynananlarynda döwlet ýolbaşçylary öz tagtlaryndan hatyrjem bolupdyrlar.
Görnükli akyldar, döwlet we harby işgär bolan Baýram Han Türkmen Hindistanyň taryhyna ajaýyp sahypalar ýazypdyr. Ol harby serkerde hökmünde Mogollar imperiýasynyň, Hindistanyň ähli çäginde, Pakistanda oňat goşun birikmelerini döredipdir. Goşunyň söweşe ukyply bolmagy üçin ähli çäreleri görüpdir, serkerdeleriň ornuny, esgerleriň biliminiň nähili bolmalydygyny, olaryň haýsy dilde geplemelidigine çenli kesgitläpdir.
Baýram han Türkmeniň bu häsiýetlerini soňra onuň ogly Abdyrahym han dowam etdiripdir. Batyrlygyň, goşuna ýolbaşçylyk etmegiň ýokary ussatlygyny görkezendikleri üçin olara «Hanlaryň hany» diýen döwlet derejesi berlipdir. Hindistanyň taryhynda olaryň harby sungatyna aýratyn orun degişlidir.
Şol döwürlerde Eýranda-da, Türkiýäniň sebitlerinde-de, Kawkazda-da, Orsýetde-de, beýleki ençeme ýurtlarda-da türkmen esgerleri köşkleri gorapdyrlar, türkmen esgerleri ynamdar, wepadar, arassa adamlar bolupdyrlar.
Halkymyzyň gahrymançylyk, batyrlyk, mertlik häsiýetleri goňşy ýurtlaryň, şeýle hem dünýä halklarynyň arasynda-da şöhrat tapypdyr.
Owganystanyň ozalky Prezidenti Burhanuddin Rabbany Aşgabada gelen saparynda: «Siziň halkyňyzyň taryhynda Watanyny goranda ýa-da başga bir söweşde henize çenli ýeňlip gaýdan türkmen bolmandyr. Söweşde ýa-ha ýeňiş gazanypdyr ýa-da başyny goýup gaýdypdyr...» diýip, halkymyzy ýürekden taryp etdi.
Ata-babalarymyzyň söweşjeňlik ukyplary olaryň «gurt oýny», «it urşy» ýaly meşhur söweş tilsimlerinde has aýdyň ýüze çykypdyr.
Gaçan bolup, öňde buky ýerde güýçden gaçan duşmany parçalamak täri Oguz hanyň goşunynyň «it urşudyr».
Görogly beg: «Men hem bu uruşy itden öwrendim, Kähi gaçyp, kähi kowmagyň gerek» diýip, «it urşunyň» nireden gelip çykyşyny häsiýetlendirýär.
Türkmen durmuşynda türkmen itine aýratyn orun degişlidir. Iti halkymyz tebigatdan saýlap alyp, kämilleşdirip, ony daşynyň goragçysy hökmünde özüne wepaly ýoldaş edip ýetişdiripdir.
Ýaňykentden tapylan türkmen köpeginiň irki nesliniň tapyndysynyň müňlerçe ýaşynyň bardygy ýüze çykaryldy. Diýmek, türkmen özüniň garadangaýtmaz, edermen, düşbi köpegi bilen taryhyň çarkandakly ýollaryny irki döwürlerden bäri bile geçipdir.
Läheň göwreli, gazan kelleli, aýy penjeli, agzy kelteden ýasy, gözleriniň, gulaklarynyň arasy giň, döşi ýaýbaň, aýaklary kelteräkden kuwwatly, gulagy, guýrugy kesik türkmen iti örän hüşgär we duýgur bolupdyr. Türkmen onuň urşujylyk häsiýetlerini özüniň söweş tilsimlerinde ulanyp, oňa «it urşy» diýip at beripdir.
«Oguznamada» Oguz hanyň goşunynyň Isfahan ýurdunda agyr garşylyga duş gelişleriniň, ýedi günläp galany alyp bilmeýişleriniň beýany bar.
Bu ýagdaýdan soň Oguz hanyň goşuny galany nähili söweş täri bilen boýun egdirip boljakdygy barada geňeş edýär. Ahyrda «it urşy» tilsimi bilen Oguz goşunlary Isfahany eýeleýärler.
«Görogly» eposynda-da «it urşy» Görogly begiň iň bir halaýan söweş tilsimi. Ýöne Görogly, söweşe gireninden, bada-bat «it urşuny» görkezibermegi oňlanok. Ol ilki bilen-ä parahatçylykly gepleşigiň, sypaýyçylygyň tarapdary. Eger sypaýyçylyk başa barmasa, diňe şondan soň söweşe girişmegi maslahat berýär.
Türkmenler öz söweşjeň häsiýetlerini, köplenç garadan gaýtmaz, batyr, hile gurmagy başarýan, ýyrtyjy haýwanlaryň urşujylyk sypatlary bilen utgaşdyrypdyrlar.
«Gurt oýny» uruş tilsimi-de şolaryň biridir. Möjek ordasynyň gije ýarymdan agandan soň, daňa ýakyn goýun sürüsine daraýyşy ýaly, «gurt oýnunda-da» goşun gündiz güýjüni asgyn görkezen bolup, yza çekilip, gije ýarymdan agansoň, duşmanyň üstüne hüjüme geçýär.
Taryhda seljuk-türkmen goşunlarynyň duşmana «gurt oýnuny» görkezip, uly ýeňiş gazanandyklary barada maglumatlar bar:
1039-njy ýylyň iýun aýynyň üçünji ongünlüginde Desi-Bezirgenanda bolup geçen seljuk-gaznaly urşunda Togrul begiň, Çagry begiň, Musanyň atlylary gije ýarymdan soň «gurt oýnuny» gurup, güýji artyk duşman goşunyny çym-pytrak edýärler.
Türkmen halkynyň söweş tilsimleri çagalaryň oýunlaryna-da siňipdir. «Çiş», «Ýakalaşma», «Ok-ýaý», «Uruş-uruş» türkmen çagalarynyň arasynda häzirki günlere çenli hem ýörgünlidir.
Halkymyzyň harby sungaty bilen baglanyşykly zatlar onuň däbine-dessuryna, edim-gylymyna, umuman, gündelik durmuşyna siňip gidipdir.
Toý-tomaşada adamlaryň göwnüni açmak, ruhuny götermek maksady bilen ýerine ýetirilýän dürli oýunlaryň hem türkmenleriň harby sungaty bilen bagly bolmagy ýöne ýere däl. Eýsem-de bolsa, toý gidip duran mahaly ýagynyň dökülýän wagtlary az bolmandyr. Toýunda-da türkmen ýigidini eli gylyçly, ok-ýaýly, naýzaly... görende, ýagy heder edipdir. Bir çanakdan üç-dört adama bir çemçäniň berilmegi bu çemçe ýetmezçiliginden däl, ýok, bu türkmeniň nahar iýende-de hüşgär bolmagy üçin tapylan çäre. Özüne gezegiň – çemçäniň ýeterine garaşyp oturanlaryň hüşgärligi sak bolýar, ol duşmanyň ýakynlandygyny aňlap bilýär.
Toýuň toý şekilli geçmeginde harby sungatyň ähmiýeti uly bolupdyr. Gahrymançylyk häsiýetli epos-dessanlarymyzda altyn gabak atmak, göreş tutmak, at çapmak – bularyň bary toýuň bezegi bolan bolsa-da, munuň özi halkymyzyň öz milli harby sungatyny durmuş-ýaşaýşynyň özenine öwrüp bilen halkdygyny görkezýär.
Türkmen halkynyň irki döreden iri halk döredijilik eserleriniň esasan harby-gahrymançylyk babatda bolmagy ýöne ýerden däl. Çünki, türkmen her zatdan ozal Watany, ony goramagy ilkinji orunda goýupdyr. Watany öz ömrüniň manysy hasaplapdyr.
