10:14 Türkmenleriñ nesil daragty | |
TÜRKMENLERIŇ NESIL DARAGTY / ŞEJEREÝE TERAKIME
Taryhy makalalar
Ol beýik Alla tagala şükür, onuň şan-şöhraty artsyn! Onuň başy-hem ahyry ýok; ýurdy ebedilik, atasy-enesi ýok, aýaly, ogly-gyzy ýok. Ol gedaýdan patyşa çenli, guş-gumursgadan öz ýagdaýyna laýyk, çybyndan Symruga çenli ählisiniň öz ýagdaýyna laýyk yrsgalyny berýär, hiç biriniň paýyny bir günem azaltmaýar. Eger ýer ýüzünde gögeren agaçlaryň hemmesi döwlet galam bolup, deňizler syýa bolsa, ähli adam perzendi ýazyjy bolup, ýüz müňlerçe ýyllap onuň waspyny ýazsalar-da, ol deňizden bir damja, dagdan bir daşjagaz alandan hem azyrak bolar. Meniň diýýänim näme?! Ähli pygamberleriň ýagşysy, Allanyň dosty, barça perzentlerine iberilen ilçisi bolan ol pygambere sansyz şöhrat hem salam bolsun! Onuň ýaranlaryna, oglanlaryna köpden-köp taňry rehmeti bolsun! Indi, şundan soň, Çingiziň neberelerinden ürgençli Arapmuhammet hanyň ogly Abulgazy han aýdar: Köp horluk çekenimizden soň, ýaşymyz otuz dokuza ýetende, 1051-nji ýylda (1637-1638) ýylan ýylynda, Horezm ýurdunda atamyzyň tagtynda oturyp, ýurduň işi bilen meşgullandyk. Ol wagtlar türkmenler Maňgyşlak, Abulhan we Tejen derýasynyň ýakasynda oturardylar. Horezmde oturanlary hem biziň gelýänimizi eşidip, gaçyp, şu aýdylan üç ýurda bardylar. Şondan soň birnäçesi göç bilen, birnäçesi ýol bilen Horezm geldiler hem-de ýagşylary一nöker, ýamanlary raýat boldular. Şondan soň köp ýyllar geçdi. Türkmeniň mollalary, şyhlary, begleri meniň taryhy gowy bilýänimi eşidipdir-de, bir gün barjasy gelip, arz etdiler: 一Biziň içimizde «Oguznama» köp. Emma arasynda gowusy ýok. Köpüsi ýalňyş, bir-birine gabat gelmeýär, hersi bir dürli. Bir dogry, ynanaýar ýaly taryh bolsa gowy boljak一diýip, haýyş etdiler. Menem olaryň haýyşlaryny kabul etdim. Sebäbi bu kitaby ýazmazymdan on ýedi ýyl öň, barça türkmenler bize ýagy boldular. Şoňa görä-de, biz olary köp çapdyk. Bir gezegem olar Horasanda Duruna degişli Börme diýen suwuň ýakasynda nyzama durup, biziň bilen uruşdylar. Taňry bize berdi: başdan ahyra çenli biz sebäpli, ýagşy-ýamandan ýigrimi müň çemesi adamlary öldi. Olaryň içinde günäkärem bardy, bigünälerem. Pygamber aýdypdyr: «Kal an-nabi, alaýhyssalam: «Edhal us-sorur fi kalb il-momen haýrun min ynadatihi-s-sakaleýn». Manysy şeýle: «Eger bir adam birmusulman kişiniň köňlüni şat etse, onuň sogaby hem adam perzentleriniň, jynlaryň Hudaýa bendelik edeni üçin beriljek sogapdan köpdür». Gör, näçe müň adamlar meniň bu aýtjak sözlerim arkaly, öň bilmeýän zatlaryny bilip, köňülleri hoş bolar! Munuň sogaby eger şol köpçülikleýin gyrlyşykda günä iş edilen bolsa, şondan artyk geler diýip, onsoňam bir gün bir adam bu kitaby okap, öň bilmeýän zadyny bilse, biziň ruhumyza pata okar diýip hudaýtagaladan umydym bar. Şeýdip, şu kitaby ýazmaga başladyk hem-de kitaba «Şejereýe terakeme» diýip at goýduk. Hemmäňiz biliň: bizden öň türki dilde taryh ýazanlar arap sözlerini goşupdyrlar, parsçany hem goşupdyrlar, türki sözleri-de kapyýa salypdyrlar. Olar şeýle etmek bilen, özleriniň hünärlerini hem ussatlyklaryny halka görkezmek isläpdirler. Bu kitaby okajagyň hem diňlejegiň türki kowumlardan boljakdygy sebäpli, biz bularyň hiç birini-de etmedik. Olaryň hemmesi düşüner ýaly, türki kowumlara türki dilde aýtmak gerek ahyry! Biziň aýdan sözümize düşünseler, ondan ne hasyl?! Eger olaryň içinde bir ýa iki okuwly, akylly adam bolup, düşünäýende hem, ol düşünmeýän köpçüligiň haýsy birine aýdyp bersin? Şoňa görä-de, ýagşy-ýaman, ählisi düşünip, köňüllerine makul bolar ýaly aýtmak gerek. Indi, Adamdan tä şu wagta 一 1071-nji (1660-1661) ýyla çenli türkmenler hem soň türkmen adyny göterip, türkmene goşulan iller hakda bilýänimizi birin-birin aýdalyň. Bilmeýänimize alaç ýok. ■ Adam aleýhissalamyň beýany Hudaý tagala一Toprakdan adam ýasap, jan berip, ony ýer ýüzünde öz ornumda oruntutar goýjak一diýip, perişdelere aýtdy. Onda perişdeler: 一Olar (ýagny ynsanlar) ýokardan berlen jany saklap bilmezdiler. Şol sebäpden saňa boýun egmezler, ýaradanyň öler durar一diýdiler. Hudaý tagala: 一Meniň bilýänimi siz bilýän dälsiňiz. Siz gidiň-de, toprakdan bir adamyň suratyny ýasaň!一diýdi. Ezraýyl aleýhissalam, hudaýyň buýrugy bilen bütin ýer ýüzündäki dürli toprakdan alyp, Mekgeýe mugazzyma bilen Taýyfyň arasynda şol toprakdan palçyk edip, Adamyň suratyny ýasap ýatyrdy. Birnäçe ýyl geçensoň, hudaý tagala oňa jan berdi. Ol müň ýyl bu dünýäde ýaşady. «Adam» diýmeklik arap sözi bolup, araplar derä «adam» diýýärler. Her bir zadyň daşyna «deri» diýýärler. Perişdeler topragy alyp, Adam suratyny ýasadylar. Şoňa görä-de oňa «Adam» diýdiler. Adamyň behişde barşy, ondan çykyşy, ýer ýüzünde ýaşaýşy hakda gürrüň il içinde meşhur bolany üçin ony aýtmaýarys. Adamyň öler wagty geldi. Ol Şeýs atly ogluna: «Mundan soň sen meniň ýerimde oturyp, oglanlaryma baş bolgun» diýip, köp nesihatlar etdi. Ol bu dünýäden o dünýä gitdi. Ondan soň Jebraýyl, alaýhyssalam, hudaý tagaladan Şeýse bir kitap alyp geldi. Şeýs hem pygamber, hem patyşa bolup, il-güne adalatly garap, dokuz ýüz on iki ýyl ýaşap, jennet köşgüne gitdi. Şeýsiň manysy «Hudaýyň haýbaty» diýmekdir. Şeýs öler wagtynda ogly Anuşy ýerinde otyrdyp gitdi. Anuş hem kakasynyň we atasynyň aýdanlaryna amal edip, kakasy ýaly dokuz ýüz on iki ýyl bu menzilde oturyp, ol menzile gitdi. Anuşyň manysy «Sadyk, dogruçyl, çynlakaý» diýmekdir. Anuş hem öleri ýakyn gelende ogly Kynany ýerinde oturdyp, köp nesihat hem wesýet etdi. Ol hem sekiz ýüz kyrk ýyl atasynyň ýörän ýolundan ýöräp, ogly Mehlaýyly öz ýerinde oturyp, taňrynyň ýanyna gitdi. Mehlaýyl zamanynda adam perzendi köp boldy, oturan ýerine sygyşmadylar. Şol sebäpden Mehlaýyl Babyl ýurdyna baryp, bir şäher saldy. Adyna Sus goýdy. Tam, öý saldy, obalar gurdurdy. Ondan öň şäher, oba, öý ýokdy. Daglaryň gowagynda ýa jeňňelde oturar ekenler. Mehlaýyl: «Ýer ýüzüne pytraň» diýip, höküm etdi. Adamyň ähli perzentleri Mehlaýylyň buýrugy bilen baryp nirede mynasyp ýer bolsa obalar gurdular. Mehlaýyl dokuz ýüz ýigrimi ýyl şol aýdylan şäherde ýaşap, ogly Beredi ýerinde oturdyp dem alynmaýan şähere gitdi. Bered hem dokuz ýüz altmyş ýyl ýurtda ýaşap, Ahnuhy ýurdunda goýup, göçmez-gonmaz ýurduna gitdi. Oglunyň ady Ahnuhdy, lakamy一Idris. Hudaý tagala ony pygamber etdi. Segsen iki ýyl pygamberlik etdi. Segsen iki ýyl pygamberlik etdi, halky dogry ýola ündedi. Ondan soň taňrynyň buýrugy bilen Ezraýyl gelip, Idris alaýhyssalamy ganatynyň üstünden tä şu wagta çenli jennetde. Idris jennete barandan soň, ogly Müteweşleh atasynyň ornunda oturdy. Adalatly höküm sürdi. Näçe ýaşany belli däl. Ol atasynyň baran ýerine bardy. Ondan soň Müteweşlehiň ogly Leýmek atasynyň ýerinde oturyp, köp ýyllar adyllyk bilen häkimlik etdi hem-de atasynyň giden ýoluna düşüp gitdi. Onuň hem näçe ýyl ömür süreni belli däl. Ondan soň ogly Nuh ýüz elli ýaşa ýetende hudaý tagala oňa pygamber berdi. Ýedi ýüz ýyllap halky dogry ýola ündedi. Erkek hem aýal adamdan segsen kişi oňa ynandylar一iman getirdiler. Ýedi ýüz ýylyň içinde segsen adamdan başga kişiniň özüniň pygamberligine ynanmandygyna gaharlanyp, halka ýaramaz doga etdi, gargady. Jebraýyl gelip: «Hudaý tagala seniň dogaňy kabul etdi. Pylan wagtda halky suwa garketmekçi. Sen gämi ýasan» diýip oňa gäminiň nähili ýasalýandygyny görkezdi. Ýerden suw çykdy, asmandan ýagyş ýagdy. Ýer ýüzündäki janly zadyň ählisi gark boldy. Nuh pygamber üç ogly hem özüniň pygamberligine ynanan segsen kişi bilen gämä mündi. Birnäçe aýdan soň, ýer hudaý tagalanyň buýrugy bilen suwy özüne çekdi. Gämi Mosul şäheriniň ýanyndaky Judy diýen dagdan çykdy. Gämiden düşen adamlaryň barysy keselledi. Nuh pygamber üç ogly hem üç gelni bilen ýagşy boldy. Ondan başga kişileriň barysy öldi. Şondan soň Nuh pygamber üç oglunyň her haýsyny bir ýere iberdi. Sam atly ogluny Eýran ýerine iberdi. Ýafes atly ogluny demirgazyk polýusa tarap iberdi. Üçüsine-de: «Adam perzentlerinden siziň üçiňizden başga adam galmady. Indi üçüňiz üç ýurtda ýaşaň. Her haçan oglan-uşagyňyz köp bolsa, ol ýerleri ýurt edinip oturyň» diýdi. Ýafesi käbirleri pygamber hasap edýärler, käbirleri bolsa «ol pygamber däl» diýýärler. Ýafes atasynyň buýrugy bilen Judy dagyndan gidip, Itil hem Ýaýyk derýasynyň ýakasyna bardy. Iki ýüz ýyllap şol ýerde ýaşady hem aradan çykdy. Sekiz ogly bardy. Çagalary örän köpdi. Oglanlarynyň ady şular: Türk, Hazar, Saklap, Orus, Miň, Çyn, Kemary, Taryh Ýafes öler wagty gelende, uly ogly Türki ýerinde oturdyp, beýleki oglanlaryna: «Türki özüňize patyşa hasaplap, onuň sözünden çykmaň» diýdi. Türke «Ýafes oglany» diýip lakam goýdular. Örän edepli hem akylly kişidi. Atasyndan soň ýerlerini aýlanyp gördi. Bir ýeri halap, şol ýerde oturdy. Bir gün ol ýere «Yssyk köl» diýýärler. Çadyr一öýi şol oýlap tapdy. Türkleriň arasyndaky käbir düzgünlerem şondan galdy. Türküň dört ogly bardy. Birinjisi一Tütek, ikinjisi一Jekel, üçünjisi一Bersejer, dördünjisi一Emlak. Türk öler wagty gelende, Tütegi öz ýerine patyşa belläp, uzak sapara gitdi. Tütek akylly hem döwletli, ýagşy patyşady. Türkleriň içindäki köp resmi-düzgünleri şol tapdy. Eýran payşalarynyň ilkinji Keýumers bilen döwürdeşdi. Günlerde bir gün ol awa çykyp keýik öldürip, kebap iýip oturdy. Elinden bir dogramça et ýere gaçdy. Ony alyp iýdi. Görse, agzyna örän tagamly geldi. Sebäbi şol ýer duzluk ýerdi. Nahara duz atmagy şol çykardy. Häzirki duzlamak düzgüni şondan galypdyr. Iki ýüz kyrk ýyl ýaşandan soň, ogly Emelje hany öz ýerinde oturdyp, ol «Barsa-gelmez» diýen şähere gitdi. Emelje han hem köp ýyllap patyşalyk edip, aşlaryny iýip, ýaşlaryny ýaşap, atasynyň yzyndan gitdi. Öler wagty gelende, ogly Bakuý Düýp hany öz ýerinde oturtdy. «Düýp» sözüniň manysy «tagtyň ýeri» diýmekdir. «Bakuý» sözüniň manysy bolsa «il ýaşulysy» diýmek bolýar. Ol hem köp ýyllarpatyşalyk edip, dostlarynyň gülenini, duşmanlarynyň aglanyny görüp, guwanyp, ondan soň öler wagty gelende, ogly Gök hany tagtynda oturdyp öldi. Ol hem köp ýyllar patyşalyk etdi. Atasynyň ýolundan çykmady. Keselledi. Ogly Alynja hany öz ýerinde oturdyp, uzak sapara gitdi. Ol (Alynja) hem köp ýyllar patyşalyk etdi. Welaýatlary, il-uluslary atalarynyňkydan köp boldy. Onuň ekiz ogly boldy. Biriniň ady Tatar, beýlekisiniň ady Mogol. Atasy garrandan soň, ýurdy iki bölüp, ogullaryna berip, dünýäden ötdi. Alynja han ölenden soň, Tatar hem Mogol her haýsysy öz ýerlerinde patyşalyk etdiler. Mogol hanyň dört ogly bardy. Ulusynyň ady Gara han, ikinjisi Kör han, üçünjisi Gyr han, dördünjisi Ur han. Mogol han uly ogly Gara hana ýurduny berip, ähli kişiniň barýan ýurduna gitdi. Gara han ýaz paslyny Ur dag hem Kör dag diýen daglarda geçirerdi. Häzir oňa Uly dag we Kiçi dag diýýärler. Gyşyny bolsa Syr derýasynyň aýaklarynda, Garagumda hem Bursukda geçirerdi. ■ Oguz hanyň dünýä inmeginiň beýany Gara hanyň uly aýalyndan bir ogly boldy, görki aý-günden artyk. Üç gije-gündiz enesini emmedi. Ol oglan her gije enesiniň düýşüne girip: «Eý, eje, musulman bolgun, eger bolmasaň, ölsem ölerin, ýöne seni emmerin» diýer eken. Ejesi ogluna dözmän, Taňrynyň birligine iman getirdi. Şondan soň ol oglan ejesini emdi. Ejesi gören düýşüni hem musulman bolanyny hiç kime aýtmady, gizledi. Çünki türk halky Ýafesden tä Alynja hanyň zamanyna çenli musulmandylar. Ýöne Alynja hanyň zamanyna çenli musulmandylar. Ýöne Alynja han patyşa bolandan soň, halkyň başy hen maly köp boldy. Döwlete ýetip men-menlik etdiler hem-de taňryny unutdylar. Barça il kapyr boldy. Gara han zamanynda kapyrlyk şeýle bir pugtalandy welin, hatda eger atasynyň musulman bolanyny eşitse, ogly ony öldürerdi. Şol wagtlar Mogolyň şeýle bir däp-düzgüni bardy: oglan tä bir ýaşaýança oňa at dakmazdylar. Oglan bir ýaşady. Gara han ile jar çekdirdi hem uly toý etdi. Gara han toý güni oglany märekäniň içine getirip, beglerine ýüzlendi: «Biziň bu oglumyz bir ýaşyna ýetdi. Indi muňa nähili at goýarsyňyz?» Begler jogap bermezden oglan: «Meniň adym Oguz» diýdi. BeýtŞol bir ýaşan oglan şol ýerde rowan, Dile gelip diýdi: "Biliňler aýan! Meniň adym一Oguz一hysrow-y namwer, Biliňler anyk barça ähl-e hünär". Toýa gelen uly-kiçiniň hemmesi bu söze geň galdylar hem-de «Bu oglanyň özi öz adyny aýdyp dur, mundan ýagşy at bolarmy?!» diýip, adyna Oguz goýdular. «Bir ýaşan oglanyň beýdip geplänini hiç kim görenem däldir, eşidenem däldir一diýip, ony yrym etdiler.一Bu oglan uzak ýaşar, uly döwletiň, uç-gyraksyz ýurduň eýesi bolar». Oguza dil bitende: «Alla! Alla!» diýer ýörerdi. Ony kim eşitse-de: «Çagadyr-da, dil bitmänsoň näme diýýänini bilýän däldir» diýerdi. Çünki «alla» sözi arapça. Mogollaryň atalarynyň hiç biri arap dilini eşitmändi. Hudaý tagala Oguzy eneden dogma weli ýaradypdy. Şoňa görä-de, onuň kalbyna hem diline öz adyny salardy. Oguz ýigit awa çykdy. Gara han oňa inisi Kör hanyň gyzyny alyp berdi. Oguz hiç kim ýok wagty gyza ýüzlendi: Älemi, seni, bizi ýaradan bar, onuň ady «Alla». Ony bar hasapla, özünem bir hasapla, onuň buýranyndan başga işi etme». Emma gyz ony kabul etmedi. Şol wagt ýerinden turup, gyzdan başga ýerde ýatdy. Gijeler aýra ýatyp, gündiz gepleşmedi. Birnäçe wagtdan soň soň Gara hana: «Ogluňyz gelnini halamaýar, halamaýandygy sebäpli-de, alan gününden bäri bir ýerde ýatmaýar» diýdiler. Gara han bu sözi eşidip, beýleki inisi Gyr hanyň gyzyny alyp berdi. Oguz oňa hem: «Hudaýa iman getir» diýdi. Ol gyz kabul etmedi. Onuň bilen hem bir ýerde ýatmady. Bu wakadan birnäçe ýyl geçenden soň, Oguz han awa çykyp, gaýdyp gelýärdi. Görse, suwuň ýakasynda birnäçe gelin-gyz gaýdyp gelýärdi. Görse, suwuň ýakasynda birnäçe gelin-gyz kir ýuwup dur. Kakasynyň inisi Ur hanyň gyzy hem olaryň arasynda-dy. Gürleşmek üçin gyzyň ýanyna adam iberdi. Syrynyň äşgär bolaryndan gorkup, gyzy bir çete çagyrdy. Ant içip şeýle diýdi: «Atam maňa iki gyz alyp berdi. Olary söýmedigimiň sebäbi, men一musulman, olar一kapyr. Her näçe: «Musulman boluň» diýsem, kabul etmediler. Eger sen musulman bolsadyň, seni alardym» diýdi. Onda gyz: «Seň haýsy ýolda bolsaň, menem şol ýolda bolaýyn» diýdi. Şondan soň Oguz han atasyna aýtdy. Atasy Ur hanyň gyzyny uly toý edip, Oguza alyp berdi. Ol gyz musulman boldy. Oguz ony örän söýdi. Bu wakadan köp ýyllar geçdi. Bir gün Oguz uzak ýere awa gitdi. Gara han ähliaýallaryny hem gelinlerini çagyryp, nahar berdi. Gürrüňleşip oturan wagtlary aýalyndan: «Näme sebäpden Oguz soňky alan aýalyny söýýär, öňki alan iki aýalynyň bolsa ýanyna-da baranok?» diýip sorady. Aýaly: «Men bilmeýän. Gelinler gowy bilýändirler» diýdi. Gara han gelinlerinden sorady. Onda uly gelin: «Ogluňyz musulman bolupdyr. Biz ikimize «musulman bölme» diýdi, kabul etmedik. Kiçi gelniňiz musulman bolupdyr. Şonuň üçinem ogluňyz ony örän gowy görýär» diýdi. Gara han bu sözi eşidenden soň, begleri çagyryp geňeşdi. «Oguzy awda ýörkä tutup öldüreliň» diýen karara geldiler. Gara han: «Tiz geliň, men awa çykýan» diýip, il-güne adam iberdi. Bu sözi Oguz hanyň kiçi aýaly eşidip, Gara hanyň eden geňeşleriniň baryny aýdyp, Oguz hana adam iberdi. Oguz han hem bu habara eşidenden soň: «Atam goşun çekip, meni öldürmäge gelýär. Men diýeniň ýanyma geliň, atamy diýeniňiz atamyň ýanyna baryň» diýip, il-güne adam iberdi. Halkyň köpüsi Gara hanyň ýanyna geldi. Gara hanyň inileriniň köp oglanlary bardy. Olar Gara handan aýrylar diýip, hiç kimiň göwnüne gelmeýärdi. Olaryň hemmesi Oguz hanyň ýanyna geldiler. Oguz hem olara «uýgur» diýip at goýdy. «Uýgur» türk sözi bolup, manysy hemme kişä bellidir: «ýapyşak» diýmekdir. «Süýt uýady» diýýärler. Süýt suwukka, bir-birinden aýrylýar. Gatyk bolandan soň bolsa bir-birine ýapyşýar. Şeýle hem: «Ymama uýdum» diýýärler. Ymam otursa oturar, dursa-durar. Eýsem şu ýapyşak boldugy dälmi? Olar gelip, Oguz hanyň etegine iki eli bilen pugta ýapyşdylar. Onda han olara «Uýgur» diýdi. Bu «ýapyşak» diýmekdir. Gara han bilen Oguz han ikisi nyzama durup uruşdylar. Hudaý tagala Oguz hany ýeňiji etdi. Gara han gaçdy. Uruşda Gara hanyň kellesine ok degdi, kimiň atanyny bilmediler. Gara han şol ýaradan öldi. Oguz han atasynyň tagtynda oturdy. ■ Oguz hanyň han bolanynyň beýany Oguz han il-günüň barjasyny musulmançylyga çagyrdy. Musulman bolanlaryny sylady, bolmadyklaryny çapdy, özlerini öldürdi, oglanlaryny ýesir etdi. Ol wagtlar Gara hana degişli ilden başga illerem köpdi. Her uly iliň bir patyşasy bardy. Kiçi iller bolsa olara goşulardy. Gara hanyň musulman bolan illeri Oguz hana goşuldy. Oguz han her ýyl Mogol ýurdunda oturan iller bilen urşardy-da ýeňerdi. Netije-de, barjasyny aldy, gaçyp gutulanlary Tatar hanyna baryp gutuldylar. Tatar halky ol wagtda Jürjüte ýakyn oturardy. Jürjüt diýilýän bir ýurt, şäherleri hem obalary köp. Hytaýyň demirgazyk tarapyndadyr. Hindiler we täjikler oňa«Çynmaçyn» diýýärler. Oguz han baryp tatar ilini çapdy. Tatar hany uly goşun bilen gelip uruşdy. Oguz han üstün geldi, onuň leşgerini gyrdy. Oguz hanyň leşgeriniň goluna örän köp zat olja düşdi. Hatda ýüklemäge mal azlyk etdi. Bir ýagşy, paýhasly adam bardy. Ol pikirlenip, araba ýasady. Ondan görüp, bar kişi oljalaryny araba ýükläp gaýtdylar. Araba «kanyk» diýip at goýdular. Şoňa çenli ady-da ýokdy, özi-de. Ýörände «kanyk» edip, ses çykarýandygy üçin, oňa «kanyk» diýdiler. Ony ýasan adama «kanykly» diýdiler. Ähli kanykly ili şol adamyň oglanlarydyr. Oguz han mogol hem tatar bilen süňk garyndaş bolsa-da, ýetmiş iki ýyllap, olar bilen uruşdy. Ýetmiş üç ýyl bolanda olaryň barysyny agzyna bakdyryp, musulman etdi. Ondan soň ýöriş edip, Hytaýy aldy, Jürjüti eýeledi hem-de Tanguty aldy. Tanguta täjikler «Tibet» diýýärler. Ondan soň baryp, Gara hytaýy aldy. Ol hem uly ýurt. Adamlarynyň sypaty hindi ýaly gara. Hindistan bilen Hytaýyň arasynda Tangutdan gündogara, ýaz bolanda一guşlukda bolýar. Hytaýyň aňry ýüzünde, deňziň ýakasynda berk daglaryň içinde köp il bardy. Onuň patyşasynyň adyna Itbarak han diýýärdiler. Onuň üstüne atlanyp bardy, uruşdylar. Itbarak han üstün çykdy. Oguz han gaçdy. Urşan ýeriniň bäri ýüzünde akyp duran iki sany uly derýa bardy. Şol iki derýanyň arasynda birnäçe gün saklanyp, gaçan leşgeriniň öňüni-yzyny ýygnady. Uly patyşalaryň şeýle bir adaty bar: uzak sapara gidenlerinde aýallaryny ýany bilen äkidýärler. Nöker halkynyň hem käbiri ýany bilen äkidýär. Oguz hanyň bir begi hem öz aýalyny ýany bilen alyp barypdy. Özi uruşda öldi. Aýaly gaçyp gutulyp, iki suwyň arasynda hanyň yzyndan ýetdi. Aýagy agyrdy, burgusy tutdy. Howa sowukdy. Girmäge öý ýokdy. Bir çüýrük agajyň köweginde oglan dogurdy. Muny hana mälim etdiler. Onda han: «Munuň atasy biziň gözümiziň öňünde öldi, hossary ýok» diýip ogullyk aldy. Adyna «Gypjak» goýdy. Gadymy türk dilinde içi boş agaja «Gypjak» diýer ekenler. Ol oglanyň agajyň içinde dogany sebäpli, adyna Gypjak goýdular. Häzirem içi boş agaja «jypjak» diýýärler. Gara hana degişli halkyň dili öwrülmänsoň, «k» sesini «j» diýip aýdýar. Şoňa görä-de «gypjaga» «jypjak» diýýärler. Ol oglany han öz golunda saklady. Ýigit çykanyndan soň, Orus, Ulak, Majar we Başgyrt illeri Oguz hana ýagy boldy. Gypjaga köp il nöker berip, ol tarapa一Tin we Itil derýasynyň ýakasyna iberdi. Gypjak ol ýerlerde üç ýüz ýyl patyşalyk etdi. Ähli gypjak ili onuň neslindendir. Oguz hanyň zamanyndan Çingiz hanyň hanyň zamanyna çenli Tin, Itil we Ýaýyk一bu üç derýanyň ýakasynda gypjakdan başga il ýokdy. Dört müň ýyllap ol ýerlerde oturdylar. Şonuň üçin ol ýerlere «Deşt-i Gypjak»一«Gypjak sährasy» diýerler. Çingiz han Eýranyň hem Turanyň üstüne gelende bu ýurtlaryň patyşasy SoltanMuhammet Horezmşady. Onuň paýtagty Ürgençdi. Ol Çingiz han bilen urşup bilmän, gaçyp Mazenderana gitdi. Çingiz han Buharany, Samarkandy, Daşkendi alyp, Jebe noýon, Subudaý batyr diýen iki begini baş edip, otuz müň adam bilen Yraga, Gilana, Mazenderana, Azerbeýjana we Gruziýa iberdi. Kiçi ogly Tuly hany elli müň adam bilen Horasana iberdi. Soltan Muhammet Horezmşanyň paýtagty, nökeriniň hem hazynasynyň duran ýeri diýip, uly ogly Juçi hany, ikinji ogly Jagataý hany, üçünji ogly Ugedeý hany 一 bu üçüsi segsen müň adam bilen Ürgenje iberdi. Ürgençde patyşa ýokdy. Soltanlar dünýä maly hem din üçin sekiz aý şäheri bermän uruşdylar. Dokuzunjy aýda Çingiz hanyň ogullary şäheri aldylar hem halkyny gyrdylar. Jagataý bilen Ugedeý gaýdyp Termeze, atasynyň ýanyna bardylar. Juçi özüniň nökeri bilen Ürgençden Deşt-i Gypjaga bardy. Gypjak halky ýygnanyp uruşdylar. Juçi han üstün çykdy. Gypjak iliniň gola düşenini öldürdiler, gaçyp gutulany iştýaga bardy. Häzirki wagtda iştiýagyň köpüsi şol gypjagyň neslindendir. Itil bilen Tin suwunyň arasynda oturan gypjaklar dört tarapa gaçyp gitdiler. Köpüsi Çerkes we Tuman ýurduna bardylar. Juçi han gypjaklaryň oglan-uşagyny olja edip, Gypjak ýurdunda oturdy. Öz öýüni we atasynyň beren illeriniň baryny Mogoldan getirdi. Özbegiň her urugyndan Gypjak ýurduna göçüp geldiler. Ondan soň Juçi han öldi we ýurt Söýün hana galdy. Juçi hanyň oglanlaryndan ýigrimi dört kişi ol ýurtda patyşalyk etdiler. Onuň zamanynda ol ýurda «Söýün han ýurdy» diýerdiler. Ondan soň ol ýurt mangytlaryň eline geçdi. Olaryň birinjisi ak mangytly Gutly Gyýalynyň ogly Edigi begdi. Şondan soň oňa Mangyt ýurdy diýdiler. 1040-njy (1660-1661) ýylda, syçan ýylynda, indi ol ýurda Galmyk ýurdy diýýärler. Hawa, bu dünýä bir gala meňzär, adam nesilleri kerwene meňzär, biri göçer, biri gonar. Oguz han Itbarak handan ýeňlenden on ýedi ýyl soň, ýene atlanyp baryp, Itbarak han bilen uruşdy, basdy Itbarak hany öldürip, ýurduny alyp, musulman bolanlaryna degmän, taňra iman getirmediklerini öldürip, oglanlaryny ýesir edip, öýüne geldi. ■ Oguz hanyň Turan we Hindistana ýörişiniň beýany Oguz han bütin mogol hem tatar iliniň goşunlaryny jemläp, Talaş we Saýrama geldi. Daşkent, Samarkant, Buhara patyşalary sap tartyp urşup bilmediler, uly galalara hem şäherlere gelip, özi gabady, Türküstan bilen Andijany alyp, atasynyň ýanyna geldiler. Oguz han bu aýdylan welaýatlaryň hemmesinehäkim belläp, Samarkanda tarap ugrady, onsoň Samarkandy alyp, oňa häkim belledi. Buhara ugrady. Buharany hem alyp, oňa häkim belledi. Balha ugrady, Balhy hem alyp, häkim goýup, Gur welaýatynyň üstüne ýöredi. Gyşdy, günler örän sowukdy. Guruň daglaryna gar örän köp düşüpdi. Goşunlaryň ýöremegi kynlaşypdy. Han şeýle höküm berdi: «Hiç kim menden galmasyn». Baryp Gury aldylar. Soň ýyl çalşyp, ýaz çykdy. Goşundakylaryň sanyny aldy, birnäçe adam kem geldi. Olar barada soranda, hiç kimse bilmedi. Birnäçe günden soň, olar hanyň hyzmatyna geldiler. Han olardan ahwalyny sorady. Şonda olar aýtdy: «Birnäçe adam bolup goşunyň yzy bilen gelýärdik, dag içinde bir agşam galyň gar ýagdy, ondan soň ýöräp bilmän, şol ýerde ýatdyk. Atlarymyzyň we düýelerimiziň ählisjesi öldi. Ýaz çykandan soň pyýadalap gaýtdyk» diýdiler. Han şonda «Ol jemagata «garlyk» diýsinler» diýip, höküm etdi. Barja garlyk ili şolaryň nesli bolar. Ondan ötüp, Kabul hem Gaznaýyny aldy. Ondan soň Kaşmiriň üstüne ugrady. Şol wagtlar Kaşmiriň mäkäm daglary, uly derýalary köp. Ýagma oňa arka berip, Oguz hana boýun egmedi. Bir ýyl uruşdylar, iki tarapdan köp adam öldi. Ahyrda Oguz han Kaşmiri aldy, Ýagmany öldürdi, goşunyny bolsa köpçülikleýin gyrdy. Birnäçe wagtlap şol ýerde galdy, soň gaýdyp Badahşanyň üsti bilen Samarkanda geldi. Ondan Mogolystana baryp, öýüne düşdi. ■ Oguz hanyň Eýran, Şam we Müsüre ýörişiniň beýany Bir ýyl ýurdunda durup, ikinji ýyly ile jar çekdirdi: «Eýran tarapa ýörişe gitjek, köp ýylyň üpjünçiligini görsünler». Ikinji ýyly atlandy we Talaş şäherine ýetdi. Han goşunyň yzynda adamlary goýardy we olar ýadan hem ajygan, azaşan hem ýiten adamlary alyp gelerdi. Ol adamlar goşun yzynda galan bir maşgalaly adamyny hanyň ýanyna alyp geldiler. Han ol kişiden sorady: «Näme niýet bilen yza galypdyň?». Ol aýtdy: «Iýer-içer ýaly zadymyň azlygy üçin goşunyň yzy bilen gelýärdim. Aýalym göwrelidi, dogurdy. Açlyk sebäbinden enesiniň süýdi oglana ýetmeýärdi. Gelýän mahalym suwuň ýakasynda bir şagalyň bir sülgüni alanyny gördüm. Agaç bilen şagaly urup goýberdim. Şagal sülgüni taşlap gaçdy. Ony alyp, kebap edip, aýalyma iýdirip otyrdym. Soňra siziň goýan adamlaryňyz ýolugyp, meni alyp geldiler». Han ol pakyra at, azyk hem mal berenden soň: «Bu goşuna barma!» diýip, oňa «Gal aç» diýdi. Barja «Kalaç» ili şu adamyň neslindendir. Bu wagtda «Halaç» diýýändirler, Mawerannahrda ýaşaýandyrlar, aýmak iline gatyşandyrlar. Balha degişli Gur diýen şäherde oturýan halaçlarda ady Muhammet, lakamy Bagtyýar diýen bir pälwan bardy. Hindistanyň Deli diýen şäherinde Kutbetdin diýen bir musulman patyşa bardy. Muhammet baryp oňa nöker boldy. Birnäçeýyldan soň uly beg boldy. Hindistan diýenleri bölek-bölek köp ýurtlardan ybarat bolup, onuň Bahar atly bir ýurdy bardy. Ol Kaşmiriň ýanyndady. Kutbetdin Muhammet Bagtyýary goşunbaşy edip oňa iberdi. Muhammet Bagtyýar baryp Bahar ýurdyny aldy. Baharyň gündogarynda ýene-de bir ýurt bardy, onuň uly şäherleriniň biriniň ady Lekmirdi. Onuň togsan ýaşly bir patyşasy bardy, ata-babadan ol ýurduň patyşasydy. Baryp ol ýurdy aldy, näçe ýyllardan bäri toplan hazynasyny-da ele düşürdi. Lekmiriň demirgazyk tarapynda ýene bir uly şäher bardy, ady Lektunydy. Baryp ony-da aldy we hutbany öz adyna okadyp, zikge pula hem öz adyny urdurdy. Lektuny şäherini paýtagt edinip oturdy. Kalaç ilinden on müň adam onuň ýanyna ýygnandy. Köp ýyllar şonda boldy. Lektuny bile. Tibetiň arasy atly kişi (uzaklygy) bir ýatsa barýan ýerdi. Emma bir belent dag bolup, onda bir ýol bardy, bir atly ýöräp bilýär, iki atly ýanaşyp ýöräp bilmeýär. Muhammet Bagtyýar on müň atly we otuz müň pyýada goşun bilen şol ýoldan baryp Tibeti çapyp geldi, birnäçe günden soň wepat boldy. Barja kalaç halky üýşüp, Şiran diýen adamy patyşa göterdiler. Ol ölenden soň Merdan diýen kişini patyşa göterdiler. Merdan ýyndam hem mergen ýigitdi. Emma akylly weli ýokdy. Şeýle ýagdaýda, bir gün kabul edişlikde oturan mahaly öz beglerine bakyp: «Yspyhany, pylany, saňa berdim. Kazmini saňa berdim...» diýdi. Şu hili gepläp, Horasan, Yrak, Rumuň, adyny bilýän ençeme şäherleriň bir-bir atlaryny tutup nökerlerine paýlady, «Taňrym berse sizlere bereýin diýmedi» diýmedi. Şeýle diýen bolsa aýyp boljak däldi. «Meniň welaýatlarymdyr, sizlere berýärin» diýip, tagzym etdirdi. Bir gün bir adam haraý isläp, zeýrenip: «Men bir söwdegar, gije pylança müň teňňämi ogry alypdyr» diýdi. Ondan: «Sen özüň niräniň adamy bolarsyň?» diýip sorady. Söwdegär: «Yspyhanly bolaryn» diýdi. Oňa: «Teňňäň üçin saňa Yspyhanyň häkimligini berdim!» diýdi-de, diwan mürzesine: «Hökümi ýaz» diýdi. Ol Yspyhanyň häkimligini söwdagäriň adyna ýazyp, möhür urup, goluna berdi. Söwdagär gorkusyndan bir söz aýdyp bilmän, hökümi alyp başyna sançdy. Kabul edişlikde oturan jemagat hem gorkularyndan hiç zat edip bilmediler. Bir akylly begi bardy, ol aýtdy: «Patyşahym, muňa Yspahynyň häkimligini berdiňiz. Bu adam eger mundan Yspyhana ýeke barsa, siziň abraýyňyza ýaman bolar. Bu adama ýeterlik zatlar berseňiz, ol goşly we nökerli bolup barsyn» diýdi. Ol betbagtyň şol sözi köplüge makul gelip, oňa ýüz teňňe sylag berdi. Emma bu wakanyň bir ýaman ýeri boldy: ol şondan soň kalaç halkynyň ýagşy adamlaryny bigünä ýerden öldürip, Öwez diýen adamyny Lektuny tagtyna oturtdylar. Ol hem on iki ýyldan soň öldi. Ondan soň ol ýurt kalaçlaryň golundan çykdy, özge kişiniň eline düşdi. Ondansoň kalaçlar nöker boldular. Kalaçlaryň patyşalygy başdan ahyra elli dört ýyl dowam etdi. Indi kalaçlar baradaky sözümizi goýalyň, munça aýtdyk, besdir. Oguz han Talaşdan ötüp, Samarkant we Buhara gelip, Amy suwundan geçip, Horasana ýetdi. Şol çaklarda Eýran ýurdunda gowy patyşalar ýokdy. Keýumers ölüpdi. Hüwşeňi heniz patyşa götermändiler. Şol hili wagtlara araplar «muluk ut-tawaýyf» diýýärler. Onuň manysy «her bir bölek ilde bir häkim» diýmek bolar. Türki kowumlar ol hili wagta: «öý başyna gara han» diýerler. Manysy: «Her öýde gara kişi bir han bolup oturýar, her öýe bir han» diýmek bolar. Şol wagtlar Eýran ýurdy şunuň ýalydy. Oguz Horasany aldy, ondan ötü, Yrag-e ajamy, Yrag-e araby, Azerbeýjany, Ermeni, Şam we Müsüre çenli aldy. Bu aýdylýan ülkeleriň birnäçesini urşup we barjasyny boýun egdirip, özüne degişli etdi. Oguz han Şam welaýatynda duran mahaly, ýaşyrynlyk bilen bir nökeriniň golunda bir altyn ýaý hem üç oky berdi-de: «Ýaýy gündogarda bir çölde kişi aýagy ýetmejek bir ýerde topraga gömüp, bir ujuny çykaryp goýgul. Oklary günbatar tarapa eltip, ýaýy nähili goýan bolsaň, ony hem şol hili goýgun» diýdi. Ol kişi buýruga amal edip, dolanyp geldi. Bu wakadan bir ýyl ötenden soň, üç uly ogly Gün, Aý we Ýyldyz hany çagyryp aýtdy: «Ýat ýurda gelip, işimiň köplüginden meniň aw awlamaga elim degmeýär. Gündogar tarapda pylan çölüň awy köpmüşin diýip eşitdim. Öz nökerleriňiz bilen ol ýere gidip, aw tutup geliň!» diýdi. Ondan soň üç kiçi ogly Gök, Dag we Deňiz üçüsini çagyryp, olaryň agalaryna aýdan sözlerini aýdyp, günbatar tarapa iberdi. Birnäçe günden soň üç uly ogly bir altyn ýaý bilen köp awy Oguz hanyň öňüne getirdiler. Ol awlaryň etlerine ýene köp etleri we dürli naharlary goşup, halky çagyryp, ýaýyň we okuň tapylanyny yrym edip, özlerine gaýtaryp berdi. Üç uly ogly ýaýy döwüp, paýlaşdylar, üç kişi ogly her haýsy bir oky aldy. Alan ülkelerinde köp ýyllar ýaşap, duşmanlary ýok edip, dostlaryny saýlap, başy Saýram, aýagy Müsüre çenli alan welaýatynyň barjasyna häkimler goýup, gaýdyp gelip, öz ýurtlaryna düşdüler. ■ Oguz hanyň öz ýurduna gelip toý tutuşynyň beýany «Oglanlarym, halkym bilen esen-aman baryp geldim» diýip, uly toý ýaragyny tutup, bir çadyr gurdurdy. Barja agaçlaryň daşyna altyn gaplatdy, lagl we ýakut, zümerret we firuza, dür bilen bezetdirdi. Bu beýdi şol öýüň tarypy üçin aýdypdyrlar: Beýt Bir öý dikdi altyndan ol şähriýar, Kim ol öýden pelek öý(i) kyldy aar. Dokuz müň goýun we dokuz ýüz ýylky öldürtdi. Gönden togsan dokuz howuz etdirdi, dokuzysyna arak, togsanysyna gymyz doldurtdy. Barça nökerlerini çagyryp getirtdi. Ol öz alty ogluna köp nesihatlar berip we beglerine öwredip, ýurtlar, şäherler hem sylaglar berdi. Bu beýtleri onuň tarypy üçin aýdypdyrlar: Şygyr Oguz kyldy ol toýda çyrgamyş, Bu alty ogluny söýürgemiş, Bular görkezip erdi merdanalyk, Ata birle köp dürli ferzanalyk. Ataga (anlar), bes, kyldylar ýarlyk, Uruş gün(ler)inde barjasy barlyk. Ondan soň barja nökerleriniň atan, çapan, eden hyzmatlaryna laýyk şäherler, serhetler, obalar we sylaglar berdi. Ýene oglanlaryna aýtdy: «Siziň üç ulyňyz altyn ýaýy tapyp getirdiňiz, ýene ony bozup paýlaşdyňyz. Siziň adyňyz «Bozuk» bolsun. Sizden önenler oglanlara hem tä kyýamata çenli «bozuk» diýsinler. Tapyp getiren ok we ýaýyňyz一ol kişiden bolmady, taňrydan boldy. Bizden öň öten halklar ýaýy patyşa ornunda bilip, oky ilçi hasap edipdirler. Sebäbi ýaý oky haýsy tarapa atsa, ok şol tarapa-da gider. Indi, men ölenimden soň, Gün han meniň tagtyma çykyp otursyn. Ondan soň «bozuk» neslinden her kim ukyply bolsa, halk ony patyşa götersin. Dünýä ahyr bolynça «bozugyň» bir ýagşy kişisi patyşa bolsun, özgeleri öňde otursynlar. «Üç oklar» çepde bolsunlar, öýüň çep tarapynda otursynlar hem-de dünýä ahyr bolynça nökerligine razy bolsunlar» diýip aýtdy we ýüz ýene on alty ýyl patyşalyk edip, hakyň rehmetine gitdi. Oguz hanyň ogly Gün hanyň patyşalygynyň beýany Oguz hanyň «Uýgur» diýip at goýan jemagatynyň ýaşulusynyň hem aksakalynyň bir goly bardy, ady Arkyl (!) hojady. Oguz han atasynyň tagtynda oturandan tä ölinçä weziri, wekili şoldy. Akylly hem bilimli, örän ylymly kişidi. Gün han ýene ony wezir edip, tä özi ölinçä weziri, wekili şoldy. Akyllyhem bilimli, örän ylymly kişidi. Gün han ýene ony wezir edip, tä özi ölinçä onyň sözüne amal etdi. Arkyl hoja uzak ýaşady. Günlerde bir gün han ýeke oturan mahalynda Arkyl hoja aýtdy: «Ataň ýüz on alty ýyllap, tomsuň yssysynda saýada oturman, gyşyň sowugynda öýde bolman, gylyç urup, köp ýurtlary alyp, siziň altyňyza goýup gitdi. Eger siz altyňyzyň, sizden bolan barçalaryňyzyň agzyňyz bir bolsa, uzak ýyllar we köp günler bu ýurtlar siziň goluňyzdan çykmaz. Eger agzyňyz bir bolmasa, olja alan ýurduňyz-da gider we baýry ýurduňyz-da gider, malyňyz, janyňyz-da gider». Onda Gün han:«Atama siz geňeş berýädiňiz, atamyň ornuna, indi, meniň atam一siz. Siz nähili işi makul görseňiz, men şony edeýin» diýdi. Onsoň Arkyl hoja aýtdy: «Oguz handan köp ýurtlar, şäherler, iller, öli mallar we diri mallar galypdyr. Siz alty ogluň her biriňizde dört ogul bar. Siz altyňyzdan başga ýene ýigrimi dört patyşazada bolýar, ine, men şundan gorkup ýörýärin, dünýälik üçin agyzlaryňyz ala bolar diýip howatyrlanýaryn». Gün han Arkyl hojanyň sözüni kabul etdi hem uly gurultaý çagyrdy. Ýagşy, ýaman一halkyň hemmesi gelenden soň, ol Oguz handan galan welaýatlar hem iller, öli mallaryň we diri mallaryň ählisini şu aýdylan oguz patyşazadalarynyň ulusyna uly, kiçisine kiçi edip bölüp berdi. Bu ýigrimi dört ogul öz aýallaryndan dogupdy. Mundan başga gyrnaklardan bolan oglanlar hem köplükdi. Olaryň hem ýagdaýlaryna laýyk zatlar berdiler. Ondan soň Oguz hanyň ýasadan altyn öýüni dikdirdi. Sag ýanda alty ak çadyr we çep ýanda alty ak çadyr dikdirdi. Ýene sag ýanda bolsa başyna altyn horaz berkidilen kyrk gulaç agajy dikdirdi. Soňra han buýrugy boýunça «bozugyň» oglanlary nökerleri bilen altyn horazy, «üç okuň» oglanlary nökerleri bilen kümüş horazy atly çapyp atdylar. Ol horazlary uran kişilere sowgatlar berdi. Gün han atasynyň edenlerine amal edip, dokuz ýüz ýylky we dokuz müň goýun öldürtdi, gönden dokuz howza arak doldurtdy we togsan gönden howza gymyz guýdurdy. Kyrk gije-gündiz aýş-u-eşretde boldylar. ■ Oguz hanyň oglanlarynyň hem nebereleriniň atlarynyň beýany Indi, olar iýip-içip otursynlar. Biz Oguz hanyň eteginden ýaýran oglanlarynyň atlaryny aýdalyň. Ozal hem aýdypdyk, şeýle-de bolsa oglanlaryny hem neberelerini一barysyny bir ýerde aýtmagy mynasyp gördük. Oguz hanyň oglynyň ady Gün han we ondan kiçisiniň ady Aý han, ondan kiçisiniň ady Ýyldyz han, ondan kiçisiniň ady Gök han, ondan kiçisiniň ady Dag han, ondan kiçisiniň ady Deňiz han. Bu altysynyň her haýsysynyňaýallaryndan bolan dört ogly bardy. Gün hanyň uly oglunyň ady Kaýy, ikinjisi一Baýat, üçünjisi一Alkaöýli, dördünjisi一Gara öýli. Aý hanyň uly oglunyň ady Ýazyr, ikinjisi一 Ýasyr, üçünjisi一Dodurga, dördünjisi Düker. Ýyldyz hanyň uly oglunyň ady Awşar, ikinjisi一Gyzyk(?), üçünjisi一Begdili we dördünjisi一Garkyn. Gök hanyň uly oglunyň ady Baýyndyr, ikinjisi一Bejene, üçünjisi一Jawuldyr we dördünjisi一Jebni. Dag hanyň uly oglunyň ady Salyr, ikinjisi一Eýmir, üçünjisi一Alaýuntly we dördünjisi一Üregir. Deňiz hanyň uly oglunyň ady Igdir, ikinjisi一Bükdüz, üçünjisi一Uwa we dördünjisi一Kynyk. Oguz hanyň uly alty oglunyň gyrnakdan bolan çagalarynyň atlaryny aýdalyň. Emma haýsynyň haýsy oglundan bolany belli däl: Köne, Kune, Turbatly, Gireýli, Soltanly, Okly, Gökli, Suçly, Horasanly, Ýurtçy, Jamçy, Turumçy, Gumy, Surky. Häzirki wagtda oňa Surhy diýýärler. Gurjyk, Sorajyk, Garajyk, Kazygurt, Tiken, Lala, Murdaşuý, Saýyr. Häzir birnäçe iller, ýagny Oguz han olara at goýdy diýip aýdanlarymyz, Oguz hanyň neslinden däldir. Şeýle-de bolsa olar şol toýda bar ekenler. Şol sebäpli olaryň atlaryny-da kitapda ýazmak zerur. Olaryň atlary şular: Kanykly, Gypjak, Garlyk, Kalaç. ■ Gün hanyň öz inilerine hem oglanlaryna orun berişiniň beýany Indi, on iki çadyrda oturyp, ülüş, ýagny paý alanlar kimler we ol ülüşleri dogranlar kimler, daşarda atlaryny tutup oturanlar kimler, şolary beýan edeliň. Altyn çadyryň töründe Gün han oturdy. Iliň barça ýagşylary agzybirlik edip, goýnuň kellesini we arkasyny, guýrukly ujasyny hem bagryny ujanyň üstünde goýup, Gün hanyň öňünde goýdular hem-de:«Kim han bolsa, paýy şu hilibolsun» diýdiler. Sag gol tarapda birinji çadyrda Gün ilki ülüş berdiler. Baýat ony dogrady, Surky atlaryny tutdy, häzirki wagtda ony Surhy diýip aýdýarlar. Ikinji çadyrda Alka öýlini oturtdylar. Sag gyra ýiligi ülüş berdiler. Gara öýli ony dogrady, Lala atlaryny tutdy. Üçünji çadyrda Aý hanyň uly ogly Ýazyry oturtdylar, sag ýanbaşy ülüş berdiler. Ýasar ony dogrady, Gumy bolsa atlaryny tutdy. Dördünji çadyrda Dodurgany oturtdylar, sag omaçany ülüş berdiler. Düker ony dogrady, Murdaşuý atlaryny tutdy. Bäşinji çadyrda Ýyldyz hanyň uly ogly Awşary oturtdylar, sag uýlugy ülüş berdiler. Kazyk ony dogrady. Turumçy atlaryny tutdy. Altynjy çadyrda Begdilini oturtdylar, sag ýagyrnyny ülüş berdiler. Garkyn ony dogrady, Garajyk atlaryny tutdy. Çep tarapdaky birinji çadyrda Gök hanyň uly ogly Baýyndyrny oturtdylar, çep uýlugy ülüş berdiler. Bejene ony dogrady, Kazygurt atlaryny tutdy. Ikinji çadyrda Jawuldyrny oturtdylar çep ýanbaşyny ülüş berdiler, Jebni ony dogrady, Kanykly atlaryny tutdy. Üçünji çadyrda Dag hanyň uly ogly Salyry oturtdylar, çep aşykly ýiligi ülüş berdiler. Eýmir ony dogrady, Kalaç atlaryny tutdy. Dördünji çadyrda Alaýuntlyny oturtdylar, çep omaçany ülüş berdiler. Üregir ony dogrady, Tiken atlaryny tutdy. Bäşinji çadyrda Deňiz hanyň uly ogly Igdiri oturtdylar, çep gyra ýiligi ülüş berdiler. Bükdüz ony dogrady, Garlyk atlaryny tutdy. Altynjy çadyrda Uwany oturtdylar, çep ýagyrnyny ülüş berdiler. Kynyk ony dogrady, Gypjak atlaryny tutdy. ■ On iki «ýüzlük» hem ýigrimi dört aýmagyň manysynyň beýany Eý diňleýji garrylar hem aňlaýjy ýigitler! Bu sözleriň manysyna düşünmek üçin köňülleriňizi saplap, gulaklaryňyzy bäri tutuň! Türkmenleriň ötüp geçen bagşylary hem ömrüni märekede ötüren ýagşylary şeýle diýipdirler: Oguz hanyň alty oglunyň esasy aýallaryndan dogan nebereleri ýigrimi dört sany bolupdyr. Gün han olary iki-ikiden on iki öýde ýerleşdiripdir. Şeýdip, olar on iki bölek bolupdyr. Şol on iki bölekden bolanlara «ýüzlük» diýipdirler. Çünki her bir zadyň ýeňsesinden ýüzi ýagşy bolýandyr. Oguz hanyň at dakan birnäçe kişileri hem günülerinden dogan nebereleri-de ýigrimi dört sany eken. Olaryň atlaryny ýokarda agzap geçipdik. Olar öýüň daşynda ýerleşipdirler. Olaryň on ikisi at tutup, beýleki on ikisi bolsa işikde oturupdyr. Şu ýigrimi dörtden doganlara «aýmak» diýipdirler. Bu söz aslynda «omak» bolmaly. Garamaýak halk bu sözi bolşy ýaly, doly aýdyp bilmän, onuň ýaryny aýdypdyrlar. Bir adam başga birinden «Seniň iliň omagy näme?» diýip, sorar eken. «Omak» mongol sözüdir. Biziň güblerimizde galmyklar hem omakdiýýärler. Aslynda bu sözüň manysy «urug» eken. Türkmenleriň on iki ýüzlük hem ýigrimi dört aýmak diýmekleriniň sebäbi, ine, şu aýdylanlar bolmaly. ■ Oguz hanyň nebereleriniň atlarynyň manysy hem-de tagmalary bilen guşlarynyň beýany Türkmeniň taryh bilýän ylymly garrylarynyň barysy Oguz hanyň on iki öýde oturan ýigrimi dört neberesiniň atlarynyň manylaryny hem-de tagmalarynyň nähili bolandygyny, guşlarynyň atlaryny şeýle aýdypdyrlar: Bir uly kagyza ähtnama ýazyp, Gün hanyň baştutanlygynda inileri, ogullary, ogullary, begleri we halk içindäki garrylaryň ýagşylary, ýigitleriniň ýagşylary一bularyň barysy şol hatda öz atlaryny ýazyp: «Biz dirikäk şu aýdylan sözlerden çykmarys. Eger bizden bolan oglanlar halalzada bolsalar, dünýä ahyr bolynça bu ähtnamany okap, amal etsinler. Eger haramzada bolup, «ýurdy bozaly» diýseler amal etmesinler» diýdiler. Atlaryny ýazyp, möhürlerini basyp ähtnamany Gün hanyň hazynasynda goýdular. Oguz han ölende, Gün han ýetmiş ýaşynda-dy, ýene-de ýetmiş ýyl atasynyň ýerinde oturyp, adalatlylyk bilen hanlyk etdi hem-de şondan soň hak rehmetine gitdi. ■ Oguz iliniň äht etmeginiň beýany Hanyň baştutanlygynda ähli halk aýtdy: «Bir goýun, on ýa-da ýüz goýun öldürseňizem omaçasyny şu aýdylşy ýaly paýlasynlar. Her haýsysy öz oglanlary bilen, nökerleri bilen iýsinler». Ýene-de: «Bir kişi günäkär bolsa, ol adam patyşa oturan ýere ýakyn bolsa-da, daş bolsa-da, ol günä eden kişi patyşa urugyndan bolsa-da, hanyň bir adamy baryp, oňa temmi berse, «meni penalap gelipdir» diýip oňa hanyň inisi, ogly, begleri一hiç kim gol ýapmasyn. Eger kim oňa arka çyksa, şol arka duran adamy patyşanyň huzuryna getirip, arkasyna gylyç bilen urup, iki bölek etmek gerek. Goý, görene göz, eşidene gulak bolsun» diýdiler. Şeýle hem aýtdylar: «Oguz neslinden we «bozuk» oglanlaryndan bir kişini patyşa etsinler, iki adamy patyşa götermesinler. Çünki han bir bolsa il düzeler, iki bolsa一il bozular. Öň ýaşap geçen alymlar: «Bir gyna iki gylyç sygmaz» diýipdirler. Bir aýaly iki är alyp bilmez. Bir ýurda iki töre sygmaz». ■ Gün hanyň uly ogly Kaýynyň han bolmagynyň beýany Gün han öleninden soň, Oguz hanyň ähli nebereleri we il ýagşylary ýygnanyp, Kaýyny han göterdiler. Ol hem atasy ýaly ile adalatly bolup, ýigrimi üç ýyllyk patyşalyk etdi. Hak rehmetine gitdi. ■ Bakuýyň han bolmagynyň beýany Kaýy hanyň oglanlary köpdi. Bir ogluna uly ogly Düýp Bakuýyň adyny dakypdy. Uly-kiçi hemmeler bir bolup, Düýp Bakuýy han göterdiler. Günlerde bir gün Düýp Bakuý han halkdan sorady: «Oguz hany gören adamlardan şu wagta (çenli) galan barmy?» «Bir kişi galypdyr, salyr ilinden ulaş atly» diýdiler. Han adam iberdi. Ulaşy getirdip, Oguz hanyň ýurtda duranda näme iş edendigini, dostlaryna niçik rehim-şepagat edip, duşmanlary bilen nähili mydar edendigini birin-birin soraşdyrdy. Ulaş hem bilenlerini aýtdy. Ondan soň köp serpaýlar ýapyp, öýüne iberdi. Düýp Bakuý hanyň uly begleri ýazyr ilinden Alan we Arlan, düker ilinden Çeges we Başy beg, Beýgu beg hem-de baýyndyr ilinden Kabyl hoja dagylardy. Han bir gün aw-awlap ýörkä, atdan ýykylyp, ýanbaş süňki syndy, şondan hem öldi. Guzy ýawy diýen bir ogly bardy, ony patyşa göterdiler. Otuz ýyl patyşalyk edip, o dünýä gitdi. Şol Guzy ýawy han bolanda onuň geňeş edýän begleri eýmir ilinden Körünjik, salyr ilinden Tabakdy. Ýene salyrdan Eňeşiň ogly Ötgen we onuň ogly Gülsary üç arka wezir boldular. Ol (Düýp Bakuý) ýüz ýigrimi ýyl hanlyk etdi hem dünýäden ötdi. ■ Oguz iliniň ýurtlary, onda näçe ýyl nähili oturandyklary hem näme üçin «türkmen» diýip at goýlandygynyň beýany Oguz handan tä Guzy hana çenli aýtdyk. Ol şonuň ýaly. Indi, Ynal han hakda aýdalyň, taňrym buýursa. Ynal hanyň zamanyndan tä biz bu kitaby aýdan wagtymyza çenli bir-bir aýdanlarymyzyň hemmesi dogrudyr, hiç ýalňyşy ýokdur. Ýöne Guzy ýawy han bilen Ynal hanyň arasynda näçe ýyl geçenini kesgitläp bilmedik. Şeýle-de bolsa, biraz aýdaly, köp aýtsak, belkem, nädogry bolmagy mümkin一dört müň ýyl dagy geçendir. Oguz hanyň Keýumers zamanynda ýaşandygyny bilýäris. Ynal Ýawy hanyň wezir-wekili kaýy halkyndan Gorkut atady. Biziň pygamberimiziň eneleriniň kiçi dogany Apbasyň oglanlary Bagdat şäherinde bäş ýüz ýyl Patyşalyk etdiler. Gorkut ata şolaryň zamanynda ýaşady. Keýumers bilen Apbas oglanlarynyň arasy bäş müň ýyldyr. Guzy ýawy han Oguz hanyň bäşilenji ogly. Özüňiz hasap edip görüň: Guzy ýawy han bilen Gorkut atanyň hany Ynalyň arasy näçe ýyl bolýar?! Indi, biz bu aýdýan dört müň ýylymyzda kimiň bolanyny ýekeme-ýeke we atma-at bilemzok. Şeýle derejede bilmesek hem başdan-aýak, umumy ýagdaýyny bilýäs, şuny bir aýdalyň. Oguz iliniň ýurtlarynyň gündogary Yssyk köl we Almalyk; günortasy一Saýram we Kazygurt hem Garajyk dagy: demirgazygy一mis çykýan Uly dag we Kiçi dag; günbatary一Syrderýanyň aýagy Ýaňykent we Garagum. Şu aýdylýan ýerlerde dört-bäş müň ýyl oturdylar hem-de haýsy urug köplük bolsa, şondan patyşa göterdiler. Haçanda Kaýydan bir adamy patyşa göterenlerinde kaýy urugy bilen baýat urugy, ýene-de bäş-alty kiçiräk urug oňa goşulardy. Salyrdan bir kişini patyşa göterseler, salyr urugy eýmir urugy, ýene-de sany azlyk bolan uruglar oňa goşulardy. Ýazyrdan birini patyşa göterseler, ýazyr urugy bilen san taýdan az birnäçe urug oňa goşulardy. Şundan netije çykaryň: köplük bolan urugdan patyşa göterip, azlyk uruglar oňa goşulyp, kä alty-ýedi topar bolardylar, kä üç-dört topar bolardylar. Bir-biri bilen ýagy bolup, çapyşardylar, ýesir alardylar. Bir-biri bilen ýagy bolup, çapyşardylar, ýesir alardylar. Özlerinden artan ýesirleri Mawerannahr söwdagärlerine satardylar. Ol wagtlar Yrak, Horasan, Mawerannahr patyşalarynyň, nökerleriniň, raýatlarynyň一hemmesi tatdy. Tatdan başga adam ýokdy. Soltan Mahmyt Gaznawynyň atasy Sebüktegin kaýy halkyndandy. Ony türkmenler ýesir edip, söwdagäre satdylar. Beçene urugy hem özünden töre göterip, salyr ili bilen ýagy bolup, çapyşardy. Bäş-alty arka çenli bu iki iliň arasynda duşmançylyk bardy. Beçene ili salyr ilinden üstün gelerdi. Şoňa görä-de salyr ili beçene halkyna «it beçene» diýerdiler. Beçene iliniň Doýmadyk atly bir patyşasy bardy. Ol goşun sürüp, salyr ilini çapyp, salyr Gazan alpyň enesi Jäjeklini oljalap, alyp gitdi. Üç ýyldan soň kethudasy Eňeş köp zat berip, Jäjeklini gaýtaryp aldy. Şu aýdylanlardan şeýle netije çykýar: talaňçylar öz ýurtlarynda Mawerannahra gaçyp giderdiler. Şeýdip, dura-bara Türkmeniň köpüsi şol welaýata düşüp, azy galdy. Ol wagtlar türkmenden aňry tarapda oturan iller hem köpdi. Onuň haýsy birini aýdaýyn. Ähli illerden türkmene ýakynlary Hytaý, Kanykly, Naýman illeridi. Ol illerem türkmeniň galanyny çapyp başladylar. Türkmenler Yssyk köl, Almalyk, Saýram, Uly Daglar, Kiçi daglar一bu ýurtlaryň hemmesini taşlap, Syr deýanyň aýagyna gelip, patyşlaryny Ýaňykentde oturtdylar. Özleri bolsa Syrderýanyň iki tarapynda ýazlap hem gyşlap, on arka geçýänçäler oturdylar. Mawerennahra düşen türkmenlere täjikler ilki «türk» diýerdiler. Bäş-alty arka geçenden soň ýer-suwuň, howanyň täsiri bilen çekgeleri gysylyp, gözleri ulaldy, ýüzleri kiçelip, burunlary ulalyp başaldy. Türkmen ýurduna gelip oturan illerden ýesir we söwdagär Mawerannahra gelip başlady. Olary gördüler, täjikler «türk» diýdiler. Öňki türklere bolsa «türk manend» diýip at goýdular. Onuň manysy türke meňzeş diýmekdir. Sada halk «türk manend» diýip aýdyp bilmedi, şoňa görä «türkmen» diýdiler. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |