Ýaňykent döwletiniň ruhy durmuşy
a) Aý we Öküz
Biziň gadymy «Oguznamalarymyzda» Oguz hanyň enesiniň ady Aý han diýlip tutulýar. Şunuň bilen hem örän gadymy zamanlarda eždatlarymyzyň Aý bilen öküziň arasyndaky baglanyşyga yşarat edendikleri belli bolýar. Şol bir wagtda-da halk döredijiligimiziň örän gadymy nusgasy bolan, ata-babalarymyzyň juda gadymy ynançlaryny, dünýägaraýşyny aňladýan «Aý üstüniň arslany» ýaly setirler Aýy diňe Öküz däl, eýsem arslan bilenem baglanyşdyrýarlar. Şu hili gadymy, ezeli many baglanyşyklary bizi bäş müň ýyl mundan ozalky dünýägaraýşa alyp gidýär. Bu garaýyşlaryň maddy ykraryny bolsa biz ýaňy-ýakynlarda edilen arheologik tapyndylarda görýäris. Bularyň umumy many teswiri hökmünde men şuny aýtmalydyryn: Aý, Öküz hem-de Arslan gadymy ata-babalarymyzyň dünýägaraýşynda ýaşaýyş diýilýän gudratyň sebäpleri, çeşmeleri hem-de alamatlary, bakylygyň alamaty hökmünde görlüpdir. Döwletiň emele gelmegi bilen iň esasy gymmatlyk bolan bakylyk häkimligiň ygtyýaryna berlipdir. Şonuň üçin hem Ýaňykendiň esasy beýik binasy bolan Ybadathana-köşk merkezini şol bir wagtda-da döwlet häkimliginiň jemlenen edarasy, ýagny köşk hasaplamak bolar. Milletiň ösüşiniň ilkinji döwründe syýasy we ruhy häkimlik entek biri-birinden aýrylyşmadyk görnüşinde ýaşapdyr. Syýasy häkimlik ol döwürlerde soňky zamanlardaky ýaly maddy baýlyklara eýeçilik esasynda ýa-da harby hökmürowanlyk esasynda däl-de, dini-ruhy rüstemlik esasynda amala aşyrylypdyr. Bakylyk gymmatlygy kimiň ygtyýarynda bolsa, şol hem häkimligiň eýesi bolupdyr. Diňe şol esasda bu häkimligiň eýýäm soňky tapgyrlarynda maddy eýeçilik hem, harby hökmürowanlyk hem, jemgyýeti edara etmek hukugy hem şol bakylygy ele alan adamyň ygtyýarynda jemlenipdir. Muňa eýeçiligiň alamaty bolan möhürleriň degişli manylary we nyşanlary aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýaňykendiň ybadat-köşk merkezinden tapylan öküz kellesi uly arheologik, umuman, uly taryhy açyş boldy.
Bu heýkeljigiň beýikligi 7,5 sm. Özem guýma usuly bilen ýasalypdyr. Şahlary we gulaklary soň goýlupdyr, dakylypdyr. Gözleri we maňlaýyndaky ýarym aýjagaz pöwrize daşyndan edilipdir.
Edil şu heýkeljigiň özünde öküzi aý bilen baglanyşdyrýan iki sany zat bar. Ol, birinjiden, öküziň maňlaýyndaky ýarymaýjagazdyr. Ikinjiden bolsa, onuň egrelip duran iki sany inçejik şahy-da edil ýaňy dogan aýyň suratyny ýada salýar.
Gadymy zamanlarda öküz aý hudaýynyň aňladylmasy hökmünde görkezilipdir. Örän gadymy, baryp irki daş asyrlary döwründe awçylaryň çadyrlarynyň girelgesinde öküziň şahy asylyp goýulýar eken. Giçki daş asyr döwründe ata-babalarymyz ilkinji gezek öküziň heýkeljiklerini ýasapdyrlar. Ilkibaşda hatda bu jandarlaryň öküzdigini ýa-da sygyrdygyny görkezýän jynsy alamatlar aňladylmandyr. Bu toýun heýkeljikler ýeriň aşagyndaky medeni gatlaklarda saklanyp galypdyr.
Mis-daş eýýamynda sygryň suraty toýun gaplaryň ýüzlerinde ýerleşdirilip başlaýar. Teke, bars (arslan), guş, ýylan şekilleri bilen bir hatarda, biz bu döwrüň gaplarynda endamy menek-menek sygryň suratyny görýäris. Onuň şahlary we gulaklary örän aýdyň we ussatlyk bilen şekillendirilipdir. Ýaňykendiň welaýat şäherçeleriniň biri bolan Garadepeden bolsa endamy menek-menek çal sygryň bitin heýkeljigi hem tapyldy.
Göksüýri, Akdepe, Garadepe, Namazgadepe ýaly şäherlerde we şäherçelerde mis-daş we bürünç eýýamlarynda oňat bişirilen toýundan ýasalan sygyr (öküz) heýkeljikleri giň ýaýrapdyr. Türkmenleriň häzirki wagtda sygyr we onuň bilen garyndaş bolan beýleki ähli şahly iri haýwanlary gara mal diýen umumy at bilen atlandyrýandyklary mälimdir. Bu sypatlandyrmanyň – gara özüniň asla-da reňk aňlatmaýandygy düşnüklidir. Onda ol nämäni aňladýar? Biz bu sowalyň jogabyny eždatlarymyzyň döreden «Awesta» kitabyndan tapýarys. Onda buganyň ýa-da has dogrusy, baganyň ýaradylyşy barada şeýle diýilýär: «Arian wežde, mukaddes Daýty derýasynyň sag kenarynda şol ak öwüsýän buga Aýa meňzeşdi», «Haçan-da baga ölende, ol sag egnine ýykyldy... Gaws Urwaň, Baganyň öňünde durdy-da şeýle diýdi: «Men Ahura Mazdanyň ýaradan zatlaryna iýmit bererin». Baga ölenden soň, onuň beýni ýiliginiň siňen topragynda elli bäş görnüşli galla hem-de on iki görnüşli derman ot gögerip çykdy... Şahlaryndan – miweli baglar, burnundan – ýuwan, ganyndan hem – üzüm däneleri döredi». «Soňra Baganyň tohumynda bar bolan ähli päklik we nur Aýa berildi. Bu tohum Aýyň nury bilen arassalandy». «Ondan köp dürli jandarlar ýaradyldy. Ilkibaşda iki mal, tüwe we göle, soňra-da her haýwanatdan bir jübüt ýaradyldy».
Ahura Mazda şol bir wagtda Daýty derýasynyň çep kenarynda ilkinji adam Gawomardy ýaradypdyr.
Şeýlelikde, gara mal bilen baglanyşykly Aý sag tarapy aňladýar. Aý kümüş reňkdedir. Türkmen dilinde gaty gadymy zamanlardan başlap, gara sözi Aýyň dogýan tarapy bolan Günbatary aňladypdyr. Bizde gaýranyň demirgazykdygy mälimdir. Şol bir wagtda-da gaýra – ýeňse, arka tarapyň aňladylmasydyr. Eger arkaňy demirgazyga öwrüp dursaň, onda günbatar sag tarapynda ýerleşýär. Şeýlelikde, biz türkmen dilinde-de sag we aýyň dogýan taraplarynyň arasyndaky many baglanyşyklarynyň edil «Awestadaky» ýalydygyny görýäris.
Indi bolsa öküz sözi barada. Bu sözüň «buga» diýen manydaş sözi hem bar. «Buga» sözi bilen bir hatarda «baga» sözi-de türkmen dilinde giňden ulanylýar. Mysal üçin: pyş – baga, gur – baga. Şu manyda baga, umuman, jandar manysyny berýär we «Awestanyň» dilindäki sözi bilen ýakynlaşýar. «Baga» – buga sözüniň iň gadymy görnüşidir, özi-de ol «Awestanyň» Gawo – öküz sözündäki çekimsizleriň ýeriniň çalyşmagy (metonimik) netijesinde emele gelipdir: Gawo – bago.
Türkmenleriň tire-taýpa düzüminde «öküz» bilen baglanyşykly onlarça atlar bar: öküz, ökürjikli, höjek, baga, bagaja, höjük we beýlekiler. Bularyň bary Oguz han bilen baglanyşykly hem-de şol bir wagtda totem-oňon gelip çykyşly toparlardyr.
Galyberse-de, türkmen dilinde mör-möjekleri aňladýan atlar bilen süýdemdirijileriň umumy adyny aňladýan sözleriň arasynda leksiki – many gatnaşygyň häsiýetlidigini görmek bolýar. Gara maly aňladýan baga sözüniň pyşbaga, gurbaga ýaly goşma sözleriň düzüminde gelmeginde hiç hili geň-taňlyk ýokdur. Baga sözi ilkibaşda jandar, soňra bolsa süýdemdiriji mal manysyny beripdir.
Ýöne jandarlaryň özi, baglanyşygy meselesi-hä, düşnükli weli, Aýyň Baga (Buga) bilen näme dahyly bar?
Biziň ata-babalarymyzyň bişirilmedik toýundan ýasan buga heýkeljikleri topragyň hasyllylygyna özboluşly täsir etmegiň serişdesi bolupdyr. Awestada ölen Baganyň synasyndan dürli ösümlikleriň, onuň tohumyndan dürli jandarlaryň dörändigini aýdýan ýerini görüp geçdik. Ýere taşlanan – sürülen topraga taşlanan heýkeljikler Baganyň ölümini, güýz şol ýerden alynýan hasyl bolsa onuň gaýtadan direlişini alamatlandyrylypdyr. Şeýdip, ata-babalarymyz tebigatyň her ýylky «ölşüni we gaýtadan direlişini» öküziň keşbiniň üsti bilen göz öňüne getiripdirler. Munuň özi ruhy ösüşiň butparazlykdan hem öňki döwrüdir. Buganyň bişirilen toýundan ýasalan heýkelleri bolsa eýýäm butparazlygyň alamatydyr. Bu has berk we döwülmezek heýkeller but ornunda ulanylypdyr.
Şeýle ölüm hem direliş jähetinde-de buga Aý bilen baglanyşýar. Gadymy eždatlarymyz Aýyň inçejik bolup dogmagyny, ýuwaş-ýuwaşdan dolup, tegelenip, soňam asmandan ýitmegini, birnäçe wagtdan soň ýene-de inçejik görnüşde gaýtadan dogmagyny dogulmak-ulalmak – ölmek – gaýtadan direlmek hadysasy hökmünde kabul edipdirler. Hatda aýyň dogmagyna dogulmak, ýaşmagyna – ölmek diýip düşünipdirler. Şeýle üýtgeşik gudratlylyk ukyby sebäpli olar Aýy hudaý hasaplapdyrlar. Ösüşiň soňky döwürlerinde adamlar Aýa dil bitirdip, hamana, «Meniň ölüp-direlişim ýaly, adamlar hem ölensoňlar, ýene direlerler» diýen sözleri onuň agzyna salypdyrlar.
Elbetde, adamlaryň synçy aňy ölüp-direlmek hadysasynyň diňe asmanda – Aýda däl, eýsem ýeriň ýüzünde hem bolup geçýändigini görüpdir. Topraga bitýän ösümliklere-de ölüp-direlmek, gyşda ölmek, ýazda direlmek mahsusdyr. Diýmek, köneleriň düşünjesi boýunça, bakylyk bir doglup, asla ölmezlik däl-de, ölmek – direlmek hadysasynyň gezekleşigidir. Özem şu hadysa dünýäleriň üçüsine-de mahsusdyr. Bilşimiz ýaly, ezeli eždatlarymyz dünýäni üçe bölüpdirler: ýokarky (asmandaky) dünýä, ortaky – ýer ýüzündäki dünýä hem-de aşaky – ýerasty dünýä. Gorkut ata eserindäki üç öý – ak, gara we gyzyl öýler şu dünýäleriň göçme manylarydyr. Ezeli zamanlarda bolsa bu dünýäler olarda ýaşaýan jandarlaryň şekilleri arkaly aňladylypdyr!
Ortaky dünýäni süýdemdirijiler – teke, arslan, sygyr aňladypdyr; ýokarky dünýäni guşlar – bürgüt, ördek aňladypdyr; aşaky dünýäni bolsa ýylan, aždarha şekillendirýär.
Bularyň bary baryp daş asyr eýýamyndan başlap tä demir eýýamyna çenli örän uly wagt aralygynda ata-babalarymyzyň dünýägaraýşynda uly orun tutupdyr. Hut şonuň üçin hem biziň arheologik ýadygärliklerimizden bularyň şekilleri örän köp tapylýar. Bular toýun bölekleriniň ýüzlerinde hem şekillendirilýär, bu haýwanlaryň, gurt-guşlaryň ýörite heýkeljikleri hem köp ýasalypdyr. Taryhy-jemgyýetçilik ösüşi nukdaýnazardan dünýäniň üçe bölünmegi umumyhalk eýeçiliginiň we taýpanyň kemala gelmegini, soňra bolsa bu nyşanlaryň möhürlerde, hasalarda şekillenmegi häkimiýetiň hem-de eýeçiligiň emele gelmegini aňladýar.
Şeýlelikde, süýdemdirijiler ortaky dünýäniň alamatydyr. Ýaňykentden tapylan öküz kellesi-de şu manyny berýär. Jemgyýetçilik durmuşynda munuň nähili orny bolupdyr? Bu ajaýyp sungat eseri biziň üçin diňe sungat eseri bolsa-da, ata-babalarymyz üçin ol hem dünýägaraýyş, hem syýasy häkimligiň guraly bolupdyr. Has anygyny aýdanyňda, Ýaňykentden tapylan bu kiçijik heýkel – öküziň kellesi Ýaňykendiň patyşasynyň hasasynyň başynda oturdylan nyşan bolmaly. Bu patyşalyk, häkimlik nyşanydyr. Munuň özi nämäni aňladýar? Munuň özi onuň eýesiniň dünýäleriň eýesidigini, ýagny şadygyny aňladýar. Diýmek, biziň öňümizde Oguz hanyň ýa-da ondan öňki patyşalaryň biriniň häkimlik hasasydyr.
Bu Musanyň hasasyny ýada salýar. Ýöne Musanyň hasasy ýylana öwrülip bilipdir. Şeýlelikde:
b) Ýylan we bürgüt
Biziň halkymyzyň aňynda Nuhuň tupanyna degişli ajaýyp bir rowaýat saklanyp galypdyr. Entek Nuhuň tupany dowam edýärkä, Nuhuň gämisi kyrk gije-gündiz ýagan ýagmyryň netijesinde dörän ummanyň içinde ýüzüp ýörkä, bir kynçylyk ýüze çykýar. Nuhuň gämisiniň bir ýeri deşilýär-de, ondan gäminiň içine suw girip başlaýar. Her hili pikir edip görýärler, emma näme etmelidigini hiç kim anyk bilip bilenok. Edil şol wagtam gämiň içine beýleki jandarlar bilen bilelikde salnan äpet ýylan gelýär-de, şol deşigiň edil agzynda towlanyp ýatyberýär. Şeýdip, bu ýylan gämidäkileriň ählisiniň halasgäri bolýar. Şeýle hyzmaty görkezeni üçin, Nuh pygamber ýylandan gaty razy bolupdyr hem-de nämäniň etini halasa, şol jandary-da ýylanyň esasy awy hökmünde oňa kyýamata çenli bagyş etjekdigini aýdypdyr. Şonda ýylan çybyndan gämidäki jandarlaryň barynyň ganyndan dadyp görmegi we haýsy jandaryň ganynyň iň süýjüdigini anyklap bermegi haýyş edýär.
Çybyn aýdylyşy ýaly edip, gämidäkileriň ählisiniň ganyny dadyp görende, iň süýji gan adamyňky bolup çykypdyr. Çybyn bu habary ýetirmek üçin ýylana bakan uçýar. Adamy eý görýän garlawaç bu habaryň ýylana ýetmezligini isläp, çybynyň dilini çokup alýar. Onsoň çybyn gelip habaryny aýtjak bolsa, idili söz aýdyp bilmän, ýöne «wyz-wyz» edip duranmyş. Munuň garlawaçdan ýetenini bilip, ýylan oňa tarap towusýar, garlawaç batly ýokary galýar. Şonda ýylanyň dili garlawajyň diňe guýrugynyň ortasyny hazzar alyp galanmyş. Şonuň üçin hem garlawajyň guýrugy görnüşi boýunça ýylanyň haçja diline meňzeşmiş.
Elbetde, bu rowaýat soňrakky: eýýäm üýtgeşen aňyň önümi. Ýylan diýen jandaryň gadymky adamlaryň aňynda uly orun tutandygy has irki düşünjeler we garaýyşlar bilen baglanyşyklydyr. Biziň arheologik ýadygärliklerimizde ýylanyň şekiliniň köp duş gelmegi-de şol garaýyşlaryň maddy netijesidir. Ýylan bakylygyň, hususanam, aşaky dünýäniň bakylygynyň alamaty hasaplanypdyr.
Mälim bolşy ýaly, ýylana öz gowuny taşlamak mahsusdyr. Gadymkylar muňa ýylanyň gaýtadan ýigdelmegi we, diýmek, ölmän ýaşamak ukyby hökmünde düşünipdirler. Ýylanyň ölmän ýaşaýandygy baradaky dürli rowaýatlar Nuhuň beýleki ogullary – Hamyň we Samyň zürýatlary bolan Günbatar Aziýa we Afrika halklarynda hem oňat saklanyp galypdyr.
Günorta Afrikada ýaşaýan galla diýen taýpada şeýle bir rowaýat bar. Şol taýpanyň ýaşaýan ýerinde başy käkilli, her ganatynda bir ak tegmili bolan gara guş ýaşaýar. Ýerli adamlar bu guşy «Hudaýyň toklujygy» diýip atlandyrypdyrlar. Bir gezek Hudaý bu guşy adamlaryň üstüne iberip, olara «Siz ölmersiňiz, garranyňyzdan soň, deriňizi täzeläp, ýene ýigdelersiňiz» diýen habary ýetirmegi buýrupdyr.
Guşuň özüniň çaparydygyny aňlatmak üçin Hudaý onuň depesine käkil oturdypdyr. Ýöne habary ýetirmäge barýan guş ýolda maslyk iýip ýatan ýylanyň üstünden barypdyr. Guşuň hem ýylanyň iýip duranyndan iýesi gelipdir-de, «Maňa biraz et ber, men saňa Hudaýyň habaryny aýdaýyn» diýipdir. Ýylan weli «Maňa hiç hili habar gerek däl» diýip, iýmesini dowam etdiripmiş. Emma guş dyzap duransoň, zordan biraz et bermäge razy bolupdyr. Şonda guş: «Hudaýyň habary şeýle: adamlar garrap, ölerler, siz – ýylanlar bolsa garrap, gowuňyzy çalşarsyňyz, şeýdip, ýigdelersiňiz» diýipdir. Şonuň üçin hem şondan bäri adamyň başy ölümli bolup galypdyr, ýylan bolsa hiç ölmeýärmiş.
Üns berseňiz, bu rowaýat türkmen rowaýatyna örän meňzeşdir.
Ýylanyň baky ýaşamak, ýigdelmek ukyby – gadymky adamlaryň düşünjesinde, elbetde, – Injile hem täsir edipdir. Köne Ähtde Adam ata bilen How enä gadagan miwäni iýdirýän şeýtan ýylan şekilinde görkezilýär.
Gadymky ata-babalarymyz bürgütler hem öz perini täzeleýär we ýylan ýaly baky ýaşaýar diýip pikir edipdirler.
Hut şonuň üçin hem biz Ýaňykendiň dürli ýerlerinde geçirilen gazuw işleri netijesinde tapylan möhürlerde ýylanyň, bürgüdiň, arslanyň şekillerini görýäris. Senetçiler etrabynda-da, ybadathana-köşk merkezinde hem, beýleki ýerlerde-de degişli möhürler tapyldy. Olar köplenç saklanyp galan jesetleriň biliniň golaýyndan tapylýar. Diýmek, bişirilen toýundan, misden, kümüşden ýasalan möhürleri olaryň eýeleri billerine daňyp gezipdirler. Bu möhürler eýeçiligiň hem-de häkimligiň nyşanlarydyr. Dürli jandarlardan başga-da olarda aýyň, ýyldyzyň, hajyň şekilleri bardyr.
Meniň häzirki gürrüňimiň çäginde iň ähmiýetli möhürleriň biri aşakdakydyr.
Ybadathana-köşk merkeziniň gazuwy döwründe ajaýyp hem özboluşly möhür tapylypdyr.
Bu möhüri şertli suratda iki bölekden ybarat hasaplamak mümkin. Onuň ýokarky böleginde üç sany kelle bar. Ol kelleleriň iki sanysy ýylanyňky ýa-da aždarhanyňky bolmaly. Hersi bir tarapa bakyp duran bu ikisiniň arasynda bolsa aýdyň görnüp duran bürgüt kellesi şekillendirilipdir. Bitewi gurnalan üç kelle pişikler maşgalasyndan bolan bir jandaryň – arslanyň ýa-da barsyň göwresinde oturdylypdyr. Şunlukda, biziň öňümizde ata-babalarymyzyň bitewi dünýägaraýşyny suratlandyrýan bitewi bir şekil dur. Munuň özi, manysyny teswir etmeli bolsa, atalarymyzyň göz öňünde getiren üç dünýäsiniň alamaty manysydyr. Men bu many hakda indi talyplyk ýyllarymdan bäri oýlanyp gelýärin.
Bürgüt – ýokarky dünýäniň, ýylanlar – aşaky dünýäniň, arslan göwresi bolsa ortaky – ýeriň ýüzündäki dünýäniň jemleýji alamaty. Munda hem syýasy, hem dünýägaraýyş, hem ruhy many bar. Şeýle möhrüň eýesiniň öz möhri bilen aňlatmak isleýän pikiri: «Maňa üç dünýäniň üstünden hökmürowanlyk we häkimlik berildi». Şeýle möhür, elbetde, diňe Ýaňykendiň patyşasynda bolup biler. Çünki, bu ýaňykentlileriň ruhy dünýägaraýyşlary bilen badaşýar.
Möhürdäki göwre bilen kelleleriň gatnaşygyny eždatlarymyzyň ruhy dünýälerine düşünmek işinde aýratyn ähmiýetli zat diýip hasaplaýaryn. Göwre bu ýerde esasy orun tutýar. Patyşalyk, hökmürowanlyk ilkinji nobatda we esasan ortaky dünýä – şu dünýä bilen baglanyşyklydyr. Birbada aň edilmeýän şujagaz zatda men syýasy häkimligiň doly kemala gelendigini görýärin.
Iki kelleli bürgüdi şekillendirýän öhürler hem bar. Eger has soňrakky rowaýatlarda perişdeleriň, mysal üçin, Jebraýyl perişdäniň guş şekilinde göz öňüne getirilendigini hasaba alsaň, onda göwresi, kellesi guşuňky bolan möhürler ruhanynyň alamaty bolmaly. Käbir möhürlerde ganatyny ýaýyp duran bürgüt şekili bar. Olar I müňýyllykdaky ossuarileriň ýüzüne çekilen suratlary ýada salýar. Ossuarilerde jaýlanan adamlaryň janyny o dünýä äkitmeli guşlar bolmaly şolar. Biziň yslam edebiýatymyzda bolsa o dünýä gitmeli janyň özi eýýäm guş sypatyna geçirilipdir. Diýmek, sap guş şekilini berýän möhürler dini ýolbaşçylaryň – ruhanylaryň nyşany bolupdyr. Çünki guş o dünýä – asmandaky ýokarky dünýä bilen baglanyşyklydyr. Adamyň janyny almaga hem diňe ýokarky dünýä – Hudaý ygtyýarlydyr.
Möhürleriň içinde dürli geometriki şekiller köp duş gelýär. Hristian medeniýetine degişli arheologlar olarda köplenç hajy görýärler. Biz bolsak Ýaňykendiň gönüden-göni mirasdüşerleri hökmünde ol şekillerde türkmen halysynyň gölüni görýäris we okaýarys. Nagyş görnüşindäki dürli geometriki şekilleriň düýp dünýägaraýyş manysy bolsa giňişligi özleşdirmek bilen baglydyr.
Aýdaly, dört taraply möhür dünýäniň dört tarapyny aňladýar. Ýöne men geometriki şekiller gürrüňine göni däl-de, Ýaňykendiň ilatynyň adam jaýlaýyş dessur gürrüňiniň üsti bilen baraýyn. Şonda biziň meselä has taýýarlykly bardygymyz bolar.
ç) Jaýlaýyş dessurlary
Gatlaklanmak kanunynyň hökmürowanlygy netijesinde diňe orta asyrlarda bitewi görnüşe gelen «Görogly» kitabymyzyň aşaky many gatlaklarynda bäş müň ýyllyk geçmişiň käbir alamatlary saklanyp galypdyr. Özem, ähmiýetli ýeri, ol könelikler köplenç kitabyň birinji – «Göroglynyň döreýşi» şahasynda duş gelýär. Men häzirlikçe şeýle könelikleriň ikisini şol şahada görkezip geçmek bilen çäklenmekçi bolýaryn. Birinjiden, Göroglynyň geçi emip ulalmagy. Bu, elbetde, has soňky – hatda türkmen taryhynyň dördünji eýýamynyň döreden garaýşy. Döwletler synyp, köşkler ýykylyp, türkmeniň çarwa bolup, mal yzynda gezen durmuşynyň döreden şekili bu. Emma onuň has aşaky gatlagyny görmek isleseňiz, geçili gürrüňe ýokarky – üç dünýäli, «Awestaly» meseläniň nukdaýnazaryndan seredip görüň. Şonda geçiniň ornuny şonuň ýaly, şahly, ýöne has iri mal – sygyr eýelär. Gör – geçi şekili bolan ýer – sygyr şekiline geçer. Bu bolsa ortaky dünýäniň alamatydyr.
Ikinjiden, görden çykmak kyssasy ezeli eždatlarymyzyň adam jaýlaýyş dessuryndan gözbaş alyp gaýdýar. Gör – ýeri gazyp, çukur edip, adam jaýlamak dessuryny ýerine ýetirmek üçin gerek. Ýerden ep-esli çuňlukda gömülen aýaldan çaganyň bolmagy, onuňam ýeriň ýüzüne çykmagy gör gazmak dessuryndaky adamlar üçin mümkin däl hyýalyýet. Şeýle hyýalyýet başga bir dessury – göraman gazmak, has dogrusy, gurmak dessuryny ýöreden adamlarda joş urup biler. Bu bolsa ezeli taryhyň adamlarynyň berjaý eden dessurydyr.
Munuň düýp dünýägaraýşy manysy şundan ybarat: yslamdaky ýaly, ölen kişi o dünýä ugradylanok-da, diňe şu dünýäniň haýsydyr bir başga ölçegli bölegine geçirilýär. Biziň üçin merhum biz bilen tebigy baglanyşygyny ýitirýär, diňe ruhy, hakyda baglanyşyklar, parafiziki baglanyşyklar galýar. Ezeli eždatlarymyz biziň ýaly, ýogalandan beýle çürt-kesik elini çekäýmändirler. Olar onuň ýaşamagyny, ýöne indi bize gös-göni görünmeýän ölçeglerde tebigy ýaşaýşyny dowam etdirmegi üçin, oňa ýeriň astyndan ýa-da sähelçe üstünden «jaý» gurup beripdirler. Şol hem göramandyr. Bu dessuryň türkmen halkynyň durmuşyndan giňden we irki döwürlerden bäri ýöredilip gelýändigi üçin sagana, kümmet diýen atlary-da bardyr.
Oguznamalarda beýik atamyz Oguz hanyň ýekehudaýlylyk dinini ykrar edendigi aýdylýar. Biz muňa ynanýarys. Ýöne köphudaýlylykdan ýeke hudaýlylyga geçmek beýle gönümel, aňsat hem-de ýönekeý bir zat bolmandyr. Köphudaýlylyk soňam köp wagtyň dowamynda saklanyp galypdyr. Ýöne bu hadysa Oguznamalarda hiç hili ähmiýet berilmändir. Munuň döwür bilen baglanyşykly sebäbi-de düşnükli bolsa gerek. Yslamdan öňki käbir garaýyşlaryň we dessurlaryň hatda häzir hem dowam edýändigini ýada salanyňda, bu ýerde hiç hili geň-taňlyk we düşünmez ýaly zat ýokdur. Ol dessurlaryň biziň milli aýratynlygymyzy emele getirýändigini göz öňünde tutanynda bolsa, bu ýerde hatda inkär etmeli däl-de, ykrar etmeli zatlar bardyr.
Arheologik gazuw-agtaryşlaryň netijeleri ýaňykentlileriň adam jaýlaýyş dessurlarynyň üstüni açdy. Biziň häzir bütinleý başga dini ynançlary, başga dünýägaraýşy goldanýandygymyz üçin, olaryň arasynda biziň halamajak zatlarymyz hem bar. Şoňa garamazdan, biz ata-babalarymyzy olaryň öz bolşunda tanamakdan uly bir zyýan görmeris. Bu diňe bize ösüşiň dialektikasyny görmäge kömek eder. Ösüşiň dialektikasyny görmek diýmek köneleriň dünýägaraýyş çäkliligini görüp bilmek diýmekdir. Halk ýürekden makullamaýan dessuryny asyrlardan asyrlara aşyryp uzak berjaý etmeýär, diňe halk üçin ähmiýetlilerini, peýdalylaryny berjaý edýär. Ezeli oguz-türkmenlerde dörän käbir dessur hem halkyň kalbynda berk orun, makullaýyş alyp bilmändigi üçin müňýyllyklaryň gatlarynyň içinde galypdyr.
Köneleriň jaýlaýyş dessurynda puhorly jaý uly orun eýeläpdir, umuman, häzirki sözleri, adalgalary ulanyp aýtsak, bürünç eýýamynyň mazar jaýlary iki otagdan – puhorly jaýdan we göramandan ybarat bolupdyr. Puhorly jaýda puhoryň – ojagyň üstünde hemişe mukaddes ot ýanyp durupdyr.
Puhor – içi tegelek, daşy inedördül görnüşdäki ojakdyr. Ýogalan kişini göni göramana eltmän, ilki bilen, şu ýere getiripdirler. Birinjiden, oduň gapdalynda goýmak we oduň daşynda aýlamak bilen, jesedi özboluşly suratda ot arkaly «arassalapdyrlar». Soňra bolsa şol ýerde dürli içgiler içilip, goýnuň etinden iýlip, özboluşly degsin edilipdir.
Muňa puhorly jaýda saklanyp galan mytaralar, goýnuň süňkleri, goçuň, tekäniň şahlary şaýatlyk edýär. Diňe şondan soň jesetler göramana geçirilipdir. Ýöne şol ýeriň özünde galdyrylanlary hem bar. Has geň we düşnüksiz zat bolsa käbir kelleçanaklaryň göwreden aýrylyp, diwarlardaky tagçalarda ýerleşdirilmegidir. Munuň özi gönüden-göni haýsy hem bolsa bir özboluşly dessura yşarat edýär.
Bu ýerde türkmenlerde has soňky döwürlere çenli dowam eden, häzir hem saklanyp galýan öwlüýä ýykylmak dessurynyň iň gadymy, gödek görnüşi bar. Mälim bolşy ýaly, bizde «Ölä – aýan, dirä – güman» diýen juda gadymy nakyl bar. Bu ýogalan adamlara hemme zat, hatda indiki boljak işler hem aýandyr diýen manyny berýär. Şeýle ezeli garaýyş ähli halklaryň ruhy taryhynda bolan ata-babalar keramaty diýilýän ynanç bilen baglanyşyklydyr.
Köne adamlar ata-babalarynyň ölmän, diňe başga bir ýerlere gidýändiklerine ynanypdyrlar. Soňabaka şol «başga ýerler» o dünýä görnüşinde göz öňüne getirilipdir. Ýogalan kişiler ölümiň syrlylygy we düşnüksizligi sebäpli aýratyn ähmiýete eýe bolupdyrlar. Olara bar zat aýan hasaplan adamlarda olar bilen duşuşmak, olardan haraý-deramat, kömek-tekge soramak islegi döräpdir. Ýogalanlar bilen aragatnaşyk adamyň ruhy ösüşinde iki basgançakdan ybarat bolupdyr. Ilki olar bilen aragatnaşyk gönümel, tebigy manyda, olaryň jesetleri ýa-da jesediň bir agzasy arkaly ýola goýlupdyr. Ösüşiň ikinji basgançagynda bu hili tebigy baglanyşygyň bimanylygyna we gödekligine akyl ýetiren adamlar arabaglanyşygy sap ruhy jähede, gaýybana baglanyşyga öwrüpdirler.
Ýogalanyň ruhuny çagyrmak, onuň bilen hatda gürleşmek dessury baryp Şumeriň bilgemeş baradaky dessanynda öz beýanyny tapypdyr.
Bilgemeşiň dosty Ebany aradan çykýar. Şonda Bilgemeş hudaýlara ýüzlenip, ýerasty dünýäden dostunyň ruhuny çagyryp bermeklerini haýyş edýär. Emma hudaýlar munuň hötdesinden gelip bilmejekdiklerini aýdýarlar. Iň soňunda Bilgemeş merhumlaryň hudaýy Nergala ýüz tutýar. Şonda Nergal göramany açyp Ebanynyň ruhuny edil şemal kimin ýerastyndan boşadyp goýberýär. Şeýdip Bilgemeş dostunyň ruhy bilen gürleşmäge mümkinçilik alýar.
Merhumlar bilen gürleşmek dessurynyň galyndylary soňky döwürlerde hem saklanypdyr. Muňa biziň taryhy taýdan uzakda bolmadyk geçmişimiziň wakalary-da şaýatlyk edýär. Türkmen bagşylary ýaňy-ýaňylaram bagşyçylyk hünärine başlamazdan ozal ilki Aşyk Aýdyň pirden pata almaly bolupdyrlar. Pata almak üçin piriň mazarynyň başujunda bir gije ýatmaly, şol ýerde mal öldürip, gurbanlyk bermeli eken. Eger şol gije ýatylanda Aşyk Aýdyň pir bagşynyň düýşüne girse, bu onuň pata berdigi hasaplanypdyr. Eger-de bagşy piri düýşünde görmese, onda ol bagşyçylygyny bes etmäge mejbur bolupdyr.
Ýaňykendiň puhorly jaýynyň diwarlaryndaky tagçalarda goýlan kelleçanaklar şular ýaly dessurlaryň has irki, jahylyýet, butparazlyk görnüşine yşarat edýär. Çünki irki eýýamlarda merhumyň jesediniň belli bir bölegi ölüniň ruhuny çagyrmak, gürleşmek dessurynda serişde hökmünde ulanylypdyr.
Gürleşmek üçin saýlanyp alnan adamlar hem ýönekeý adamlar bolmaly däl. Galyberse-de, ezeli eýýamlarda merhum bilen gönümel däl-de, ruhanynyň üsti bilen gürleşip bolýar hasaplapdyrlar.
Şeýle garaýyş dünýä halklarynyň köpüsiniň ruhy geçmişinde uly orun tutan hadysadyr. Ýahudylaryň, ýunanlaryň, parslaryň, bulardan başga-da, medeni taryhy bolmadyk käbir halklaryň uzakdaky geçmişinde merhumyň ruhy bilen gürleşmek däp bolupdyr. Ylaýta-da, merhumyň saklanyp galdyrylan haýsydyr bir agzasy arkaly onuň ruhy bilen gürleşmek, geljegi bilmek täsin däpleriň biri bolupdyr. Käbir halklarda merhumyň äň süňküni şu maksat üçin ýörite otaglarda saklapdyrlar. Şeýle otaglara girmek adaty, ýönekeý adamlar üçin, elbetde, gadagan bolupdyr. Çünki gürrüň ýöne-möne adam, merhum däl-de, taýpanyň ýa-da halkyň patyşasy, baş ruhanysy barada gidýär. Äň süňküni saklanyp goýlan hylwaty ýerden çykaryp, tagtyň ýa-da puhoryň öňünde oýupdyrlar.
Bu dessury ýerine ýetirýän adam tagtyň öňüne geçip, durmuşda hem jemgyýetde ýüze çykan kynçylyk, mesele barada merhumyň ruhuna ýüz tutupdyr. Soňra ol ýörite temmäkiden birnäçe gezek sorup, ruhy derbeder hala düşüp, haýýaty göçüp, samrap başlapdyr. Munuň özi merhumyň ruhunyň şol adama geçmegi, bu adamyň dili bilen merhumyň gürläp başlamagy hökmünde kabul edilipdir. Çünki ol, dogrudanam, edil merhum patyşanyň diline mahsus jümleler we sözler bilen sözläpdir. Emma onuň sözleriniň düşnüksizligi sebäpli köplenç onuň ýanynda ruhanyny oturdypdyrlar. Ruhanynyň wezipesi ol düşnüksiz sözleriň manysyny aýdyňlaşdyrmak hem-de bu dessura gatnaşýan ýönekeý adamlara düşündirmek eken. Aýatda diri patyşalar wagtal-wagtal şeýle dessura gatnaşyp, döwlet işlerinde ýüze çykan kyn meseleler boýunça öz ata-babalarynyň ruhlaryna ýüz tutupdyrlar. Hut şu zerurlyk sebäpli-de olar ýörite otaglarda öz eždatlarynyň kelleçanaklaryny ýa-da äň süňklerini hormatlap, ezizläp saklapdyrlar.
Şeýle butparazlyk däbiň bürünç eýýamynda, ylaýta-da, onuň irki döwürlerinde Ýaňykentde ýerine ýetirilendigine puhorly jaýdaky ýokarky tapyndylar şaýatlyk edýärler. Munuň özi örän irki zamanlarda ýüze çykan ata-babalar kultunyň döwlet kulty bilen çalşandygyny aňladýar. Geçmiş hakda birsyhly oýlanmaga ata-babalar kulty sebäp bolupdyr. Şeýdip hem şu kultuň üsti bilen aň, dünýägaraýyş jähetinde eždatlarymyz wagt diýilýän hakykatyň barlygyna, ýaşaýyş hadysasynyň wagtyň içinde bolup geçýändigine akyl ýetiripdirler. Bu uly ruhy sepgitdir. Wagta umumy akyl ýetirmek gündelik jemgyýetçilik ýaşaýşynda ýyl, aý, gün, hepde, sagat ýaly anyk wagt düşünjeleriniň döremegine getiripdir. Bu bolsa sözüň hakyky manysyndaky medeni-jemgyýetçilik ýaşaýşydyr. Bu hili aň ösüşi jemgyýetiň maddy ösüşiniň ruhy esasy bolup hyzmat edipdir. Netijede, ekerançylykdan, maldarçylykdan aýrybaşgalaşan senetçilik giňden ýaýbaňlanypdyr. Ýyl, pasyl ýaly wagt düşünjeleriniň ýok ýerinde maldarçylyk we ekerançylyk mümkin däl. Edil şonuň ýaly aý, hepde, sagat görnüşindäki anyk wagtyň ýüze çykmagy-da tebigatda ýok görnüşleri öndürmegiň usuly bolan senetçilik bilen baglanyşyklydyr. Ýyl, pasyl, hatda aý hem tebigatyň hereketiniň netijesi bolsa-da, hepde, sagat eýýäm wagtyň adam aňy tarapyndan öndürilen görnüşleridir ýa-da ölçegleridir.
Ýaňykentlileriň diňe geçen wagty däl-de, eýsem geljek wagty-da adam jaýlaýyş dessurlarynyň üsti bilen göz öňüne getirendiklerini biz ýene bir täsin zatda görýäris. Geçmiş biziň üçin adaty we täsin zatlaryň, hadysalaryň, dessurlaryň baglanyşygyndan durýar. Geçmişe akyl ýetirme işiniň öndümliligini, açyşdan dolulygyny köplenç şol täsinlikler üpjün edýär. Biziň gözümize geň bolup görünýän zatlary öwrenmek, derňemek arkaly biz eždatlarymyzyň özboluşlylygyny emele getirýän durmuşa akyl ýetirýäris. Eger geçmişiň ähli zatlary biziň üçin adatylyk, ýagny öz häzirki durmuşymyzdan hiç hili tapawudy bolmadyk adatylyk bolup görünsedi, onda biz geçmişiň mazmunyna akyl ýetirmekden mahrum bolardyk. Täsinlik, geň-taňlyk akyl ýetirmäniň açary bolup durýar. Döredijilikli zehiniň ilkinji alamaty we esasy ukyby geň galyp bilmek ukybydyr. Özgeleriň gözi öwrenişen, olaryň hiç hili ähmiýet bermeýän zatlarynda geň-taňlygy, täsinligi görmek ukyby bolsa paýhaslylykdyr. Eger Nýuton almanyň şahadan ýere gaçmak ýaly barypýatan adaty hereketinde täsinligi görüp bilmedik bolsa, ol elbetde, özüniň beýik açyşyny edip bilmezdi.
Ýaňykentlileriň çaga jaýlaýyş dessurlary juda täsin, bu täsinligiň aňyrsynda bolsa olaryň dünýägaraýşynyň, ruhunyň özboluşlylygy gizlenip ýatyr.
Ýaňykent «Senetçiler etrabynyň» çäklerindäki gazuw işleri altynlylaryň çagalary ýaşaýyş jaýlarynyň edil aşagynda jaýlandyklarynyň üstüni açdy. Çagalar esasan diwarlaryň aşagynda, köplenç hem iki diwaryň çatrygynda jaýlanypdyr. Bular köplenç 1-2 ýaşlarynda ýogalan çagajyklardyr. Arheologlar olaryň jaýlanan ýerlerini häzir diwaryň aşagy diýip görkezýärler. Eger Ýaňykent şäheriniň ýaşaýyş jaýlarynyň bir öýlükden köp öýlülige geçiş görnüşinde gurlandygyny hasaba alsaň, onda çagalaryň diwaryň däl-de, ilkibaşda işigiň astynda jaýlanandygyny çaklamak bolar. Bu dessurda iki sany esasy pursat bada-bat göze ilýär: ilki bilen-ä jaýlanan çagalaryň juda ýaşajykdygy, tas bäbekdigi, onsoňam olaryň işik astynda jaýlanmagy. Soňky pursat maňa türkmenleriň häzirki işik bilen baglanyşykly yrymlarynyň iň ilkinji başlangyçlaryny şu dessur bilen baglamaga ýardam etdi. Bizde işikde durmak, işigi basmak, işikde salamlaşmak ýaman görülýär. Munuň düýp taryhy – ruhy sebäpleri Ýaňykentden gaýdýan bolmaly. Dogrudanam, bürünç eýýamyndaky dini dessurlaryny, ynançlaryny üýtgetmän gelýän bize ýakyn halklarda bu yrymyň manysy has oňat ýüze çykýar. Merkezi Hindistanda öli doglan ýa-da ýogalan bäbegiň jesedini toýun gaba salyp, işik astynda jaýlamak däbi häzir hem saklanyp galypdyr. Bu dessuryň manysy şundan ybarat: ýogalan bäbegiň ene-atasy şeýtmek bilen özleriniň ýene-de çagasynyň bolmagyna umyt baglaýarlar. Işik astynda ýatan bäbege ýene öýe gaýdyp gelmek ýeňil düşer hasaplanýar. Çünki ene-ata işikden hemişe girip-çykmak, jesediň üstünden eýlä-beýlä ätläp durmak bilen çaganyň ruhunyň gaýdyp gelmegine ýardam edýärmişler. Munda esasy orun enä degişlidir. Hut enäniň hemişe girip-çykmagy netijesinde ýerde ýatan çagada ýene onuň rehmine gaýdyp barmak mümkinçiligi döreýär. Ýene bir täsin ýeri, halklaryň käbirinde çaga dogrulanda, onuň bilen gelýän ýoldaşy işik astynda gömmek däbi saklanypdyr.
Yslamyň gelmegi bilen bu dessur bizde ýitip gidipdir. Indi ol başga görnüşde – ýogalan çaganyň öwezine çaga dilemek, oňa-da Öwez diýip at dakmak görnüşinde dowam edýär.
Görnüşi ýaly, ata-babalarymyzyň ynançlary olaryň däp-dessurlarynda ýüze çykypdyr. Gynançly ýeri, biz indi ol dessurlaryň diňe maddy galyndylarda saklanyp galanlaryny göz öňüne getirip bilýäris. Maddy barlykda yz goýmadyk dessurlar we ynançlar bolsa biziň üçin gutarnykly ýitirilendir.
Akyl ýetirmede täsinlik şeýdip şindiki adatylygy düşündirýär, onuň köklerini görkezýär. Ýöne biz akyl ýetirmäniň ikitaraplaýyn, ýagny dialektiki tebigatynyň bardygyny unutmaly däldiris. Diýmek, adatylyk hem öz gezeginde täsinligi düşündirmäge ukyplydyr. Bu hakykaty wagt jähetine geçirip aýdanyňda, diňe geçmiş şu güni däl, eýsem şu günüň hem geçmişi açmakda uly ähmiýeti bardyr. Ýaňykentlileriň ýokarky dessurynda bir aýratynlyk ünsi çekýär: näme üçin, ulular däl-de, diňe çagalar işik astynda jaýlanypdyr? Bu sowalyň açary biziň çaga merhumlara soňky garaýşymyzda ýatyr: çaga arassalykdyr, päklikdir. Eger şeýle bolsa, onda degişli dessurda diňe çaganyň gaýdyp gelmegine däl-de, eýsem onuň öýi goramak, aman saklamak ukybyna-da bil baglanypdyr. Könelerde işik astynda jaýlanan çaganyň päkligi öýi, ojagy her hili ýaramaz howplardan goraýar diýen ynanç bolupdyr. Ýöne bu many, bu ynanç has aşaky aň gatlagynda ýatan hakykatdyr. Ezeli adamlaryň öý-ojagy – daşarky nämälim, şonuň üçinem howplardan doly dünýäniň elinden alnan giňişlikdir. Şeýle giňişligi goramak işi diňe päk çagalaryň oňarjak işi hasap edilipdir. Işik, diwar – bular adamyň özleşdiren giňişligi bolan öý bilen onuň entek özleşdirilmelik giňişligi – tebigatyň arasyndaky serhetdir. Bu serhet mälimlik bilen nämälimligiň, aýanlyk bilen pynhamlygyň, ýagtylyk bilen garaňkylygyň arasyndaky serhetdir. Garaňkylykdan, nämälimlikden goranmak adamyň däl, islendik jandaryňam tebigy hereketidir. Goranmagyň adama mahsus iň oňat usuly bolsa nämälimligi ruhy taýdan özleşdirmek, ýagny oňa akyl ýetirmekdir. Diňe şondan soň adam özüni arkaýyn, azat duýup bilýär. Diýmek,
azatlyk – munuň özi özleşdirilen wagtdyr hem-de giňişlikdir.
Şu manyda adamzadyň bütin taryhy – munuň özi adamy gurşaýan wagtyň hem-de giňişligiň barha we barha doly özleşdirilmegidir.
Adamzat taryhynyň şu hili kesgitlemesi onuň geljegini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär: nämälimligi özleşdirmek ukyby mynasybetli Ýer şarynyň ýaşaýjysy bolan adam älemiň ýaşaýjysyna öwrüljekdir. Paleontologiýanyň şu wagta çenli eden açyşlary bir zady – Ýer ýüzünde şu wagta çenli nämälimligi özleşdirmek ukyply adamdan başga jandaryň bolmandygyny tassyklaýar.
Goranmak hökman gorky bilen baglanyşykly däldir. Ol ýöne howatyrlanmakdan, hüşgärlikden, seresaplykdan gelip çykýar. Adam – goragly jandardyr. Onuň gorag serişdesi bolsa akyl-paýhasdyr. Ähli haýwanatyň şeýle goragsyzlygy üçin hem adam olara ýüregi awamak bilen «janawer» diýýär.
Türkmenlerde jaýyň gapysynyň ýokarsynda, derwezäniň ýokarsynda teke şahyny asyp goýmak däbi ata-babalaryň gorag usullaryndan bize galan mirasdyr. Teke şahlary döwleti, rysgaly, garaz, eýýäm özleşdirilen giňişlikleri we olardaky ýaşaýşy goraýar.
Taryhy makalalar