Türkmen şahyrlarynyň içinde harby-gahrymançylyk mowzugynda goşgy ýazmadyk ýekeje-de söz ussady ýok. Olar batyr ýigitleriň edermenliklerinden, watansöýüjiliklerinden ylham alypdyrlar.
Türkmen söweş ýaraglarynyň hiline aýratyn üns beripdir. Ýarag edineninde özüne mynasybyny saýlap alypdyr. Her öňýeten guraly ýarag hasaplamandyr.
Görogly beg hem ýurt aşyp, özüne mynasyp ok-ýaý gözläp, baryp Yspyhan ilinden çykýar.
Ok-ýaý türkmenleriň ilkinji milli ýaragy bolupdyr. Ok-ýaý olaryň gündelik durmuşynda esasy orun eýeläp, yrymlaryna, däp-dessurlaryna mäkäm ornaşypdyr.
Durmuşda agzybirligiň güýjüni beýan etmek üçin hem tymsaly ok-ýaý bilen baglanyşdyrypdyr.
Oguz han ogullaryny ýanyna çagyryp, olaryň birine sagdagyndan çykaryp, bir ok beripdir-de:
– Al, döw! – diýipdir.
Ogly oky aňsatlyk bilen iki bölüp taşlapdyr. Oguz han sagdakdaky oklaryň hemmesini birikdirip, ogluna äberipdir:
– Al, hemmesini birden döw!
Ogly näçe synansa-da, başarmandyr.
Oguz han ogullaryna düşündiripdir:
– Eger, siz agzala, ýagny heriňiz bir kelle bolsaňyz, onda ýaňky bir okuň aňsat döwlüşi ýaly, sizi aňsat ýeňerler. Eger agzyňyz bir bolsa, şu bir ýere birleşen oklar ýaly sizi hiç haçan syndyryp bilmezler.
Türkmen ok-ýaýa simwoliki many beripdir. Maşgalada ogul bolmagyny arzuw edip, öýüň töründen, ok-ýaý asyp goýupdyr.
Hatda ir zamanlarda erkek adamlar dünýäden gaýtsa, olaryň başujundaky mazar daşlarynyň ýüzüne ok-ýaýyň şekilini çekmek däp bolupdyr. Şeýle şekiller Hazaryň demirgazyk-gündogar ýakalaryndaky orta asyrlara degişli mazarlarda häzire çenli saklanyp galypdyr.
Gylyç hem türkmenleriň gadymy söweşjeň ýaragy bolupdyr. Ok-ýaý uzak aralykdan söweşmek üçin gerek bolsa, gylyç ýüzbe-ýüz bolnanda ulanylýan ýarag.
Gylyçlaryň köp görnüşi bolupdyr: egri gylyç, düýrme gylyç, uz gylyç we beýlekiler.
Türkmenlerde gylyjyň ala-böle egri bolmagynda uly many bar. Egri gylyç diňe hüjüm edýäniň gylyjy, ol yza gaçýanyň gylyjy däl. Atyň üstünde öňe barýarkaň, kesip-çapyp barmaly gylyç ol. Yzyňa gaçanyňda, ol gylyç saňa kän peýda bermeýär. Sebäbi, egri gylyç bilen sançmak kyn. Diýmek, türkmenler gylyjy hem hüjüm üçin, öňe gitmek üçin ýasapdyrlar, gaçmak üçin ýasamandyrlar. Munuň özi türkmeniň ruhunda gaçmak diýen zadyň ýokdugyny görkezýär.
Gylyç – edermenligiň, batyrlygyň, mertligiň simwoly.
Halk arasynda şeýle bir tymsal bar:
Bir ýigit ussadan gylyç ýasap bermegi haýyş edipdir. Ussa elinde baryny edip ýasapdyr. Ýigit gylyjy alyp, eýlesine-beýlesine garapdyr-da:
– Bir garyş uzynrak bolaýan bolsa tüýs bolaýjak eken – diýipdir.
Ussa:
– Gylyçlaşmaly bolanda, özüň bir garyş öňräk süýşäýerler. Şonda gylyç hem bir garyş uzar – diýip maslahat beripdir.
Gylyç egri-de bolsa göni kesýän, gyly-da iki bölüp bilýän ýarag bolupdyr. Onuň gylyç ady biziň gadymy edebi çeşmelerimizde şemşir, tyg atlary bilen hem gabat gelýär.
Bulardan başga-da, hanjar (gama), sapan, aýpalta, naýza (jyza), pyçak (ýanpyçak), gezlik, aksaply, gürzi, çomak, serdesse, gazma (taýak) ýaly irki türkmen söweş ýaraglary-da bolupdyr. Hatda gyrkylygy-da türkmen gerek ýerinde söweş ýaragy hökmünde ulanmagy başarypdyr.
«Göroglyda» atdan başlap, söweş üçin derkar bolan gurallaryň görnüşleri, olaryň söweşde ýerine ýetirýän hyzmatlary birin-birin beýan edilýär. Söweş esbaplarynyň söweşde bitirýän işleriniň diňe goç ýigidiň edermenligine, söweş ussatlygyna baglydygy bolsa aýratyn nygtalýar.
Türkmen hiç mahal hiç kimden minnet çekmändir, türkmen hiç mahal elini sermändir, türkmen hiç mahal ogurlyk etmändir, türkmen hiç mahal goňşusyna şikes ýetirmändir. Özüni, öz ýurduny goramak üçin minneti egri gylyjyndan çekipdir. Eýranyň ozalky Prezidenti Rafsanjany Saparmyrat Türkmenbaşa Tähranda bir gylyç görkezipdir. Şol gylyjyň ýüzünde: «Türkmen hiç wagt gylyjy goňşusyna salmak üçin gynyndan çykarmaz» diýip ýazylgy eken. Ol türkmeniň mert şahsyýetleriniň, mert ogullarynyň biriniň gylyjy eken, häzire çenli Tährandaky muzeýde saklanyp gelýär. Gylyjyň ýüzünde ýazylan sözler türkmeniň ruhunyň nähili belentdigine, onuň parahatçylyga, goňşulary bilen agzybir ýaşamaga çyn ýürekden çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenler indi hiç wagt gylyjyna daýanyp, özüni dünýä tanatmaz, türkmenler indi akyl-paýhasy bilen, aň-düşünjesi bilen, halal zähmeti bilen, doganlyk gatnaşyklary bilen, ýüregi giňligi bilen, geçirimliligi bilen özüni dünýä tanadar.
Türkmen halky, aslynda-da, hiç kime duşman bolan däldir. Biziň halkymyz diňe öz erkinligi, garaşsyzlygy üçin göreşendir. Elbetde, beýle göreşler gansyz bolmaýar. Ýöne halk halka ýagy bolup bilmez. Diňe şol döwürde goňşy döwletleriň başynda oturan adamlar ýa-da alyp baran basybalyjylykly syýasatlary halklary halklaryň garşysyna uruşmaga mejbur edýärdi. Şu gün öz Garaşsyzlygyny gazanan ýurdumyzyň taryhyny ýazanymyzda, biz şu ýagdaýlary aýyl-saýyl etmelidiris. Indiden beýläk ýurt-ýurda, döwlet-döwlete, adam-adama alagöz bolup ýaşamasa gowy. Taryh ylmy, ine, şu pikirden ugur alyp, taryhy hakyky bolşy ýaly görkezmelidir.
Men Watan mukaddesligine halys ýürekden ynanýaryn, çünki, nije müň ýyl bäri biziň ata-babalarymyz bu mähriban Watanyň gullugynda durupdyrlar. Olar asmanyň asuda, ýurduň abadan günleri bu Watanda erkana ýaşapdyrlar, howp abanan güni bolsa şirin janlaryny gurban berip, bu Watany aman saklap, Watana öwrülipdirler. Biziň mukaddes Watana ynamymyz mizemez bolmalydyr!
Taryhyň haýsy eýýamyndan galan taryhy çeşmeleri okasaň, wakalaryň jümmüşinde dal bedewini arladyp, Tuguny pasyrdadyp türkmen halky bardyr! Türkmen halky Allatagalanyň keremi bilen mydama beýik döwletler gurup, döwran sürüpdir, pelegiň gerdişi bilen döwleti synyp, agyr külpetler başyna düşeninde hem serini belent tutup, ýene döwrüň belentligine galmagy başarypdyr. Türkmen halkynyň Allanyň ýalkan halkdygyna ynamym mizemezdir! Eziz türkmen, Watanyňa, pederleriňe guwan hem buýsan! Seniň mukaddes, ajaýyp Watanyň, merdana pederleriň bardyr.
Men Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mizemez, berkarar döwletdigine ynanýaryn, çünki bäş müň ýyllyk ýazmaça taryhy bolan halkymyz döwlet gurmagyň-da, guran döwletini goramagyň-da hötdesinden gelipdir. Türkmen halkynyň buýsanjy Türkmenistanyň dünýäniň beýik döwletine öwrülip, dünýä ýaly mizemez boljakdygyna halys ýürekden ynanýaryn!
Türkmen halkynyň beýikligi nämede? Türkmen halkynyň beýikligi sütün-sütün ata-babalaryny keramatlaşdyryp, ata-babalarynyň Hudaý tarapyndan ýalkanandygyna halys ýürekden ynananlygyndadyr.
Ynam – adamy bagta ýetirýän gudratdyr. Ynam – bagtyň gapysydyr. Ata-babalarymyz öz topragyny sahawatyň, rysgal-döwletiň, bereketiň hazynasy diýip arzylap gelipdir. Türkmen halky şu topragyň üstünde ýaşasa, mydama bol-telkilikde baý bolup ýaşajakdygyna, çünki, bu toprakdan beýikde baýlygyň ýokdugyna ynanypdyr, şol ynam hem eždatlarymyzy islän menziline, islän belentligine ýetiripdir.
Biziň türkmen halkymyzyň bäş müň ýyllyk altyndan taryhy bar. Ol bäş müň ýyllyk taryhynda dünýäniň öňdebaryjy halky bolup, dünýä medeniýetine goşan goşandy abyrsyzdyr. Şu günki gün dünýäniň nazary ýene Türkmenistanda! Dünýä türkmen halkynyň beýik tutumyna, görlüp-eşidilmedik ösüşlerine haýran galýar. Diýmek, altyndan taryhy, göwherden şu güni bolan halkyň geljeginiň örän ajaýyp boljakdygy aýdyňdyr!
Türkmenistan 1991-nji ýylyň oktýabr aýynyň 27-sinden arzylanan Garaşsyzlygyny alandan soň ilkinji günden başlap, özüniň köp asyrlyk däp-dessurlaryna, ata-babalarynyň hemmeleri güler ýüz bilen garşylamak, bähbitleriň deň nazara alynmagynda hyzmatdaşlyk edip, hözürli durmuşda ýaşamak baradaky esasy ýörelgelerine eýerip, açyk gapylar syýasatyny yglan etdi – deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary saklamaga, halal tagalla birleşdirmäge taýýar bolan uzagu-ýakyn ýurtlardan ähli ak ýürekli adamlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny Zeminiň ýüzüne jar etdi. Öz ata-babalary tarapyndan hem beslenen maksadyna – baky bitaraplyk derejesini almak ugrunda işjeň tagalla etdi, şeýle abraýly halkara hukuk derejesine eýe bolmaga tarap tapgyrma-tapgyr ilerläp başlady. Şu ýerde türkmenleriň bitaraplygynyň beýlekilerden üzňeleşmek däldigini, eýsem, olaryň beýleki halklar bilen hyzmatdaşlyga goşulyşmagynyň, oňşuksyzlyklary, dawa-jenjelleri parahat usul bilen, ähli taraplaryň parahat ýaşap, öz zähmeti bilen maşgalasyny, obasyny, il-ýurduny baýlaşdyrmak, bala-çagalarynyň şadyýan gülkülerini eşitmek bähbitlerini mümkingadar nazara almagyň işjeň görnüşidigini aýratyn nygtamak gerek. Biziň baky bitaraplygymyz öz agzalarynyň hereketlerini çäklendirýän, olardan öz ilatynyň bähbitlerine ters hereketlere ýüz urmagy talap edýän dürli birleşmelere goşulyşmagy, başga biriniň işine gatyşmagy, islendik görnüşde haýbat atmagy, ykdysady taýdan ýa başga bir görnüşde zor salmagy, mejbur etmegi doly ret edýändigini aňladýar.
Dünýä bileleşigine halkara işlerinde hyzmatdaşlygyň we özara arkarlaşmagyň, tutuş adamzat jemgyýetiniň öňünde durýan kynçylyklary ýeňip geçmegiň henize-bu güne çenli görülmedik düýbünden täze usuly, arabozarlygyň, syýasy haýbat atmalaryň we dar düşünjeliligiň, bahana araýan ganojaklygyň hiç bir görnüşine ýer goýmaýan usuly teklip edildi. Bitaraplyk türkmen demokratiýasynyň binýatlyk diregleriniň hakyky beýanyna, onuň durmuşa ornaşdyrylmagynyň görnüşine we Zeminiň ähli halklaryna teklip edilýän ýaşaýyş täriniň mazmunyna öwrüldi.
Dünýäniň tas ähli ýurtlary Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine eýe bolmak islegini, bu ugurda edýän yhlasly we hyjuwly tagallalaryny makullady. Ilki başda dünýäniň baý döwletleri, soňra Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Yslamabatdaky mejlisi, soňra bolsa 113 ýurduň döwlet baştutanlary Goşulmazlyk hereketiniň Kartahenada (Kolumbiýa) 1995-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen mejlisi Türkmenistanyň şu asylly maksadyna doly goldaw bildirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň özüniň ähli agzalarynyň goldamagynda Türkmenistana hemişelik bitarap döwletiň derejesini bermek hakyndaky taryhy kararnamany kabul etmegi türkmen halkynyň örän uly üstünligi boldy.
1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-si Türkmenistanyň taryhyna ýurduň Bitaraplyk güni hökmünde altyn harplar bilen ebedilik ýazyldy. Hut şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky kararnama kabul edildi.
BMG-niň taryhynda ilkinji gezek Zeminiň 185 döwletiniň doly ygtyýarly wekilleriniň biragyzdan makullamagy bilen kabul edilen bu çözgüt öz garaşsyzlygyny jar edeninden soň ilkinji günlerden Türkmenistanyň ýöredýän açyk gapylar we beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, ýüze çykýan dawalary diňe parahatçylyk serişdeleri bilen çözmegi erjellik bilen teklip etmek syýasatynyň netijesi – arzyly miwesi boldy.
1995-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda BMG-niň Baş sekretary Butros Butros-Gali Türkmenistanyň Halk maslahatyna iberen hatynda, hususan-da, şulary belledi: «Türkmenistan syýasy we medeni taýdan köpdürlüligi bilen tapawutlanýan örän uly sebitiň merkezinde ýerleşýär. Siziň ýurduňyz we onuň goňşulary öz garaşsyzlygyna eýe bolandan soň bu sebitiň ähmiýeti artdy. Ýöne siziň täze döwletleriňiziň halkara bileleşigine kanagatlanma duýgusyny döredip goşulmagynyň özi sebitde durnuksyzlygy ýeňip geçmek üçin ýeterlik däldi. Şunuň bilen baglanyşykly Türkmenistanyň hem ýakyn goňşulary bilen, hem sebitiň çäklerinden daşardaky döwletler bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak baradaky çözgüdi, bu barada öz üstüne borçnamalary resmi taýdan almagy aýratyn kanagatlanma döredýär. Türkmenistan beýleki döwletleriň işlerine gatyşmazlyk syýasatyny alamatlandyrýan nusga hökmünde çykyş etmek bilen çäklenmän, ol özüniň dawalary parahatçylykly serişdeler bilen düzgünleşdirmek boýunça sebitleýin merkez bolmagyny hem teklip etdi».
Türkmenistandan öň dünýäde hemişelik bitarap döwletleriň diňe ikisi bardy, olar Şweýsariýa we Awstriýadyr. Şweýsariýanyň hemişelik bitaraplygy Awstriýa, Fransiýa, Angliýa, Russiýa, Portugaliýa we Prussiýa tarapyndan 1815-nji ýylyň noýabr aýynyň 8-inde gol çekilen «Şweýsariýanyň hemişelik bitaraplygyny we onuň ýerleriniň eldegrilmesizligini ykrar etmek we kepillendirmek baradaky» namada ykrar edilipdi we kepillendirilipdi.
Awstriýanyň hemişelik bitaraplygy 1955-nji ýylda ykrar edildi, ýöne hiç bir görnüşde kepillendirilmedi, özi-de onuň ykrar edilmegi hem döwletleriň birtaraplaýyn jarnamalary kabul etmegi arkaly hukuk taýdan resmileşdirildi.
Bitaraplygyny jar eden beýleki döwletleriň hem bolandygyny bellemek gerek, olar Albaniýa, Gonduras, Islandiýa, Kongo, Kambojadyr. Ýöne olar öz bitaraplygyny peýdalanmagy başarmady. Öz bitaraplyk derejesini degişlilikde 1831-nji we 1867-nji ýyllarda alan Belgiýa we Lýuksemburg ýaly ýurtlar bolsa özüniň bu derejesinden özleri el çekip, Ikinji Jahan urşundan soň NATO-nyň harby birleşmesine girdi.
Biziň Türkmenistan Watanymyz barada aýdylanda bolsa, onuň hemişelik bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasy, ýagny, BMG-niň agza ýurtlarynyň 185-si tarapyndan ykrar edildi we kepillendirildi. Dünýä taryhynda henize çenli beýle waka bolmandy! Munuň özi – Türkmenistany parahat eşret ülkesine öwürmek ugrunda janyny aýaman zähmet çekýän ähli türkmen halkynyň häzirki nesilleriň, öz şöhratly ata-babalarynyň öňünde bitiren esasy hyzmatydyr. Baryp 1991-nji ýylyň oktýabr aýynyň 26-synda ähli halk sala salyşygynda «Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty hakynda» Saparmyrat Türkmenbaşynyň hödürlän beýannamasy makullanyldy, ol geljekki bitarap döwletiň taglymy binýadynyň düýbüni tutdy. Munuň özi biziň SSSR-iň heniz dowam edýän şertlerinde eden hakykatdan-da uly edermenligimizdir.
Bitaraplyk derejesiniň kabul edilmegi – şol derejäniň ýöne alynmagy bilen tamamlanýan ahwalat däldir, eýsem ol ýaş döwlet döredilen ilkinji günlerden başlap tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýan, ähli jikme-jiklikleri akyl eleginden geçirilen oýlanyşykly syýasatyň esasy ugrudyr. Türkmenler hemişe parahatçylyga ymtylýardy, ony isleýärdi, bu ugurda tagalla edýärdi, hemişelik bitaraplyk bolsa – hemişelik parahatçylykdyr, hemişelik rowaçlykdyr we bagtyýarlykdyr!
1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 27-sinde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirilip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-sinde kabul eden Kararnamasy kanunçylyk namalarynda hukuk taýdan berkidildi – «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny, Bitarap Türkmenistanyň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalary hakyndaky Jarnama, «Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş taglymy» kabul edildi.
Mälim bolşy ýaly, XXI asyryň başyna çenli dünýä doly özgerdi – dürli halklaryň bähbitleriniň ozalky deňeçerligi hem, ynsan dünýäsiniň geljekde ýörejek ugry hem üýtgedi, halkara gatnaşyklarynda haýsy ýörelgeleriň esasy boljakdygy, haýsy meseledir-müşgillikleriň aradan aýrylmagy üçin has köp tagalla ediljekdigi hem anyk-aýdyň däldi. Şu üýtgeşmeler deňi-taýy bolmadyk taryhy ähmiýetli syýasy wakalaryň bolmagyna eltdi. Şu şertlerde Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk ähmiýeti aýratyn-da artdy, sebäbi ol partlama howply Aziýa yklymynda ýeke-täk bitarap döwletdir.
BMG-niň Müňýyllyk Assambleýasynyň açylmagyna bagyşlanan «Türkmen milleti, türkmen döwleti we dünýä: müňýyllyk we XXI asyr, döwürleriň we kämiliýetleriň gatnaşygy» eserinde Saparmyrat Türkmenbaşynyň şuny bellemegi tötänleýin zat däldir:
«Türkmenistanyň sesi Goşulmazlyk Hereketi, Yslam Konferensiýasy Guramasy, EKO, 77-leriň topary we başgalar ýaly dünýäniň dürli-dümenliginiň gadyryny bilýän döwletleriň jarnamasyna goşulyp ýaňlanýar. Biz halkara hukugynyň, BMG-niň Tertipnamasynyň, bu Tertipanamanyň her bir ýurduň özygtyýarlylygyny hormatlamak we öz ösüş ýoluňy saýlap almak, gatyşmazlyk hakdaky ýörelgeleriniň dünýädäki tertip-düzgüniň esasy bolmagynyň, döwletler arasyndaky gatnaşyklaryň binýatlyk ýörelgelerine öwrülmeginiň tarapyny çalyp çykyş edýäris».
Türkmenistan döwleti bitaraplygyň ýöne bir hormatly dereje däldigini, eýsem parahatçylyk we ylalaşyk ugrundaky işjeň göreşdigini iş ýüzünde amala aşyrýan tagallalary bilen subut edýär. Türkmenistanyň öz belent halkara derejesini anyk işler arkaly durmuşa geçirmegi netijesinde ýurdumyzyň paýtagty ylalaşdyryjy merkez diýen abraýa eýe boldy, şu ýerde öz wagtynda goňşy ýurtlarda parahat durmuşyň ýola goýulmagyna gönükdirilen möhüm täjigara we owganara gepleşikleri geçirildi. Türkmenistanda her ýyl taryh, medeniýet, saglygy goraýyş, biologiýa we halkara ähmiýetli şuňa meňzeş ugurlar boýunça ýokary derejedäki mejlisler geçirilýär. Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň, bitarap döwlet hökmünde amala aşyrýan işleriniň özboluşlylygynyň soňky birnäçe ýylyň dowamynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan dykgat bilen öwrenilmeginiň sebäbi, ähtimal, şundadyr.
Türkmenleriň harby taryhynyň Türkmenistanyň bitaraplygyny öwrenmekden başlanýandygy tötän zat däldir. Munuň sebäbi bitaraplyk derejesiniň döwletiň üstüne Ýaragly Güýçler babatda belli bir borçlary ýükleýänligindedir. Mysal üçin, Türkmenistanyň goşuny hiç haçan hüjüm ediji söweşlerde ulanylmaz, ol diňe öz döwletiniň çäklerini goramaga niýetlenilendir. Munuň özi harby taýýarlygyň, esgerlere söweş tärleriniň öwredilmeginiň gowşadylmagyny asla aňlatmaýar. Bitarap döwlet harby çozuşyň howpy abanan halatda özüni we öz halkyny goramagy başarmalydyr. Türkmenistanyň goşuny ýokary hünär taýýarlygynyň we ynsan medeniýetiniň nusgasy bolmalydyr, sebäbi ol dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk bitarap döwletiň goşunydyr.
Taryhy makalalar