13:26 Albert Eýnşteýn | |
ALBERT EÝNŞTEÝN
Goşgular
– Eýnşteýn çaga, wagtyndan ir, onda-da tragiki ir doglan çaga... (N.Pogodiniň pýesasyndan) Bir ýerde togtamak günädir-günä, Bar zada hemişe hereket gerek. Şu beýik kanuna boýun egdi-de Ol äpet ädimin ätdi bir gezek. Ol ädim müň syryň syryp perdesin Getirdi özüniň müňlerçe syryn. Taryhyň, Geçmişiň jemin jemledi, Başlangyjy boldy täze asyryň. Arman, ol ädimleň ilkinji ody Ganhor betpälleriň elinde ýandy. Dünýäň bagty üçin dökülen derler Dünýämize bela bolup abandy. Gezdi alym ýakasyny penjeläp, Gijelerne tüssä gardy gözýaşyn. Ýalbardy «Bu işi gizläliň ilden...» Nätjek, diňlän tapylmady haýyşyn. Gaýtam oň sözüni aldylar ýaňsa, Gülki, gyjyt, bile jogap berdiler. «Syýasatdan başyň çykmaýan bolsa Bu zatlara goşulma-da geziber». Çaga deý boýnuny burup bardy ol, Düýnki çagalaryň-şägirtleň ýanna. Arz etdi bagtyndan hem ykbalyndan, Ökündi ädikçi bolup dogmanna. Başarsa özüniň bütin ömrüni, Ädikçiniň bir gününe berjekdi. Wagtyndan ir dünýä geleni üçin Çekdi, ýalňyzlygyň derdini çekdi. Töweregini gurşap alan betpälleň Hiç biri-de duýmady oň maksadyn. ...Ýaşamak aňsat däl ir doglana-da, Herhal hiç gelmekden Hudaý saklasyn. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Yşk etegin tutmak gerek... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |