16:26 Türkmenleriñ nesil daragty / dowamy | |
■ Ynal ýawynyň han bolmagynyň beýany
Taryhy makalalar
Kaýy Gara hojanyň ogly Gorkut atanyň salyr Eňeş hojanyň we Awaşban hojanyň baştutanlygynda ähli oguz ili ýygnanyp, kaýy halkyndan Ynal ýawyny patyşa göterdiler. Weziri Gorkut atady... Gorkut ata näme diýse, Ynal ýawy onuň sözünden çykmazdy. Gorkut atanyň keramatlary köpdi. Iki ýüz togsan bäş ýyl ömür sürdi. Üç patyşanyň weziri boldy. Ynal ýawy ýedi ýyl patyşalyk etdi. Iki ogly bardy. Uly oglunyň ady Al, kiçisiniň ady Doýly kaýydy. Ynal ýawy han öler wagty golaýlanda, Doýly kaýyny öz ornunda oturdyp gitdi. Doýly kaýy hem Gorkut atanyň sözüne amal ederdi. Doýly kaýynyň Gorkut atadan başga iki ynamdar begi bardy. Biri baýyndyr ilinden Kübdüz atly, beýlekisi igdirlerden Dükene atly. Doýly kaýy köp ýyllap patyşalyk etdi. Ogly ýokdy. Iýmeli aşyny iýip, ýaşamaly ýaşyny ýaşap, dünýäden ötdi. ■ Doýly kaýynyň inisi Erkiniň patyşa bolmagy we onuň ogly Dumanyň dünýä inmeginiň beýany Doýly kaýynyň Erki atly bir ýakyn garyndaşy bardy. Ol Doýly kaýynyň düşek aşyny berdi. Ähli oguz ili ýasa geldi. Gorkut ata baştutanlygynda ähli begler soradylar: «Hanyň aýallarynyň göwrelisi barmy?» Bir eneke gelip aýtdy: Hanyň bir aýalynyň aýagy agyr. Tiz bolar diýip umyt edýäris». Hanyň düşek aşyny berip ýörkäler, birnäçe günden soň, «Hanyň ogly boldy» diýip buşlukçy geldiler. Erkiniň baştutanlygynda begleriň hemmesi söýünji berdiler. Erki halky toýa çagyrdy. Her kim öz ýagdaýyna görä sowgat getirdi. Dört ýüz ýylky bilen dört müň goýun öldürdiler. Gönden üç howuz tikdirdi. Birisini arak bilen, ýene birini gymyz bilen, beýlekisini gatyk bilen doldurtdy. Bir aýlap gije gündiz dowam eden toýda ähli kişi一ýagşy-da ýaman-da一aýşy eşrete meşgullanyp, garrylar ýaşyny unutdy, garyplar ýoksullugyny, baýlar ölümini yatdan çykardylar. Oguz ili Gorkuda aýtdy: «Bu oglana bir ýagşy at goý!» Gorkut ata: «Munuň ady Duman han bolsun!» diýdi. Onda halk: «Mundan ýagşyrak at goý!» diýdi. Gorkut ata: «Mundan ýagşy at bolmaz!» diýdi.一Doýly kaýy hanyň ölen güni biziň ýurdumyzy duman tutup garaňky boldy. Bu ogul dumanda dogdy. Şonuň üçin adyna Duman goýduk. Galyberse-de, öz ýanymdan ýagşy yrym hem niýet edip, adyna Duman goýýaryn. Duman uzak durmaz, ol çalt sowulýan zat. Dymanly gün güneş bolýar. Dumanyň soňundan howa açylýar. Biraz duran dumany bu oglanyň ýaşlygyna meňzetdim. Soňky güneşi bolsa bu oglanyň ýigit bolup, atasynyň tagtynda oturdyp, döwletli hem uzak ömürli bolanyny meňzetdim». Halk muny eşidip Gorkuda: «Berekella! Berkella!» diýdi we hoş bolup, Dumana köp doga-alkyş etdi. Gorkudyň baştutanlygynda ähli halk üýşüp, Erkä ýüzlendi: «Bir aý toý etdiň, naharyň tükenmedi, howuzlara salan gymyz bilen aýranyň kölüň suwundan köp boldy. Indi, şu günden beýläk saňa Köl Erki han diýeli. Duman seniň öz ogluňdyr. Agaň Doýly kaýynyň ornunda oturyp hanlyk et. Haçan Duman ýigit çykanda, oňa näme bermelidigini özüň ýagşy bilýänsiň». Şeýdip, Köl Erkini han etdiler. Ol halk bilen ýagşy durmuşda ýaşady. Duman ýigit çykdy. Doýly kaýy hanyň baýry adamlary: «Patyşalyk ataňdan saňa miras galandyr. Ähli halk birleşip, Köl Erkä patyşalygy wagtlaýynça tabşyrmak şerti bilen» diýip, Dumana ýüzlendiler. Duman bu sözi bir kişiniň üsti bilen Köl Erkä aýtdyrdy. Köl Erki bu sözi eşidenden soň, ýekelikde Gorkut ata aýtdy we onuň maslahaty bilen iliň ýagşylaryny çagyryp, uly toý etdi. Gorkudy öýüň töründe oturdyp Köl Erki han çöke düşüp, gymyzly pyýalany uzatdy. Gorkut gymyz içip, adamlar nahar iýip bolanlaryndan soň Köl Erki: «Halaýyk, siziň hemmäňiz patyşalygyň Dumanyňkydygyny bilýänsiňiz. Şu wagta çenli Duman ýaşdy. Şonuň üçin onuň işini men edýärdim. Indi, Duman uly ýigit boldy. Atasynyň tagtyny oňa tabşyrýaryn» diýdi. Ähli halk Gorkuda ýüzlendi: - Hanyň hem ähli oguz iliniň ygtyýary seniň eliňde. Nämäni mynasyp görseň, şony-da et. Gorkut bu sözi eşidenden soň adam iberip, Dumany getirdi we ony öýüň ortasynda oturdyp: - Ataň öldi, sen ýaş galdyň. Köl Erki hem ataň, hem agaň. Sen dünýä geleniňden şu çaka çenli ýagşy terbiýeledi. Täç, tagt, il-günüň, ýurduň bary seniňki. Ýöne birnäçe gün sabyr etmegiňi soraýarys. Agaň bärisinden aňyrysy ýakyn - diýdi. Onda Duman: - Ähli Oguz iliniň ýagşysy, atamyň weziri, meniň babam sen. Sözüňikabul etdim - diýdi. Köl Erkäniň bir gyzy bardy, örän görmekli, ata-enesiniň ähli işlerine erkli. Gorkut Köl Erki hem Duman bilen gepleşip, ýedi gije-gündiz toý edip, patyşalara mynasyp esbap we halatlar bilen gyzyny Dumana tabşyrdylar. Şol wagtlar awşar iliniň Aýna atly bir hany bardy. Ogly üçin bu gyza söz aýtdyrypdy. Köl Erki kabul edip, bermekçi bolupdy. Aýna han ol gyzyň Dumana berlendigini eşidip, Köl Erkiniň üstüne goşun çekdi. Köl Erki hem uly goşun bilen oňa garşy bolup uruşdy we Aýna hany ýeňdi. Onuň ogluny öldürip, leşgerini gyrdy. Aýnany kowup, ýurduny eýeläp alty aý onuň ornunda oturdy. Aýna başga ile gaçyp gitdi. Köl Erki Aýnanyň yzyndan adam iberip: «Bi ýamanlygy seň etmediň, ogluň etdi. Ol jezasyny çekdi. Indi, seniň bilen biz garyndaş bolýarys. Gel-de ýurduňa eýe bol, men gaýtjak» diýip aýtdyrdy. Ilçi baryp, bu sözleriň hemmesini aýtdy. Aýna ynanyp gelip, Köl Erkini gördi. Köl Erki han oňa ýurduny tabşyryp, öz ýurduna gaýtdy. ■ Dumanyň oglunyň bolmagy, oňa «Ýawly» diýip at dakmaklary we ýigit çykandan soň, oňa «Ganly Ýawly» diýip at goýmaklarynyň beýany Dumanyň Köl Erkiniň gyzyndan ogly boldy. Adyna Ýawly goýdylar. Dogumly hem batyr ýigit bolup ýetişdi. Bir gün suwuň ýakasynda ýigitler bilen oýnap ýördi. Bir ýigit bilen uruşdy. «Ony uraýyn» diýip, bir zat gözledi. Golaýda bir topbak gyzgandan başga zat tapmady. Onuň ujundan tutup, köki bilen sogurdy-da, ol ýigidiň boýnuna urdy. Onuň boýny üzülip, jan berdi. Köl Erki han, Duman we Gorkut ähli begler bilen oturdylar. Ýawlynyň eden işini aýtdylar. Muňa uly-kiçi, ýagşy-ýaman, gören-eşiden haýran galdy. Duman: «Bu oglanyň adyna şu wagta çenli Ýawly diýerdik. Indi «Ganly Ýawly» diýmek gerek» diýdi. Şondan soň oňa «Ganly Ýawly» diýdiler. Günlerde bir gün Köl Erki han öýde oturdy. Şol ýerde Duman hem bardy. Ganly Ýawly işikden girip, orta ara geçip oturdy-da, Köl Erkä ýüzlendi: «Ey, baba, oturan tagtyň uly atam Doýly kaýynyňky bolmaly. Şu wagta çenli atam Dumany ýaş görüp, bermediň. Indi, näme üçin bereňok?!» Köl Erki han başyny aşak salyp, köp oturdy. Birsellemden soň başyny göterip: «Bu sözi öňräk aýdarsyň diýip garaşýardym. Has-da gyzgan bilen biriniň boýuna uran günüň garaşjakdym. Ýagşy bolar, indi, ataňa tabşyrmak gerek» diýdi. ■ Dumanyň han bolmagynyň beýany Köl Erki bu sözleri neberesinden eşidenden soň, Gorkut baştutanlygynda ähliOguz iline adam iberip, uly toý tutdy. Dumany han göterip, tagtda oturtdy. Köl Erki aýak üstünde durup aýtdy: «Ataň ölüp, meniň bu tagtda oturyp, ýurdy soranyma otuz bäş ýyl boldy. Men nähili iliň ýagşy-ýamanyny sorap, nä ýol bilen patyşalyk eden bolsam, sen hem şol ýol bilen ýörärsiň diýip umyt edýärin». Duman: «Gowy aýdýarsyňyz. Eger meniň döwletim bolsa, siziň bu nesihatlaryňyzy kabul ederin» diýdi. Ýurt baradaky sözler gutarandan soň, Köl Erki han Ganly Ýawlynyň ýüzüne bakyp: «Eý, gyzym ogly! Gyzdan bolanyň dostlugy bolmaz» diýip eşidipdim. Öňki geçenleriň sözlerini ýalana çykarmadyň» diýdi. Duman han dört aý hanlyk edenden soň, Gorkudyň baştutanlygynda ähli halk oňa: «Taňra şükür etgin. Ganly Ýawly ýaly oňat ogluň bar. Patyşalygyňy oňa berip, özüň aýşy-eşrete meşgullansaň oňat bolar» diýdiler. Duman hem razylaşdy we patyşalygy ogluna berip, dynç köňül bilen taňrynyň bendiligini berjaý edip oturdy. ■ Ganly Ýawlynyň han bolmagynyň beýany Ol ajaýyp, edermen, mergen hem batyrdy. Dört tarapyndaky ýurtlaryň hemmesini özüne boýun egdirdi. Onuň zamanynda möjek-goýuna, bars-keýige, bürgüt-towşana, garçygaý-käkilige zor salyp bilmedi. Ol illerini abadanlaşdyryp, ýagylaryny dargadyp, öz zamanyndaky patyşalardan ozup, togsan ýyl patyşalyk edip, aradan çykdy. ■ Mur Ýawynyň han bolmagynyň beýany Ganly Ýawlynyň iki ogly boldy: ulusynyň ady Mur Ýawy, kiçisiniň ady Gara Alp Arslandy. Öler wagty golaýlanda ýurduny ikä böldi. Türküstan bilen Ýaňykendi Mur Ýawa berdi. Talaş bilen Saýramy Gara Alp Arslana berdi. Birnäçe ýyl geçenden soň, Gara Alp agasy Mur Ýawy bilen ýagy boldy. Il ýagşylary arada gezip, köp nesihatlar edip: «Ýaraşdyrmaly!» diýdiler. Gara Alp Arslan razy bolmady. Ahyrsoňy ikisi-de goşun çekip, Saýramyň ýanynda uruşdylar. Mur Ýawy üstün çykdy. Gara Alp Arslan şol söweşde öldi. Mur Ýawy onuň ýerinde häkimlik etdi we soňra öýüne gaýtdy. Gara Alp Arslanyň kiçi ogly bardy. Ony hem aýallaryny Mur Ýawy alyp geldi. Şundan soň birnäçe ýyl geçdi. Bir gün Mur Ýawy otyrka, Gara Alp Arslanyň ogly geldi. Ol oglanyň ýüzüne bakyp: «Eger ataň nadanlyk edip, meniň bilen duşman bolmasady, munda ýetim bolup, sargaryp ýörmezdiň. Haýp, ýöne mennä alaç edeýin?!» diýip, köp aglady. 一«Seniň adyň Alp Tugaç bolsun!» Onuň atasyndan falan ýagşy adamlary getirip, Alp Tugaçy oňa tabşyrdy hem-de atasynyň ýurduny berip, şol ýere göçürdi. Soňra: «Gara Alp Arslanyň ilinden olja edip getiren adamlaryny gaýtaryp bersin» diýip, halka höküm etdi. Alp Tugaç baryp, atasynyň ýurdunda oturdy. Dört tarapa gideniň hemmesi jemlendi. Mur Ýawy han ýetmiş bäş ýyl patyşalyk edip, ol dünýä gitdi. ■ Mur Ýawynyň ogly Garahanyň han bolmagynyň beýany Mur Ýawynyň aýallaryndan çaga bolmady. Orja han diýilýäniň ilini çapanda bir aýaly olja alyp, birnäçe gün öz ýanynda saklap, yzyna iberdi. Ol aýal öz ýurduna barandan soň: «Mur Ýawy handan göwreli boldum» diýdi. Birnäçe aýdan soň ogul dogurdy. Adyna Gara goýdular. Daýylarynyň arasynda ösdi. Ýigit çykandan soň gaçyp, Mur Ýawy hanyň ýanyna geldi. Mur Ýawy han ony kabul etdi. Mur Ýawy ölenden soň, ähli halk jemlenip, ony han göterdiler. Il bilen ýagşylykda ýaşap, kyrk ýyl hanlyk edip aradan çykdy. ■ Bugranyň han bolmagynyň beýany Gara hanyň Bugra atly ogly bardy. Ähli halk Gara han ölenden soň Bugrany patyşalyga göterdi. Bugra han ozalky öten hemme atalaryndan artyk boldy. Uly goşun bilen gelip, Buhara we Samarkandy aldy, ýöne öz garyndaşlarynyň ýurdunda oňa ýagy bolup başlany sebäpli, durup bilmän, yzyna gaýdyp geldi. Ondan soň gelip, Horezm ülkesini alyp, köp ýyllar onda patyşalyk etdi. Bir gezek, arka (demirgazyk) tarapa goşun çekip barýarka, bir gün han aýtdy: «Köňlüňiz bugdaý unundan edilen aşy isleýär». Unaş we özge nahary etmäge aşpez hem-de aş etmegiň esbaby tapylmady. Han un getirtdi we hamyr etdirdi, öz goly bilen ýazyp, gazana saldy. Oturan nökerleri hem hana kömek etdiler. Ýene aýtdy: «Bu aşyň ady «Buhara hany bolsun» diýdi. Şu gün halkyň içinde «Bugra» diýip bişirip ýörýänleri şol aş bolmaly. Hanyň üç ogly bardy. Ulusynyň ady Il tegin we ikinjisiniň ady Guzy tegin, üçünjisiniň ady Bek tegindi. «Tegin» sözüniň manysy, gadymky türki dilde «ýagşy suratly, owadan» diýmekdir. Han gojalandan soň, patyşalygy Guzy tegine berdi. Özi akylly, hudaýhon, dindar, dogruçyl hem kanagatly aýaldy, oglunyň atasy ornundady, ol öldi. Şeýle bolansoň, Bugra han uly ýas tutdy: bir ýyllap hiç kim bilen gepleşmedi, öýden çykmady. Bir gün Guzy tegin atasyna: «Haçana çenli ýas tutup, gamgyn bolup oturmakçysyňyz? Awa çykyň, belki, göwnüňiz açylar» diýip, atasyny alyp, her gün bir tarapa awa, gezelenje çykdy. Birnäçe günden soň «Indi, hanyň köňlünehowa we höwes peýda boldy öýdýän» diýen wagtynda şuny aýtdy: «Begler aýdýarlar: han öýlense oňat bolar!» Han aýtdy: «Onuň ýaly aýal nireden tapylar? Gelip eneň ornuny tutup biljek?» diýdi. Guzy tegin: «Enem ýaly bolmasa-da ondan artygrak bolar» diýdi. Han her näçe «öýlenmerin» diýse-de, Guzy tegin ony ygtyýaryna goýmady. Awşar ilinde Egrenje diýen adamyň Göreli ýagşy atly ýurtda ady ile dolan görkli gyzy bardy. Ony hana alyp berdi. Ol betbagt gyzyň göwnüne şeýle pikir geldi: «Guzy teginiň özüniň maňa meýli bardyr. Şonuň üçin meni atasyna bahana bilen alyp berýändir. Mahal-mahal özi meniň bilen gizlin aýşy-eşretler etmekçidir. Ýogsa, goja bir kişä meniň ýaly owadan gyzy näme üçin alyp bersin?» diýdi. Bir gün Guzy tegin atasyny göreýin diýip geldi. Görse, han uklap ýatypdyr, aýaly bolsa otyr ekeni. Ol hatyn Guzy teginiň gaşyna gelip, ýüzüni we gözüni sallap, sypanjyrady. Aýry biri bilen oýnaşanynda aýallar nähili hereket edýän bolsalar, şonuň ýaly hereketler edip başlady. Guzy teginiň göwnüne şeýle geldi: «Bu meniň enem ornunda bolansoň maňa mähribanlyk edýär-ow» diýdi. Ýene birnäçe günden soň, ol gelin Guzy tegine çola bir ýerde duşup: «Heý meniň halymdan habaryň barmy? Men saňa aşyk. Gijelerine一ukym, gündizlerine kararym ýok. Meniň halyma garamajak bolsaň, näme üçin meni goja bir kişä berdiň?» diýdi. Guzy tegin aýtdy: «Sen meniň enem bolup durýarsyň. Eger şu günden başlap, bu gylygyňy goýmasaň, seni bölek-bölek edip, her bölegiňi bir ýere taşlaryn» diýdi. Bu gelin bolan wakalary özüniň garyndaş aýallaryna aýdyp geňeşdi. Şonda olar şeýle diýdiler: «Guzy tegin bu wakany hanyň özüne, halka aýtmazyndan öňürti aýdyp, ýaýratmak gerek. Ýok, şuny etmeseň, onda sen ölüme gidersiň» diýip, barysyny agzybirlik bilen bir aýaly ýola saldylar. Ol aýal baryp, Guzy teginiň öýünden ädigini ogurlap gelip Bugra hanyň öýüne bardy, ýene gaýdyp gelip, ädigi öňki ýerinde goýup gaýtdy. Ol gije han öz öýünde ýok ekeni. Ol awa gidipdi. Gije ýarymdan agandan soň azajyk gar sepeläpdi. Ertir daň bilen aýal gykylygy eşidip gaýtdy, seredip görseler, öýden üýşüp duran aýal gykylygy eşidilýär. Erkek we aýal barjasy üýşüp gelip, öýüň işigine bardylar. Baryp görseler, hanym gelin ýüzüni ýyrtyp, barça ýerini gan edip, şeýle aýdýar: «Bu gije ir ertir mahaly uklap ýatyrdym. Bir adam gelip gujagyma girdi. Seretsem, Guzy tegin han ekeni, ol aýtdy: «Gykylyk etme! Men özüm ahyry, saňa aşyk bolup, seni atama alyp berdim. Şonuň üçinem sen gündiz atamyňky bolsaň, gijelerine meniňki bolarsyň. Ýogsa atam aýaly näme etsin?» diýdi. Men gygyrmaga mejbur boldum: «Enesine bu hili işler etmek nirede bar?» diýdim. Menden bu sözi eşidenden soň ol çykyp gaçyp gitdi». Ýanynda ýatan hatynlar bu söze şaýat boldular. Ýene hanym aýtdy: «Şundan ýagşy güwä bolmaz. Ýer gar, baryp yzyny görüň!» diýdi. Baryp yzy gördüler. Ol yz Guzy teginiň öýüne baryp gutarýar. Guzy tegin aýak yzlarynyň ýanyna gelip, aýagyny goýdy weli ikisi jaý geldi. Bugra han awdan geldi. Oňa hem aýtdylar. Hanyň baştutanlygynda Guzy tegini ýanlaryna çagyryp aýtdylar: «Gije seniň eden bu işiň nämedir?» Guzy tegin şundan soň ol gelinden görenini we eşidenini aýtdy. Ýene diýdi: «Men özüm utanjymdan ýaňa aýdyp bilmän ýördüm. Ikinjiden, ol gyzy atama men özüm alyp beripdim. Halk içinde ryswa bolmasyn» diýdim. Ol öňürti meniň üstüme sürnüp başlady» diýdi. Oturan jemagat ikä bölündi. Ýarysy ol aýalyň sözüne ynandylar, ýarysy Guzy teginiň sözüne ynandylar. Ahyrda, barysy agzybirlik edip, hanymyň ýanynda ýatýan aýallary hanyň gaşyna getirip soradylar, aýtmadylar, gynamakçy boldular. Ahyrda bolsa, başdan ahyryna çenli eden geňeşlerini, awşar aýallarynyň aýdan sözlerini we ädigi ogurlaýyşlaryny birin-birin gürrüň berdiler. Şondan soň Bugra han Guzy tegine aýtdy: «Bu aýala unamandym. Şeýle bir pitne bolar diýip unamandym. Sen meni ygtyýaryma goýmadyň. Indi, muny näme etmelidigini sen özüň ýagşy bilýänsiň» diýdi. Şondan soň Guzy tegin adamlara buýurdy. Bäş sany iýmli baýtaly getirip, ol hanymyň iki aýagyny, iki elini we boýnuny一her haýsysyny bir baýtalyň guýrugyna baglap, baýtallaryň butlaryna naýzanyň uçlary bilen sançdylar. Towlaý-towlaý ol hanymy bäş bölek edip, her haýsysy onuň bir agzasyny öz ýatagyna tarap alyp gitdi. Bugra han köp ýyl patyşalyk etdi we togsan ýaşap öldi. ■ Bugra hanyň ogly Guzy teginiň han bolmagynyň beýany Guzy tegin atasynyň tagtynda oturyp, duşmanlaryny agladyp, dostlaryny güldürip, il-güne adalatlylyk edip, pahyr hem misgine haýyr-yhsanlar edip, kyrk ýyl han bolup, ýetmiş bäş ýaşyna ýetende, ogly Arslany ornunda oturdyp, aradan çykdy. ■ Guzy teginiň ogly Arslanyň han bolmagynyň beýany Arslan öz atasynyň tagtynda oturyp, uly han boldy. Köp ýyllardan soň Sorajyk ili ýagy bolup çykdy. Arslan baryp Sorajyk ilini çapyp, galanyny boýun egdirip geldi. Onda bir ýaş oglany olja edip getirip, adyna Söwer goýup, öz golunda ösdürdi. Ol akylly we dogumly, mergen hem hünärli, her ýerde, her hili ýolda ýöremegiň ýagdaýyny bilýän oglandy, ahyrda hana ynak boldy. Hanyň beýleki ýakyn adamlarynyň göripliginden ýaňa munuň olar bilen arasy bozuldy. Söweriň gybatyny hana nädip aýtjaklaryny bilmän ýördiler. Bir gün märekede bu han ol Söweriň gulagyna bir zat aýdyp durdy. Sakaly hanyň ýüzüne degdi. Söwer gidenden soň, han öz beglerine bakyp aýtdy: «Söweri öpübermeli bolupdyr» diýdi. Begler: «Biz munuň edýän işlerini çolarak bir wagtda mälim edeliň» diýip, töwerek çolaranda aýtdylar: «Pylan wagtda siziň pylan hili syryňyzy illere paş etdi, siz ony ýagydan alyp gelipdiňiz, ol ýene öz aslyna çekdi. Biz onuň eden ýamanlyklarynyň haýsy birisini aýdaly. Ähli işlerinden ýamany-da, ol siziň aýalyňyz bilen birigip gezip ýör». Arslan han: «Söweri Ýaňykende ýumşa iberdim. Gelenden soň sizlere tabşyraýyn. Nähili öldürmelidigini özüňiz ýagşy bilersiňiz» diýdi. Ýene aýtdy: «Pylan ýerde keýik köpmüşin, özüm baraýyn diýipdim. Düýnki günden bäri barja ýerim agaryp dur. Sizler halka baş bolup baryň, ot-suw alyň, pakyr hem misgin gyş azygyny alsynlar». Begler halky alyp, awa gitdiler. Han öz aýaly bilen geňeşip, hassa boldy. Birnäçe günden soň haly harap boldy. Şundan soň öýde galan begler: «Hanyň haly harap boldy. Şundan soň öýde galan begler: «Hanyň haly ýaman boldy, ýetişewersinler!» diýip, awa giden beglere we Söwere adam iberdiler. Begleriň awdan geljek güni han öldi. Geldiler hem gördüler, görseler, han eýýäm ölüpdir. Barça begler geňeşip başladylar, soňra hanyň öli we diri bolan malynyň barysyny paýlaşdylar. Ol wagtda Söwer hem gelip ýetdi. Olar Söwere aýtdylar: «Hanyň meýdini haçan çykarmalydygyny, nirede jaýlamalydygyny, ýas üçin näme gerekdigini hanym bilen sen bilýärsiň, diriliginde-de barja işleri siz ikiňiz edýärdiňiz, şonuň üçin ölende-de ol işleri siz ediň!» diýdiler. Şeýdip, öleniň üstüne-de gelmediler, asyl taşlap gitdiler. Söwer baryp, hanyň aýak ujunda oturyp, sakalyny kesip, bir daşy alyp başyna hem döşüne urup, barja ýerini bölek-bölek edip aglady oturdy: «Ölen wagtyň bolmadym, bir käse suw berebilmedim, hyzmatyňa ýaramadym. Indi, seni bir ýerde jaýlamak üçin geldim. Ondan soň, sensiz bu dünýäde ýaşamak maňa haramdyr. Özümi özüm öldürerin. Soňra seniň aýak ujuňda ýataryn» diýip, aglap otyrdy. Han birden ýerinden gopup, ýokaryk galkdy. Onsoň Söweri gujaklady, ýüzünden ogşady-da: «Seniň we seniň gybatyňy edýän begleriň hakykatyny bilmek üçin özümi öldi edip görkezdim» diýdi. Hanyň direlenini eşidip, barça halaýyklar geldiler. Hanyň direlenini eşidip, barça halaýyklar geldiler. Hanyň mallaryny alyp, onuň ölüsine garaman, taşlap giden begleri tutup, gözlerini kör edip, gollaryny kesdiler. Arslan han ýetmiş ýyl patyşalyk edip, dünýäden ötdi. Bugra hanyň uly ogly Il tegin we onuň ogly Osmanyň han bolmagynyň beýanyArslan hanyň öz ogly kiçijikdi. Uly agasynyň Osman atly ogly bardy, şony han göterdiler. Ol on bäş ýyl patyşalyk edip öldi. Il teginiň ogly Esliniň han bolmagynyň beýany Osmanyň Esli diýen bir inisi bardy, şony han göterdiler. Ol hem üç ýyl han bolup, soň atasynyň yzyndan gitdi. Esliniň ogly Şabanyň han bolmagynyň beýany Esliniň Şaban atly ogly bardy, şony han.göterdiler. Ol soňra atalarynyň ýörän ýolundan ýöräp, ýagşa ýagşy we ýamana ýaman bolup, ýigrimi ýyl atasynyň tagtynda oturyp, uly atalarynyň göçüniň yzyna düşüp göçüp gitdi. Şabanyň ogly Boranyň han bolmagynyň beýany Şabanyň ogly bar bolup, ady Borandy, ony han göterdiler. Boran soňra, il bilen ýagşylykda ýaşap, oguz iliniň adatlaryny hem kadalaryny ýitirmän saklap, on sekiz ýyl patyşalyk edip, ýogaldy. ■ Alynyň han bolmagynyň beýany Ol wagtda oguz ili Syr derýasynyň iki tarapynda, onuň aýagyna ýakyn ýerde oturypdyrlar. Mogollar gelip köp çapdylar. Oňa tap getirip bilmän, köpleri göçüp gitdiler. Ürgenje bardylar. Galanlary bolsa Aly atly birini han göterdiler. Alynyň bir ýaşly ogly bar bolup, ady Gylyç Arslandy, oňa Şa Mälik diýen lakam goýupdyrlar. Bekdüz ilinde Guzuçy beg diýen ýüz ýaşly bir adam bardy. Ol wagtda oguz iliniň ýurdy Syr derýasynyň aýagynda, Ürgenç bilen Syrderýasynyň arasynda, Amyderýanyň iki tarapynda, Ürgenç bilen Marynyň arasyndaky çöllerde tä Murgap derýasynyň aýagyna çenli ýetipdir. Aly han öz Ýaňykendinde oturyp, Şa Mäligi Guzuça tabşyryp, ogluna: «Guzuçynyň sözünden çykaýmagyn» diýdi. Guzuçy bolsa aýtdy: «Şa Mäligi oguzlaryň içine alyp bar, şol ýerde össün. Bu halka, halk一muňa öwrenişsin. Bu iliň bir çetinde men oturaýyn we beýleki çetinde oglum bilen sen bol!» diýip ugratdy. Şa Mälik il içine geldi, halk ony özüne patyşa göterdi. Birnäçe ýyllar ötenden soň, Şa Mälik ýetişip ýigit çykdy, emma zalym boldy. Kimiň görmäge owadan gyzy we aýaly bolsa oňa bakdy. Guzuçy köp nesihatlar berdi, emma Şa Mälik kabul etmedi. Il Şa Mälige «Bidatgär» diýip at goýdylar. Ol gitdikçe iliň ýagşyadamlarynyň gyzlaryna hem aýallaryna zor edip başlady. Şeýle bolany üçin oguz ili ýygnanyşyp, ony öldürmekçi boldular. Ony eşidip, Şa Mälik atasynyň ýanyna gaçdy. Guzuçy beg hem onuň yzy bilen gitdi. Ol ýene Aly hanyň ýanyna Şa Mälikden öň gelip ýetdi hem-de bolan wakalary birin-birin aýtdy. Ondan soň Şa Mälik geldi. Aly han öz ogly Şa Mäligi tutup, gamçynyň astyna aldy, ýene gollaryny daňyp taşlady. Muny eşidip, Guzuçy geldi: «Muny daňdyryp, näme etmekçi bolýarsyň?» diýdi. Han aýtdy: «Oguz iline ibereýin diýip durun, goý, olaryň göwni menden razy bolsun». Guzuçy aýtdy: «Eger Şa Mäligi iberseň, onda öldürerler, ulumsylanmak bilen seniň garşyňa ýagy bolarlar, şeýdip, sen hem ogluňdan, hem iliňden mahrum galarsyň» diýdi. Aly han: «Iliň ýagdaýyny görüp geleniň üçin, elbetde, sen ýagşy bilýänsiň. Özüň näme etmelidigini aýtgyn» diýdi. Guzuçy aýtdy: «Maslahat şeýle: men öňürti baryp, ilden seniň adyňdan ötünç soraýyn: «Aly han ogluny urdy we elini-aýagyny baglap, size, halkyň ygtyýaryna iberdi, näme etmelidigini halkyň özi ýagşy biler diýip şeýle etdi. Men, ine, şuny aýdaryn diýip öňürti geldim. Ol meniň yzymdan, tiz geler» diýeýin. Sen ähli goşunyňy ogluňa berip, meniň yzymdan iber. Men olary söz bilen güýmäp durýan wagtymda, Şa Mälik baryp, ýagşylaryny tutup öldürsin, goý, ýamanlaryny siziň hökümiňize tabyn bolsunlar». Aly han hem bu işi makullap, etmekçi boldy. ■ Oguz iliniň Aly hana ýagy bolup, Şa Mäligi öldürişiniň hem-de öý başyna Gara han bolup, dört tarapa gidişiniň beýany Indi, Şa Mälik gaçyp gaýdanyndan soň, oguz iliniň nämeler edenini aýdalyň. Ol wagtlar Ürgenç, Murgap, Tejende oturýan uly iliň begi oguzyň kaýy ilinden Kyrkut diýen adamdy. Il içinde jynly bir adam bardy, oňa Miran kähin diýýärdiler. Kyrkut beg ony çagyryp şeýle diýdi: «Şa Mälik bilen Guzuçy beg bizden agyryp-ynjap, Aly hanyň ýanyna gaçyp gitdi. Indi, il bilen hanyň işleri neneň bolarka?». Miran kähin bir sagatlap sözlemän oturdy we soň: «Tiz oguz iliniň içinde uruş bolup, gyzyl gan gara suw dek akyp başlar. Aly han tiz öler. Onuň ýerine başga bir kişi patyşa bolar» diýdi. Bu söz tamam boldy. Indi, özge bir sözi aýdalyň. Bir kişi bardy, ady Togurmyş bolup, atasynyň ady Keranja hojady, özi kaýy ilinden bolup, öý ýasap ýören garyp bir adamdy. Bu wakalardan köp ýyllar ozal, Togurmyş bir gije ýatan mahaly düýş gördi, kükreginden üç agaç gögerip belent ösenmiş, haçan-da şahalanyp, ýapraklan mahaly ol oýanypdyr. Ertir turup, baryp bu düýşi Miran kähine aýtdy. Ol diýdi: «Bu gören düýşüňi hiç kime aýtmagyn, ýagşy düýş ekeni».Togurmyşyň üç ogly bardy, her oglunyň başyndan hudaý ýoluna bir goýun soýup, bişirip, halka berdi. Uly oglunyň ady Tukat, ortanjysynyň ady Togrul, kiçisiniň ady Arslandy. Olar Kyrkut bege garyndaşdylar. Üçüsi mergen we batyr erdiler. Kyrkut beg Togruly onbegi belledi. Şol sebäpli ony Togrul onbegi diýip atlandyrýarlar. Indi, Şa Mäligi aýdalyň Guzuçy beg Aly hana: «Şa Mäligi meniň yzymdan ugratgyn!» diýip Ýaňykentden gidip, Ürgençde oturan iliň içine geldi. Ol wagtda halk Togrulyň agzyna garap başlapdy. Togrul Guzuça: «Sözüň dogrusyny aýtgyn, ýogsa, gojalan wagtyňda essiň gidip, kynçylyklaryň astyna düşüp ölersiň» diýdi. Ol gorkusyndan dogrusyny aýtdy. Guzuçyny daňyp goýdylar. Barça illere adam ýolladylar. On alty müň adam gelip ýygnandy. Şa Mäligiň gelýän ýoluna çykyp, Kyrkut beg sekiz müň adam bilen ýoluň bir ýakasynda durup, Togrul beg sekiz mûň adam bilen ýoluň beýleki bir ýakasynda durup garaşdylar. Ýene uzaklara garawul goýdular. Bir gün garawul: «Gelýär!» diýip habar berdi. Atlanyp ýoluň iki tarapyny alyp durdylar. Şa Mäligiň goşuny ýigrimi müň adamdy. Ýary geçiberenden iki tarapdan at saldylar. Uly uruş boldy. Togrul üstün geldi. Şa Mäligi tutup öldürdiler, beglerini hem öldürdiler. Aly bu habary eşidenden soň, tiz ölüp gitdi. Oguz ili bir-biri bilen öçli hem ganly boldy. «Öý başyna gara han» diýleni boldy. Biri-birini çapdy, bir-birini öldürdi. Kylyk beg, Gazan beg, Garaman beg baştutanlygynda iliň köpüsi Maňgyşlaga gitdiler. Olaryň içinde her bir ilden adamlar bardy. Emma köpüsi eýmirdi, düzkerdi, igdirdi, jawuldyrdy, garkyndy, salyrdy, agarlydy. Alyjak begiň oglanlary baş bolup, iliň birnäçesi Hasar dagyna gitdiler. Ýazyr ili Horasana baryp, Durun töwereginde köp ýyllap oturdy. Şol sebäpden Duruna «Ýazyr ýurdy» diýerler. Ýazyr iliniň birnäçesi Durun dagynda dag içinde daýhançylyk edip gezdiler. Bu wagtda olara «garadaşly» diýýärler. Ýene salyr ilinden Diňli begiň başlyklygynda on müň öýli Horasana bardylar. Ýene köp ýyllar onda oturdylar. Soňra ondan göçüp, Yraga we Parsa bardylar hem-de şol ýerde watan tutup galdylar. Kynyk urugyndan Soltan Sanjar mazynyň atasy Soltan Mälik şa baryp, Yrak we Parsy alyp, Yspyhany paýtagt edinip oturan wagtynda salyr ili Diňli begiň özüniň hem ozal baran jemagatynyň nesillerinden birnäçe adamlar gelip, soltana nöker bolup arz etdiler: «Biz oguz ili, salyr halkyndan bolarys. Uly atalarymyz Türküstandan gelipdirler» diýip, garyndaşdyklaryny mälim etdiler. Şol salyrlardan birnäçesi Yrakdan gaýdyp, Maňgyşlaga geldiler. Olaryň niçik gelendiklerini taňrym buýursa, aýdyp bereýin. Ozalky öten halk şeýle aýdypdyr: «Oguz iliniň göçüni çekip ýöremedik ýolybarmy, öý tutup oturmadyk ýurdy barmy?» ■ Togurmyşyň ogly Togrulyň han bolmagynyň beýany Oguz iliniň Şa Mälik dargadylandan soň gitmän, Syr derýasynyň aýagyna, Amynyň boýynda oturyp galanlary Togurmyşyň ogly Togruly han göterdiler. Ol ýigrimi ýyl patyşalyk edip aradan çykdy. Ondan soň Togurmyşyň kiçi ogly Arslany han göterdiler Ol hem on bäş ýyl patyşalyk edip, gidenleriň yzy bilen gitdi. Soňra onuň ogly Asylzadany han göterdiler. Ol hem ýigrimi ýyllap dünýälik şerabyna esräp gezdi, esrikliginden huşundan gitdi. Soňra gözüni açyp garady, gördi, uly atalarynyň gaşynda ýatypdyr. Onuň bir ogly bardy. Ol oglana uly atasynyň adyny dakypdyr. Arslan diýipdirler. Arslany han göterdiler Ol hem on ýyl atasynyň ýerinde oturyp, ýogaldy. Ondan iki sany ýaş oglan galdy. Ulusynyň ady Gögüm Bakuý, kiçisiniň ady Sereň. Gögüm Bakuýy patyşa etdiler Ol heniz juda kiçijikdi, ýagşy-ýamany bilenokdy. Ol zamanlarda oguz iliniň bir ýagysy bardy, ady Karaşytdy. Ol Arslan hanyň ölenini, ondan ýaş oglanlaryň galanyny we olaryň patyşalyk edip bilmän, oguz iliniň agzy ala bolup duranyny eşidip atlandy. Soňra gelip, Arslan hanyň ordasyny we begleriň öýlerini çapdy. Gögüm Bakuýy atyň öňüne salyp, alyp gaçdylar. Ol wagt Sereň heniz sallançakda-dy. Ony ýagy olja edip, alyp gitdi. Ondan soň köp begler ötdi. Sereň ýigit çykandan soň «Men gaçyp bilmeýärin» diýip, agasy Gögüm Bakuýa adam iberdi. Muny eşidip Gögüm Bakuý ähli Oguz iliniň goşunyny alyp bardy. Karaşyty çapyp, inisi Sereňi alyp, aman-esen öýüne dolanyp geldi. Gögüm-Bakuý ýigrimi ýyl patyşalyk edip, aradan çykdy. ■ Arslanyň ogly Sereňiň han bolmagynyň beýany Gögüm Bakuý ölenden soň, onuň inisi Sereňi patyşa göterdiler. Ol hem on ýyl patyşalyk edip, atasynyň yzyndan gitdi. Ondan soň oguz ilinden patyşa bolan Kynyk urugyndan Seljuk baýyň baştutanlygynda köp il göçüp, Syrderýaboýundaky Hojant şäherine geldiler. Onda köp ýyllar oturyp, Nur welaýatyna bardylar. Onda ýüz ýyl oturyp, soň göçüp Ürgenje gitdiler. Ürgençde oturyp bilmän, göçüp Horasana geçdiler. Olar şol ýerde Marydan Abulhan arasyna çenli oturdylar. Ol wagtlarda Horasan ýurdy Soltan Mahmyt Gaznawynyň nesilleriniň elindedi. Olaryň döwletleriniň käseleri dolup döküleýin diýip duran wagty-dy. Seljuklar Maru-şahu-jan şäherini alyp, Togrul begi patyşa göterdiler. Alp Arslan, Soltan Mälik şa we Sanjar mazy一bular şol jemagatdan bolarlar. Ol patyşalaryň taryhyny biziň aýtmagymyza zerurlyk görmeýärin. Bizden ozalky ötenler ol patyşalaryň ata-baba gelip çykyşlaryny beýan etmek üçin köp kitaplar ýazypdyrlar. Ol kitaplaryň hasabyny Alla tagala ýagşy bilýändir. Seljuklar türkmen bolup, garyndaşymyz diýip ile we halka peýdasy degmedi. Patyşa bolýançalar: «Biz türkmeniň kynyk urugyndandyrys» diýdiler. Emma patyşa bolanlaryndan soň: «Afrasiýabyň bir ogly Keýhusrowdan gaçyp, türkmeniň kynyk urugynyň içine baryp, şonda ösüp galypdyr, biz onuň oglanlary we Afrasiýabyň neslinden bolarys» diýip, atlaryny sanap otuz bäşinji arkada eltip, Afrasiýaba ýetirdiler. Oguz ili Gögüm Bakuý bilen Sereňden soň özbaşyna patyşa göterip oturyp bilmediler. Oguz illeriniň Maňgyşlakda we Abulhanda oturanlary ýagdaýa görä, Ürgençde kim patyşa bolsa, şoňa tabyn boldular. Mawerannahrda we beýleki ýurtlarda oturanlary hem şonuň ýaly edip ýaşadylar. ■ Salyr Ugurjyk alpyň atalarynyň inileriniň hem oglanlarynyň beýany Şa Mäligiň dargadylan wagty Diňli begiň başlyklygynda Yraga baran Salyr ili köp ýyllar şonda oturandan soň, olaryň içinde Ugurjyk atly bir dogumly ýigit peýda boldy. Türkmenleriň içindäki taryhy ýagşy bilýän adamlary Ugurjyk alpy on alty arkada eltip, Oguz hana ýetirýärler. Olar, ine, ine şanaýarlar: Ugurjyk alpyň atasy Gara