15:00 Aktýor | |
АKTÝOR
Goşgular
Ýok, ýoldaş direktor, bagyşlaň, Sizden Henizem gitmändir oglanlyk, ýaşlyk. Siz öz işgärňizi tanamansyňyz, Bu – ýalňyşlyk, özem gödek ýalňyşlyk. Bilýäňizmi häzir näme diýýäňiz, Meni haýsy ýola iterýänňizi?! Ýagynyň kalby dek bir gara kalby Maňa sowgat diýip getirýänňizi?! Siz-ä biri bilen käýişipsiňiz, Ar almaň küýünde geçipdir günem. Ah, indem ýygnakda geýmelimişim Garalawjyň gara lybasyn menem. Hötdesinden geljekmişim durmuşda. Kezzabyň obrazyn döretmekligiň. Ýok, siz ýalňyşýaňyz... Dogry sahnada Töhmetimden örtenipdi köp göwün. Bir gün gybatçydym, bir gün Ugurly, Eşidýänim gargyş, ahy-perýatdy. Ýekeje gyzymy ganhor Nedire Hödürlemek meniň üçin hiç zatdy. Bir gün parahordym, bir-günem dönük, Bolupdym men ile belli sähne-de. Ýöne weli seýle düýpli öwrülşik Geçerdi, direktor diňe sahnada. Durmuşda!.. Eşdip goý, eger kalbymdan çykmasa, bir, sözem diýip bilmerin. Sahnada müň geýen lybasym Durmuşda bir sapar geýip bilmerin. Sahnadyr durmuşyň çägi nirede?! Şu barada oýlanmagňyz gerekdir. Ýok men töhmetçi däl, henizem pille, Gaýdyp al sözüňi, ýoldaş direktor. ■ DIRIŽÝOR Düýn ol hakda başga gürrüň eşdipdik, Ýakymly, hoş habar getirmändi düýn. A bu gün!.. Jadyly taýagy onuň Galgaýar ýene-de... Çykanok ses-üýn. Zal şeýlebir dymýar, şeýlebir dymýar, Dymýar, Dymmaklyga höküm berlen dek. Diňe bir jadyly taýak taryhyň Çözleýär gatyny gözne urlan dek. Garaňka bukulan ýyllar barada Gürrüňe başlaýar – dynman galgaýar. Bir ene aglaýar... Oň gözýaşynam Ýaltanman, ýaýdanman zala paýlaýar. Gözýaş seçelenýär giden giň zala, Hiç kes butnap bilenok öz ýerinden. Taýajyk kem-kemden dönüp labyra, Basýar diňleýjileň gerdenlerinden. Basýar diňleýjileň gerdenlerinden, Gazaply günlerden söz açýan mukam... Adatça, şadyýan gutarýar sazlar, Bu mukamam şeýdip soňlanarmykan?! Elbetde, şeýle bor, ynha, hä diýmän Zaldakylaň ýüki ýeňlär, gowluk bor Görýäň-ä, soňlama ýetmeklik üçin Howlukýar dirižýor, örän howlukýar. Howlukýar, soňlama ýetmekden başga Häzir oňa müşgil zat ýok dünýäde, Hatda, düýnki şum habary ýaýradan Ýürek agyrsynam salanok ýada. Hiç bir zat, hiç bir zat, düşenok ýada. Maňlaýyndan burçak-burçak der akýar. Adamlaň derdini ýeňletmek üçin Howlukýar dirižýor, örän howlukýar. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Öwün / Goşgular - 25.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |