TÜRKMENLERIŇ ABDALLAR DÖWLETI
(484–560-njy ýyllar)
Miladyň başlaryndaky döwürde, araplaryň Orta Aziýa gelmezinden öňki asyrlarynda ýurdumyzyň we halkymyzyň taryhynda abdallar görnükli orun eýelediler. Abdallaryň taryhy gysga, ýöne şöhratly boldy. Hut şeýle şöhratlydygy üçin, olaryň ady öz döwründe bütin dünýä meşhur bolupdyr. Hut taryhy ömrüň gysgalygy-da abdallaryň türkmen milletiniň taryhyndaky bir sahypadygyny, olaryň türkmen esasda döräp, birnäçe wagtdan hem türkmen içinde-de ýene garyşyp, siňip gidendigine şaýatlyk edýär. Abdallaryň şöhratly taryhy bulutly asmandaky ýyldyrymy ýada salýar: ýyldyrym az wagtlyk, bir pursatlyk görünýär, emma ol göreniň baryny aňk edýär. Görnükli şahyr Ferdöwsiniň «Şanama» eseri hem abdallara bagyşlanan eserdir.
Abdal – bir türkmen halkyýetidir. Men bu pikirimi düşündirmek üçin, özümiň täze bir taryhy-etniki adalgany – halkyýet adalgasyny girizýändigimi aýtmalydyryn. Millet hem-de taýpa adalgalary bilen deňeşdirilse, halkyýetiň manysy aýan bolar. Millet we taýpa – durnukly etniki adalgalardyr we düşünjelerdir.
Ine, milleti alaly. Millet taryhyň irki döwürlerinde bir gezek döräp, soňra örän uzak taryhy wagtyn dowamynda ýaşaýan bir toplumdyr. Türkmen milleti muňa mysal bolup biler. Türkmen milleti bäş müň ýyl bäri bellidir. Taryhyň dürli döwürlerinde millet dürli taýpalardan ybarat bolupdyr. Taýpalar dürli-dürli bolupdyr, birleri ýitip, başga birleri döräp durupdyr. Şu hili ýitiş – döreýiş hadysasy taryhda nähili anyk görnüşlerde, nähili usulda amal bolupdyr? Munuň özi taýpalaryň täze bir wagtlaýyn bitewilige – halkyýet birligine girmegi hem-de şonuň içinde kemala gelmegi görnüşinde bolup geçipdir. Durnukly – etniki hadysa bolan milletden we taýpadan tapawutlylykda, halkyýet – dinamiki-etniki görnüşdir. Halkyýet taryhda ýekegezeklik ýaşaýyş görnüşidir, ol hatda taýpadanam tapawutlylykda ikinji gezek gaýtalanmaýar. Giňişlik we wagt taýdan uly bolan milletiň çäginde taýpalaryň haýsy hem bolsa biri aşa güýçlenýär, ulalýar hem-de halkyýete öwrülýär. Bu halkyýet wagt we giňişlik taýdan özüne ýakyn ähli kowumdaş taýpalardan ýokary galýar hem-de olary daşyna ýygnaýjy, olary özüne meňzeş bir topluma öwrüji syýasy, etniki we medeni özene öwrülýär. Hatda belli-belli döwürlerde halkyýetiň milletiň giňişligine çenli ýetmegi, şeýle barabarlygy hem gazanmagy mümkindir. Ýöne barybir, millet diňe türkmen ady bilen belli bolupdyr. Belli bir döwür geçip, özündäki taryhy gujury sarp edip gutarandan soň, halkyýetiň gowşamagy, böleklenmegi öz ornuna gelen halkyýetiň içine siňip, bir taýpasyna, hatda tiresine öwrülmegi bolup geçýär.
Men türkmen milletiniň çäginde we düzüminde taryhda dörän we ýaşan oguz halkyýetini, marguş halkyýetini, horezm halkyýetini, massaget – sak halkyýetini, par halkyýetini, göktürkmen halkyýetini, abdal halkyýetini, seljuk halkyýetini, osman we gaýry türkmen halkyýetlerini görkezip bilerin.
Diýmek, halkyýet millet bilen bir zat däldir, emma ol milletiň anyk taryhy çäklerdäki ýaşaýyş toplumydyr. Milleti diňe taýpalardan ybarat bir äpet giňişlik hökmünde göz öňüne getirmek taryhy dowamatyň bütin çylşyrymlylygyny, iki uçlulygyny, köpdürlüligini we galypsyzlygyny, janlylygyny görmäge mümkinçilik bermeýär. Bu ýerde milletden taýpa geçişiň aralyk bir halkasy ýa-da görnüşi zerurdyr, diňe şonda milletiň taryhy ýaşaýşynyň kanunalaýyklygyny ýola goýmak we yzarlamak mümkindir.
Türkmen taryhynda, adatça, her bir täze döwletiň başynda bir taýpa durup, ol halkyýete öwrülýär, ýagny degişli syýasy artykmaçlyk arkaly taýpalykdan we taýpalardan ýokary galýar. Şol döwletiň gülläp ösmegi bolsa tutuş milletiň syýasy-taryhy, medeni-taryhy we ruhy taryhy mazmunynyň çuňlaşmagyna we giňelmegine, ömrüniň artmagyna getirýär.
Abdal halkyýeti we abdal döwleti barada taryhda ýazan alymlar kän. Eftal, ýagny abdal sözüniň ilki hanedanlygy esaslandyryjy hanyň esasynda dörändigi taryhy çeşmelerde nygtalýar. Abdallaryň ilkinji patyşasy Wahşunwaryň Eftalan diýlip atlandyrylandygyny ýazypdyrlar. Hanedanlygy esaslandyran şahsyýetiň döwletiň adyny göterýändigini bolsa biz taryhdan bilýäris.
Abdallara belli bir döwürde hionylar, kadarylar hem diýlipdir. Köp alymlar bu halkyýetiň öz ady hionylar, kadary we abdal adyny bolsa ol öz patyşalarynyň adyndan alypdyrlar diýip hasaplaýarlar. Gionylar ýa-da hionylar Oguz han Türkmeniň uly ogly Gün hanyň ýa-da onuň uly ogly Gaýa hanyň ady bilen baglanyşykly bolup biler. Şol sebäpden olara gaýanylar diýseň has dogrudyr.
Miladyň IV asyrynda gaýanylaryň bir topary özbaşdak ýaşap ugraýar, bu topara bolsa Kidara ýolbaşçylyk edip başlaýar. Kuşan imperiýasyny ele alandygy sebäpli onuň teňňelerinde «Kidara Kuşan şasy» ýazgysy peýda bolýar. Beýleki gaýanylary golastyna salmak isläp gaýanylar olar tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Şondan soň gaýanylara Abdal ýolbaşçylyk edip başlapdyr. Kidarylar Hindistana çykyp gitmäge mejbur bolýarlar. Şondan soň gaýanylaryň ady abdallar diýlip tutulýar.
Abdallar belli bir döwürde parslar – sasanlar bilen arkalaşykda bolupdyrlar. Olar bileleşip, 384-nji ýylda, 359-njy ýylda umumy duşmana garşy söweş gurupdyrlar.
Emma V asyryň başlarynda abdallar sasanlara garşy uruş alyp barýarlar. 427-nji we 484-nji ýyllar aralygynda abdallar Merkezi Aziýanyň köp bölegini öz ellerine alýarlar, şonuň bilenem sasanlaryň garşydaşyna we bäsdeşine öwrülýärler. Olar Hazar deňziniň gündogar kenaryny, Garagumy, Amyderýany, beýleki ýerleri öz ellerine alýarlar. Sasan şasy Ýezdigerd II Gürgen sebitlerinde Çöli diýen abdal taýpasyna garşy ýyllarboýy söweş etmeli bolupdyr.
Ýezdigerd patyşa ölenden soň, onuň ogullary Ormuzd bilen Pöwriziň arasynda darkaş başlanypdyr. Pöwriz abdallaryň arasyna gaçyp gidýär. Hut şolaryň kömegi bilenem öz ýurdunyň tagtyna geçipdir. 459-njy ýylda Pöwriz abdal şasy Akşuňkar bilen ylalaşyk şertnamasyny baglaşýar.
Emma ylalaşygy bozan Pöwriz üç gezek abdallaryň üstüne çozýar. Şolaryň üçüsinde-de ol masgara bolup ýeňlipdir. Bu uruşlaryň ilkinjisi 475-nji ýylda bolup geçipdir. Abdallar parslary aldawa salyp, bir jülgäniň içine girmäge maýyl edipdirler. Soňam saýlama abdal esgerleri jülgäniň çykalgasynda garawul oturdypdyrlar. Abdallaryň ynsanperwer şasy Akşuňkar Pöwrizi ylalaşyga çagyrypdyr. Akşuňkar parslardan köp olja alyp, patyşasyna-da indi uruşmazlyga ant etdirip, ony boşadyp goýberipdir. Emma 479-njy ýylda Pöwriz ikinji gezek «şertim şahyma» edip, ýene abdallaryň üstüne çozýar. Emma şonda-da abdallar onuň günäsini ikinji gezek geçipdirler. Üçünji gezekki pars-abdal urşy 484-nji ýylda bolup geçipdir. Ýönekeý, garamaýak parslar beýle uruşlaryň bolmagyny islemändirler. Şol döwrüň taryhçylarynyň biri şeýle ýazypdyr: «Abdallara garşy açyk urşa girmel-ä däl, eýsem parahatlyk döwürde hiç bir kişi abdala gorkman, göni seredip hem bilmeýärdi, çünki hemmeler abdallaryň Eýran şasyna we parslara nähili betbagtlyklar we ýeňlişleri getirendigini oňat bilýändirler. «Eger biz ölüme höküm edilen bolsak, şahynşah bizi öldüresi gelýän bolsa, onda, goý, abdallaryň üstüne iberenden, onuň özi janymyzy alaýsyn, olar bizi ýok ederler, bizi we biziň ýurdumyzy ömürlik masgara ederler» diýip, adam bary gykylyk edýärdi».
484-nji ýylda Pöwriz Garaguma tarap gaýdypdyr. Abdallar onuň ýolunda äpet garymlary gazypdyrlar. Öňdäki ýeňil atlylar mekirlik edip, parslardan gorkup, gaçan bolupdyrlar. Şeýdip, aldawa düşen parslar derbi-dagyn edilipdir. Abdallar V asyryň ikinji ýarymynda Owganystany, Päkistany, Hindistanyň bir bölegini basyp alýarlar. Olaryň şasy Töreman, ogly Mihragul döwründe döwlet has hem ulalýar. VI asyryň 60-njy ýyllarynda Sasanlar Türkmen hanhananlygy bilen ylalaşyk baglaşyp, abdal döwletini syndyrypdyrlar.
Osman ÖDE.
Taryhy makalalar