gazy beg, onuň atasy Karaj, onuň atasy Benam gazy, onuň atasy Burujy gazy, onuň atasy Kylal gazy, onuň atasy Ynal gazy, onuň atasy Süleýman gazy, onuň atasy Haýdar gazy, onuň atasy Ötkürli, onuň atasy Gazan alp, onuň atasy Eňeş, onuň atasy Ender, onuň atasy Ata, onuň atasy Leýmir, onuň atasy Salyr, onuň atasy Dag han, onuň atasy Oguz han. Bu söz durşy bilen ýalňyşdyr. Onuň sebäbi, Oguzyň zamanyndan tä şu wagta çenli bäş müň ýyl geçipdir. Ugurjyk zamanyndan zamanyndan tä şu wagta çenli bäş alty ýüz ýyl bolýar. Oguz bilen Ugurjygyň arasy bolsa dört müň dört ýüz ýyldyr. On alty arka diýilýän dört ýüz ýylda, her näçe köp bolanda-da, dört ýüz elli ýylda geçer. Şeýle bolsa, Ugurjygyň dört müň ýylda öten atalarynyňady niredemiş? Bu ýazylan öň alty adamyň Oguzyň oglanlarydygy, bar, dogry diýeli. Ugurjygyň atalarydygy hem, bar, dogry diýeli. Ýöne il içinde haýsy adam meşhur bolsa, onuň adyny ýazyp, beýleki, beýleki meşhur däl adamlary bolsa ýazmaýarlar. Bu ýazylan adamlaryň her haýsysynyň arasynda on bäş ýa-da ýigrimi adamynyň ady ýazylman galan bolsa, ony Hudaý bilsin. Şonuň üçin hem men Oguz bilen Ugurjygyň arasynda dört müň dört ýüz ýyl geçipdir diýip aýdyp otyryn. Her müň ýylda kyrk arka ötse gerek, diýmek, iki ýüz arka öten bolup çykýar. Bolmasa, ýalňyş diýilýän zat başga nähili bolup biler? Bu pelegiň gerdişiniň nemerselerini unutmadyklar üçin, bu hasaplar onuň ýanynda aňsatdyr. Bu sözleriň ýalňyşlygyna delil beriji ýene bir zat一Salyr Gazany alty arka ötürip, ýedilenji arkada Oguz hana eltip goýýarlar. Indi bu sözi okan ýa-da diňlän kişiler, siz ýagşy oýlap görüň: «Oguz han biziň pygamberimizden dört müň ýyl ozal ötüp gidipdir. Gazan alp biziň pygamberimizden üç ýüz ýyl soň bolupdy. Garrygan çaglarynda Mekgä baryp, hajy bolup geldi. Ýogsam, Salyr Gazan alty arkada Oguz hana nädip ýeter? Galyberse-de, Salyr Gazan kaýyly Gorkut ata bilen bir zamanda ýaşapdy. Gorkut atanyň Salyr Gazan Alpy taryplap aýdan tartymy一şygry, ine, şudur: Kazygurt dagdan önker, daşny ýugarlatdy, Salyr Gazan ötri baryp garbap tutdy, It-beçene görüp any, essi gitdi, Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi? Bir gazanga kyrk bir atyň etin saldy, Ol gazanny sol eliki bilen aldy, Sag eliki birlen ilge üleşdirdi, Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi? Gök asmandan inip geldi tinli ýylan, Her adamny ýutar erdi görgen zaman, Salyr Gazan başyn kesdi bermeý aman, Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi? Otuz kyrk müň leşger birlen Gazan baryp, It-Beçene illerini geldi gyryp, Bir niçesi gutuldylar köp ýalbaryp, Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi? Türk-u türkmen, arap, ajam一raýatlar, Gazan kyldy musulmanlyga terbiýetler, Kapyrlarny gyrdy oşol köp pursatlar, Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi? Andan hünär göterdiler barça uly, Bagzylarga orun berdi sagly-solly, Bize boldy kamug ilniň orny diýdi, Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi? Saýýah Gorkut öler bolduň imdi, bilgil, Ol Gazanyň döwletine doga kylgyl, Kerwen gitdi, köp giç galdyň, ýolga girgil, Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi? Indi, Ugurjygyň gürrüňini edeliň. Şol wagtlar Yragyň güýçli halky baýyndyr ilidi. Ugurjyk alp baýyndyr beginiň hökümini tutmady. Şol sebäpli Baýyndyr beginiň Ugurjyk alp bilen arasy bozuldy. Ýöne Ugurjygyň baýyndyr ili bilen uruşmaga güýç-kuwwaty ýokdy. Şoňa görä-de ol müň öýli ili bilen bilen Yrakdan gaçyp, Şemaha geldi. Dokuz ýüz öýlüsi salyr, ýüz öýlüsi hem garkyndy. Ol ýerde oturjak boldy, ýöne ýene baýyndyr ilinden gorkup, Kryma geldi. Ondan hem göçüp, Itil suwundan geçdi we Ýaýyk derýasynyň boýuna geldi. Ol wagtda Alageň we Garagaş diýen ýerde kangly halky oturardy. Olaryň hanlaryň adyna Gök donly diýerdiler. Onuň ýanyna gelip, birnäçe ýyllap oturdy. Ahyrsoňunda, onuň bilen hem arasy bozulyp göçdi. Gök donly olaryň yzyndan ýetip, ýedi ýüz öýlüsini alyp galdy. Ol üç ýüz öýlüsi bilen gaçyp, Maňgyşlaga berdy we Garahan diýen ýerde üç ýyl oturdy. Gök donly Ugurjygyň nirä gidenini bilenokdy. Üç ýyldan soň eşidip, oňa tarap atlandy. Onuň atlananyny eşidip, Ugurjyk ili bilen gaçyp, Abulhan (häzirki Balkan) dagyna bardy. Şol wagt Ugurjyk şu tartymy aýtdy: Döndüm gaçyp kangly handan kybla sürdüm, Kyr, ýol aşyp, gelgen är öňünden döndüm, Kar(çy)larga, ýerçi(ler)ge ýol başlatdym, Gaýly, garly iki gola ýol ýumşatdym. Arkyt-arkyt kyrlarga turjem saldym, Art öňümge bizge salyp, göçüm tartdym, Gyr atymda (dag) ýolundan aşyp bardym, Gabaklydan Altja ýurt ýurtlatdym. Gürrüldeşip ardymdan ýagy ýetdi(se), Gaýky başly gaty ýaýga iş buýurdym, Ganly, iriňli gaýyň oka gan ýürgütdim, Çapsa keser gurç poladga tug baglatdym. Gyljym syryp, bil ekşemde kuýy gazdym, Awa gyşlap, gyr(da) ýaýlap, Balkan aşdym, Egse ýasyn Gara daga ugrap geldim, Kanky goruh toý tutmady anda boldum, Altyn gözli towuşganyn getirdi diýip, Gaz aýagy一üç aýry tamga berdim. Gara gazy begiň dört ogly bardy: ilkinjisi Ugurjyk alp, ikinjisi Söwerjik, Üçünjisi Doduk, dördünjisi Gubajyk. Bu dördüsiniň oglanlarynyda hudaý ýol berse, ýeke-ýeke aýdalyň. Ugurjygyň alty ogly bardy. Her ikisi bir ekizdi, üç gezek bir-biriniň yzyndan ekiz bolupdy. Atlary şular: Berdi, Buka一bir ekiz; Owsar we Köwser一bir ekiz; Ýaýçy we Diňli一bir ekiz. Berdiniň iki ogly bardy. Biriniň ady Gulmy we beýlekisiniň ady Gulhajy. Gulmynyň oglanlary Ýomut we Gultak ilidir. Ýomudyň iki ogly bardy: biriniň ady Özli Teýmir, beýlekisiniň ady Gutly Teýmirdi. Özli Teýmiriň üç ogly bardy. Atlary şular: Isa, Musa, Bahramşa. Gutly Teýmiriň üç ogly bardy. Atlary şular: Juny, Şiran, Gojuk. Gulhajynyň ogly Ärsary baý. Onuň üç ogly bardy: Ynal gazy, Zeýnal gazy, Mustapa gazy. Ynal gazynyň iki ogly bardy: biriniň ady Töre, beýlekisiniň ady Sokman. Laýna we Çarşangy一bu ikisiniň oglanlary bolmady. Zeýnal gazynyň oglanlary一Gara we Bekewül. Mustapa gazynyň oglanlary一Uly tüpe we Güneş. Buka oglanlary içki salyrlardyr. Başga bir kitapda şeýle ýazylypdyr: Salyr ilinde Eňeş atly bir adam bardy. Aýalynyň ady Jäjekli, oglynyň ady Gazandy. Salyr Gazan alp diýilýän şol adam bolmaly. Şol döwürde beçene iliniň Doýmadyk atly bir patyşasy bardy. Ol gelip, Eňeşiňöýüni talap Jäjeklini ýesir edip, alyp gitdi. Üç ýyldan soň Eňeş mal berip, ony yzyna aldy. Jäjekli öýüne gelenden alty aý soň yzyna aldy. Jäjekli öýüne gelenden alty aý soň ogul tapdy. Gazan alp: «Bu oglany nireden aldyň?» diýip, enesini agaç bilen urup, başyny ýardy. Jäjekli aýtdy: «Ýagy geldi garalyp, Gaçyp gitdiň bozaryp, Düýä münüp, yzyňdan barýardym, Gabaryp It-beçene yzymdan ýetdi. Dünýäniň başyn tutdy. Içi gaýnady, daşy ýaýnady, Üstüme münüp oýnady, Ygtyýarymy aldy, Bu oglany içime saldy,» Ol oglan «It beçene ilinden boldy» diýip adyna Irek goýdular. Türkleriň arasynda itiň adyna «irek, sirek» goýmak däbi bar. Iregiň Arykly diýen ogly bardy. Içki salyrlar Aryklynyň oglanlary diýýärler. Ol wagtlar biz ýokduk, çyndygyny ýa ýalandygyny hudaýyň özi gowy bilýär. Eger ýalan bolsa, günäsi öňki aýdanlaryň boýnuna. Owsaryň bir ogly bardy ady Gullydy. Owsaryň oglanlary teräkeme salyrlardyr. Diňliniň oglanlary jaby halkydyr. Ýaýçynyň oglanlary şu wagtlar Amyderýanyň ýakasynda Garagulyň ýakynynda oturýarlar. Şu günler hem olara Ýaýçy diýýärler. Ögürjigiň bäş oglunyň neslini beýan etdik. Emma Kowsar atly oglundan nesil galany (bize) belli däl. Indi, Ugurjygyň inileriniň neslini beýan edeliň. Söwerjigiň Hurşyt diýen bir ogly bardy. Hurşydyň oglanlary olam ürgençli ilidir. Azlar urugy一Dodugyň nesli, sakar ili bolsa, Gubajygyň neslidir. Ugurjygyň inileriniň hem oglanlarynyň neslini aýtdyk.Indi, beýleki iller hakda aýdalyň. Agar we aýmakly ili Oguz hanyň ogly Gün hanyň weziri bolan uýgur Arkyl hojanyň oglanlarydyr. Ýemreli halkynyň asly şeýle: Maňgyşlakda içki salyrdan bir adam içki salyry öldürip, gaçyp Durunda oturan salyr iliniň arasyna gelipdir. Şolardan bir gyz alyp, şol ýerde hem galypdyr. Ähli ýemreli halky şol adamyň oglanlarydyr. Burkaz halkynyň asly şeýle: Salyr ilinde Teýmir Tokly han diýen biri bardy. Ýene-de salyrlardan Ysyk Ysmaýyl diýen hem biri bardy. Ol bir gün bir ýerden gelýärdi. Teýmir Tokly hanyň öýüniň göçüp barýanyny gördi. Atdandüşüp oturdy. Göç geçip gidenden soň: «Belkem, bir zat galandyr» diýip göç giden ýere bardy. Görse, ojagyň içinde bir oglanjyk ýatyr. Ol adamyň ogly ýokdy. Ony özüne ogullyk aldy hem adyna Burkaz goýdy. Ähli Burkaz ili onuň neslindenir. Salyr ilinde Toýtutmaz diýen bir adam bardy. Teke hem Saryk şonuň oglanlarydyr. ■ Soň türkmen bolup, türkmene goşulan illeriň beýany Ürgenç, Abulhan hem Maňgyşlak Özbek hanynyň adalatly ogly Janybeg hana degişli bolan wagtlary, Janybeg han türkmenleriň aýyplaşmalarynyň we günälileriniň işine seretmek üçin, uýgur Sanykly-Sin diýen birini olaryň arasyna iberdi. Ol gelip, bir ýyllap türkmenleriň arasynda oturdy. Nirede günäkär hem aýyply bar bolsa, olaryň işine seretdi. Nökeri hem gullary köpdi. Onuň Aýaz atly bir guly bardy, beýleki gullardan has tapawutlydy. Türkmeniň «başymdan ýa malymdan» diýip pikir eden günäkärleriniň hemmesi bir ýere jemlenip, Aýaza köp para berip: «Eger sen begiňi öldürseň, onuň bir ilden alan mallarynyň we öýden getiren goşlarynyň barjasyny saňa bereliň. Her haçan Janybeg han kişi iberip, seni dilese, biz halk bolup, barymyz, seniň üçin gyrylaly, ýogalaly. Seni tutup bermäli» diýdiler. Aýaz köp mala hem bularyň şirin sözüne köňlüni berip, bir gije gapyl ýatanda Sanykly-Sini öldürdi. Emma hojaýynyň malyndan Aýaza bir owlak hem ýetmedi. Şol mallara kim ýakyn bolsa, şolar hem taladylar. Sanykly-Siniň nökerleri Janybeg hanyň ýanyna gitdiler. Aýaz gorkusyndan gidip bilmedi. Ol Abulhan dagynda oturan türkmenleriň arasynda galdy. Şol ýyl Janybeg han Itil derýasynyň ýakynynda Saraý şäherinde hak rehmetine gitdi. Ähli eski halky şol Aýazyň oglanlarydyr. Salyr ilinden Abulhanda Ärsary baý diýen biri bardy. Uzak ýaşan, döwletli hem musulmançylygyň kada-kanunlaryny saklamaga çalyşýan adamdy. Bu sözümize şeýle delil bar: Şol wagtlar Ürgençde Şerep atly bir hormatlanýan adam bardy. Ol şol ýeriň şyhy hem mollasydy. Ärsary baý baryp, şol şyha kyrk düýe aýdanyny berdi hem-de toba edip, ýalbardy: «Bize一türki halka arapça kitaplary okap, manysyna düşünip, türki dile terjime edip, ýagşylyk etseňiz, sowap gazanardyňyz». Şondan soň şyh Şerep hoja ençeme dini meseleleri terjime edip, bir kitap görnüşinde ýygnady hem oňa: «Moin ul Murid» diýen at goýup, Ärsary baýa berdi. Şol wagtdan häzirki döwre çenli türkmenler şol kitabyň meseleleri boýunça amal edýärler. Şol döwürde Eýran patyşasy Horasany Koma beg diýen birine beripdi. Ol Horasana gelenden soň: «Abulhanda Ärsary baýyň Mama atly görmegeý, gowy gyzy bar» diýip eşitdi. Sawçy iberip: «Köp mal bereýin» diýip söz aýtdyrdy. Baý bermedi. Bermejegini bilenden soň, Koma beg uly goşun bilen atlanyp, Abulhanda Düker diýen guýuda Ärsary baýy öldürip şehit etdi. Onuň ilini talap, Mama bikäni äkidip, nikalap, köp ýyllar saklady. Emma Mama bikeden çaga bolmady. Şol sebäpden Ärsary baýyň oglanlaryna: «Garyndaşlaryny äkitsinler!» diýip adam iberdi. Bular Gutlak Garaja mergen diýen birini iberdiler. Koma beg Mama bikä köp mal berip, ony Garaja Mergene tabşyryp ýola saldy. Bir öýli-işikli gul hem berdi. Ol guluň dört ogly bilen iki gyzy bardy. Uly oglynyň ady Aly, üçünji oglynyň ady Igbeg we dördünji oglunyň ady Kaşgady. Mama bike garrandan soň, mallarynyň barysyny hudaý ýoluna berdi. Koma begiň oňa beren gulunyň özi hem aýaly ýogalypdy. Mama bike ol guluň dört ogluny we iki gyzyny azat etdi. Olaryň dördüsi-de öýli-işikli hem köp mally kethudalar bolup, hersi bir ýerde oturdylar. Hydyr çory Amyderýanyň ýakasynda Kurtyş diýen ýerde ekin ekip, mal bakyp, uly baý boldy. Ol wagtlar özbege mogol diýerdiler. Dört mogol gelip, Hydyr çora batrak bolup, mallaryny bakdy. Ondan soň alty salyr gelip, batrak boldy. Olaryň hemmesi döwletli boldular. Töwerek-daşdan aç, hor, tozan, talanan adamlar gelip, bulara goşulyp oturdylar. Şeýdip, olar köp il boldylar. Olaryň ýurtlarynyň ýokarysy Ton gyry we aýagy Garry geçitdi. Kim olardan: «Siz nä halk?» diýip sorasa, olar: «Hydyr baýyň adamlary biz» diýerdiler. Hydyr iliniň kütler diýen bir urugy bar. Olar Hydyr çorynyň neslindendir. Indi, Hydyryň inisi Aly hakda aýdalyň. Aly çory hem agasy ýaly Amyderýanyň ýakasynda ýurt tutup oturdy, döwletli boldy. Özbegiň we türkmeniň pahyry hem misgini onuň ýanynda oturdylar. Olaryň hemmesine «Aly ili» diýdiler. Aliliniň mogoljyklar diýen urugy bar, şolar Aly çorynyň neslinden bolmaly. Olaryň ýurdy Amyderýanyň iki tarapynda, ýokarsy Garry geçit, aýagy Aktam. Üçünji inisi Igbeg azat bolandan soň, Ärsary begiň oglanlarynyň ýanyndan aýrylyp, başga ýere gitmedi. Onuň oglanlaryna «gullar» diýdiler. Olar hem iki bölek boldular: birine ýöne «gullar», beýlekisine bolsa «jagataý gullary» diýýärler. Jagataý diýilmeginiň sebäbi şeýle: «Horasan Teýmirleňiň nesilleriniň golundaky uly tüpe halky Abulhanda, Amyderýanyň ýakasynda oturar ekenler. Bir gün Amyderýanyň kybla tarapyndan bir bölek atly adam gelip: «Meni derýadan geçiriň!» diýip gygyrypdyr. Uly tüpeler gämi iberip, ony suwdan geçirip: «Sen kim bolarsyň, özüň nireden gelýärsiň?!» diýip sorapdyrlar. Ol ýigit şeýle diýipdir: «Jagataýyň arlat diýen urugyndan bolar men. Bir gün Horasanyň Durun diýen welaýatynda birnäçe ýigitler bilenşerap içişip otyrdyk. Aramyzda bir ýagşy adam bardy, ol meniň bilen uruşdy. Men ony pyçakladym. Ol adam şol pursat öldi. Gije mahalydy. Ölen bendäniň garyndaşlary habardar bolmazyndan öň gaçyp, siziň halkyňyzyň içine gelip duruşym». Ol ýene köp ýyllar uly tüpe halkynyň içinde ýaşady. Hiç kişi oňa gyz bermedi. Ahyrda Igbeg çorynyň oglanlarynyň birisi oňa gyzyny berdi. Şondan doganlara «jagataý gullar» diýdiler. Dördünji一Kaşga çory. Ol hem Amyderýanyň ýakasynda, Ajy deňziň ýakynynda ýurt tutup oturdy. Onuň oglanlaryna «Gara öýlüler» diýdiler. Uly agalary ýaly döwletli bolup, munuň ýanyna hiç kişi gelip goşulmady. Sebäbi onuň oturan ýeri ýaman bir ýurtdy, ekin eker ýaly ýeri ýokdy, mal otlar ýaly oty hem azdy. Saýyn han öwladynyň içinde Özbekhan, aleýhirrahma, ilki musulman adamdy. Ol itil derýasynyň ýakasynda, Saraý şäherinde wepat bolupdy. Ol Janybeg han atasynyň tagtyna çykyp oturdy. Ürgençde we bir başy一Gargaly ilinde we aýagy一Astrabada çenli aralykda oturýan türkmen Janybeg hana degişli boldy. Hana: «Abulhan daglary düýe köpeltmek üçin ajaýyp bir ýagşy ýerdir» diýdiler. Şu sebäpden Janybeg han otuz öýli düýe çopanyny göçürip, Abulhan dagyna iberdi. Onuň içinde her urugdan adam bardy. Barçalara mälim bolşy ýaly, patyşalaryň hyzmatynda her taýpadan adamlar saklanýardy. Ol gidenler hem şular ýaly adamlardandy. Janybeg hanyň bir adamy Abulhan türkmenleriniň içine gelip, her ýylda almaly mallaryny alyp, köp düýeleri ýaňky aýdylan otuz öýli düýe çopanlaryna tabşyrdy we gaýtdy. Tä Janybeg han ölýänçä, olar Abulhanda oturdylar. Şolara «Düýeçiler» diýdiler. Janybeg han hem soňra hak rehmetine gitdi we ogly Berdi beg onuň ornuna han boldy. Onuň zamanynda-da düýeçiler şu hanlyk düýeleri bakyp ýördiler. Berdi beg han ölenden soň özbegiň içi bozulyp başlady. Bu ýagdaýy Abulhandaky türkmenler eşidip, hanlyk düÿeleri talap aldylar, düýeçileriň özlerini bolsa çapdylar. Ondan soň düýeçiler açlyk sebäbinden: «Balyk awlarys» diýip, Kaşga çorynyň oglanlary bolan Gara öýlüleriň ýanyna baryp oturdylar Birnäçe ýyldan soň düýeçiler artyp, köp halk boldular. Olaryň ýurtlarynyň ýokarysy Aktam, aýagy Ugurça boldy. Gara öýlüler düýeçileriň içinde köp arka oturdylar. Olardan Halyl atly bir dogumly ýigit peýda boldy. Ol wagtda Gara öýlüler garyp bolup galypdylar. Ol sebäpden Halylyň baştutanlygynda hemmesi Ärsary halkynyň onbegi we ýagşylarynyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Özüňiziň hyzmatkärleriňiz bolupdyk, indi köp aç we hor düşüp galdyk. Sizden haýyşymyz şudur: Uly Abulhan we Kiçi Abulhan dagynyň guşlaryny, ekin ekilýän meýdanlaryny hem çeşmelerini bize berseňiz. Siznäme talap etseňiz, ony biz size bereliň». Ärsarynyň ýagşylary ýygnanyşyp oturyp aýtdylar: «Uly atamyz Ärsary baýyň satyn alan Uly Abulhanda alty sany akar çeşme, on höwürtde laçyn we öň sekiz höwürtge ütelgi hem-de Kiçi Abulhanda dört höwürtge laçyn we alty höwürtge ütegli bardyr. Çeşmelerden hem näçeräk azyklyk galla gurmak üçin iki müň gamyş beriň! On uly laçyn we dört çory laçyn hem-de on sekiz uly ütegli we alty saryja her ýylda getirip beriň!» diýdiler. Gara öýli Halyl kabul etdi hem ýene aýtdy: «Biziň guşlary tutar ýaly, urar ýaly hiç zadymyz ýok, azygymyz hem ýok». Onbegi we onuň ýagşy adamlary illeren ýygnap, ýüp işdirip, olara ýüz gulaç ýüp, alty owlakly geçi, iki tulum gatyk we bir eşek berdiler. Olar köp ýyllap bu aýdylan zatlary berip durdular. Bu wagtda olara «Dag saklary» (Dagly Sakarlar) diýýärler. Çünki olar Kaşga çorynyň oglanlary bolup durýarlar. Kaşga bilen sakaryň manysy bir bolar. ■ Oguz iline beglik eden gyzlaryň beýany Türkmeniň taryhyny bilýän ýagşylary hem bagşylary aýdýarlar: ýedi gyz ähli oguz illerini öz agzyna garadyp, köp ýyllap beglik etdiler. Olaryň birisi Altyn Gözgürdir. Ol Sundun baýyň gyzy bolup, Salyr Gazan alpyň aýaly. Boýy uzyn bolupdyr. Ikinjisi Karmyş baýyň gyzy we Mamyş begiň aýaly Barçyn Salyr. Onuň gabry Syrderýasynyň ýakasynda bolar we halk içinde meşhur. Özbekler oňa «Barçanyň Gök kaşanasy» diýýärler. Nagyşlanan syrçaly örän owadan gümmezdir. Üçünjisi Kaýy baýyň gyzy hem Çawuldyr Bala alpyň aýaly Şabaty hanymdyr. Dördünjisi Kondy baýyň gyzy Byýaken alpyň aýaly Günin görkli diýen gyzdy. Bäşinjisi ýumak baýyň gyzy, Karkyn Gonak alpyň aýaly, ýene-de bir Günin görklidi. Altynjysy Alp Arslanyň gyzy, Kestan Gara Alpyň aýaly Gerçe bolady hanymdy. Ýedinjisi bolsa Kynyk baýyň gyzy Dodal baýyň ogly Kymajyň aýaly Kugadly hanymdy. Taryh müň ýene ýetmiş birde (1071 ý. hijri-kamary 一 1661 ý. milady) Horezm ülkesinde ýazylyp gutaryldy. Soňy. Abulgazy BAHADYR HAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |