12:29 Ýatlamasy kyn günler / hekaýa | |
ÝATLAMASY KYN GÜNLER
Hekaýalar
Şu ýyl hem Ýeňiş gününiň öňisyrasynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri giň otagda supralary ýazyp, bu dabaranyň iň arzyly myhmanlaryny tördäki hormatly orunlara çagyrdylar. Uruş weteranlary, uruşdan gaýdyp gelmedik esgerleriň yzynda galyp, mukaddes maşgala ojaklaryny ömürlik saklap oturan wepadar zenanlar, tygda zähmet çeken uruş ýyllarynyň ýetginjekleri bilen çaý başynda duşuşyp, söhbet etmek, hal-ýagdaýlary bilen gyzyklanmak, olara ýadygärlik sowgatlary gowşurmak biziň üçin iň arzyly däbe öwrüldi. Şol günki söhbetde hem uruş weteranlary front wakalaryny, tylda işlänler bolsa “Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!” diýip, jan- aýaman zähmet çekilen külpetli we ajy günleri ýatladylar. Bagtyýarlyk döwrüniň eşretli günlerine ýüzde müň şükür edip, bu bagtyýarlygyň gözbaşynda duran mähriban Arkadagymyzy alkyşladylar. Sarpaly myhmanlarymyz ençeme durmuş meseleleri barada mesawy söhbet edenlerinden soň, toý-baýramly, dabaraly günlerde, saglykda duşuşmagy birek-birege mähirli arzuw edip hoşlaşdylar. Şol günki dabarada men Güýzli agany ýatladym. Ol Bereket etrabynyň Joýruk obasynda eneden dogulypdy. Aşgabadyň pedagogik institutyny, Büzmeýiniň gurluşyk tehnikumyny tamamlapdy. Köp ýyllaryň dowamynda bilim ulgamynda we oba hojalygynda dürli wezipelerde işlän tejribeli adamdy. Ol kän gürlemeýän dymma kişileriň hilindendi. *** Güýzli aga – uruş weterany, obamyzyň uly-kiçisiniň hormatlaýan adamy. Durmuşda ýüze çykýan her dürli kyn we çylşyrymly meseleler galapyn şonuň gatnaşmagynda çözülýär. Mahlasy, ol häzir-häzirler hatardan galmak islemeýän gojalaryň biri. Ýyllar ýaşulynyň ýüzünde öz möhrüni tagmalapdyr. Ol kimdir birine ýüregini aşjak kişä çalym edenok. Daşyndan seretseň tutuky goja meňzeýän Güýzli aga bilen bir gezek içgin gürrüňdeş bolan adam ilkibaşdaky çakynyň hakykata laýyk gelmeýändigine tiz göz ýetirýär. Özüm-ä şu obanyň oglany bolamsoň, ýaşlygymdan bäri ony oňat tanaýaryn. Ýüregindäki niýetini ýaşyrman, göni orta oklaýan, öwrümsiz hereket etmegi halaýan, pynhan pikirsiz adamlaryň hilinden ol. Maslahat-geňeş isleseň, çekinmän ýüz tutubermelidir, pähim-paýhasyny, durmuş tejribesini gysganmany paýlaşar. Emma geçen söweş ýollary barada soranlarynda, ola galagoply ýyllaryň wakalaryny kynlyk bilen gürrüň berýär. Obamyzda jemgyýetçilik guramasynyň işgäri bolup işe başlan uçarlarynda häzirki ýaly baýramçylyk söhbetdeşligimizde ol meniň uruş barada köpçüligiň öňünde beren sowallarymy ünsli diňledi-de: - Beýleki esgerler ýaly duşman bilen söweşip kyn günleri başdan geçirdik. Olar bilen deň derejede order-medallara mynasyp boldum. Ýaralanyp, ikinji toparyň maýyby boldum, gutulyp, ýene-de fronta gitdim. Urşa gatnaşanlaryň we tylda zähmet çekenleriň ählisi eziz Watanymyzyň gahrymanlarydyr, oglum. Men ýene ujuz gutulypdyryn. Emma şol ýaralar häzirem aram-aram gozgap, ynjalyk berenok. Bedende galan gurşun bolsa günde-günaşa tutuş süňňümiň agyrmagyna sebäp bolýar-diýip söze başlady. “Eý-ho! Ýetmiş ýyldan köpüräk wagt günde-günaşada gozgaýan çäresiz dertden ejir çekip gezmek... Onda-da hiç kime zeýrenmäni, syr bildirmäni çekmek. Bu gerçek ynsanyň ýüzüniň tutuklygyny geň görmeli däl-de, gaýtam mertligine, giňligine, ägirtligine telpek goýmaly” diýip, men içimi gepletdim. Söweşdeş ýoldaşymyň armanly ölümini we uruşda çeken ezýetlerini ýatlanlarynda, gözleri çygjaran goja biraz wagtdan soň ýene-de özüni ele aldy: - Sag bolsun Arkadagymyz, bizi hiç zada mätäç edenok, bize gadyr -hormat guýup her ýyl baýramda sylaglaýar. Şypahanalarda mugut dynç alýarys. Döwlet tarapyndan berilýän ýardamlar hem köp. Ogul -gyzlarymyz okuwly, bilimli bolup, dürli ýerde, dürli kärde işleýärler. Täze döwürde agtyk çowluga, ýuwluga guwanyp ýaşamak nesip etdi-diýip, gürrüňini tamamlady. Öýlerine ugradyp barýarkam, men ýaşulydan tüýs ýüregimden ötünç soradym. - Artykmaç sorag berip, derdiňizi gozgaýdyk öýdýän. Kyn düşýän bolsa, ýatlamaň. Men oglanlara düşündirerin. Indi biz Sizi hasam aýamaly ahyryn. -Hawa, ol jeňi görenlerem hat-da tylda zähmet çekenlerem indi gitdigiçe azalyp barýar- diýip, Güýzli aga meniň soňuma çenli aýtmaga ýürek edip bilmedik pikirime düşünenligini mälim etdi. - Emma hut şonuň üçinem men bu gün size öň bermedik gürrüňleri berdim, inim. – birhaýukdan soň goja öz ýüregini hasam açdy – Hatda men ýatlamalaryny agtygyma ýazgy etdirip hem ugradym. Uruşy ýatlamak kyn, emma ýatalamaly bolajak öýdýän. Birmahallar men uruş barada hiç kime gürrüň bermezligi karar edipdim. Tiziräk ýatdan çykarasym gelýärdi. Emmä häzir ömrümiň ahyrky günlerinde ýowuz we gahrymançylykly günleri hakydamda janlandyryp, olaryň kyssasyny bu dünýäde goýup gitmegi borjum hasaplaýaryn. Ol, bir tarapdan, jeňde baş goýan gerçek ýaragdaşlaryama ödän parzym bolar, beýleki tarapdan bolsa parahatçylyga hyzmatym bolar. Çünki uruşuň elhençlikleri unudylmasa, ol gaýdyp gaýtalanmaz... *** Hawa, şol eden gürrüňimizden soň bir ýyl geçmänka Güýzli aga dünýesini täzeledi. Meniň elimde bolsa onuň agtygynyň eli bilen ýazylan küti ýatlamalar kitaby galdy. Ony çeper görnüşe getirmegi, mümkin bolsa çap etdirip, köpçülige ýetirmegi şol soňky söhbedimizde ýaşuly menden haýyş edipdi. Onuň wesýetini berjaý etmezlige meniň hakym ýok. Hawa iň ahyrynda Güýzli aga näçe kynam bolsa urşy ýatlamagy karar edipdi. *** Geçen ýylyň Ýeňiz gününiň dabarasynda Güýzli aga bilen gürrüňimiü uzaga çekdi. Çünki pursatdan peýdalanyp, ýaş işgärimiz oňa söweş ýoly has takygy ýaralanyşy barada sowal berdi. Bu gezek goja weteran sowala gysga jogap bilen nokat goýmaga howlukmady. - Halkymyzyň şöhratly taryhy bar. Uruş ýyllary barada gürrüň bermek kyn, ýöne gürrüň bermezlik ondan hem kyn – diýip gürrüňe başlady. – Uruş başlanynda, obamynzdan ilkinjileriň hatarynda Watan goragyna gitdim. Biz ilki Hazara deňziniň kenaryndaky port şähere çenli otlyda, ondan aňryk gämide gitmeli bolduk. Şondan soň ýene-de otluda ýolumyzy dowam etdirdik. Ahyrky duralgamyz Ukrainanyň şäherleriniň birindäki harby bölüm boldy. Wagt gyssaýardy, gysga möhletde harby düzgün-nyzamy öwrenmelidi. Dogrusy, täze uruş tehikalaryny, ýaraglaryny öwrenmek ýeňil düşmedi, ýöne gaýrat etdik. Jan alnyp, jan berilýän söweşe girenimizde tylda galan eneleriň, gelinleriň, ýetginjekleriň, gaýratly zähmet çekýändiklerini bilýärdik. Şol gowgaly ýyllaryň görkezen külpetleri beren jezasy öňde-soňda hiç zat bilen deňär ýaly däldir, ogullarym. Bir gün frontda şeýle waka boldy. Dneper derýasynyň sag kenaryndaky obany basypalyjylardan azat etmeklige taýýarlyk ýaýbaňlandyryldy. Söweşe berk taýýarlandyk, serenjamlar bilen üpjün edildik. Harby tehnikalaryň ýüzi hüjüm ediljek tarapa öwrüldi. Biz ok- ýaraglarymyzy birlaý gözden geçirip, aýgytly söweşe girmek üçin buýruga garaşýardyk. Esgerleriň arasynda düri milletleriň wekilleri bardy. Türkmenistandan bile gaýdan ýoldaşlarymyzyň arasyndan bir rus ýigidi bilen türgenleşik döwrümizden bäri dostlaşypdym. Nägehan uruş başlanmazdan birnäçe ýyl ozal, ol rus dili mugallymy hökmünde Türkmenistana iberilipdir. Adamkärçilikli, sada ýigit türkmeniň däp-dessurlarynam, dilinem öwrenen eken. Häzirki biziň azat etmeli obamyzda onuň hossarlary ýaşaýardy. Ol uruş başlanaly bäri hossarlaryndan hat-habar almandygy, oba azat edilse, hossarlary bilen didarlaşmak umydynyň bardygy barada maňa gürrrüň beripdi. Ýöne uruş uruş bolýar-da. Ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolunýar, jan alnyp, jan berilýär. Söweşde kimiň ölüp, kimiň başynyň aman galjakdygyny öňünden aýtmak mümkin däl. Esgerlerimiziň öňünde durup biljek güýç ýokdy. Olar Watanyň, halkyň azatlygy ugrunda söweşýändiklerini bilýärdiler. Duşmana bolan ýigrençlerini hiç zat bilen deňär ýaly däldi. Söweş turuwbaşdan gazaply başlandy. Zenzele, gopgun-gykylyk, dürli ýaraglardan atylýan oklaryň sesi beýniňi sarsdyryp, gulaklaryňy kamata getirýärdi. Niredendir bir ýerlerden düşen snarýad garymyň golaýynda güňleç ses edip ýaryldy. Gülleler, demir bölekleri, çar tarapa pytrap gitdi. Edil golaýjagymda ýene bir snarýad ýarylanda, birbada seňseläp huşumy ýitiripdirin. Demir bölekleriniň biri kelläme, biri aýagyma çümüp, agyr ýaralanypdyryn. Arasynda bir huşuma gelip, daş-töweregime ser salanymda, gyzyl gana boýalan rus dostumy gördüm. Snarýad onuň göwresini parça-parça edipdir... Hawa, uruş ýyllaryny ýatlamak örän kyn, ýatlamazlyk ondanam. Şahymerdan SARYOGLY. “Balkan” gazeti, 05.05.2016-njy ýyl. Surat: Dañatar Çaryýew / "Uruş ýyllary" | |
|
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |