01:01 Wiking guburyndan tapylan "Alla" ýazgyly ýüzük | |
WIKING GUBURYNDAN TAPYLAN "ALLA" ÝAZGYLY ÝÜZÜK
Geň-taňsy wakalar
Şwesiýaly arheolog Ýalmar Ştolpe (1841-1905) Şwesiýanyñ taryhy we söwda ähmiýetli nokady bolan Birka şäherinde geçiren arheologiki barlaglarynyñ birinde wiking mazarlarynyñ birinden IX asyra degişli ýüzüne "Alla üçin" diýen ýazgy ýazylan ýüzük tapypdyr. Ýüzükdäki ýazgynyñ IX-X asyrlarda abbasy halyflarynyñ döwründe giñden ýaýran ýazuw ýazma stili bolan kufi ýazuw görnüşinde ýazylandygy haýran galdyrýar. Wiking mazaryndan tapylan ýüzük wikingleriñ ýaşan döwründe Skandinawiýa bilen yslam dünýäsiniñ arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardy. Adatça musulmanlar wikingler bilen gatnaşyk açmakdan saklanypdyrlar we bu baradaky taryhy maglumatlar az saklanyp galypdyr. Mysal üçin X asyrda ýaşan we abbasy halyfynyñ ilçisi Ibn Fadlan gözi bilen gören wikingleri hakynda: "Allanyñ ýaradan iñ hapysa jandarlary şular bolsa gerek. Olar hiç hili ýuwunmaýarlar, suwa düşmeýärler" diýip ýazgy galdyrypdyr. VIII-X asyrlarda ulanylan arap elipbiýinde ýazylan ýazgy kümüş ýüzügiñ gaşyna oýulyp ýazylypdyr. Bu ýüzük häzire çenli Skandinawiýa yarym adasyndan tapylan we wikingleriñ döwrüne degişli arapça ýazgyly ilkinji ýüzükdir. Stokgolmyñ Şwed taryhy muzeýiniñ metbugat habarçysy Linda Wahlander eden çykyşynda 1942-nji ýyldan bäri muzeýde saklanylýan we ýüzünde "Alla üçin" ýa-da "Enşalla" ýazgyly ýüzügi 1872-1875-nji ýyllarda arheolog Ýalmar Ştolpäniñ Býorkýo adasynda gazuw-agtaryş işlerini geçirip ýörkä tapandygyny aýtdy. Bu ýüzügiñ zenan jesedinden alynandygyny aýdýan Wahlander “Şol döwürlerde jaýlanylýan zenanlaryñ boýnunda gymmatly kalýe bolupdyr. Kalýelere hem kiçijik pyçajyk ýa-da ýüzükler dakylypdyr. Bu kümüş ýüzügem aýalyñ kalýesinde dakylgy dur eken" diýdi. Birkada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde IX asyra degişli bir mazardan ýüzük, geýim-gejim galyndylary, gülýakalar we dürli şaý-sepler tapylypdy. Alymlar tutuşlaýyn ýok bolup gitmegine az wagt galandygyna garamazdan şaý-sepleri we geýim-gejimleri ýörite ekspertizadan geçirip, ystyhanyñ 850-nji ýyl töwerekleri aradan çykan bir zenana degişlidigini anyklady. Stokgolm uniwersitetiniñ biofizigi Sebastýan Wärmländer: “Biz Skandinawiýadan tapylan arap stilinde ýazgy ýazylan ýüzüklere öñem gabat gelipdik, emma olaryñ hiçisiniñ ýüzünde ýazgy ýokdy" diýdi. Ýüzükdäki arapça ýazgynyñ näme diýip ýazylandygy elektron mikroskop bilen geçirilen barlaglaryñ netijesinde dessine anyklandy. Ýokary hili kümüş garylyp ýasalan ýüzügiñ düzümindäki kümüşiñ derejesi 94,5 %. Ýüzügiñ gaşynda sünnälenip oturdylan goñrumtyl goýy gök reñkli ametist daşyny seljermeden geçiren alymlar daşyñ ilki görlüşi ýaly reñkde däl-de, çüýşe reñklidigini anykladylar. Ýüzügiñ kümüş kysmynda hiç hili kebşir yzy gabat gelmese-de, käbir ýerlerinde yz bardygy mese-mälim bildirýär. Hünärmenleriñ çaklamasyna görä bu täsin ýüzük wiking zenanynyñ eline düşmänkä haýsydyr bir arap zergäri tarapyndan sünnälenip ýasalypdyr we gymmatbahaly haryt hökmünde Skandinawiýa gelip düşüpdir. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||||||
| ||||||||