10:26

Ahyrzaman

AHYRZAMAN

Niçe iş eý, gapyl-a, geldi kyýamatdan nyşan,
Ruzu-şep zalymaryñdyr içgeni göýä ki gan,
Hiç pukara halyny sormaz adalat birle han,
Harsydünýäge uýup, ýagşylar olmuşlar ýaman,
Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman.

Zalymy-süýthorlary bolmuş Hudadan bihabar,
Pany dünýäni baka diýip, ýygnaýurlar simu-zer,
Pasyky-murdarlary mesjit sary kylmaz güzer,
Eýlemez alymga yzzat hem şerigatga nazar,
Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman.

Birniçe gapyllar olmuşdur giriftary-bela,
Gije-gündiz nefs üçin ýüz müñ belaga mübtela,
Bagzy adam bir-birini iýgi dekdir gunýa,
Galmamyşdyr bagzy adamlarda abruýy-haýa,
Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman.

Gelturur alym sözige üşbu alymlar bedel,
Birniçe alym özi öz ylmyna kylmaz amal,
Nefs işin jäht edip, eýlär namazyny haýal,
Kimseler sanmaz geler diýp, nobaty-mergi-ajal,
Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman.

Halk era harsy-haram doldy, kanagat galmady,
Mähr menyg oldy, sahylarda sahawat galmady,
Iýp haram takwa bilen, derwüşde tagat galmady,
Pygly bet baýdan pakyrlarga kifaýat galmady,
Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman.[1]

Ýörüdip kesbi-haram, haýr işigin ýapmak bile,
Pygly betler artadyr, bihet bela tapmak bile,
Ýow bolup iki musulman bir-birin çapmak bile,
Geldi müñ dürli bela, şer üzre şer gopmak bile,
Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman.

Birniçelerniñ işi içgi, arakdyr elmydam,
Birniçelerniñ işi zowky-zynadyr subhu-şam,
Birniçelerniñ işidir kaýda bir kesbi-haram,
Bu sebäpden egsilipdir hormaty-ylmu-kelam,
Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman.

Diýdi Şeýdaýy, günä derýasy gark etmiş meni,
Emri-maruf işlerin tutsam diýban jähdim kany,
Kimse ýagşy, kimse ýaman, kimse bilmez kimsäni,
Ogul atadan kethudadyr, gyz eneden keýwany,
Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman.

ŞEÝDAÝY.
_______________________________________
[1]Bu bendiñ aşakdaky ýaly warianty hem bar:

Pähm edip, bu halk era hiç bir kanagat galmady,
Çün bahyl boldy, sahylarda sahawat galmady,
Pygly bet baýdan pakyrlarga kifaýat galmady,
Iýp haramy lukma, derwüşlerde tagat galmady,
Eý ýaranlar, bes niçik kim bolmasyn ahyrzaman.
Категория: Goşgular | Просмотров: 510 | Добавил: Нawеran | Теги: Şeýdaýy | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Esgerlikden ýaňy geläýen günlem... / Goşgular - 06.01.2023
Лиле Эфрон / Goşgular - 29.01.2023
Голод / Goşgular - 14.01.2023
Астроном и агроном, в гастрономе «Метроном» / Goşgular - 06.02.2023
Beýle ýagdaý bolmawersin her kimde... / Goşgular - 13.01.2023
Janserek / Goşgular - 08.01.2023
«Хорошо одному у окна!..» / Goşgular - 05.01.2023
В эти дни / Goşgular - 05.02.2023
Bagyşla, ezizim! / Goşgular - 06.01.2023
«Уж если кораллы на шее…» / Goşgular - 09.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]