16:50 Millet bölünişigi | |
MILLET BÖLÜNIŞIGI
Goşgular
“Bu dünýäde iki sany millet bar: Bir-ä aýallar milleti, Birem erkekler milleti.” A.Atabaýew. Tamyň arka ýüzünde akar suwly salma bar. Salmanyň boýunda mähnet çynar agajy otyr. Ýere ýyly gideli bäri çynaryň ýapraklary ýazylyşyp, kölegesi goýalyp ugrady. Onsoň bu ýer gyzjagazyň güýmenjeli mekanyna öwrüldi. Soňky wagtlar goňşy öýdenem bir oglanjyk her gün onuň ýanyna gelmäni çykardy. Iki bolup, guşlukdan tä günortana çenli çynaryň saýasynda bileje oýnamaga başladylar. Ilki-ilkiler çöp bilen ýeri çyzyp, bir zatlaryň suratyny çekerdiler. Günüň çogy artansoň, salmaň ýakasyndan laý alyp, eýläp, özleriçe dürli şekiljikleri ýasadylar. Ojak, tamdyr, tamjagaz... Bir gezek oglanjyk atyň şekilini ýasamaga synanyşyp gördi. Ýöne başarmady. Ýasan zadynyň göwresi gödeňsi, aýaklary ýogyn, kellesem togalak boldy. Gyzjagaz onuň ata däl-de, pile meňzeýändigini aýdyp, jykyr-jykyr güldi. Oglanjyk şo bada ýasan zadyny gysymynda mynçgalap, pozdy, tokgalady, birnäçe böleklere bölüp, gyzjagaza berdi. Gyzjagaz laý böleklerini eliniň aýasynda goýup, ýukajyk tegelek ýasady, ýüzüne çöpjagaz bilen dürtüşdirip: – Nan! Nan ýasadym! Meňzeýämi? – diýip, oglanjykdan sorady. Soň olar gara başlaryna gaý bolup, “çörek” ýasadylar. Toýa barýan aýallaryň biri bularyň gabadynda aýak çekip: – Waý-e-eý, Hudaý jan-eý! Entek suw ýylamanka bulaň bolup ýörüşlerini! Özlerem çyplaň. Üşänoklarmyka, gyz. O aňyrkyň-a aýagam ýalaňaç – diýdi. Aýallaryň beýlekisi oglanjyga garap: – Gyýw, hany seň köwşüň? – diýip, sorady. – Çalt köwşüňi geý! Dabanyňdan sowuk geçip, ertir sümügiňi saklap bilmän ýatarsyň. Kimiň ogly sen? Oglanjyk bilen gyzjagaz bolsa, tä ejeleri çagyrýança laýdan her dürli zatlar ýasap oýnadylar. Ertesi gyzjagazyň ýeke özi oýnamaly boldy. Oglanjyk gelmedi. Kakasy ony hekime alyp gitdi. – Sen indi goçak oglan bolmaly, sünnet etdirmeli. Sünnetsiz oglan goçak bolup bilmez. Düşünýäňmi? Şoň üçin hekimiň ýanynda zörledip, aglap ýatmagyn! – diýip, kakasy öwüt berdi. Erkek kişiler we aýallar sünnet edilen oglanjygy gutlap, pul-püçek berdiler. O pullary üýşürip, kakasy oglanjyga birgiden oýunjak satyn aldy. Çişirilýän pökgi, ýelimden ýasalan ýük ulagy, sökülip-düzülýän arabajyk... Şol günleriň birinde gyzjagazy hem lukmana äkitdiler. – Ulugyz bolupsyň. Gulagyňy deşdirmeli – diýip, ýolda ejesi düşündirdi. – Ynha, häzir lukman gulagyňy deşen wagty aglamanjyk oturmalysyň. Kakaň saňa altyn ysyrga-da äberjek diýýä. Gorkma, agyrdasy ýok. Gyzjagazyň gulagyny deşip, ondan wagtlaýynça sapajyk ötürip goýdular. Soň sapajygy aýryp, kiçijek, naşyja, gyrmyzy gaşly, altyn gulakhalka asdylar. Ejesi ýörite dükana gidip, gyzjagazyň özi bilen boýdaş bolup duran, mawy gözli, sary saçly gurjak satyn alyp berdi. Gurjagyň saçyny darar ýaly kinniwanja darak, ýüz görülýän tegelejik aýna äberdiler. Saça goşulyp örülýän dürli reňkli lentajyklar bolsa, gyzjagazyň özünde bardy. Birnäçe günden soň gulpagyny tasadyp, suwly salmanyň ýakasynda gyzjagaz peýda boldy. Ýanynda gurjagy, elinde-de aýna-daragy hem lentajyklary. – Saçyňy goşa örüm edip bereýinmi? Nähili lenta dakaýyn? Gyzylyny halaýaňmy? – diýip, ol gurjagy bilen “maslahat” edensoň, “işe” başlady. Şol wagt ýelimden ýasalan ýük ulagynyň yzyna arabajygyny tirkäp, şowhun turzup: – Düýt-düýt! Sowluň ýoldan! Maşyn gelýär! Dü-dü-üýt! – diýip, oglanjygam ýetip geldi. Bir ýerde, bir çynaryň saýasynda ýene-de bileje oýnap başladylar. Laýdan bilelikde odujak-budujak ýasamagyň möwriti ötüpdi. Indi olaryň hersi öz dünýäsi bilen gümra. Her kim öz oýunjagyny oýnaýar. 24-nji iýul, 2016-njy ýyl. Mary. | |
|
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
√ Ol hojanyň aýagy batga batyp galanda... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |