21:08 Altyn gupba / hekaýa | |
ALTYN GUPBA
Hekaýalar
Dürli köp çagaly maşgalada önüp-ösensoň, gaýyn öýüniň aglaklygyna birbada öwrenişip bilmedi. Ýogsam ol Nurlynyň biriniň ýalňyz perzendidigini bilmän duranokdy. Ol gelinlik dünýäsine dolansoň, ýalňyzlygy duýmaryn öýdüpdi. Ýöne gaýyn enesem, ýanýoldaşy Nurly-da toýdan soň işli-işi bilen boldy. Şarňyldap duran giň öýde ýeke galan Dürli gelinsiräp uzak oturyp bilmedi. Içeriniň işini bir ýan ýüzli edensoň, hemişeki endigine görä eline iňňe- sapak alyp, keşde çekip başlady. Onuň çeken keşdelerini gören gelin-gyzlar Nurlynyň eli çeper gelniniň bardygyny bütin oba derrew ýaýaratdylar. Obanyň gelin-gyzlarynyň käsi onuň ýanyna nysga öwrenmäge gelse, käsi ýakasyny bejertmek üçin gelýärdi. Şonuň üçinem olaryň öýleriniň gelim-gidimi egsilmeýärdi. Sebäp çekýän keşdeleriniň nepis bolşy ýaly, Dürliniň ýüregi-de açykdy. Gyzlara keşde çekmegiň, biçim-tikimiň usullaryny öwretmäge ýaltanmazdy. Gaýta ol gyzlary öz ýanynda has köp saklamak isleýärdi. Şonuň üçinem onuň öýde ýeke bolýan mahaly azdy. Goňşy gelin salam berip girende ol Dürliniň ýeke özüdigine geň galdy. - Geň göräýmeli gyz, Dürli ýeke oturanyňy. Saglykmy, sag-aman oturanmysyňyz. Dürli goňşy gelni mähir bilen garşylady: - Hudaýa şükür. Geliň, geçiň. Özüňizem oňatmy, Şiringözel. Çagalar neneň? Gyzlar ýaňyja gaýtdylar. - Hä-ä, şeýlemi. Dürli ýeke özüňligiň bähbit bolaýdy. Men seniň ýanyňa işlije geldim. Kyn görmeseň, biraz wagtyňy alaýyn. Men seniň çekýän keşdeleriň höwesinde. Şoň üçinem şu gün ýöriteläp ýanyňa geldim. Bir zady seň bilen maslahatlaşaýyn diýdim. Dürli mydamaky ilgezikligi bilen jogap berdi. - Başarýan işim bolsa, janym bilen. Bir käse çaýyň başynda maslahatlaşaýarys, gel, geç. Şiringözel Dürliniň bejerip oturan ýakasyny içgin-içgin synlady. - Dürli, sen biziň altyn-kümüş şaýlary ýasaýandygymyzy bilýansiň-le. Iş-alada bilen goňşy öýe çykmaga-da wagt tapmadyksyraýas. Dul degşir goňşy bolsagam baryş-gelişe wagt ýok. Ýöne möhümiň bolsa, wagtam, beýlekem tapylýan eken. – Hawa-da menem heniz siziň obaňyza beletçiligim bolmansoň, çykyp ýöremok-da. Ýögsa-da, Gülnäz jan häli-şindi gelip dur, meni ýekesiredenok. Özem keşdeleri inçeden çekmegiň ölemen höwesinde. Şoda bir gowy zat. Ýogsa-da onuň ýakasyndaky gülýakany görüp, höwes etdim. Juda nepis ýasapsyň. - Gülnäz janyň seniň ýanyňa gatnaýanyna, keşde çekmäge höwesekligine menem begenýän. Okuwdan boş mahaly gyz çaga tikin-çatyn, öý-içeri bilen gyzyksa, oňa ýetesi zat ýok. Bu türkmeniň milli mirasynyň ebediligine şaýat. Men Gülnäziň gülýakasyny gaty köp iş edindim. Gyzym üçin henize çenli görülmedik nusga ýasasym geldi. Ýöne başarmadym öýdýän. - Meň üçin-ä ol juda nepis ýasalypdyr. Ýogsa-da sen zergärçiligi haçan öwrendiň. Göwnüme bolmasa, ol erkek adamyň işi ýaly bolup dur. - Daşyndan seredeniňde ol şeýledir. Ýöne aýal maşgalanyň ýasan şaýy bilen erkek adamynyň elinden çykan işiň tapawudy barmyka diýýän. Sebäp aýal maşgala eden işine ýürekden ýapyşýar, oňa yhlas bilen mähir berýär. - Şiringözel, men seň bilen ylalaşsamam ylalaşardym weli, üstünden asyrlar aşan dagdanlar, gülýakalar, bilezikler, asyklar mähirsiz ýasalypdyr diýip biljek däl. Gadymky zergärleriň ussatlygynyň çeni-çaky ýok. Olaryň elinden çykan işleriň her biri gaýtalanmajak sungat. - Dürli, men zergärleriň ussatlygyny inkär etjek bolamok. Türkmen zergärleriniň işi dünýä belli. Olaryň nepisligini hem hiç zat bilen deňär ýaly däl. Ýöne şu wagt men başga bir zat diýmekçi boldum. Görýäňmi, soňky döwürde sungatymyzyň ähli ugurlary bilen bilelikde, zergärçigimizem barha kämilleşýär. Ussalar döwre görä şaý-sep ýasmagyň aladasynda. Menem seň bilen bir zady maslahatlaşmaga geldim. Seniň çekýän keşdeleriň inçeligini, nepisligini öz ýasaýan şaýlaryma geçirmegi arzuw edýän. Onuň üçinem maňa seň maslahatyň gerek. -Şiringözel, keşde çekmäni öwret diýseň, men taýýar. Täze nusga gerek bolsa-da mende näçe diýseň bar. Ýöne kümüş şaýlara nähili nagyşlaryň salynýandygyna men näbelet. Oýma diýdi, ismi diýdi, garaz, keşde çeken ýaly däl. Hakyky sungat olar. - Näme seniň çekýän keşdeleriň sungat dälmi? Şeýle keşdeleri çekmek üçinem zenin, yhlas gerek. Özüňem elde çekilen keşde bilen kompýutorda bejerilen ýakanyň tapawudyny baý, duýýansyň-a. Sen öz çekýän keşdeleriňe nähili mähir, yhlas berýän bolsaň, edil şoň ýaly zergärlerem öz ýasaýan şaýlaryna ýürek mährini siňdurip, olara nähili nagyşlaryň gowy düşjekdigini duýýarlar. Şoň üçinem gaýma-keşdelerimizem, aältyn-kümüş şaýlarymyzam asyrlaryň dowamynda gymmatyny gaçyranok. Maňa seniň keşdeleriň owdanlygy, matanyň ýüzünde el bilen goýlan ýaly bolup durşy rahatlyk berenok. Şoň üçinem seň çekýän keşdeleriň ruhunda üýtgeşik nagyşly gupba ýasasym gelýär. Gyzym durmuşa çykanda şol gupbany elim bilen onuň başyna geýdirmegi arzuw edýän. Bu hem-ä meniň ilkinji perzendimiň durmuş toýuna sowgadym bolar, hemem zergärçilikde türkmen zenanynyň öz ýolunyň bardygyny subut eder. -Sen nätdiň, gyz, muny? Gyzyň entek orta mekdebem tamamlanok ahyry. -Birinjiden-ä, wagt diýen närse suw ýaly akyp dur, gözüňi açyp-ýummankaň, ýyl dolanýar. Ikinjidenem, üýtgeşik zady döretmek üçin çaý baryny sowatmaly bolar. Şoň üçinem sen maňa iki gat gupba haýsy nysganyň oňat düşjekdigini maslahat ber. Ine, şü gupbanyň sudury. Muňa seniň keşdeleriň nusgasyny bir-birden deňäp göreli. Haýsy owadan gelişýär, haýsy nepis gelýär synlaly. Soňam iki bolup, bir sungat döredeli. Gupbanyň ýüzüne zer bilen, altyn suwy bilen keşde çekilse, nähili owadan boljakdygyny bir göz öňüne getir. -Sen-ä duranja bir zehin ekeniň. Belki, sen şeýdip dogrudanam üýtgeşik bir sungat döredersiň. – Ol ýeke maňa däl, saňa-da bagly. Bu nepis keşdeleriň nysgasyny altyn gupbaň ýüzüne geçirip bilişimize bagly. Dogrusy, Gülnäz janyň gülýakasyna-da söz diýer ýaly däl. Seň bilen bileje yhlas bilen ýapyşsak, meniň arzuwlan altyn gupbam dörär. - Hany, onda, bissimilla bilen başlaly. Gelinler derrew iş başyna geçdiler. Dürli keşdeleriň iň owadanlarynyň nusgasyny getirdi. Olar nusgalary birin-birin gupbanyň suduryna geçirip gördüler. Öz işlerine durky bilen berlen gelinler wagtyň geçendigini-de duýmadylar. Sebäbi biri-birinden nepis, biri beýlekisinden owadan keşdeleriň her haýsy gupba bir hili gelşik berýärdi. Olaryň birini goýup, beýlekisini alar ýaly däldi. Gelinler haýsy keşdäniň nysgasyny almalydygy barada belli bir karara gelip bilmän otyrkalar Gülnäz geldi. - Eje, seni kakam çagyrýa. Ol ýasap oturan gulakhalkasyna nähili nagşyň oňat düşjekdigini soraýa. - Häzir barýan, gyzym. Gulakhalka nähili nusganyň oňat düşjekdigini Dürli gelnejeň keşdeleri maňa aýytdy.—Soňam ol Dürlä ýüzlendi: - Goňşy, üýtgeşik gupba döretjek bolsak, ikimiz entekler bileje oýlanmaly bolarys. - Baş üstüne. Sungatyň hatyrasyna yhlasymam, zehinimem gaýgyrmaryn. Eger biz iki bolup, üýtgeşik gupba döredip bilsek, türkmeniň mirasyna sarpa goýup, Watanyň özgermegine goşandymyzy goşdugynyz bolar hem-de üstünden asyrlar geçen bu sungatynyň barha kämilleşýandigini dünýäniň öňünde ýene bir gezek subut ederis. Şol günden soň, Dürliniň bar küýi-küçesi altyn gupba nähili nagşyň düşjekdigi barada boldy. Indi onuň ýekesiremäge asla wagty ýokdy. Haçan görseň ol ýa-ha gyzlara keşde çekmäni öwredip oturandyr ýa-da Şiringözel bilen nusga saýlap başagaýdyr. Nurly gelniniň çekýän keşdelerine-de, onuň goňşular bilen gatnaşygyna-da guwanýardy. Nurlynyň göwnüne bolmasa, gelniniň çekýän keşdeleri ynsan ýüreklerini baky birleşdirýän inçe duýgylardan çekilen köpri mysalydy. Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |