4. Goňur şäheriniň binalary
Häzirki döwrümizden 4-3,5 müň ýyl ozalky heňňama şaýatlyk edýän ajaýyp binalar ata-babalarymyzyň durmuşyny töwerekleýin göz alnymyzda dikeldýärler. Biziň ýokarda gysgaça teswirläp geçen binamyz bir tarapdan eždatlarymyzyň ruhy dünýägaraýşyny janlandyrmaga kömek etse, beýleki tarapdan bize öz-özümize, dilimiziň hem ynançlarymyzyň aýry-aýry taraplaryna düşünmäge ýardam edýär. Marguş medeniýetinden Bize diňe dini durmuşyň mesgeni bolan mukaddes ybadathanalar däl, eýsem dünýewi-syýasy ýaşaýşyň şaýady bolan köşk-astanalar hem galypdyr. Bularyň iň esasylarynyň biri Marguşuň paýtagty Goňur şäheriniň patyşasynyň astanasydyr.
Bu özboluşly bina türkmen milli döwletliliginiň ajaýyp hem gadymy taryhynyň bir nusgasydyr. Emma men häzir gürrüňiň yzygiderliliginiň hatyrasyna Goňur şäheriniň mukaddes binalaryndan söz açmakçy. Bu binalar bolsa Zaratustra pygamberiň dini gutarnykly kemala gelmezinden has ozal öz pelsepeleri we ruhy gymmatlyklary bilen adamlary haýran edipdir. Eýsem-de bolsa, türkmen topragynyň goýnunda saklanyp galan bu binalar, olaryň ruhy esaslary bolan ynançlar nähili diniň, haýsy diniň gutarnykly döremegine sebäp bolupdyr?
Zaratustra pygamber adamzat taryhynda ilkinji dünýä dinini yglan eden şahsyýetdir. Onuň döreden dini – otparazlyk ilkinji dünýä wahý dini hasaplanýar.
Wahý – Hudaýdan gelen habar, wahý dini bolsa Hudaýdan inen ylham netijesinde yglan edilen din diýmekdir. «Zaratustra» ady zerrin, ýagny altynsow düýeli adam diýlip okalýar. Ol hakda ýazan alymlar pygamberiň miladydan öňki I müňýyllygyň birinji ýarymynda ýaşap geçendigini tassyklaýarlar. Degişli müňýyllygyň birinji ýarymy diýmek juda umumy hem-de howaýy bolýar. Türkmen topragynyň goýnundaky Marguş medeniýetiniň – Zaratustranyň dininiň taryhyny we medeni köklerini özünde saklaýan medeniýetiň ýaşynyň has aňyrky zamanlara gidýändigini göz öňünde tutsaň, pygamberiň I müňýyllygyň başynda ýaşap geçendigini tekrarlasa bolar.
Zaratustra özüniň kemala getiren dininde dini-ruhy ösüşiň müňýyllyk gazananlaryny – miladydan öňki II müňýyllygyň dowamynda gazananlaryny jemläpdir we olary özboluşly ulgama öwrüpdir. Pygamberiň kitaby – «Awestada» täze dini kabul eden taýpalar diýlip airýa, tuirýa, saýrima, saina we daha taýpalarynyň atlary tutulýar. Şu taýpa atlarynyň käbir üýtgeşmeler bilen häzirki wagta çenli gelip ýetendigini aýtmalydyrys.
Häzirki türkmen dilinde «ary», «saýry», «tur», «söýünhan» ýaly etnonimler ýa-da tire-taýpa kesgitliligi bilen baglanyşykly sözler saklanyp galypdyr. XVI asyryň beýik türkmen şahyry Garajaoglanyň «Ary türkmendir aslymyz» setiri her bir adama bellidir. «Ary» kökünden «arassa», «arlyk», «arlamak», «arkyndy», «artyk», «argamak» ýaly juda işjeň ulanylýan sözler ýasalypdyr. Men häzir «ary» sözünden beýleki sözleri-de häzirki türkmen aňy, häzirki türkmen etniki köpdürlülügi we häzirki türkmen ahlak ýörelgeleri bilen baglanyşdyryp bilerdim. Emma hut bir söze aýratyn ähmiýet we üns bermegimiň öz sebäbi bar. Bu ähmiýetiň we ünsüň aňyrsynda dört müň ýyllyk wagt alyslygynda galan eždatlarymyzyň dünýägaraýşynyň we dünýäni duýşunyň esasy özboluşlylygyny nygtamak zerurlygy ýatyr.
Zaratustranyň adamlara beren dini ulgamynda esasy gymmatlyklar arassalykdyr we sazlaşykdyr. Pygamberiň dininde mukaddes jandarlar hökmünde görlen düýe, at hem-de goýun türkmen dilinde şol bir ary (arassa) diýen kökden gaýdýan arwana, argamak sözleri bilen atlandyrylypdyr. Otparazlykdaky ahlaky arassalyk gymmatlygy bu diniň esasy bolup hyzmat eden garaýyşlarda tebigatdaky we tebigatyň arassalygy düşünjesi derejesinde kemala gelýär. Ruhy ösüşiň derejeli nukdaýnazaryndan, wahý dini – munuň özi tebigat kanunalaýyklyklarynyň ruhy kanunalaýyklyklar görnüşine ösüp geçmegidir. Ruhy kanunalaýyklyklar ruhy gymmatlyklar hökmünde kemala gelýär. Şunuň esasynda bolsa medeni ýaşaýyş, medeni aň ýüze çykýar. Ahlak adamzat ýaşaýşyny kesgitleýji hamyrmaýa, esas diýlip yglan edilýär. Munda Hudaý ruhy şahsyýet hökmünde göz öňüne getirilýär. Hut Hudaýa bolan garaýyş meselesinde-de wahiý dini özünden öňki butparazlyk dinlerinden tapawutlanýar. Mundaky Hudaý tebigat ýaşaýşyna mahsus maddalyk, bedenlilik sypatlaryndan saplanandyr. Ol bu göze görünýän dünýäniň däl-de, özge bir barlygyň ýaşaýjysydyr. Şeýle garaýşyň netijesinde Zaratustra pygamberiň dininde o dünýä, özge bir dünýä baradaky garaýyşlar kemala gelýär.
O dünýä – sap ruhy ýaşaýyş giňişligidir. Ruhy ösüşindäki şeýle üstünlige zaratustraçylykdan öňki garaýyşlar ýetip bilmändi. Özge dinleriň, şol sanda ýunan mifologiki aňynyň özge dünýä baradaky düşünjelerindäki garaýyşlara äň etseň, o dünýä bary-ýogy şu dünýäniň dowamy bolup çykýardy. Çünki olaryň özge dünýäsine maddylyk we bedenilik mahsusdyr. Zaratustranyň iki dünýä baradaky taglymaty ahlak jähetde tomug we behişt düşünjeleriniň, ahyrzaman baradaky pikiriň uly orun almagyna sebäp bolupdyr. Munuň özi adam aňyndaky beýik ösüşdi. Zaratustraçylygyň iki dünýäni birleşdiriji köpri – Çinwato – pereçu baradaky pikirleri yslamyň syrat köprüsi.
Zaratustranyň daena baradaky pikirleri bolsa yslamyň hüýrleri bilen äheňdeş gelýär. Umuman, ruhanalyk we ruhy gymmatlyklar, ruh dünýäniň hamyrmaýasy diýen taglymat zaratustraçylygy ruhuň ösüşindäki üýtgeşik hadysa öwürýär. Şonuň üçin hem mukaddes «Awestanyň dürli garaýyşlaryny, ondaky dürli taglymatlary we pelsepeleri, hadysalary hem-de şahsyýetleri maddy manyda teswirlemekden gaça durup, sap ruhy manyda düşündirmelidir.
Musal üçin, daena – munuň özi Awestadaky esasy şahsyýetlerdendir. Her bir adam o dünýäniň işiginden ätlände, öz daenasy ony garşy alýarmyş. Eger adam şu dünýäde halal ýaşan bolsa, onuň daenasy owadan hüýr sypatynda, eger adam öz ömründe haramlyk bilen meşgullanan bolsa, onuň daenasy betnyşan kempir sypatda bolýarmyş. Daena – adamyň içki ahlak dünýäsiniň anyk sypata girmesidir. Diňe şujagaz maglumat hem biziň ata-babalarymyzyň ruhy aňynyň näderejede çuňňur bolandygyny görkezýär.
Eger Awestanyň dünýägaraýşyna dogry düşünmek isleseň, onda onuň pelsepelerini we dessurlaryny butparazlyk jähetden teswirlemekden gaça durmaly. Emma men köp kişileriň, şol sanda alymlaryň hem hut şeýle hatadan gutulyp bilmeýändiklerini görýärin. Zaratustraçylykda esasy dessurlaryň we düşünjeleriň biri bolan ody, oda çokunmagy butparazlyk hasaplamak Awestanyň ruhunyň ýoýulmagy bolýar.
Ot – bu ýerde Hudaýyň esasy gudratlarynyň biridir, Hudaýa ruhy taýdan ybadat etmegiň bir usulydyr. Şonuň üçin hem ot mukaddeslikdir.
Zaratustra adamzat ruhunyň taryhynda ilkinji bolup howaýy düşünjeleri, sap ruhy düşünjeleri ylahylaşdyrdy. Hut şu beýik ruhy öwrülişik hem onuň dinini butparazlyk alamatlaryndan halas edýär. Butparazlygyň düýp manysy nämede? Butparazlyk – Hudaý şu dünýäniň içinde diýmekdir. Şu many hem onuň esasy aýbydyr. Çünki, hudaý şu dünýäniň içinde diýmek başga bir dünýä ýok, Hudaý ruh däldir diýmekdir. Beýle garaýyş ahyrky netijede kapyrlyga – hudaý ýok diýen ýaramaz hem pis pikire getirer. Göze görünmeýän zatlar aslynda-da ýokdur diýen pikir gümana getirýär. Güman bolsa imandan aýyrýar, küfüre getirýär.
Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň goşgularynyň birinde Biribara ýüzlenip şeýle diýipdir:
Üç müň ismiň hatyrna,
Günähim güzeşt eýle.
Hudaý bir, ady bolsa üç müňdür. Zaratustra pygamber özüni sözüň hakyky manysynda pygamber – Hudaýyň habaryny adamlara ýetiriji şahs hökmünde aňlapdyr. Ol özüni Hudaý bilen ymmaty baglaşdyryjy adam diýip hasaplapdyr. Üç müň ismiň içinde bu pygamber Hudaýy Ahura-Mazda atlandyrypdyr.
Ahura-Mazda – Beýik Parasatly diýmegi aňladýar. Bu adyň birinji bölegi – «ahura» käbir ses üýtgeşmeleri bilen häzirki türkmen dilinde saklanyp galypdyr. Magtymgulynyň bir şygrynda:
Agyr uruglydyr hem beýik illi
– diýen setir bar. Şu setirdäki «agyr» sözüniň «beýiklik» manysy bar. Şahyr bir setirde «beýik» sözüni iki gezek gaýtalamazlyk üçin, onuň manydaş sözüni ulanypdyr.
«Awestanyň» «ýasna» we «ýaşt» ýaly iň gadymy böleklerinde Ahura-Mazda gijeki ýyldyzly asman bilen baglanyşdyrylýar. Ahura-Mazda dünýäleri ýaradyjydyr. Ol ilkibaşda ruhy birlikleri ýaradypdyr, soňra-da olara maddy synalary beripdir. Onuň mekany Asmandyr.
«Awesta» arkaly Zaratustra pygamber ruhy düşünjeleri ylahylaşdyrypdyr. «Awestada» Ahura Mazdanyň mukaddes ruhy – Syýenta Maýnüwiwe şeriň ruhy – Angra-Maýnüwi ýaradypdyr diýilýär. Diýmek, ol ähli barlyklary ýaradyjydyr. Diňe şu hili garaýyşda – Ol şeri-de ýaradyjydyr diýen garaýyşda, ýagny, şer Hudaýdan bidin, başga bir sebäplere görä, birhili özakymlaýyn we hamana özbaşdak döräpdir diýen pikirden düýpli tapawutlanýan garaýyşda Hudaýyň ýaradanlygy doly ýüze çykýar. Emma Hudaý şeriň günäkäri däl-de, eýsem sebäpkäridir. Şonuň üçin şeriň jogapkärçiligi-de şeriň günäkärleriniň boýnuna düşýär. Meniň «günäkär» hem-de «sebäpkär» diýen sözlerimiň arasyndaky tapawutda Zaratustranyň adamzat ruhy üçin eden beýik açyşynyň manysy görünýär.
Pygamberiň tassyklamagyna görä, her bir adam öz ömründe eden işleri üçin jogapkärdir, tutuş dünýäniň işinde-de – gowulyk bolsun, erbetlik bolsun – her kişiniň hilesi we gatanjy bardyr. Emma bu ýerden Ahura-Mazda erbet adamy erbet edip ýaradypdyr diýen netije gelip çykmaýar. Hudaý Şeri-de, Haýry-da mümkinçilik hökmünde ýaradypdyr, şol sebäpden ol bularyň sebäpkäridir, olaryň aňyrsynda duran Hudaýydyr. Edil şol bir wagtda-da Haýry hem, Şeri hem amal edýän adamdyr, olary howaýylykdan hakykylyga, mümkinçilikden amala öwürýän adamdyr, şu sebäpden hem adam günäkärdir ýa-da sogapkärdir. Şeýlelikde, pygamberiň bu taglymaty pelsepede ykbal we şahsyýetiň erkinligi, ahlakda Hudaýyň hökmürowanlygy we bendäniň jogapkärligi diýen kellagyryly meseläniň oňyn çözgüdi bolup hyzmat edipdir. Erkinlik Hudaýyň hökmürowanlygyna düşünmekden, ony ykrar etmekden hem-de munuň çäginde öz ornuňy tapmakdan başlanýar.
Zaratustranyň Hudaý iki tarapy-da ýaradyjydyr diýen pelsepesi adamzat aňynda Wagtyň oňat aňlanylmagyna, Wagt diýilýän hadysanyň tebigatyna adamzadyň oňat düşünmegine getirdi.
Wagtyň atasy Hudaýdyr, Wagtyň enesi bolsa gapma-garşylykdyr.
Wagt Dünýäniň ýaşaýşynyň usulydyr, Wagtyň barlyga öwrülmeginiň usuly bolsa gapma-garşylykdyr. Älemde Tüm bilen Nuruň gapma-garşylygy – göreşi gidýär. Diýmek, älem Wagtynyň usuly heňňamdyr. Zeminde Dirilik bilen Ajalyň göreşi gidýär, diýmek, zemin Wagtynyň usuly eýýamdyr.
Jemgyýetde Haýyr bilen Şeriň göreşi bar, diýmek, jemgyýetçilik Wagtynyň usuly zamandyr. Adamyň içinde bolsa halal bilen haramyň göreşi gidýär, diýmek, köňül Wagtynyň usuly ömürdir.
«Awestanyň» iň gadymy böleklerinde Ahura-Mazdanyň iki sany dogany – Angra-Maýnüwi we Syýenta-Maýnüwi ýaradandygy aýdylýar. Bular ekizdirler. Syýenta-Maýnüw – mukaddesligiň ruhudyr, Angra-Maýnüw – «pisligiň» – ruhudyr. Ahura-Mazdanyň mekany sap ruhuň barlygydyr, doganlar bolsa maddylygyň barlygynda hereket edýärler. Syýenta-Maýnüw Ýer ýüzünde halallygyň we päkizeligiň ýeňmegine şert döredýär. Angra-Maýnüw bolsa şeriň, tümlügiň hem-de ölümiň öňbaşçysydyr. Ol adamyň içinde-de ýaşaýar, daşynda-da, ol ähli günäleriň, jadygöýlügiň, sowuklygyň, ölümiň, dert-keselleriň, garrylygyň, beýleki erbetlikleriň gözbaşynda durýar. Ahura-Mazda ilkibaşda diňe ruhy barlygy ýaradypdyr. Ýokarky ekizler hem aslynda ruhy ölçeg hökmünde görkezilýär. Emma olaryň amaly maddylyk görnüşine eýe bolupdyr. Maddylyk şeriň öňünde ejizdir. Haçan-da Angra-Maýnüw asmanyň daş gümmeziniň bir künjünden urup, zeminiň üstüne düşende, onuň «aýak basan» ýerleri çöllüge öwrülipdir. Soňra ol suwa özüni urupdyr. Angra-Maýnüwiň galtaşan suwlary şorlapdyr. Ondan öň bolsa dünýäde diňe süýji suwlar bar eken. Angra-Maýnüw ot-çöpi, agaçlary guradyp, Gäwüşi-Gäwmişi hem-de ilkinji Adamy öldüripdir. Ol Ýere inmezinden öň ot tüssesiz ýanýar eken. Pisligiň ruhy oduň tüsseläp ýanmagyna sebäp bolup, ony haraplapdyr.
Görnüşi ýaly, Zaratustranyň taglymatynda, dünýägaraýşynda esasy zat Ruhuň ilerilemegidir. Geçmiş, ýaradylyş babatda Ruh hamyrmaýadyr, şu gün babatda Ruh hökmürowandyr, geljek babatda bolsa Ruh jemleýji, netije çykaryjy güýçdür. Bütin älemiň hem, Dünýäniň hem, islendik bir maddy nersäniň hem öz ruhy esasy, hamyrmaýasy, ruhy özeni bardyr. Maddylyk şol hamyrmaýanyň ýüze çykmasydyr. Şeýle garaýyş müňlerçe ýyllyk Ýewraziýa galkymynyň dünýägaraýyş esasy bolup durýar. Gadymy ýunan hem semit pelsepesinde-de, ýehudylyk, hristian we yslam dinleriniň pelsepesinde hem Zaratustra pygamberiň gatanjy uludyr. Ol adamzat taryhynda uly öwrülişik etdi: maddylyk bilen ruhuň gatnaşygyny çepbe çöwürdi.
Şundan hem adamzadyň medeni ýaşaýşa gadam basan döwri başlap, wagşyýanalyk döwri tamam boldy.
Elbetde, pygamberiň garaýyşlary onuň boş ýerden tapan zady däl-de, ondan öňki müňlerçe ýyllyk ösüşiň netijesidir. Bu ösüş Zaratustrany berk ulgama öwrüpdir.
Geçiren öwrülişiginiň äpetligi bilen baglynyşyklylykda Pygamberiň ýaşan döwri we ýeri meselesiniň has doly çylşyrymlaşýandygyny aýtmak gerek. Orta asyr alymlarynyň, ondan öňki alymlaryň – zaratustraçylaryň hasabyna görä, Zaratustra Isgender Zülkarneýnden 300 ýyl çemesi ozal ýaşap geçipmiş. Bu pikire görä, Pygamber miladydan öňki VII asyrda ýaşan şahsyýet bolup çykýar. Emma soňky döwrüň arheologiýa ylmy Zaratustranyň döreden dinine degişli dessurlaryň we garaýyşlaryň yzlaryny has ozalky eýýamlardan agtaryp tapýarlar. Şonuň üçin hem Pygamberiň ömri baradaky çaklamalaryň has irki eýýamlara nazarlanmagy gerek.
Gadymy ýunan çeşmelerinde bu barada şeýle maglumatlar galypdyr: «Aýdyşlaryna görä, Zoroastr Platondan 6000 ýyl ozal ýaşap geçipdir». Elbetde, bu hem juda aňryk gidýär. Eger şu sany 6000 däl-de, 600 ýüz ýyl diýip okasaň, onda Pygamberiň, dogrudanam, ýaşaýjak döwrüne – miladydan öňki I müňýyllygyň başlaryna golaýlaşýar. Mundan takmynan üç müň ýyl ozal öz altyn öwüsýän arwanasyny idip, Zaratustra Pygamber adamzadyň ruhy hakydasyna baky girip gidipdir.
Pygamber özge adamlaryň görmeýän zadyny – maddy närselerde içki ruhy esasyň bardygyny, birinjiniň ikinjiniň gabygydygyny görüpdir. Bu täze dünýägaraýyşdy. Emma bu dünýägaraýyş ýüze çykmazdan tas müň ýyl ozal onuň esasy bolan özboluşly dünýäni duýuş kemala gelipdi. Muňa Marguş ýurdunyň galyndylary şaýatlyk edýär. Men bularda Zaratustra dünýägaraýşynyň duýgy esasy bolan dünýäni duýuşy görýärin.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada «Islendik pelsepe açyşynyň deslapky şerti duýgy açyşdyr» diýip ýazypdyr. Şunuň bilen men dünýägaraýyş bile dünýäni duýuş diýilýän iki sany uly ruhy hadysanyň tapawudyny görkezipdim. Bular adamzadyň daşky dünýä bolan gatnaşygynyň bir-biri bilen baglanyşykly, şol bir wagtda-da tapawutly iki usulydyr.
Dünýägaraýyş – adam beýnisiniň, pikiriniň önümidir we bu pikirleriň, garaýyşlaryň ulgamydyr. Adam hadysalaryň we zatlaryň arasynda baglanyşyklary pikiriň kömegi bilen yzarlaýar, netijede olary aýry-aýry kanunalaýyklyklar hökmünde teswirleýär. Dünýäni duýuş bolsa pikiriň yzyna düşmän, dünýä göni çykmakdyr. Munda adam duýgularyň, täsirleriň yzyna düşýär. Ol dünýä bilen duýgy derejesinde gatnaşyklary saklaýar. Şol täsir, şol duýgy hem adamy haýsydyr bir garaýyşlara, pelsepelere iterýär. Munda adam göwni esasy kesgitleýji zatdyr. Özünde duran obrazlar, yşaratlar, alamatlar arkaly adam garaýyşlaryň ulgamyny kemala getirýär. Onsoň adam göwnüniň, hyýalynyň yzyna düşüp, aňynda tebigatda görünmeýän ýa-da asla ýok baglanyşyklaryň hataryny düzýär. Soňabaka bu işe paýhas hem goşulyp, duýgulara, täsirlere ulgamlylyk häsiýetini berýär. Dünýäni duýuş dünýägaraýşa öwrülýär.
Islendik dünýägaraýşyň esasynda ýatan dünýäni duýuşdan bihabar adam üçin bu dünýägaraýşyň düýp manysyna we hakykylygyna düşünmek juda kyndyr. Şu sebäpden islendik dünýägaraýşyň umumyadamzat dili bolan pikirlenmeler görnüşinde ýaşaýandygyna garamazdan, saýry adam üçin özge bir halkyň – giňişligiň ýa-da özge bir wagtyň – döwrüň dünýägaraýşyna düşünmek çetindir.
Netijede, adam diline düşünmedik pelsepelerini «bimany», «boş», «ýasama» ýa-da «emeli», «hyýaly» zatlar hökmünde basymrak başdan sowmaga, olary ur-tut ret etmäge mähetdel bolýar. Soňky wagtlarda ylymda hem pelsepede giňden ulanylýan «medeni dil», «ruhy dil» düşünjeleri hem özge dünýägaraýşyň o diýen ugur-utgasyz zat däl-de, garaz, düşünmesi kyn bir hadysadygy bilen baglanyşyklydyr.
Özge dünýägaraýşa düşünmekligi onuň esasyndan – dünýäni duýuşdan başlamak gerek. Dünýäni duýuşa girmek, ony aňlamak işi bolsa şol adamlaryň ornuna özüňi goýup görmekden, olaryň duýgulary bilen duýmakdan, olaryň syzgylaryny edinip syzmakdan başlanýar. Munuň üçin, aýlawly aýdylanda, öz deriňden çykyp, başga biriniň derisine girmäni başarmaly.
«Türkmen taryhynyň» başynda men taryha akyl ýetirmek usullarynyň içinde «syzmak» diýen usuly görkezdim. Syzmak, süňňüň bilen duýmak özboluşly bir hyýaly tilsimatdyr. Ata-babalarymyzyň dünýägaraýşyna aralaşmak üçin olaryň dünýäni duýşuny edinmek zerur. Munuň özi olaryň duýgularyny, syzgylaryny öz süňňünde oýarmaklygy aňladýar. Muňa bolsa öz gezeginde olaryň ýaşaýşyndan galan dürli närseler, güzeranda ulanan zatlary, olaryň ýüzünde, sungat eserlerinde saklanyp galan aňlatmalar we nyşanlar, olaryň dürli dessurlaryndan habar berýän gurluşlar kömek edýär. Şeýle dünýäni duýşy edinmek gowy zat. Ýöne bu kyn işiň diňe deslapky ýarysy. Çünki, öz duýgularyňy şo durşuna başga bir adama geçirip bolmaýar, adam gujurynyň (energiýasynyň) duýgy atly görnüşini bir özüň syzyp bolýar. Emma özgä geçirmek üçin, ony isleseň-islemeseň, howaýylaşdyrmaly, ýagny pikire öwrüp aňlatmaly bolýar. Ine, şonuň üçin hem biz ol duýgularyň – syzgylaryň mundan baryp müňlerçe ýyl ozal howaýylaşdyrylan, pikire öwrülen nusgalaryna – Awestanyň mifologiki (hyýaly) hem-de metaforiki (göçme manyly) dünýägaraýşyna ýüzlenýäris.
Marguş eždatlarymyzyň dünýäni duýşy Zaratustranyň dünýägaraýşynyň esasy bolup hyzmat edipdir. Ol dünýäni duýşuň kemala gelmegine bolsa türkmen tebigatynyň özi ýardam edipdir.
Marguş ýurdunyň Goňur, Togalak-21 ýaly şäherlerinde gurlan ataşkedeler – ot ybadathanalary baryp II müňýyllykda biziň ýurdumyzda otparazlygyň ösen görnüşiniň bolandygyna şaýatlyk edýär. Ataşkedelerde oda çokunmak, oduň öňünde ybadat etmek ýaly dessurlaryň ösen, çylşyrymly bir ruhy endiklere öwrülipdir. Ösen hem özboluşly dini dessurlara laýyk binagärlik döräpdir we kämilleşipdir. Munuň özi ot bilen baglanyşykly jemgyýetçilik aňyýetiniň bolandygyndan habar berýär.
Hemişelik ýanyp duran oduň başynda amal edilen dessurlar eždatlarymyzyň duýgy-düşünjeleriniň aňladylmasydyr. Ataşkede döwrüň binagärliginiň esasy görnüşleriniň biri bolupdyr. Hut ataşkedä aýratyn sungat, jemgyýetiň durmuşyndaky möhüm bir zat hökmünde garalypdyr. Ömrüniň baş manysyny Hudaýa ybadat etmek hasaplan eždatlarymyz özleriniň ähli binagärlik gujuryny we zehinini ataşkedä sarp edipdirler. Asyl, olaryň ömürleriniň ähli manyly bölegi-de şol ýerde geçipdir. Şu ýerde meniň binagärlik bilen ýönekeý gurluşygyň arasyndaky tapawuda ünsi çekesim gelýär.
Adaty jaý gurluşygy ýagmyrdan, ýelden, günden, sowukdan goranmak ýaly diňe güzeran hajatlarynyň netijesidir. Binagärlik bolsa halkyň ruhy pelsepesini we gözellik kemalatyny aňladýan sungat işidir. Muňa Marguşuň ataşkedeleri bilen ol binalary bitertip gurşap alan ýaşaýyş jaýjagazlarynyň arasynda tapawut hem şaýatlyk edýär. Ataşkedeler eždatlarymyzyň ruhy düşünjeleriniň ýokary derejesine we çylşyrymly tebigatyna şaýatlyk edýär. Özem gep, arheologlarymyzyň ýazyşy ýaly, ol binagärlik uslyplarynyň Alynky Aziýadan ýa-da ýene bir ýeden getirilenliginde däldir.
Çünki, birinjiden, hakykat ýüzünde tersine-de bolup biler. Esasy zat bolsa, «Awestanyň» we şu günki türkmen aňynyň astky galaklarynyň tarapyndan bakanynda, bu binalaryň we olarda berjaý edilen dessurlaryň has göze gelimli, göze doly hem manyly janlylyga öwrülýänligindedir.
Ot – gudrat, ot – saplaýjy, arassalaýjy keramat. «Ot – oraz», «ot baran ýerde dert galmaz». Ot köne türkmen tebipçiliginde uly orun tutýardy. Çirtmek, orak basmak ýaly onlarça tebipçilik emelleriniň Marguşda-da ulanylandygyny tekrarlamak bolar.
Eždatlarymyzyň otdan bökmek dessury juda gadymy – Marguş zamanyna baryp ýetýär. Otdan bökmegiň manysy günälerden saplanmakdyr. Diýmek, arassalaýjy, saplaýjy – hem bedeni, hem ruhy saplaýjy gudratdyr. Ata-babalarymyz oda Hudaýyň gudraty hökmünde seredip, adamyň ýaramazlygyny ýa-da päkligini kesgitlemegi oda ynanypdyrlar.
Adamy synamak üçin iki hatar oduň arasyndan geçiripdirler. «Iki oduň arasynda galdym» diýen durnukly söz düzüminiň asly şol däpden gaýdýar. Eger adam darajyk hataryň içinden sag-aman geçse, ol aklanypdyr. Eger ot oňa ýapyşsa, ol günäkär hasaplanypdyr. Ýa-da dilimizdäki «ot ýaly» aňlatmasy-da gudratly diýen manyny berýär.
Dünýäni duýuşyň jähetinden, oduň Hudaýyň «teni», ýüze çykmasy hasaplanmagynyň öz duýgy esaslary bar. Ataşparazlyk hakynda ýazan alymlaryň bir kemçiliklerini, bir möhüm meseledäki kemçiliklerini aýtmalydyryn. Bu, umuman, ruhuň ösüşi meselesine dahylly hadysa: alymlar eždatlarymyzda oda bolan ylahy garaýşyň döremegini köplenç maddy-güzeran hajatlar bilen baglanyşdyrýarlar. Nämemiş, hamana, ot adamlaryň gadymy ýarym ýabany ýaşaýşynda aýratyn orny eýeländigi üçin, ýelden-çygdan we ş.m.-den gorandygy üçin adam ody ylahylaşdyrypmyş. Beýle göz öňüne getirme nädogrudyr we ruhuň ösüşini öz içine alardan has ýöntemdir. Eger oduň keramatlandyrylmagy şeýle maddy hajatlardan gelip çykýan bolsady, onda, megerem, käbir jandarlarda-da degişli gatnaşyk emele gelerdi. Emma gep adamyň tebigatyndaky ikileýinlikdedir.
Adam jan bilen tenden, ruh bilen bedenden ybarat. Onsoň daşky dünýäniň zatlary we hadysalary bu ikileýinligiň her tarapyna birhili täsir edýär. Ot hem şeýle. Ol gudratdyr. Umuman, adam hususyýetiniň ýokarky iki tarapyna-da täsir edip bilýän zatlar gudratdyr we gudratlydyr. Ot adamyň tenini ýelden-çygdan, sowukdan goraýar. Şunuň bilenem onuň tene täsiri gutarýar. Emma ot ruha bütinleý başga hili täsir edýär, oduň hut ruha täsiri-de onuň ylahylaşdyrylmagynyň esasynda ýatýar. Ot ata-babalarymyzyň pelsepewi – şahyrana ýasawly, zantly wekillerine hasam üýtgeşik täsir edipdir.
Şeýle bir pursaty göz öňüne getiriň: arassa, tämiz hem-de dury Marguş agşamy. Ortarada ot alawlap ýanýar. Oduň başynda bolsa ýalňyz hem pikirdeş, dünýä syrlaryna maýyl köňülli adam otyr. Ot onuň ruhuna täsir edýär. Asly otdan bolan ruh öz birmahalky asyldaşyny tapýar. Oduň alawlaýşyna, öz gyzyl hem maýyşgak endamy bilen aýlanyp, towlanyp raks edişine bu kişi aňk bolup seredýär. Ýarym maddy närse oňa üýtgeşik dünýäniň wekili bolup görünýär. Oduň közleri bolsa – kiçijik hem enaýy közjagazlar oňa kä üýtgeşik dünýäniň ýaşaýjylarynyň jüýjerilip bakýan gözjagazlary, käte-de asmandaky ýaldyraşýan ýyldyzlar bolup görünýär. Adamyň kalbyna hesret hem beýiklik gatançly ylham aralaşýar. Tebigatyň syrlaryna bütinleý näbelet adam üçin ot başga alamat, başga nyşan bolup dur. Ot öz asyl mekanyna – asmana gol bulaýar, asmana ymtylýar.
Ot – kä ýerleri gyrmyzy, kä ýerleri gyp-gyzyl, kä ýerleri gülgüne, kä ýerleri-de al ganatyny pasyrdadyp, güsürdäp asmana galýan guş! Janguşy!
Ot – çigrekde üşän elleriňi mylaýym sypaýan, çigrekden ýaňa gyzaran ýüzüňe öz gyzyllygy bilen sylynýan mähir! Hudaýyň mähri!
Ot tümlügiň hem sowugyň garşysyna çykyp bilýän, bu göreşde öz gyrmyzy ganyny saçyp bilýän ýeke-täk merdana!
Ine, şeýle pursatlarda Zaratustra ýaly pygamberler täsin ruhy açyşlary edipdirler. Ruhy açyşlar bolsa oduň garna däl-de, ruha eden täsirlerinden dörän ylhamdan kemala gelipdir. Eger adam tebigatyndaky ten-ruh ikileýinligi bolmasa, onda bu ikisini gapma-garşy goýmak dünýä akyldarlarynyň biriniňem kellesine gelmezdi.
Marguşly eždatlarymyz oda gudrat hökmünde seredip, dünýä hadysalarynyň we zatlarynyň ähli baglanyşyklaryny oduň üstünde gurnapdyrlar. Öten-geçenler zatlaryň arasynda baglanyşyklaryň bardygyna göz ýetirip bilmändirler diýmek men-menlik bordy. Olar diňe bu baglanyşyklary biraz başgaça göz öňüne getiripdirler. Goňur şäheriniň ataşkedesinde içine kerpiç örülen inedördül puhorlar, ýerden sähelçe ýokary galdyrylan puhorlar bolupdyr. Üsti açyk otaglar şekilinde gurlan şeýle jaýlara eždatlarymyz pawi diýipdirler. Olar diňe bir oda däl, eýsem ondan galan küle-de gorky gatyşykly hormat bilen garapdyrlar. Arassa, tämiz närse hasaplanan agymtyl külleri zyňyp goýbermän, ýele-ýagmyra bermän, ýörite gaplarda saklapdyrlar.
Goňuryň temenosynyň – mukaddes binasynyň çäginde saklanyp galan zatlar oduň başynda dine ybadat edilip, doga okalman, eýsem degsin hem edilendigini görkezýär. Daşky diwarlaryň golaýynda çaşyp ýatan san-sajaksyz küýze döwükleri şol köpçülikleýin degsin edilmeden galan yzlardyr.
Degsin etmek dessury diňe gurban kesilen malyň etini özüň iýmek, ýagyny eredip, oda bermek işlerini däl, eýsem mukaddes içgi taýýarlamagy-da öz içine alypdyr. Kenebiň suwundan taýýarlanyp, süýt goşulan haoma adam beýnisine täsir edip, onuň ylhamyny artdyrypdyr. Ol ylham keşişleriň Hudaýy we o dünýäni has oňat, has içgin we has anyk göz öňüne getirmegine ýardam edipdir. Şonuň üçin hem edil ot ýaly haomanyň özi-de «gözi ýaşyl» ylahlaryň biri hasaplanypdyr. Umuman, gadymy otparazlykda adam ruhuna täsir edip, jan ylhamyny artdyrýan närseler gudrat saýylypdyr.
Ylham ruhy güýç hökmünde aňlanylypdyr. Otparazlyk dünýägaraýşyna laýyklykda beden güýjüniň, maddy güýjüň esasynda ruhy güýç ýatýar. Şeýle garaýyş haoma barada «Awestada» aýdylan öwgülerde-senalarda oňat bildirýär.
Haoma «Awestada» başgaça – mada diýip atlandyrylypdyr. Bu üýtgeşik aňlatma arkaly üç sany düşünjäniň aňladylandygyna düşünmek bolýar. Birinjiden, haoma – adamyň başyny aýlap, ony humarladyjy, Adama beden güýjüni we ruhy ylham beriji içginiň ady bolmaly. Marguşuň arheologik ýadygärlikleriniň öwrenilmeginiň görkezişi ýaly, bu içgi eždatlarymyzyň durmuşynda uly orun eýeläpdir. Togalak-21-iň ybadathanasyndan, Goňuryň kuddusyndan we beýleki ýerlerden tapylan gaplaryň, dürli jamjagazlaryň düýbünden haomanyň ýa-da madanyň guran galyndylary muňa şaýatlyk edýär. Ikinjiden, haoma diýlip içgini taýýarlamak üçin ulanylýan ota hem düşünipdirler. Marguş ýurdunda ýaşan adamlar dini dessur üçin kenebi hem-de borjagyň bir görnüşini ulanypdyrlar. Üçünjiden, wagtyň geçmegi, içginiň ylahylaşdyrylmagy we munuň bilen baglanyşykly birgiden dini dessurlaryň kemala gelmegi bilen haoma özbaşdak ylah hökmünde aňlanylyp başlapdyr. Ol ylahy şahsyýete öwrülipdir. Şeýdip özboluşly rowaýat döräpdir. Bu rowaýata görä, haoma ilkibaşda bir ylah bolup, soňra beýleki ylahlar tarapyndan onuň bedeni – ot-çöp görnüşindäki bedeni ýenjilip, onuň suwy alnyp, bu suw hem hudaý ýolundaky ybadatda ulanylyp başlanmyşyn. Häzirki türkmen dilindäki «suwa salma ýençmek» söz düzüminiň manysy şu hili hadysalar bilen baglanyşyklylykda ýüze çykypdyr.
Togalak-1, Togalak-21 ybadathanalarynyň, Goňuryň kuddusynyň içinde berjaý edilen dessurlar haoma bilen dahyllydyr. Özüne şeýle möhüm we belent binalar galdyrylan, şunça dessurlaryň döremegine we berjaý edilmegine sebäp bolan bu içginiň nähili ruhy-durmuş manysy we ähmiýeti bolupdyr? Özümize bütinleý ähmiýetsiz görünýän, emma eždatlarymyzyň binagärlik pikiriniň ösmeginde, ruhy hajatlarynda şeýle uly orny eýelän haomanyň bize-de düşnükli bolup biljek näme syry bolduka? Eždatlarymyz bolan saklaryň we sarmatlaryň ylah hökmünde garan haomasyny tanamak üçin mukaddes «Awesta» ýüzlenmegimiz gerek.
«Awestanyň» «Ýaşt» atlandyrylan bölekleri dürli senalary-homdlary, «ýasna» bolsa dürli ybadatlar bilen baglanyşykly dogalary öz içine alýar. «Ýasnanyň 9-11-nji baplary haoma bagyşlanandyr. Bu ýerde aýdylan parzlar berjaý edenlere iman kepillendirilipdir. Parz şundan ybarat: ilki bilen, öküzi gurban kesmeli. Soňra bolsa haomany ýenjip, suwuny süýde garypdyrlar. Alnan içgi Hudaýyň – Ahura-Mazdanyň ýoluna aýdylypdyr. Şeýle parz dünýä taryhynda iň soňky gezek berjaý edilende, külli älem asylbaşky sazlaşyk ýagdaýyna gaýdyp geler we ölüm diýilýän zadyň soňuna çykylar diýip ynanypdyrlar. Haomany içen adamyň ylhamy göterilip, dünýäniň öňüne-soňuna göz ýetiren ýaly halata düşüpdir. Soňky ruhy taryhymyzda şeýle halat hala düşmek diýlip atlandyrylypdyr. Magtymguly özüniň «Turgul diýdiler» şygryny bu haly beýan etmek üçin ýazypdyr. Hal arkaly oňa şahyrlyk hem-de welilik berlipdir.
«Awestada» Zaratustra pygamber haomany sykyp, suwuny içenleriň nähili gudrata we bagta eýe bolandygyny aýdyp geçýär. Muny ilkinji bolup içen Wiwahwantyň – Günüň Ýima diýen ogly dünýä inýär. Ýima ýa-da Jemşit ilkinji adam, müň ýyllyk altyn eýýamyň şasydyr. Ýimanyň ogly Töredir. Töre bolsa turanlylaryň atasydyr. Ajy – Dhakany öldürip, tümlügiň soňuna çykan Traetonanyň – Feridunyň dogulmagy hem haomanyň sykylyp alynmagy we içilmegi bilen baglanyşdyrylýar.
Haoma adam başyny humarlap, onuň beden hem ruhy güýçlerini tijeýär, oňa şypa berýär, güýçli-kuwwatly, bilim berýär diýip, Pygamber aýdypdyr. «Awestanyň» degişli ýerlerini okanynda, haoma içgisiniň çapuw atlaryna berlendigini, her bir öýde gündelik durmuşda dermanlyk içgi hökmünde ulanylandygyny, haomanyň keramatlaşdyrylandygyny görmek bolýar. Hut Togalak, Goňur şäherleriniň arheologik tapyndylary-da şu hili ýaşaýyş güzeranynyň maddy subutnamasy bolup durýar. Bu şäherleriň ybadathana toplumlarynyň möçberi, olary gurşap alan birgiden kömekçi hojalyk jaýlary, giden obajyklar haoma taýýarlamak bilen meşgullanan adamlaryň mesgeni bolupdyr. Haoma hatda eždatlarymyzyň etniki taryhynda hem yz galdyrypdyr. Arheolog taryhçy alymlar taryhy ýazgylarda duş gelýän «sak – haomowarga» sözüne «homa taýýarlaýan saklar» diýip okaýarlar. Eger has soňraky – XIX – XX asyrlardaky türkmen etniki düzüminde «halwaçylar», «terenjiler» ýaly tireleriň duş gelýändigini nazara alsaň, bu ýerde hiç hili geň-taňlyk ýokdur.
Marguş ýurdunyň beýleki ybadathanalarynyň (esasan haoma bagyşlanan ybadathanalarynyň) gapdalynda ataşkedeler aýratyn göze görnükli bolup durýarlar. Ataşkedelerde, aýdaly, Goňuryň ataşkedesinde diňe Oda çokunmak bilen baglanyşykly ybadatlar amala aşyrylypdyr. Goňuryň ataşkedesiniň merkezinde äpet howly bolup, onuň üç tarapynda 12 sany darajyk hüjreler ýerleşipdir. Ataşkedäniň içinde bäş sany ot puhory, «tämiş külüň saklanýan ammary» ýerleşipdir. Arheologlar Goňur ataşkedesiniň binagärlik uslybyny Demirgazyk Mesopotamiýanyň Mitanny şalygynyň binagärlik däpleri bilen baglanyşdyrýarlar. Emma bu ýerde Marguşlylar Mesopotamiýadan gelip çykypdyrlar diýen netijäni çykarmak howlukmaçlykdan, del pikire kowalaşmakdan başga zat däldir. Bu diňe iki sany gadymy ýurduň – şalygyň etniki, medeni arabaglanyşygynda bolandygyna şaýatlyk edip biler.
Eger oduň Türkmenistanda juda gadymy wagtlardan bäri keramatlaşdyrylandygyny ýada salsaň, ataşkedäniň özge ýerden däl-de, hut şu topragyň öz ösüş taryhyndan gelip çykandygyny tassyklamak bolar. Ot, beýleki tebigat hadysalary bilen bilelikde zaratustraçylygyň dünýägaraýşynyň we dünýäni duýşunyň kemala gelmegine aýratyn täsir edipdir. Ýöne şu meselä geçmezden ozal, Goňur ataşkedesi babatda arheologlaryňam gözüne aýratyn ilen bir maglumaty agzap geçmekçi. Bu maglumat biziň eždatlarymyzyň II müňýyllykda bolup geçen ruhy ösüşiniň düýpli taraplarynyň birine degişlidir. Adamzat taryhynda häzire çenli birnäçe dinler, dini ulgamlar döräpdir, olar ruhy ösüşiň dowamynda biri-birini çalşyp gelipdirler. Dürli milletleriň, dürli ymmatlaryň Hudaýy özüçe göz öňüne getirişi bolupdyr.
Eger ýadyňyzda bolsa, miladydan öňki III müňýyllykda Oguz han atamyz Ýekehudaýlylygy yglan edip, täze bir dini dünýägaraýşy döredipdi. Munuň özi Köpetdagyň eteklerinde şol wagtyň dünýäsinde iň güýçli döwletiň döremegine ruhy esas bolupdy. Emma şol bir wagtda-da, Ýaňykentden tapylan dürli heýkeljikler butparazlygyň birbada hem büs-bütin soňuna çykylmandygyny, bu çalyşyk hadysasynyň has çylşyrymly we uzak wagtyň dowamynda bolup geçendigini aňladýar. Şoňa garamazdan, eýýäm II müňýyllykda ruhy düşünjämizde butparazlyk äheňleri juda azalýar we tas ýoga çykýar. Muňa Marguşuň ybadathanalary şaýatlyk edip dur. Birinjiden, bu ýerde adam eli bilen ýasalan hiç hili but ýok. Ikinjiden bolsa, ataşkedeleriň iň mukaddes ýeri bolan puhorlar mümkingadar iň içki, iň törki jaýlarda ýerleşdirilipdir. Munuň özi mukaddes oduň mynasyb-u-mynasyp däl adamlaryň nazary bilen hapalanyp, zaýalanyp durmazlygy üçin edilen bolmaly. Beýle möhüm maglumat eždatlarymyzyň hudaý, mukaddeslik baradaky düşünjeleriniň näderejede çuňňur, arassa we çynlakaý bolandygyny görkezýär.
Ýekehudaýlylygyň we butparazlyga bolan ýigrenjiň türkmen ganyna siňmeginde Oguz hanyň täsiri juda güýçli bolupdyr. Hudaýy adam sypatynda görmeklik, buta çokunmaklyk türkmeniň iň bir ýigrenýän zatlary bolupdyr. Şonuň üçin hem soňky bäş müň ýylyň türkmen taryhynda beýik şahsyýetleri keramatlaşdyrmak däbi bolsa-da, hiç bir ýerde olary ylahylaşdyrmak däbi ýokdur, asla şeýle meýil hem bolan däldir. Ine, alymlaryň henize-şu güne çenli aralaşmadyk pikir, pelsepe mülki.
Ýene bir möhüm mesele bar. Bu mesele Marguşuň hettler, Mesopotamiýa bilen baglanyşygyna, arylaryň gelip çykyşyna dahyllygydyr. Bu hakda aşakda aýdaryn. Häzir bolsa Marguş şalygynda ýaşan eždatlarymyzyň dünýägaraýşynda we durmuşynda haoma bilen birlikde aýratyn ähmiýeti bolan ot hakyndaky gürrüňiň soňuna ýeteliň.
Ataşkedelerde baky hem-de mukaddes ot hemişe alawlap durupdyr. Mukaddes ot diňe arassa hem-de tämiz agaçlaryň odunyndan ýakylypdyr. Hapa zatlary ýakyp, ot almak külli günä hasaplanypdyr. Eždatlarymyz Garagumuň goýnunda bitýän sazak, sözen ýaly ösümlikleri bu mukaddes iş üçin ýygyp alypdyrlar. Häzirki türkmeniň şeýle ösümliklere söýgi hem-de mähir bilen garamagy eždatlardan galan ruhy endikdir. Sazak türkmenlerde Hydyr gören agaç hasap edilýär.
Marguşuň ýadygärliklerini öwrenip, olar arkaly eždatlarymyzyň durmuşyny göz öňünde janlandyranyňda, oduň ol durmuşda aýratyn ornuny görýärsiň. Diňe ataşkedelerde däl, eýsem gündelik güzeranda hem, hatda merhumy jaýlamak dessurlarynda hem oduň esasy zatlaryň biri bolandygy aýdyň duýulýar. Marguşuň mundan 4-3,5 müň ýyl ozalky döwürdäki galan mazarlary açylanda, şu tarapdan häzirki dessurlarymyz bilen meňzeşlikleri hem, birnäçe tapawutlar hem göze ilýär. Mazaryň dik boýuna gazylyp, soňra bir böwürden içki öý edilişi, içki öýüň gurluşy, adam jaýlanandan soň, içki öýüň agzynyň çig kerpiçler bilen örülip, suwalyşy edil häzirki jaýlaýyş dessurlarymyz bilen bir zatdyr. Tapawut nämede ýüze çykýar? Gadymky mazarlar açylanda, guburyň ýerinden başlap, diwarlaryna çenli güýçli ýanan ot bilen mazaly ýakylandygyny görüp bolýar. Munuň özi oduň arassalaýjylyk gudratyndan habar berýär. Eždatlarymyz topragy arassalyk, tämizlik hasaplapdyrlar, adam jesedi bolsa haram saýylypdyr, ýagny, «lebiz halal, et – haram». Jesediň topragy haramlamazlygy üçin jaýlamazdan ozal, ot arkaly jeset bile toprak arsynda «serhet geçirilipdir». Ondanam ozal jeset häzirki edilişi ýaly, ýuwlupdyr. Emma bu ýeterlik hasaplanmandyr.
Mukaddes «Awestada» ot a:tar atlandyrylýar. Ot aýratyn ylah hasaplanmandyr. Eždatlarymyz oda Hudaýyň maddy ýüze çykmasynyň nyşany, alamaty hökmünde garapdyrlar. Ol ylahyň «teni» diýlip atlandyrylýar. «Ýasnada» şeýle diýilýär: «Hudaý asmany, suwlary, topragy, ösümlikleri, haýwanaty we adamzady ýaratdy hem-de bularyň barynyň süňňünde ody ýerleşdirdi». Şonuň üçinem ähli zatdan, hatda suwdan hem ot çykyp bilýär. Ot – ähli maddy närseleriň jany. «Awestanyň» «Wi dew dat» (Döwlere nälet) hem-de «Ýaşt» böleklerinde oduň ölümlidigi, onuň duşmanynyň Ajy-Dhakadygy barada aýdylýar. Marguşlylaryň merhumy ýatlamak däbi hökmünde mazaryň golaýragynda ot ýakyp, oduň başynda oturandygyna arheologik agtaryşlar şaýatlyk edýär. Otdan-nurdan dörän adamy eždatlarymyz ot bilen hem o dünýä ugradypdyrlar.
Häzirki türkmen dilinde «ot» düşünjesi birnäçe sözleriň kömegi bilen aňladylýar. Bular – ot, ýalyn, alaw, nar we beýlekiler. Iň işjeň we köp ulanylýan ot sözüniň «Awestadaky» a:tardan gelip çykandygyny aňlamak kyn däl. Bizde «nahar bişirmek» manysyndaky «nahar atarmak» söz düzümi hem köp ulanylýar. Degişli düşünjäniň birnäçe söz bilen aňladylyşy ýaly, mukaddes «Awestada» ot hem birnäçe görnüşe bölünipdir. Bersizawa – Günüň ody, Wohufrýana – haýwanatyň we adamzadyň jany bolan ot, Urwazişta – ot-çöpüň jany bolan ot, Wazişta – ýyldyrymyň ody. Spenişta bolsa ylah derejesine ýetirilen howaýy otdur.
Zaratustraçylygyň ikinji bir tebigy esasy – suwdur. Eždatlarymyzda 4 müň ýyl mundan ozal suwuň keramaty bolupdyr. Edil ot ýaly, suw hem tämizleýji tebigy güýç hasaplanypdyr. Diňe suwuň özi däl, eýsem onuň ruhy-da tämizleýjidir. Şonuň üçin hem suwuň diňe maddy hapalary däl, eýsem ahlak hapalygy arassalamak gudraty bar. Dilimizdäki «günäni ýuwmak» söz düzümi şol gadymky garaýyşlaryň galdyran yzydyr.
Goňur şäheriniň kuddasynyň çägindäki aýtymy 20 m., çuňlugy 2 m. bolan howzuň manysy-da ýokarky nukdaýnazardan bakanyňda aýan bolýar. Bu uly howzuň suwy golaýda ýerleşýän guýudan alnypdyr. Guýynyň çuňlugy 10 metre ýetýän eken. Degişli howuz ybadat etmezden ozal arassalanmak, häzirki dilde aýdylanda, synja we täret kylmak üçin niýetlenipdir.
«Awestanyň» dünýägaraýşynda we hyýalatynda (mifologiýasynda) suwuň aýratyn ähmiýeti we orny bar. Şol rowaýatlaryň biri zaratustraçylykda ylah hasaplanan Tiştriýa – Üç ýyldyz baradadyr. Bu rowaýatyň uşlybynyň türkmeniň ruhy durmuşynda saklanyp galandygyna ünsüňizi çekmekçi bolýaryn. Ol has soňraky türkmen dessany bolan «Göroglynyň» häzire çenli düşnükli bolmadyk bir tarapynyň manysyny açýar. Mälim bolşy ýaly, Görogly beg Türkmeniň Gyraty suw atynyň neslindendir. Eýsem-de bolsa, suw aty näme bolýar? «Awestada» Wourukaşa atly köl – deňiz barada aýdylýar. Wourukaşadan dünýäniň ähli derýalary gözbaş alyp gaýdýar. Bu köli suwdan doldurmak bolsa Tiştriýanyň wezipesidir. Her ýyl Tiştriýa ajaýyp gyr argamak sypatyna girip, Wourukaşa kölüniň kenaryna gelermiş. Şol ýerde oňa şar gara reňkli at sypatyndaky döw – Apaoşa duşýar. Eger adamlar ýylyň dowamynda Tiştriýaň ýoluna köp sadaka beren bolsalar, onda Tiştriýa döwi ýeňýär hem-de özüni suwa oklaýar, şeýdip, kölüň suwy has hem köpelýär. Ýerde bolsa bereket, ygal, rysgal artýar. Kölüň tolkunlary baýtal şekilinde berilýär. Haçan-da Tiştriýa ol baýtallary höwürden çykarandan soň, baýtallar köp suw öndürýärler.
Arheologlar Marguşuň jaýlarynda, ymaratlarynda adamlaryň keçe ýazyp, şonuň üstünde oturandyklaryny tassyklaýarlar. Sebäbi şol ýerlerden keçäniň ýüňüniň galyndylary – yzlary tapylýar. Meniň häzir «Awestadan» gürrüň beren rowaýatym diňe Göroglynyň Gyratynyň gelip çykyşyny däl, eýsem türkmen durmuşynyň beýleki käbir taraplaryny hem oňat düşündirýär. Marguşlylaryň düşenen keçelerine soňky türkmen keçelerindäkä meňzeş nagyşlaryň salnandygyny çaklamak bolar. Häzirki türkmen keçesindäki tolkun şekilindäki nagşa «goçak» diýilýär. Emma mundaky alamat has gadymy döwürlere gidýär. Umuman, soňky 3-4 ýüz ýylyň dowamynda gaty gadymy eýýamlardan galan şekilleri «goçaga» öwürmek hadysasy rüstem gelipdir. Aslynda bolsa, keçämizdäki degişli nagyş tolkun şekilinde berlen atyň kellesiniň suratydyr. Şeýle nagyşly keçede oturmagyň düýp manysy özüňi atyň üstünde oturan adam saýmakdan ybaratdyr.
Ot – jan, nur.
Toprak – bakylyk,
Suw – wagtdyr.
Mukaddes «Awestada» suwuň ylahy giňden beýan edilipdir. Suwuň ruhy şol ýerde Apom-Napat atlandyrylýar.
Apom-Napat ot bilen suwuň asylbaşky birligine alyp gidýär. Ýyldyrym hem suw (bulut) bilen oduň birligidir. Apom-Napat Wourukaşa kölüniň girdabynda Ajy-Dhakadan ylahy, gudratly güýji – farny gizläp saklapdyr.
Eždatlarymyz suwuň we hasyllylygyň ylahyny Ardwisura – Anahita atlandyrypdyrlar. Oňa bagyşlanan özbaşdak sena «Ardwisur – Ýaşt» diýlip atlandyrylýar. Ardwisur – Anahita ulugyz hökmünde suratdyrylýar. Anahita Ajy-Dhakany ýeňmäge kömek edýär.
Semit-arap rowaýatlarynda adam toprakdan ýaradylypdyr diýilýän bolsa, bu meselede biziň eždatlarymyzyň başgarak garaýşy bolupdyr. Degişli rowaýatlary, olardaky pikirleri umumylaşdyryp aýdanynda, adamyň jany – ot (nur), eti – suw, ystyhany bolsa toprakdan ýaradylypdyr.
Suw – akar, daş – galar.
Marguşlylar adam aradan çykandan soň, ony şobada jaýlaman, jesedi dahmada goýupdyrlar. Ýyrtyjy guşlar bedeniň suw bölegini iýenlerinden soň diňe ystyhan galypdyr. Ystyhany jaýlamak parz hasaplanypdyr.
Ine, Marguş ýurdunyň beýik mukaddes binalary biziň göz öňümizde we aňymyzda şeýle ruhy hadysalary we dessurlary janlandyrýar.
Taryhy makalalar