20:14 Uçarda / hekaýa | |
UÇARDA
Çagalar edebiýaty
Nygmat bu äpet uçary esli wagtlap synlap durdy. Ol henize çenli şeýle uly uçary häzirkisi ýaly ýanynda durup synlamandy, Ýöne oňa münüp görmegiň welin mydama arzuwyny edip ýördi.Ol al-asmanda guşlar bilen bäsleşip bilýän şeýle äpet uçar hakynda kakasyndan hem köp zatlary eşidipdi. Onuň uçup ýörenini telewizorda-da köp görüpdi. Her niçigem bolsa, uçaryň nädip ýokaryk galyp bilýändigine, ony sürýäniň kimdigine akyl ýetirip bilmeýärdi. Şu günki ýaly şeýle gyssag ýola düşeris öýdüb-ä Nygmadyň kellesine-de gelmändi. Ine, birdenem başga bir şäherde ýaşaýan enesinden toý çakylygy geläýdi. Özüniň ýetmiş ýaş toýuna ogly Ballyny, gelni Soltany, agtygy Nygmatjygy çagyrypdy. Özem hälki gürrüňi edilýän uçar bilen barmaly edildi. Şeýdilmese ertirki toýa ýetişjegiň-ýetişmejegiň gümanady. Olaryň oturmaly ýerleri yzdaky orunlara gabat gelipdi. Nygmadyň keýpi kökjedi, ýöne azda-kände bu äpet uçardan gorkusam ýok däldi, tolguna-tolguna otyrdy, üýtgeşik bir dünýäde ýaly, täsin wakalary başdan geçirýärdi. Özüniňem ýolboýy şol bir soranjaňlygy galman gelýärdi. Emma ol entek “r” harpyny-da aýdyp bilenokdy. - Eje, bi haçan uçýa? - Häzir. - Ol nädip uçýa? - Ynha, görersiň, birden ýokaryk göterileninem duýman galarsyň. --Ýene-de birje sagatdan eneňleň ýaşaýan şäherinde bolarys. - Biýje sagat diýýäniň kän wagtmy, eje? - Ýok. - Basymmy? - Basym. Ýolagçylara uçaryň uçuşa taýýarlanýandygy radio arkaly habar berildi. Yzýnyndan ol ses edip, ýokary galdy. Nygmat welin bu ýagdaýy aňşyrmadyk borly. - Eje, biz haçan uçýas?—diýdi. - Wiý, oglum, biz eýýäm ýokarda uçup barýas-a. - A men ony göýüp bilemog-a. - Görersiň, seret aýnadan, o görünýän jaýlar şäherdäki iň belent jaýlar bolmaly. - Hydyýlaýyň göçüp baýanymy? - Hawa, hawa, şol. Indi akyllyja otur, bolgusyz soraglar berip ýüregime düşme, bolýamy? - Bolýa.—Nygmat aýnadan görünýän zatlaryň baryny sähel salym içinde birlaý synlap çykdy. Soňam ýene-de sowal berdi.—Eje, sen hijem goýkaňokmy? - Ýok, men ozalam eneňlere kän gatnadym. Ählisinde-de şu uçar bilen, onsoňam bu ýerde gorkup oturasy näme bar? Hany aýt, sen gorkýaňmy? - Hawa, ýok, ýok.—Nygmadyň ýüzi gyzaryp, utançdan ýaňa boz-ýaz boldy. Onuň üçin häp-häzir ähli zat täsindil. Öňde-yzda gazet-žurnallara gümra bolup oturan adamlar hem aýnanyň aňyrsynda gaýmalaşyp ýören gar sypatly akja bulutlar hem bu wagt onuň ünsünden düşmeýärdi. Onuň kän zady bilesi gelýärdi. - Eje-- diýdi. - Ýene näme? - Hany bi maşynyň şopuýy ýok-la? - Oturyp-oturyp, munuň tapýan zadyny diýsene? Öňi bilen-ä seniň münüp barýanyň maşyn däl-de, uçar. Onuň sürüjisine bolsa lýotçik diýilýär. Lýotçigiňem ýörite kabinasy bar. Ol uçaryň ho-ol öňünde ýerleşýär. Indi düşündiň gerek, oglum. Indi näme sorajak bolsaň, hana, kakaň, soraber. - Kakam ýatyýa. Eje, menem ulalsam, lýotçik boljak! Onsoň senem mydama meniň bilen enemleýe gatnaýsyň-hä—diýip, Nygmat jedirdedi. Ejesi bu gezek sesini çykarman, ýöne ýylgyraýdy. Soňam ýantorbasyndan çykaran galyň bir kitabyna güýmendi. Uçar uzak ýoly külterläp, barmaly şäherine golaýlapdy. Bu mahal Nygmat süýji ukuda ýatyrdy, düýşünde bolsa bu äpet uçary özi sürüp barýardy. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |