TÜRKMENLERIŇ PARFIÝA ŞALYGY
(Miladydan öňki 247-nji we
miladynyň 227-nji ýyllary)
1. Parlaryň gelip çykyşy we Parfiýa
döwletiniň döremegi
Türkmenleriň Parfiýa şalygy – kaknus guşy deýin bu gün täzeden jana gelýän şalykdyr. Sasan döwleti Parfiýa şalygynyň ýer ýüzünde, Merkezi Aziýada unudylmagy, ýok bolmagy üçin gaty köp yhlas etdi: şalyga degişli ähli köşgi-eýwanlary, ähli gymmatlyklary, hatda mazarlary-da, şa hanedanlygynyň ystyhanlaryny-da wes-weýran edip, oda berdi. Iň bärkisi Parfiýa şalygyna degişli iňňe saklanyp galan hem bolsa, şony saklan adam ýa-da parfiýa şalygy hakda ýagşydan-ýamandan gürlän adam dardan asyldy. Sasan hökümdary Ärdeşiriň şeýle yhlas etmesine garamazdan, tas 500 ýyla çeken şalygy taryhdan öçürmek başartmady. Şalyga degişli ähli resminamalar, ähli zatlar şalykda, Merkezi Aziýada ýok edilen-de bolsa, Parfiýa şalygyna degişli maglumatlar hytaý, rim we başga döwletleriň taryhçylarynyň ýazgylarynda saklanyp galypdyr.
Biz bu gün türkmenleriň Parfiýasynyň ystyhanlaryny ýerli-ýerlerinde goýuşdyryp, täzeden jan berýäris.
Parfiýanyň ady ilkinji gezek miladydan öňki IX asyrda assiriýa çeşmelerinde gabat gelýär. Bu gürrüňiň anyk senesi miladydan öňki 836-njy ýyla degişlidir. Ondan soňraky çeşme Gerodotyň eseridir. Gerodot Ýunanystana garşy urşan pars goşunynyň içinde parfiýanlaryň hem bolandygyny ýazypdyr.
Parfiýanyň taryhyna degişli bu ikinji anyk sene miladydan öňki 521-nji ýylyň fewral aýyna düşýär. 521-nji ýylyň aprel aýynda parfiýalylaryň 6520 adamy öldürilip, 4192-si bolsa ýaradar edilipdir.
Şeýlelikde, Parfiýa ahemenleriň tabynlygyna geçýär. Ahemenler imperiýasy ýykylandan soň bolsa, bu ýerde ýunan-makedon agalygy höküm sürýär. Munuň özi, takmynan, miladydan öňki 330-njy ýyllarda bolup geçipdir.
Emma miladydan öňki 323-nji ýylda Isgender Zülkarneýniň ýogalmagy bilen imperiýa dargap ugraýar. Onuň dogumly serkerdeleriniň biri bolan Selewk täze döwleti yglan edýär.
Selewkliler döwleti ady bilen taryhda belli bolan bu döwletiň düzümine Margiana hem giripdir. Emma Türkmenistanyň Köpetdag eteklerindäki etraplarynda Selewklileriň täsiri hemişe-de gowşak bolupdyr. Şonuň üçin hem miladydan öňki 250-nji ýyllarda Parfiýanyň çäklerinde massaget birleşigine giren parnlar-dahlar Ärsagyň ýolbaşçylygynda syýasy ýokary galyp ugraýarlar.
Türkmen halky Ärsagy hakydasynda basybalyjylardan öz halkyny azat eden, öz halkynyň erkinligi, garaşsyzlygy, bolçulykda ýaşamagy ugrunda göreşen gaýduwsyz merdana şa hökmünde galypdyr. Hakykatdan hem Ärsak türkmen topragyny ýunan-makedon basybalyjylaryň zulum-süteminden halas etmek ugrunda gaýduwsyz göreşipdir. Göreşi ýeňişli tamamlanypdyr. Netijede, parlaryň döwletini – Parfiýa döwletini döredipdir. Şondan soň türkmen halkynyň öndürýän gymmatlyklary Ýewropa – basybalyjylaryň mekanyna iberilmändir. Halkyň öndürýän önümleri, gymmatlyklary özüne siňipdir. Beýle garaşsyzlyk halkda ruhy, ykdysady galkynyşy döredipdir.
Türkmen halky Ärsak şanyň bitiren ägirt uly hyzmatlaryny, gudratlaryny göz öňünde tutup, oňa ylahy Ärsak diýip uýupdyr. Onuň şan-şöhraty halkyň arasynda juda ýokary bolupdyr. Halk Ärsagy özüniň ruhy pygamberi hasaplapdyr.
Ärsak Türkmen garamaýak halkyň arasynda bolmagy, olaryň täsin gürrüňlerini, halk döredijiligini diňlemegi gowy görüpdir. Ärsak şa köplenç eşigini, keşbini üýtgedip bazarlara, adamlaryň ýygnanyşýan ýerlerine barypdyr. Halkyň süýji gürrüňlerine, bagşy-sazandalaryň şirinden-şirin aýdym-sazlaryna imrinip daňyň atanyny hem duýman galypdyr. Birki sagatdan gelmegi maksat edinip gidip, Ärsagyň dandan gelmesine soň-soňlar köşk emeldarlary öwrenişip gidipdirler. Ärsak Türkmeniň bir garybyň ogly ýogalanda patasyna gatnaşyp, hossarlary bilen deň gözýaş dökendigi; başga bir rowaýatda bolsa bir söwdagäriň kazy tarapyndan çürkelişini görüp, oňa hemaýat edendigi; başga bir rowaýatda bir çopana mal sanamaga ýardam berişi, ylahy gudraty hakda rowaýatlar halkyň hakydasynda saklanyp galypdyr.
Halk öz eziz görýän ogullaryny rowaýata salyp, olara ikinji baky ömür berýär. Ärsak şanyň ylahy gudratly adam bolandygy köp ýatlanylýar. Ärsak şa duşmanlar bilen darkaş guranda, eden-etdilige, adalatsyzlyga garşy göreşende aýratyn gudrata eýe bolýandygy, Taňry tarapyn mydama ýeňiş gazanandygy rowaýatlarda nygtalýar.
Ärsak şa Türkmen ilki Ahaly, soňra Gürgeni öz tabynlygyna geçirýär. 250-nji ýyldan tä 209-njy ýyla çenli dürli harby-syýasy wakalar bolup geçýär.
Ýurdy parlaryň elinden almak üçin öňki basybalyjylar her hili synanyşyklar etdiler, emma kynçylyklary, käte ýeňlişleri, şowsuzlyklary başdan geçirselerem, parlar Ärsagyň başda durmagynda öz garaşsyzlygyny saklamagyň hötdesinden geldiler.
Şeýlelikde, soňra dünýä imperiýasyna öwrülen Parfiýanyň düýbüni parlar tutdy. Taryh ylmynda parnlar-parlar bilen parfiýalylary tapawutlandyrýarlar. Emma bu tapawudyň anyk nämeden ybaratdygyny welin bilýän-aýdýan ýok. Parfiýalylar diýilýänleriň belli bir bölegi Köpetdagyň eteginde parslar, grekler bilen gatyşan oturymly ilat bolmaly. Parlaryň kimdigi bolsa bellidir. Parlar dahlaryň bir taýpasy bolupdyr. Olar degişli döwürlerde çarwaçylykdan oturymlylyga geçen, parfiýalylaryň dilini, medeniýetini özleşdiren eždatlarymyzdyr. Miladydan öňki III asyryň birinji çärýeginde parlar dah birleşiginden bölünip, Garagumdan Köpetdagyň etegine çykýarlar we selewkli baknaçylaryna agyr zarbalar urup ugraýarlar. Olar ilki Nusaýy eýeleýärler, soňra bolsa bütin Parfiýany – Horasany öz tabynlygyna geçirýärler.
Parfiýa döwletiniň taryhy miladydan öňki 247-nji ýylda başlanýar. 247-nji ýylyň 1-nji aprelinden parfiýa eýýamy diýilýäni alnyp gaýdylýar. Özlerini kuwwatly döwlet diýip ykrar etdirenlerinden soň, parfiýalylar özleriniň hamana ahemenlerden gaýdýandyklary baradaky gürrüňleri ýaýradypdyrlar. Munuň özi sap syýasy bähbitler we niýetler bilen baglanyşyklydy. Şeýle rowaýatlaryň, myş-myşlaryň ýaýradylmagynyň sebäbi duşmançylygyň, «Aý, bularam özümiz ahyryn, hemmämiz bir ahyryn» diýen ynanjyň bolmagy üçindi, garpyşyklaryň bolmazlygy üçin tapylan çykalgady. Edil şeýleräk rowaýatlary öz döwründe beýik seljuk türkmenleriniň hem çykarandygyny Abulgazy ýazypdyr. Şejerelerini ahemenler bilen baglanyşdyrmak arkaly parfiýalylar ýene bir zady, öňki Ahemen imperiýasynyň ýerlerine we mirasyna daşalgärdiklerini bildiripdirler.
Parfiýanyň dünýä imperiýasyna öwrülip başlamagy miladydan öňki 171-nji ýyla düşýär. Emma 247-171-nji ýyllar aralygynda hem Parfiýa çylşyrymly harby-syýasy taryhy başdan geçirdi. Ilki 228-nji ýylda Selewk II, soňra-da 209-njy ýylda Antioh III parfiýalylara garşy uruşýar. Tä 189-njy ýyla çenli Parfiýa belli bir derejede selewklileriň rüstemligini ykrar etmeli bolýar. Selewklilere garşy uruşlarda parlar 100 000 pyýada goşun bilen 20000 atly esgeri çykaryp bilipdirler. Olar şonda duşmanyň ýolundaky guýulary gömmek, dar dag jülgelerinde duzak gurmak ýaly türkmeniň gadymdan gelýän söweş pirimlerini, harby tilsimatlaryny ussatlyk bilen ulanypdyrlar. Oguz han Türkmeniň bu tilsimlerini seljuk türkmenleriniň Dandanakan söweşinde peýdalanandygyny – guýulary gömendigini, diş synçgara çöp hem galdyrman galadan çykyp gidendiklerini biz taryhdan bilýäris. Oguz han Türkmeniň söweş usullary, tilsimatlary kem-kemden dünýä halklarynyň arasyna giňden ýaýraýar. Ýekeje bir mysal. Moskwa gabaw söweşinde Kutuzowyň hem Napoleona garşy şu tilsimi peýdalanandygyny taryhçylar ýazýarlar.
Esasy gürrüňimi dowam etdireýin: ýokarda görkezilen söweş emelleri hem, çykarylan goşunyň sany hem parlaryň şol wagtlar Garagumuň jümmüşinde galan massagetler bilen harby hyzmatdaşlykda bolandygyny tassyklaýar. Emma şonda-da parlar ýeňilýärler we wagtlaýynça Midiýany hem Girkaniýany elden giderýärler.
Parfiýanyň turuwbaşdan şol döwrüň güýçli döwletleri bilen darkaş gurap bilmeginiň öz içki sebäpleri bardy. Parlar goşunyň ýaraglanyşygyny, gurluşyny, söweş emellerini we pirimlerini gumda işläp düzen düzgünlerine laýyklykda üýtgedipdirler. Onsoň iki bölekden – ýeňil ýaýçylardan we agyr demir sowutlar geýnen atlylardan ybarat täze goşun emele gelipdir. Bu iki atly goşunyň gezekleşikli hereketiniň öňünde durmak garşydaşa örän kyn düşüpdir. Parlaryň gadymdan gelýän urugçylyk gatnaşyklary-da, gandüşerlik dessurlary-da şeýle goşunyň hem-de parlaryň güýçlüliginiň esasy bolup hyzmat edipdir. Birinjiden, parlarda syýasy häkimlik süňňi ýokary neberä – ärsaklar urugyna degişli bolupdyr. Ikinjiden, galan parlar ähli boýun egdirilen ilatyň hökmürowany bolupdyr. Munuň özi, parlaryň aglaba böleginiň, bir tarapdan, berk düzgüne laýyklykda häkimlige boýun almagyna, beýleki tarapdan, harby ýagdaýda-da, parahatçylyk ýagdaýynda-da özüni örän erkin alyp barmagyna şert döredipdir.
Ýeňil atly goşun okly hem ýaýly esgerlerden ybarat bolup, bu goşun san taýdan çäkli eken. Sebäbi munuň wezipesi patyşany, serkerdäni goramak, aňtawa gitmek, duşmanyň içine dowul salmak, agyr atly goşuna ýol arçamak, aragatnaşygy üpjün etmek, duşmanyň esasy goşun bölegini yzyna düşürip, aldawa salmak – agyr atly goşunyň bukulyp oturan ýerine eltmek we ş.m.-ler bolupdyr.
Agyr atly goşunda naýza, sünni, jyza, aýpalta, sapan, hanjar, arkan, sowut, çaraýna, tuwulga, golçak, galkan, dyzlyk, butluk bilen ýaraglanan esgerler bolupdyr. Olaryň gözünden başga ýerini demir sowudy tutupdyr; şeýle-de olaryň atlaryna-da demir eşik-sowut geýdirilipdir.
Meşhur ahalteke atlary şol döwürde nusaý atlary ady bilen meşhur bolupdyr. Şeýle diş-dyrnagyna çenli ýaraglanan agyr goşunyň öňünde hiç bir duşman durup bilmändir. Parfiýalylaryň Rim imperiýasy bilen bolan söweşlerde gazanan üstünlikleri hem hut Garagumuň şertlerinde işlenilip düzülen harby tilsimler we agyr atly goşun mynasybetlidir.
Parfiýa şalary hiç mahal öz asyl topragyndan, özlerini kemala getiren dessurlardan daşlaşmandyrlar. Ýunan, pars medeniýetlerini özleşdirmek bilen bir wagtda, olar syýasy häkimligi saklamak üçin özleriniň özboluşlylygyny aýap saklapdyrlar. Şonuň üçinem dünýä erk eden parfiýaly şalar hemişe öz garyndaşlary bilen aragatnaşykda bolupdyrlar. 230-njy ýylda Selewk II-den ýeňilen Ärsak haraý isläp, saklaryň arasyna barypdy. Şeýle-de Ärtaban II-niň çagalyk we oglanlyk döwri dahlaryň arasynda geçipdi. Parfiýa şalarynyň käbiriniň teňňelerindäki patyşanyň tuwulgasynyň suratlandyrylyşynyň aňyrsynda sebäp-many bardyr: tuwulganyň ýüzünde sugunlaryň hatary hem-de öküziň şahlary şekillendirilipdir. Bularyň näme manysynyň bardygyny men ýokarda aýdyp geçipdim. Nusaýdaky tapyndylaryň ýüzünde-de sugunyň şekili gabat gelýär. Edil häzirki türkmenleriň medeniýetinde bolşy ýaly, parfiýalylaryň milli gymmatlyklaryny at, haly, şaý-sepler, goýnuň üýtgeşik tohumlary tutupdyr. Olaryň şeýle milli binýadynyň üstüne soňra binagärlik, şekillendiriş-heýkeltaraşlyk we beýleki sungat ugurlary goşulypdyr. Emma öz milli aýratynlyklaryny ýitirmän saklan parfiýalylary Merkezi Aziýada häkimlik eden soňky şalyklaryň käbiri örän ýigrenipdir.
Ärsak şa hökümdarlyk eden uzak döwrüniň dowamynda Parfiýada özüniň ornuny berkitmek ugrunda çalt hereket edipdir, ençeme galalar, şol sanda basyp alyp bolmajak diýlip hasap edilen Daru galasyny-da saldyrypdyr, soňra Girkaniýa tarapa üstünlikli ýöriş edip, öz patyşalygyny giňeltmäge girişipdir. Ýöne ol, esasan, goranmak bilen meşgullanmaly bolupdyr. Selewklileriň hökümdary Selewk II (246-226) öz patyşalyk sürmeginiň başky döwründe Müsür hem selewki tagtyna göz gyzdyrýan beýleki garşydaşlary bilen alyp baran uzak wagtlyk harby hereketleri sebäpli Gündogardaky wakalara gatnaşyp bilmändir. Diňe 238-nji hem 228-nji ýyllarda oňa Parfiýanyň üstüne jeza beriji ýöriş guramaga mümkinçilik döräpdir. Ärsak dogry durup garpyşman, Oguz han Türkmeniň söweş tärini gaça durup uruşmak (partizanlyk) urşuny alyp barmak usulyny saýlapdyr. Ol uly söweşlerden gaça durup, garşydaşynyň kiçiräk toparlaryna zarba urupdyr, kynçylykly pursatda-da özüniň köp sanly atly goşuny bilen çölde gizlenipdir. Aýgytly üstünlik gazanyp bilmän hem günbatarda täze bulagaýlyklaryň döremeginden ätiýaç edip, Selewk Parfiýany taşlap gitmäge mejbur bolupdyr. Şeýlelikde, Ärsak iş ýüzünde Parfiýanyň hem Girkaniýanyň garaşsyz hökümdary bolupdyr. Ol hatda öz ýurdunyň serhetlerini giňeltmek işini-de dowam etdiripdir.
Selewkliler bölünip aýrylan gündogar welaýatlary ýa-da diňe bir Parfiýany däl, eýsem, Baktriýanyň özlerini garaşsyz diýip yglan eden ýunanlaryny-da dyza çökermek niýetlerinden el çekmändirler. Bu niýeti amala aşyrmak işine Selewkleriň hökümdary Antioh III girişýär. Özünden öňki hökümdaryň säwliklerini göz öňünde tutup, ol miladydan öňki 312-nji ýylda urşa düýpli taýýarlyk görýär hem özüniň köp ýyla çeken Gündogar ýörişine başlaýar. Antioh III-niň goşuny 100 müň esgerdenem köp bolupdyr. Elbetde, parfiýalylar munça uly ýygyna açyk söweşde garşy durup biljek däldiler. Şonuň üçinem, Ärsak II urşuň ondan öňki çaknyşyklarda ulanylan tärlerine baş urmagy ýüregine düwýär. Ol Selewkleriň goşunynyň gelýän ýolunyň ugrundaky guýulary gömdürýär, ot-iým hem azyk ätiýaçlyklaryny ýok etdirýär. Özlerem aýgytly söweşden gaça durup, garaşylmadyk ýagdaýda garşydaşlarynyň üstüne häli-şindi dökülip, olara ynjalyk bermändirler. Antioh bütin Parfiýany basyp alsa-da, Ärsagyň çalasyn, ele düşmezek goşunyny derbi-dagyn edip bilmändir. Şonuň üçinem, iki tarapdanam eglişige gelnip, parahatçylykda ýaşaşmak barada şertnama baglaşylypdyr: Antioh-a Ärsagy Parfiýanyň we Girkaniýanyň hökümdarlygynda galdyrýar, Ärsak bolsa Antiohy öz ýokary hökümdary hökmünde ykrar edýär. Parfiýalylar zerur bolan halatynda Antioha goşun kömegini bermäge, ähtimal, nähili-de bolsa, salgyt tölemäge borçlananam bolsalar, içerki işlerinde doly garaşsyzlygyny saklapdyrlar. Şeýle hem Parfiýany edara etmek üýtgewsiz Ärsagyň nesilleriniň ygtyýarynda galdyrylypdyr. Ärsak II-den soň ýurdy 15 ýyllap Friapat, soňra bolsa onuň ogly Fraat dolandyrýar. Selewkleriň agalygyna boýun bolmaga borçlanan parfiýalylar bu döwürde uly uruşlar alyp barmandyrlar. Ýazuw çeşmelerinde diňe Fraatyň Girkaniýanyň günbatar çäklerinde ýaşaýan mardlardan gazaply öç alyp, olary öňki ýaşan daglyk ýerlerinden häzirki Semnan (Eýran) şäheriniň golaýyndaky düzlüge kowandygy barada habar berilýär. Parfiýanyň taryhynda Fraat öz harby üstünlikleri bilen däl-de, adaty bolmadyk hem paýhasly işleri arkaly has giňden tanalýar. Saglyk ýagdaýy sebäpli, döwlet işini taşlamagy ýüregine düwüp, ol döwleti dolandyrmagy ýetişen ogullarynyň birine däl-de, ýaşlyk ýyllaryndan başlap guramaçylyk başarnygy hem harby işe ökdeligi bilen tapawutlanan dogany Mitridata tabşyrýar.
Mitridat öz hökümdarlygynyň ilkinji on ýylynda ykdysady hem harby üýtgetmeleri geçirmäge işjeň girişýär. Häzirki Aşgabadyň golaýyndaky Köne Nusaý ady bilen belli bolan Mihrdatkert galasynyň gurluşygyna şol döwürde girişilen bolmaly. Miladydan öňki II asyrda Köpetdagyň dag etek zolagynda ep-esli mukdarda täze oturymly ýerleriň dörändigi barada arheologik barlaglar maglumat berýär. Mehiniň (Kaka etrabynda) demirgazygynda ýerleşen Daşly sebitinde emeli suwaryş desgalarynyň kömegi bilen köp mukdarda täze ýerler özleşdirilipdir. Şol döwürde Parfiýanyň ilatynyň sany tiz artypdyr we goşuny köpeltmek üçin amatly şert döräpdir.
Karranyň (Mesopotamiýa) ýanyndaky söweşde ajaýyp ýeňşi gazanan parfiýan goşunyny kuwwatly derejä ýetiren Mitridat I-dir. Ärsaklaryň ilkinji goşunynyň agramly bölegi örän çalasyn hereket edýän atlylardan düzülip, olaryň esasy ýaragy ýaý bolupdyr. Şol bölümler garaşylmadyk okgunly hüjümlerde ýa-da giň möçberlerde alnyp barlan söweşlerde özlerini görkezipdirler. Ýöne makedon goşunlarynyň jebis hatarlarynyň garşysyna söweşmekden olar ýüz dönderipdirler. Parfiýanlylar söweşi garşydaşlarynyň isleýişleriçe däl-de, öz isleýişleriçe gurapdyrlar. Parfiýalylaryň mydama gaça söweşini alyp barmaklary selewklileri dagdy edipdir. Olar hiç ýerde-de özlerine rahatlyk tapmandyrlar. Naharlanjak, ýatjak bolanlarynda gorky olardan aýrylmandyr. Garaşylman durka öňlerinden parfiýanlar çykaýjak ýaly bolup durupdyr. Diňe bir serkerdelere däl, goşuna hem wehim abanypdyr. Parfiýalylar bolsa gündiz duşman tarapynyň eşiklerini geýip, esgerleriň arasynda dowul, her hili myş-myş ýaýradypdyrlar. Gije bolsa selewk goşunlaryny paýhynlapdyrlar. Göz bolsun diýip, käbir selewk serkerdelerini öldürip, kellelerini ýabaly agaçlara ildirip goýupdyrlar. Ertir oýanan esgerler edilen wagşyýana gyrgynçylygy görüp basga düşüp, sandyrap, elden-aýakdan galypdyrlar. Olar gulluk edip gazanjak oljalaryndan, baýlyklaryndan ellibizar bolupdyrlar.
Ýunanlaryň agyr ýaragly pyýada goşunlarynyň garşysyna göreşmek üçin parfiýalylar onçakly uly bolmadyk agyr ýaragly atly goşunlaryny döredipdirler. Esgerleriň diňe özlerine däl, eýsem atlaryna hem demir sowut geýdirilipdir we olaram, ýunan goşunlary ýaly, örän uzyn naýzalar bilen ýaraglandyrylypdyr. Olar jebis hatarlar bilen hereket edip duşmanyň hatarlaryny dargadyp bilipdirler. Mitridat erkin ýaýçylar toparyny hemişelik dolandyrylýan goşuna öwürmek barada köp işler edipdir. Parfiýanyň goşunyny azyk we harby enjamlar bilen üpjün etmek üçin Oguz han Türkmeniň esgeri Kaňlynyň döreden arabalaryny ulanypdyrlar.
Ýurduň ykdysadyýetini berkidip, esasy güýji atlylardan ybarat bolan ullakan goşuny döreden Mitridat öz kuwwatly goňşulary – baktriýaly ýunanlaryň hem Selewklileriň garşysyna batyrgaý söweşe çykýar. Ýazuw çeşmeleri, esasan, Mitridat I-niň günbatardaky basyp alyşlary barada habar berýär. Ýöne ol ilkinji urgularyny baktriýaly ýunanlaryň depesinden inderipdir we olaryň kiçiräk welaýatlarynyň ikisini – Aspiony hem Turiwany basyp alypdyr. Bu wakalar Baktriýanyň hökümdary Ýewkratidiň ýurdy dolandyran soňky ýyllaryna gabat gelýär. Baktriýa bilen Parfiýanyň serhedi miladydan öňki III asyryň ahyryndan gürrüňi edilýän urşuň başlanan wagtyna çenli üýtgewsizligine galypdyr, çünki baktriýaly ýunanlar bilen ärsaklar, häzirki zaman dili bilen aýdanynda, bir bileleşige, ýagny, harby-syýasy birleşmesine giripdirler. Antioh III-niň ýörişi döwründe Baktriýanyň mülkleri Ariý derýasynyň, ýagny, häzirki Tejen-Gerirud derýasynyň çep kenaryny özüne birleşdiripdir.
Arheologik hem-de pul-teňňe maglumatlary Mitridat I-niň gazanan üstünlikleriniň örän uludygyna güwä geçýär. Onuň hökümdarlyk eden döwründe Margiana (Merw sebiti) hem-de, Areýa (Hyrat sebiti) Parfiýanyň golastyna geçipdir. Şeýle hem, käbir çeşmeler Mitridat I-niň Hindistana çenli aralygy boýun egdirendigini habar berýär. Parfiýa öz çäklerini ep-esli giňeldipdir hem köp mukdarda harby olja alypdyr. Baktriýaly hökümdarlara öz garaşsyzlyklaryny ägirt uly salgyt töläp saklamak başardypdyr.
Midiýanyň tiz wagtyň içinde basylyp alynmagy Mitridat I-ni günbatara tarap ýörişini dowam etdirmäge ruhlandyrýar. Miladydan öňki 141-nji ýylda parfiýalylar Wawilony, Tigrdäki Selewkiýäni hem Suzyny basyp alýarlar. Şondan soňky alnyp barlan harby hereketler çaknyşyklaryň birinde patyşa Demetriniň parfiýalylara ýesir düşmegine we onuň Mitridatyň ýanyna, Girkaniýa ugradylmagyna getirýär. Mitridat öz dyza çökerilen garşydaşyna hoşniýetli garap, ony hormatly şertlerde ýesirlikde saklaýar.
Mitridat I-niň basybalyjylykly ýörişleriniň üstünlikli bolmagy netijesinde, gysga taryhy döwürde Aziýanyň jümmüşinde ýerleşip, onçakly göze-de ilmeýän Parfiýa Ýakyn hem Orta Gündogarda ägirt uly döwlete öwrülýär. Bu syýasy özgerişlikler döwleti edara ediş ulgamyny düýpden başgaça guramagy talap edipdir. Özüne Selewklerden galan mirasdan ýerlikli peýdalanmagy başaran Mitridat I bu işiň hötdesinden gelipdir. Mitridatyň köşgünde täze uly döwleti merkezleşdirilen usulda dolandyrar ýaly giň emeldarlar diwany emele gelýär. Parfiýanlar selewklerden basyp alan welaýatlarynda özleriniň ýerli dolandyryş edaralaryny döretmän, diňe gözegçilik düzümlerini guraýarlar, şäherlerdir uly obalarda gözegçiler (komendantlar) peýda bolýar, ykdysady taýdan ähmiýetli ýerlerde hemişelik goşun toparlary ýerleşdirilýär. Welaýatlaryň merkezinde bolsa başynda gös-göni patyşa tarapyndan saýlanan häkimler durýan has düýpli esaslandyrylan emeldarlar diwany döredilýär.
Mitridat I milli syýasatda-da möhüm özgerişlikleri durmuşa geçiripdir. Garaşsyzlyk ugrundaky göreşde parfiýalylaryň esasy şygary hökmünde ýunan-makedon hökümdarlygyndan azat bolmak şygary öňe sürlüpdir. Ýazuw çeşmeleriniň şaýatlyk etmeklerine görä, Antioh III-niň ýörişi döwründe Parfiýanyň çäklerinde ýaşaýan ýunanlardan güýç ulanyp öç almagyň mysallary ýüze çykypdyr. Baktriýa hem selewkliler bilen uruşlar eýranlylardyr ýunanlaryň arasyndaky gapma-garşylyklary mese-mälim güýçlendiripdir. Ägirt uly Parfiýa imperiýasy döräninden soň öňki garşydaşlar bir döwletiň golastyna geçýärler. Şeýlelikde, ärsaklar özlerine täze tabyn bolan bu köp sanly hem täsirli gatlagyň bähbitlerine pitiwa etmek zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýunanlary öz tarapyňa çekmek ýa-da, iň bärkisi, olaryň bitaraplygy selewkliler bilen dowam edýän urşuň şertlerinde örän zerurdy. Mesopotamiýany basyp alanyndan soň Mitridat I özüni «filellin», ýagny, «grekleriň dosty» diýip, resmi taýdan yglan edýär. Mitridat I ýunanlara öz patyşalyk merhemetini eçilýär, olary harby gullukdan azat edýär, ýurduň çäklerinde özygtyýarly bolmaga hem-de döwletiň ähli ýerlerinde erkin ykdysady iş alyp barmaga ygtyýar berýär. Mitridat I-niň yglan eden filellinçilik syýasaty döwletiň ýaşamagynyň bütin dowamynda içerki Parfiýa syýasatynyň möhüm bölegine öwrülýär.
2. Parfiýanyň dünýä imperiýasyna
öwrülmegi
Parfiýanyň dünýä imperiýasyna öwrülmegi miladydan öňki 171-nji ýyldan başlanýar. Şol ýylda tagta Mitridat I çykýar. 164-nji ýylda Antiohyň ýogalmagy bilen parfiýalylara Günbatara tarap ýol ymykly açylýar. 155-nji ýylda Mitridat Midiýany basyp alýar. Mitridat hem öz garyndaşlary saklara garşy uruşmaly bolýar hem Günbatarda we Gündogarda uruş alyp barmaly bolýar. 141-nji ýylda Mitridat Gündogarda – Baktriýada Gelpokly derbi-dagyn edipdir. 140-njy ýylda bolsa Wawiloniýa baryp, Selewkli Demetrini ýok edipdir. Şeýdip şol wagtyň dünýäsiniň aglaba bölegi parfiýalylaryň eline geçýär.
Mitridatdan soň tagta onuň ogly Fraat II geçdi. Şol mahal Antioh VII selewklileriň agalygyny dikeltmegiň iň soňky synanyşygyny amala aşyrdy, Emma goşuny derbi-dagyn edilip, özi-de öldürildi. Ýaş patyşa Fraat II 128-nji ýylda gündogarda – öz garyndaşlary saklara garşy bolan uruşda wepat boldy. Mitridatyň hem, onuň oglunyň hem saklar bilen urşy Soltan Sanjaryň oguzlara garşy söweşini ýada salýar, Emma Sanjaryň ykbalyna Mitridatyň däl-de, onuň oglunyň soňky ykbaly meňzeşdir. Ol ýogalandan soň, Parfiýa tagtyny onuň agasy Ärtaban eýeledi. Emma ol hem gündogardaky söweşlerde wepat etdi, şondan soň Parfiýa gündogardaky ýerlerini-de, Mesopotamiýanyň esli bölegini-de elden giderdi. Şondan soň tagta çykan Mitridat II Mesopotamiýany yzyna gaýdyp aldy.
Öz döwründe ilkinji Parfiýa şasy Ärsak ylahy şa adyny alan bolsa, Mitridat II «şalaryň şasy» diýlip yglan edilen ilkinji Parfiýa patyşasydyr.
Gündogarda Mitridat II saklar bilen ylalaşyk baglaşyp, olaryň dilini tapyp, çarwalaryň hüjümini bes etdirdi. Şeýlelikde, indi Parfiýa imperiýasy Gündogarda Hindistanyň serhetine çenli uzalyp gidýärdi. Şondan tä miladyň 30-njy ýyllaryna çenli Parfiýa barha beýgelmek bilen boldy.
Mitridat II patyşalygynyň ahyrky böleginde Ermenistany bakna etdi. Ine, şondan soň Parfiýa döwrüň dünýä imperiýasy bolan Rim bilen iş salyşmaly boldy. Miladydan öňki 99-njy ýylda Rim şasy Korneliý Sulla bilen Parfiýanyň arasynda baglaşylan şertnama görä, iki dünýä imperiýasynyň serheti diýlip Ýewfrat derýasy ykrar edildi. Gündogarda bolsa parfiýa Hytaý bilen aragatnaşyk saklaýardy. Hytaý ýazgylarynda şol döwürde Parfiýanyň 100 sany uly we kiçi şäheriniň bardygy, iň uly döwletdigi baradaky maglumatlar peýda bolýar.
Parfiýa-Hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy iki tarap üçin hem ähmiýetli bolýar. Sebäp Kuşan imperiýasy Parfiýa-da, Hytaýa-da uly howp salýardy.
Miladynyň 32-nji ýylynda hytaý syýahatçysynyň Parfiýa gelendigi hakdaky maglumatlar saklanyp galypdyr. Şol syýahatçynyň ýazmagyna görä, Parfiýada altyn hem kümüş pullary bolupdyr. Kümüş pullarynyň bir ýüzünde patyşanyň, arka ýüzünde bolsa patyşanyň aýalynyň keşbi zikgelenipdir.
Hytaý ilçisi Parfiýa miladynyň 107-nji ýylynda gelipdir. Oňa adaty bolmadyk myhman hökmünde çäksiz uly hormat-sylag edilipdir. Ony 20 müň goşun bilen garşylapdyrlar. Ilçi gaýdanda Parfiýa şasy hytaý şasyna köp sanly sowgat ugradypdyr, şol sowgatlaryň arasynda düýeguş ýumurtgasy-da bar eken.
Parfiýa-hytaý gatnaşyklary has peýdaly netijeleri berip ugrapdyr. Hytaý Parfiýa ýurdundan üzüm, ýorunja, bugdaý tohumlaryny äkidipdir. Türkmen halylary, atlary aýratyn hormata mynasyp bolupdyr. Öz gezeginde Hytaýdan Parfiýa ýüpek getirilipdir. Şol döwürde Marguş polady dünýä belli bolsa-da, Hytaýdan belli bir derejede polat hem getirilipdir.
Iň esasy bellemeli gatnaşyklaryň biri şalaryň, serkerdeleriň çagalaryny okatmak meselesi bolupdyr. Hytaý şasy Parfiýa şasynyň köşgündäki atabeglik mekdebinde öz çagalaryny okatmaga iberipdir. Öýlenmek, maşgala bolmak Oguz han Türkmen döwründen gadagan edilen atabegleriň çagalary okatmakdan, terbiýelemekden başga hiç hili aladalary bolmandyr. Atabegler, ýagny atalyklar çagalara dünýä dillerinden daşgary ýurda, goşuna ýolbaşçylyk etmek, serkerdelik etmek tilsimatlaryny, dünýä ylymlaryny öwredipdirler.
Parfiýanyň Hytaý bilen parahatçylykly gatnaşyklarynyň bolmagy ýurtda asudalykdygyny aňlatmaýar. Günbatar, aýratyn-da, Rim Parfiýa döwletiniň şalary üçin mydama böwürsanjy bolupdyr.
Miladydan öňki I asyryň ortalarynda Parfiýa Rim bilen darkaş gurup ugraýar. Ilkinji çaknyşyk şol asyryň 65-nji ýylyna düşýär. 54-nji ýylda Rim gündogardaky bäsdeşine garşy urşa başlaýar. Rimiň Parfiýa garşy süren goşunynyň jemi sany 42 müň esgerden ybarat bolupdyr. 53-nji ýylyň 9-njy maýynda häzirki Türkiýäniň çäginde ýerleşen Karr şäherjiginiň golaýynda uly söweş bolup geçýär. Dünýäniň harby taryhynda aýratyn orun tutýan bu söweş parfiýalylaryň şan-şöhratynyň bakylygyny üpjün etdi. Şol söweşde parfiýalylar deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlyk görkezdiler. Söweş tilsimleriniň hem artykmaçlygy messe-mälim duýuldy. Ähli babatda parfiýalylaryň rimlilerden döwi ökde geldi. Şol söweşe çenli Rim Parfiýa äsgermezçilik bilen garaýardy, emma ondan soň weli, Rim dünýäni Parfiýa bilen paýlaşmaly boldy.
Bu ýeňşiň gazanylmagynda Nusaý atlarynyň ägirt uly paýy bar. At üstündäki söweşler rimlileri amana getiripdir. Pompeý Trog parfiýalylaryň saý bedewleri bilen aýrylmaz baglanyşygy hakda örän ýakymly ýazgylary galdyrypdyr: «Olar bütin ömrüni at üstünde geçirýärler, at üstünde söweşýärler, toýa gatnaşýarlar, at üstünde ähli öz şahsy işlerini bitirýärler, jemgyýetçilik işlerinem at üstünde ýerine ýetirýärler... At münmegi çagalaryna (hatda gullarynyň çagalaryna-da) ýaşlykdan öwredýärler».
Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek isleýärin. Dünýäniň taryhy kitaplarynda türkmen halkynyň dünýäde ilkinji bolup atlary eldekileşdirendikleri, ilkinji bolup söweşde peýdalanyp ugrandygy barada örän köp maglumatlar bar.
Parfiýa goşunyna asly horezmli saklardan bolan Süwren serkerdelik edipdir. Süwren Oguz han dogumly, batyr serkerde bolupdyr, at üstünde söweşmäge aýratyn ukyply eken. Marguş şalygyndaky Fradyň, Parfiýa şalygyndaky ylahy Ärsagyň we serkerde Süwreniň deňsiz-taýsyz edermenligi eždatlarymyzyň Watan üçin nähili döş gerip göreşilendiginiň nusgalarydyr. Süwreniň şahsy goşuny 10 müň esgerden ybarat bolup, onuňam müňüsi agyr atlylar eken. Bu söweşi Plutarh anyklyk bilen beýan edýär. Söweş başlamazdan ozal, parfiýalylar mis bölejikleri dakylan Oguz han Türkmeniň döreden ägirt uly depreklerini düňňürdedip kakyp ugrapdyrlar. Depreklerden döreýän ala-zenzele, gümmürdi, şeýle hem esgerleriň «ur-ha-ur!», «urra!» diýip, ýiti-ýiti gygyrmaklary rimlileriň howlaryny basypdyr, olar dowla düşüp ugrapdyrlar. Parfiýalylar rim goşunynyň daşyna aýlanyp, ýaýdan atypdyrlar, duşmanyň ýeňsesinde «gurt oýnuny» gurupdyrlar. Rimliler hem söweşde parfiýalylary aldawa saljak bolupdyrlar, olar ilki yza çekilip, soňam garşylyklaýyn hüjüme geçipdirler. Emma olaryň bu hüjümi agyr atly goşun tarapyndan yza serpikdirilipdir. Uly umyt baglan bu tilsimleriniň berk zarba, garşylyga sezewar bolmagy rimlileriň soňkuja umyt uşlyplaryny üzüpdir. Uly ýitgiler çeken rim goşuny Karr şäherjigine tarap çekilip ugrapdyr.
Ertesi gün rim serkerdesi Krass öz janyna el gatypdyr. Başsyz galan 14 müňlük rim goşuny Ýewfratdan aňryk gaçyp gidipdir.
Şa Orod söweşe gatnaşmandyr, söweşi ol öz jan ynanýan serkerdelerine ynanypdyr. Serkerdeleri beren sözlerinde durupdyrlar.
Krassyň kellesini sowgat hökmünde getirenlerinde, Orod şa esasy goşuny bilen Ermenistanda giýewsi Ardowazdyň köşgünde toý-meýlis gurap oturan eken. Ýeňiş hakdaky habar hem bu sowgat toý-meýlisiň dabarasyny has-da artdyrypdyr. Rimiň olja alnan baýdaklary – tuglary Parfiýada uzak wagtlap saklanypdyr, ýesir düşen rimliler bolsa Marynyň gyrak-çetine – serhetýakasyna gulluk etmek üçin iberilipdir. Olar şol ýerde ýaşap, öýli-işikli hem bolupdyrlar. Hatda käbir adamlar şol ýesirleriň – rimlileriň türkmeniň etnogenezine täsirini ýetirendigini tassyklaýarlar.
53-nji ýylyň 9-njy maýyndaky ýeňişden ruhlanyp, parfiýalylar Şamy, Palestinany, Kiçi Aziýany alypdyrlar.
Parfiýalylaryň ýeňşiniň gözbaşy, ýokarda aýdyşym ýaly, parlaryň durmuş endikleri, dessurlary, harby tilsimleri, ahal-teke atlary, şeýle-de şol wagtlar meşhur bolan Mary polady bilen baglanyşyklydyr. Goşunda agyr sowut geýnen atlylaryň ulanylmagy söweşiň ykbalyny çözüpdir. Parfiýanyň paýtagty Ekbatandan (Hemedanyň golaýy) Dejle derýasynyň boýuna – Medaýyna geçirilipdir.
Miladydan öňki 30-njy we miladyň birinji onýyllygyň aralygyndaky döwürde Parfiýa gowşap ugrady. Miladydan öňki 36-njy ýylynda Antoniýiň ýolbaşçylygyndaky rim goşuny parfiýalylardan ýeňildi. 20-nji ýylda Parfiýa amatsyz şertnama laýyklykda ýesir rimlileriň bir bölegini – meýletinleri öz ýurduna goýbermeli boldy. 9-njy ýylda Fraat IV-niň dört ogluny we dört agtygyny rimliler agöýli edip, alyp gidipdirler. Munuň özi Rime Parfiýanyň içki işlerine goşulmaga, oňa täsir etmäge mümkinçilik beripdi. Soňra rim terbiýesini alan şazadalary Parfiýada dikme goýup, Rim ýurtda içki duşmançylygy artdyryp ugrapdyr. Ol şazadalar biri-birine duşmançylyk edip, biri-birini ýok edip geldiler. Netijede, beýik Ärsagyň neslinden erkek tohumy galmady.
Emma miladyň birinji asyrynyň ortalarynda Parfiýada milli buýsanç duýgusy möwç urup ugraýar. Munuň özi Parfiýanyň şäherleriniň grekçe atlarynyň aýrylyp, ýerli – milli atlaryň dakylmagynda, patyşa teňňelerinde grek harplarynyň deregine parfiýa hatynyň girizilmeginde, milli rowaýatlaryň ýygnalmagynda, esasy zat hem «Awestanyň» parfiýan nusgasynyň döredilmeginde ýüze çykypdy.
10-njy ýylda Fraat IV-niň giýewsi Ärtaban Rimiň dikmesi Wanony ýurtdan kowup çykardy we otuz ýyllap patyşalyk etdi. Aralykda iki gezek tagtdanam düşmeli boldy. 35-nji ýylda rimliler paýtagty eýelänlerinde, Ärtaban Gürgene gitdi we bir ýyldan soň, tagtyny gaýdyp aldy. Soňra doganlar Wardan bilen Güderiň arasynda duşmançylyk başlandy, Wardan iň soňunda ýeňiş gazandy.
Rim Parfiýany içinden tozdurjak bolup, köp synanyşyklar edipdir. Hususanam, ol Parfiýa döwletiniň düzümine girýän halklary hem-de welaýatlary merkezi hökümete garşy goýmaga, arada duşmançylygy saklamaga ýardam edipdir. 57-nji ýylda Gürgenden Rime özbaşdak ilçi topary barypdyr. Rimde bu ilçi toparyny hormat bile garşylap, hatda köşkde iň hormatly hasaplanýan adamlaryň oturýan hormatly kürsüsinde hem oturdypdyrlar. Rim serkerdeleri şol topary tä öýlerine barýança, ýörite goragly ugradypdyrlar. Sebäbi olara gaty uly ynam bildiripdirler, «siz sap-sap goşunyň-da bitirip bilmejek beýik ýeňişlerini gazanyp bilersiňiz» diýip nygtapdyrlar. Onsoň gaty uly umyt bildirýän adamlarynyň haýsydyr bir säwlik esasynda öldürilmeginden heder edipdirler. Bu topara her hili hezzet-hormat edipdirler. Hezzet-hormatlardan-da başga ugradanlarynda gymmat bahaly halat-serpaýlar hem ýapypdyrlar. 61-nji ýylda Gürgeniň awtonomiýa alandygyna garamazdan, Rim «Gürgen kartasyny» Parfiýa bilen gatnaşyklarynda öz peýdasyna ulanyp durupdyr. Gürgeniň göreldesine eýerip, Margiana hem öz teňňelerini çykaryp ugrapdyr. 155-nji ýylda-da Rimde Gürgeniň wekilçiligi bar eken. Şeýle syýasy dartgynlylyk ýagdaýynda Parfiýa günbatardaky imperiýa – Rim bilenem, gündogardaky imperiýa – Hytaý bilenem oňşuklygy saklamaga çalşypdyr. 87-nji ýylda Hytaýa ilçiler iberilipdir. 122-nji ýylda bolsa Rim bilen 40 ýyllyk parahatçylyk şertnamasy baglaşylypdyr. Şol döwürde Rim imperiýasy Parfiýa şalygy bilen, diňe bir Parfiýa şalygy bilen däl, gatnaşyk saklaýan ähli döwletleri bilen örän inçe syýasat ýöredipdir. Döwletleri, şalary, köşk emeldarlaryny biri-birleriniň garşysyna goýup, çaknyşyklary, birek-biregi wagşylarça öldürmeleri gurnapdyr. Köp döwletleriň şalary Rim imperiýasynyň inçe syýasatynyň çoçgaryna çolaşypdyr.
Taryhy makalalar