TÜRKMENLERIŇ ÖZBAŞDAK DÖWLETI
(1917 – 1919 ý.)
Ak patyşanyň hökümet başyndan aýrylmagy bilen ýurduň tabynlygyndaky ähli ýerlerde tolgunyşyklar başlandy. Halk özbaşdaklyk, garaşsyzlyk isleýärdi. Halk bolşewiklere-de, menşewiklere-de, es-erlere-de ynanmaýardy. Halk öý başyna salynýan salgytlardan, suwuň ýetmezçiliginden, ak patyşanyň dikmelerinden bez bolupdylar.
Halkyň talabyndan, aýaga galmagyndan howatyr eden wagtlaýyn hökümetiň dikmeleri uçreditel gurultaýyny geçirmegi, şol gurultaýda bolsa, halk näme islese, şol islegine ýetirmegi söz berýärdiler. Ýöne halky bal kölüne batyrjak uçreditel gurultaýy müň bir sebäbe görä geçirilibermeýärdi.
1917-nji ýylda türkmen obalarynda tolgunyşyklaryň artmagyna pälä (päle pars sözi bolup ol işçi diýen manyny aňladýar) giden, pälede Orsýediň Pskow, Twer, Odessa şäherleriniň senagat kärhanasynda işlän, Nikolaýew, Perm şäherleriniň demir ýollarynda işlän we şol ýerleriniň işçileriniň pikir-maksatlary bilen taplanan türkmenleriň täsiri uludy.
■ Ýöne özbaşdak döwleti nädip gurmaly?
Öz döwründe "döwlet gurmagy türkmenden öwreniň" diýen düşünjäni dünýäde ýaňlandyran türkmenler XX asyryň başynda döwlet gurmakda ýöwsellik edýärdiler. Iň esasy zat hem gurmaga girişen döwletleriniň arassalygyny saklamak türkmenlere kyn düşýärdi. Iňlisler çyn janköýer hökmünde gaty yhlas edýärdiler. Men bolşewikdirin, hemmämizem garamaýak halk diýip gelýänlerem, şeýdip kömek-goldaw etmek isleýänlerem az däldi.
Türkmenleriň döreden gizlin garaşsyz döwleti Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň ähli tire-taýpalary bilen aragatnaşyk saklapdy. Tire-taýpalaryň arasynda hiç hili düşünişmezlik, agzalalyk bolmandyr. «Ählimiz bir atanyň, bir enäniň perzentleri biz» diýen düşünje türkmen döwletiniň ýolbaşçylarynyň arasynda berk ornapdyr. Ýurduň ähli ýerlerinde alnyp barylýan gozgalaňlar türkmen döwletiniň habarly bolmagynda, goldawynda geçirilipdir.
Türkmenleriň döwletiniň ýolbaşçylarynyň arasyna Türkmen oblastyna ýolbaşçy bellenen lukman Dorrer agzalalyk salmagy başarýar. Ol ýaňy dörän, tejribesi bolmadyk milli türkmen döwletini ýykmagyň maksatnamasyny işläp düzýär.
Graf G.Dorrer türkmeniň asgyn tarapyny öwrenip, şol tarapdan hem iş geçirýär. Ol «Ol tiräniň adamlary özlerini sizden ýokary görýärler, sizi äsgerenoklar. Aslynda olar hiç kim-ä. Men-ä sizi pähim-parasatly hasaplaýaryn. Näme üçin ol tiräniň adamlary täze döredilýän döwletde ýolbaşçy wezipeleri eýelemelimiş? Näme üçin ýolbaşçy wezipede siz bolmaly däl?! Ynha görersiňiz, olar siziň zähmetiňiz arkaly döwleti gurarlar, soňam sizi kowup goýbererler».
G.Dorreriň bu syýasaty täze dörän döwletiň synmagyna getirýär. Netijede, bu döwlet ilki şol döwürde atlandyrylyşy ýaly, ilki aklaryň, menşewikleriň, iň soňunda hem bolşewikleriň eline geçýär.
Graf G.Dorreriň bu syýasaty baknalygyň 74 ýylynyň içinde peýdalanyldy, şeýdibem «Agzyny alart-da, höküm sür!» diýleni boldy.
Biziň käbir adamlarymyzyň ganynda henizem Dorrer keseliniň alamatlary saklanyp galypdyr. Bize bu keselden saplanmak zerur.
Osman ÖDE.
Taryhy makalalar