18:23 Ýoknasyz ýylgyryş / gara ýumor 18+ | |
ÝOKNASYZ ÝYLGYRYŞ
Hekaýalar
Kelläňe gelen zady edip, agzyňa gelen gepi gepläp ýörmegiň (esasan hem kelläňe gelen birgiden zadyň) gowlugyň üstünden eltmejegi anyk-la. Hawa, herhalda hem orta bir söz oklap goýberip, soňam ony ýuwmarlamak üçin gülüp-ýylgyryp adamlaryň gaharyny basjak bolýan. Şunuň üçindir-dä aýalym: — Sen hemişe bir bolgusyz gep aýdyp, ýaramaz zatlaryň başlangyjy bolýaň — diýdi.— Ýene bu hem az ýaly, ýylgyryp adamlaryň üstünden gülýäň, bolmanda it ýylgyryşyny edýäň. Aýalymyň janygyp aýdýan kesgitlemesine ýüzümi kese sowup ýylgyrdym: — Aý, edil bir beýle däldir-le?! — Ýok, hut şeýle şo — diýip, aýalym ýer depip, diýenini tutdy. Menem: “Aý bolýa-da, kyýamat-ahyrzaman gopduraýdyň-la” diýip, ellerimi galgatdym. Soňam idili çaý-suw bolmajagyna göz ýetirip, beýläme öwrülip gyşardym-da, gözlerimi ýumdum. Peýşin çagy gyşaranyma boldumy nämemi, garaz maňa turmak aňsat bolmady, asyl turanymda uly kynçylyklardan ýatyp geçendigimi, ýagny kynçylyklar men ýatyrkam geçip gidendigini duýdum. Turanymda san-sajaksyz mähelläniň birýana howlugyp barýan ýerinde durandygymy aňşyrdym. Tanaýan-bilýän adamlarym däl, duran ýerimem gören ýerim däl. Asyl pikir edişim ýaly däl eken, kynçylyklar indi başlandy öýdýän. Garaz, biri gulagyma pyşyrdap habar beren ýaly, Kyýamat gopandygyny, özümiň hem ölendigimi duýdum. Ikindi çagy. Gün aýylganç bolup gyzaryp durka, aňyrsy görünmeýän uzyn ýoluň gyrasynda gapdalymdan gaýda-gaýmalaşyk halda geçip barýan alabeder mähellä tiňkämi dikip durşuma “Ýeke özüm ölmändirin, malades-eý” diýenimi duýman galypdyryn. “İl bilen gelen toýda-baýram”. Soňra menem-ä howlukmalydyryn diýip, eýläme-beýläme garap, parhsyz halda sag elimiň süýem barmagy bilen howada tegelek şekil çyzyp, “Onda ilki biziň hemmämiz, ýagny ýer ýüzündäki ýedi milliard adamlar bilen bile ölüpdiris, soňam öňki näçe müň ýyl ozalky merhumlar bilen bilelikde haşra turuzylypdyrys” diýip, pelsepe satan boldum. “Her näme-de bolsa, biziň ýagdaýymyz öňki merhumlardan gowy ýalydy”… Haşr mynasybetli gaty gyzdyrylan Gün hem depäňi deşip, beýniňi eredip barýar. Öňi-ardy bilinmeýän bu giden mähelläniň nädip gürmegine goşuljagymy bilmän durkam, bolmalysy şeýlemi ýa-da perişdeleriň gahary geldimi, birden lentany saradan ýaly, meni edil Mizan tereziniň gapdalynda gögerdäýdiler. Bu-ha ýöne düýşüňde düýş gören ýaly boldy. Mizany göremde aklym uçdy, pagta ölçelýän tereziden başga gören uly terezim barmy diýsene. Perişde diýilýän pyýadalaram atan-satan bir zatlar, kaçok sportsmenler dagy olaryň ýanynda üçünji klasyň okuwçylary ýaly. Men-ä edil jennete girip biljegime ynamym gaty bir kämil bolmasa-da, näme aýtsalar sesimi çykarman siziňki dogry, indiki aýtjagyňyz hem dogry diýip dursam belki zat degmezler, şonuň üçin näme diýseler razylaşaýyn diýip äht etdim. Perişdelerem adam bolmasalaram adamçylyk ederler, düşünjek bolarlar öýtdüm. Ýok, perişdeler hakykatdanam perişde ekenler. Olar ilki hiç zat diýmeýän ekenler, ýöne gözüňe görkezýän eken. Men indi düşündim, seniň gözüňe görkezerin diýen haýbatly söz düzümini perişdeler tapan bolmaly. Haýsy ýerden tapypdyrlar bilemok, ine birden garşymda öňräk tanşyp, söýşen, gatnaşyk eden gelnim peýda boldy. Baý, üzümiň suwy ýalyjak zatdy-aý. Edil häzir bu peşşap ýaly perişdeleriň gazabyndan bir sukum bolup dur biçäre. Wah, özem meni gaty gowy görýärdi-dä garabagt. Menem ony erbet göremokdym. Ikiçäk galýan wagtlarymyz ilkinji pursatda jalbarymyň kemerini gyssanmaç çözüp, edil suwsap gelen mal ýaly agzyna salyp soruşyna çydaman, keýpim kelläme çykyp, "perişdäm!" diýip gygyrýanym ýadyma düşýär. (Soňra Mizan sudunyň dowamynda bir wagt bu gelne perişdäm diýenim üçinem gahary gelen perişdelerden şepender iýdim, hullasy, kella gelen gepi gepläbermeli däl eken). — Beý-bää, men derrew düşündim. Meniň uly günäm şu gelin bilen eden zynalarym bolmaly. Eden jenaýatym, ýagny zynaýatym üçin indi bu peläket perişdeler jeza bermekçidirler?! Hä, bolýa, ölüpdirin, taň edipdirin, ölenimi bilmän galanym, ajal peşşaby jenap jan alyjy, muhtarem Mälikil-Möwt tarapyndan maňa berlen bonus bolmaly. Ýöne indi bu ýüzügaraçylygy aýtsana. Allatagala siziň gizlinlikde edýän işleriňizden äşgär-habardardyr — diýip, bir ýerde-hä okapdym. Şu wagt kitap nirden ýadyňa gelýär diýip özüme käýindim. Kitap ýadyňa düşmeli wagty aýal-gyzlaryň öňünden-ardyndan baryp haýwanyň etmejek işlerini etdiň doňuz diýip käýindim. Öz käýinjime özümiň ýüzümiň gyzýandygyny duýýan. Içimden gelýän ses özümki däl ýaly-la, wiý, bi perişdeleriň owazy eken-le. Misli içimden gaýdýan ýaly, edil özümki deý ol sesler. Blýäää, bu gelnem bu ýere süderläp getirip… A-how, onuň arkasynda ýüzüni sortduryp duran murtly ýigit ärimikä? Ýüzünden gar ýagýar welin, kazýol perişdeler eýýäm seň aýalyň şeýleräk işler edýärdi, ine hol duranam seň namysyňy depeleýän gurrumsak diýip ýetiripdirler öýdýän. Bu sowuk pikir gelniň murtlak äriniň doňan ýüzüne bakanymda döredi. Mizan tereziniň garşysynda suw der bolup, süllümbaý ezilip durkam geçip-ötüp duran perişdelerem çalaja kak-sok edip geçýärlerem weli, şonda-da dişimi gysyp durun. Emma başga bir bisakal perişdäniň agzyny gyşardyp, jynaza düşmeýän zynaçy müflis diýip sammyrdap duranyny eşidip, girre gaharym geldi. "Seňki näme-eý, siz näme menden idilimi häli, maňa gepleýänçäň bar-da, Babyl guýusynda esbabyndan asylyp goýlan Harut-Marudyňyzy oňaraýyň-da" diýesim geldi. Men-ä etsem özüm ýaly adam bilen edipdirin, siz how perişde halyňyza gelip biziň aýallarymyzy azdyryp başlajak bolduňyz-a. Bi, o tüki adam bilen haýwanyň ýanaşygy ýaly bolmazmy-aý, diýjek boldum weli, bu äteňetler boý bezprawiladaky ýaly çöwrüp taşlaýmasynlar diýip gysmaly ýerimi gysyp duruberdim. Onsaň aý hawa-da ýogsa näme kyýamat güni hemmämiz birden ýörän bolsak kim bize jynaza okasyn, kim döwri-iskat etsin walla diýip ýaňky perişdäniň yzyndan ýylgyran boldum. Adamlaryň millionlap ruhlary howlukmaç geçip durlar. Bize bolsa, butnaman durmak buýrulan ýaly, gelin-ä äriniň gapdalynda, men bolsa, ýeke özüm durun. Hälem aýalym ýok. “Be, o nirdekä” diýip oýlandym. Bizi näçe uzak saklasalar, şonça lezzet alýan ýaly perişdeler hem gyssanaýyn diýenoklar. Ahyry günä-sogaplarymyzy degşirip, ýazyklarymyzy ýüzümize basyp başladylar. Kyýamat güni eden günä işleriň boýunça derňew geçirilende beden agzalaryň dile gelip, gepläp, eýesiniň eden günälerine şaýat durýarmyş diýärler. Aý, meň-ä beden agzalaryma geplemäge wagtam bolmady. Onsuz hem ähli zat açyk-aýdyň. Bizi sud edýän perişdäniň: “Yslama ters gelýän, müslime gelişmeýän zyna işleriňiz…” diýip başlanyndan, töweregimizde ejem, dädem, atam, enem, mamam, babam dagy peýda boldular. Zyna eden gelnimiň hem ataeneleri ýetip geldiler. Baý-ba, ine masgaraçylyk. Ejemjan başyny ýerden galdyryp bilenok. Dädem agyr öwhüldäp, meň ýaly ogul ýetişdirenine puşman edýän dek… Babam-a “Hüh, ataňa nälet” diýip, ýüzünigözüni pozup dur. Men-ä näçe çydajak bolsamam, perişdeleriň bi edip duran diýdimzorlugyna (diktaturasyna) sabyr-käsäm doldy. — Wapşe sizde özi ynsap barmy how, beýdip adamy masgara etmek bolarmy-ow — diýip goýberdim, ýa-da diýjek boldum. Garaz, mizan tereziniň öňünde geplemäge rugsat berilmese, agzyňy açmak bolmaýan eken. Paýymy berdi perişdeler. Men barybir aýtjagymy aýdyp galdym. — Öňi-soňy beýdip masgara etjekdigiňizi bilen bolanymda, şü gelin bilen aç-açan, göre-gündiziň günortanynda hiç kimden gizlenmän, etjegimi ederdim — diýip sugşurdym. Şolarada perişdeleriň arasy bilen geçip gelip gelnimiň äri hem ýakamdan tutan bolýa. Perişdeler hem bu piturlygy hezil edip synlaýarlar. Dişlerini syrtardyp ýylgyran bolýarlar. Günä özümde bolandan soň geplemän durun. Gelin bilen ikiçäk galanymyzda mesewa gürleşip oturýardyk, şonda ýoldaşym gaharjaňrak, sähel zada hem gyzyberýär diýýärdi. Aý, häzir sähel zat däl-dä, diýip içimden oýlap ýene ýylgyraýýan. Endik-dä… Söýglimiň gaharjaň ärini gujaklap, “Dur, dur” diýip, köşeşdirjek boldum. — Beýdibermesene! Atesleriň, mamaşlaryň alnynda beýdişip durmaly-la, how! Perişdelere-hä pohhuý. Olar masgara bolanok, biz bolýas. 5-10 metr gapdalymyzda Jennetiň gapysy. Agzybirje bolup, gireli brat! - diýdim. Ýigit namysjaň eken. Gahary häli ýatyşmadyk şekilli. Ýakamdan ebşitläp tutup, goýbererli däl. Edýän zadam ýok weli, “Ejeň s…” diýip sögünýär. Menem: “Sen ejemi sorama. Oň ýanynda murtlak dädem bar” diýip, “Bir zat diýseň edil pilsapy ýaly edip sokar seňkä” diýip aýdaýjak bolýan. Geline seretsem, olam “Özüň bir zat edäýmeseň, men-ä halys başymy çaşyrdym. Ýalan dünýäde-hä ýalan-çyn bilen başa gelen her beladan baş alyp çykyp bilýärdiň” diýýän ýaly göründi. Onsoň derrew özümi ele alyp, çynlakaý keşbe girip, söýgülimiň ärine: — Çyn dünýäde ýalan dünýäniň söwdasyny gozgamaly, gardaş — diýdim.— Aslynda seň gelniň seni söýýärdi. Men bir ara düşen eşek. Aldaw-hile bilen maşgalaňy zyna etmäge yrdym. Bedenini ulandym. Emma gelinjigiň ruhy, kalby seniň bilendi. (Bu sözleri aýdanymda ýeserje ýylgyrýanymy bilýän). Ýalan dünýäde wagtymyz, her gezek ikiçäk galan pursatlarymyz “Çyn söýgülim sen” diýip, ýaňagyndan ogşaýan gelinjigim bir jynssyz gygyryp, üstüme topuldy. — Häli men haçan şeýle diýipdim, gurrumsak — diýip, gelin gelişine ýüzi-gözüm diýmän, ýumruklap ugrady. — Men tenim bilenem, ruhum bilenem diňe seniňki diýip ant içipler aýtmanmydym. Şo wagtam, şu wagtam men şony aýdýaryn. Ýetmiş müň perişdesi bilen Allajanyň özi gelip soraga tutsa-da, aýtjagym şo gep diýmänmidim?! *** Kyýamat hem gopmandyr. Menem ölmändirin. Ikindi bilen agşamyň arasynda berk uklap basyrganypdyryn. Hiç zat bolmadyk ýaly dikelip oturyp palladym. Dabanymy gart-gart gaşaýan. Dabanymy gart-gart gaşaýşym dagy Nikuline gaýra dur diýär. Gerinip, ýerimden galýan. “Dünýäniň düýbi düýşdür, düýş görseň, soňy puçdur” diýýärmi Magtymguly atamyz?! Entegem bu zatlaryň düýş bolup, sowulyp geçeni hem gowy zat. 04.10.2019 Sankt-Peterburg. | |
|
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 15 | ||||||||||||||||
| ||||||||||||||||