ÝAGŞYLYGYÑ BAHASY
Bu waka meniň öz başdan geçirenim däl. Bir köýtenli awçydan eşitdim.
Mahlasy, ir döwürlerde awa göwün goýan bir adam bar eken. Ol diňe maşgalasyna ýeterligini alyp, nebsini şaglatmaýan, kanagatly kişi ekeni.
Ine, şol awçy bir gün bir dag tekesini awlap, egnine alyp dagdan düşüp gelýärkä, maslykçy guşlaryň gökde gaýmalaşyp, haýsydyr bir oljanyň üstüne inýändiklerini görüpdir. «Nämedir bir uly jandar-a ölüpdir» diýip, baryp görse, käte-käte arlap, özüniň bardygyny bildirýän ene gaplaň gowagynyň agzynda süýnüp ýatyrmyşyn. Çagajygy bolsa enesine näme bolandygyna hiç düşünip bilmän, onuň gözüni çokamaga inýän dazzarkelleri kowup, pelesaň urýarmyşyn.
Awçy gaplaňyň agzyndan akyp duran ak köpürjikden hem-de güp ýaly çişendiginden, ony ýylan çakandygyny aňypdyr. Awlan umgasynydyr tüpeňini egninden düşürip, gaplaňyň maslygyny bir çete çekäge-de, üstüni ot-çöpdür daş bilen basyrypdyr.
Soňra özünden gorkup, gowagyna girip, şol ýerden onuň näme edýändigini synlap oturan gaplaň çagasynyň ýanyna barypdyr. «Eneňi ýylan çakyp öldüripdir. Nätjek-dä, täleý işi. Saňa ýetim ulalmak aňsad-a düşmez. Ýöne gaýrat et, ulaljak bol!» diýipdir. «Sen entek aw awlardan kiçijik, şonuň üçin men saňa kömek ederin» diýip, alyp gelýän umgasynyň bir budundan et kesip, gowagyň agzynda goýupdyr.
Ýyrtyjy haýwanlar çaga gaplaňyň janyna howp salmazlar ýaly, gowagyň daş-töweregine bolsa okdan boşan peşeňleri oklaşdyryp gaýdypdyr. Sebäbi ýanan däriniň ysyny alan ýyrtyjylar ol töwerekden umma gaçgyç bolýar.
Şondan soňra ol her gezek awdan gelýärkä çaga gaplaňyň ýanyna sowlupdyr. «Barmyň, dirimiň?» diýip, onuň halyndan habar alypdyr. Näme awlap gelýän bolsa, şondan biraz et goýup gaýdypdy.
Çaga gaplaňyň ulalandygyna, kömege mätäç däldigine mazaly göz ýetirýänçä bu endigini dowam etdiripdir. Gaplaňyň öz awyny kösençsiz alyp ugrandygyny bilensoň bolsa, ony bimaza etmezlik üçin, gaýdyp onuň gowagynyň töweregine barmandyr.
Aradan ençeme ýyl geçipdir. Bu waka awçynyň ýadyndanam çykyşyp gidipdir.
Ine, bir gezek ol adatdakylary ýaly, awlan umgasyny egnine alyp, gaýanyň bilindäki aýlawly ýodajyk bilen aşaklygyna düşüp gelýärkä, ýokarlygyna —umga awlamaga barýan äpet gaplaňa pete-pet gelipdir. Olaryň göreçleri biri-birine sataşypdyr. Dag tekesini egninden düşürip, tüpeňini häzirläp atýança, dört-bäş ädimlikde duran gaplaň üstüne zyňyp, ony parçalap biljekmişin. Aljyran awçynyň diline geleni «Bu men —tanamadyňmy?» bolupdyr.
Gaplaň bir zatlary ýatlaýan ýaly, awçynyň ýüzüne hüşerilip seredip durupdyr. Birazdan soň gaýanyň düýbüne çekilip, «Tanadym, geçiber» diýýän terzde, hyrsyz ýüzüni kesä sowup, ötmäge ýol beripdir.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar