11:41

Gözel ýigrim bäş

GÖZEL ÝIGRIM BÄŞ

■ Köne türkmen elipbiýi we Şeýdaýy

Köne döwürde türkmenleriñ öz elipbiýi bolupdyr. Ol elipbiý tä XVIII asyra çenli kem-käsleýin bolsa-da, ulanylypdyr. Soñra arap elipbiýiniñ we musulman dininiñ zor salmagy bilen biziñ milli elipbiýimiz ýitip gidipdir. Bu elipbiýde ýazlan kitaplar-da ýok edilipdir. Türkmen edebiýatynda aýratyn orun tutýan klassyk şahyrymyz Şeýdaýynyñ (1730-1800) ”Gözel ýigrim bäş”atly  gussaly şygry türkmenleriñ öz milli elipbiýi barada täsin maglumat berýär.
Bu şygyrdan çen tutsañ, onda gürrüñi edilýän türkmen elipbiýinde 25 sany harp bolup,  onuñ 7-si çekimli, 18-de çekimsiz sesleri añladýan eken. Şahyryñ ”Bu wagt kem-käs tutarlar” diýmesi bolsa, ol elipbiýiñ entek şahyryñ ýaşan döwründe, bary-ýogy mundan 250 ýyl öñ hem  ulanyşdan doly galmandygyny añladýar.

■ GÖZEL ÝIGRIM BÄŞ

Şeýle gulaga ýakymly,
Sözledim, gözel ýigrim bäş.
Niçe owazy çekimli,
Yzladym, gözel ýigrim bäş.

Bu gün ornuñ boldy belli,
Bul amanat, telli-pelli,
Ösdürip şol güne çenli,
Gizledim, gözel ýigrim bäş. 

Arzuw edip, ýete bilmen,
Görünip dur, tuta bilmen,
Maly-dünýä sata bilmen,
Uzladym, gözel ýigrim bäş. 

Ýedisinden owaz çykyp,
On sekizin tartar çekip,
Üç müñ ýaşda ömrüñ ýakyp,
Bozladym, gözel ýigrim bäş. 

Matam, mersiýe, Şakandy
Ýazyp geçmiş niçe bendi,
Okyp ýat ederler şindi,
Gözledim, gözel ýigrim bäş. 

Şeýdaýy diýr, bar beterler,
Seniñ üçin ýas tutarlar,
Bu wagt kem-käs tutarlar,
Ýiter sen, gözel ýigrim bäş.

Категория: Goşgular | Просмотров: 890 | Добавил: Нawеran | Теги: Şeýdaýy | Рейтинг: 4.3/7
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Н.Ф.Щербине / Goşgular - 04.02.2023
Aşyk bolmuşam / Goşgular - 14.02.2023
«В ушах два свиста: шёлка и метели!..» / Goşgular - 27.01.2023
«Плещут в море волны…» / Goşgular - 22.01.2023
Фритьоф Нансен / Goşgular - 06.02.2023
По поводу сборников «Русские символисты» / Goşgular - 22.01.2023
Ода LVI / Goşgular - 06.01.2023
Durmuşy deňeşdirme / Goşgular - 08.01.2023
Süýnen ýyldyzym / Goşgular - 06.01.2023
Подражание арабскому / Goşgular - 03.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]