05:54 Bedew hakda aýdymlar | |
BEDEW HAKDA AÝDYMLAR
Goşgular
Heserdeşim, hemram, Hamrak ýoldaşym, Ýalňyz ýürkdeşim, syrdaşym bedew. Garyp başym gamda galsa goldaşan, Doganym deý eziz, gardaşym bedew. Dutar dessesi deý kesim-kesimden Bu ýollarda ýöre perde basan deý. Müň heň tapdym birje kişňän sesiňden, Golumda laçynym, boz guşum bedew. Ýer gyrytlap gaýtsaň pellehanadan, Tüweleýläp tupan-ýeller ýaly sen, Dilsiz-agyzsyz hem meni lal eden, Ol ýowuz ýollarda ýoldaşym bedew. Gaz boýnuň ýatladyp dartylan ýaýy, Ýallaryň şol ýaýdan sypan ok ýaly, Sen türkmeniň göwni hemem ykbaly, Ýalňyz ýürekdeşim, syrdaşym bedew. *** Seniň adyň belent tutup haýwandan, Edil adam däldigiňe haýran men, Menzillerde messan basyp ugraňda, Türkmen sährasynda serkerde, bedew. Göz açyp gördügi türkmen sährasy, Gök asmana toýnak urar yhlasy, Çyn-Maçyna, Şama dolup şöhrady, Alys ülkelerde her ýerde, bedew. Asman degresine ady galypdyr, Abraýy äleme buşluk bolupdyr, Meger ýyndamlygy diläp alypdyr, Ýel-tupanyň piri Haýdardan, bedew. Müňe ýeten sürüsinde ýylkylaň, Tohumyň tulpara dönüp belki seň, Gözüm gamaşdyryp göge galkynan, Aslyň ýyldyzlardan, ülkerden, bedew. Bäş müň ýyllap baş buýsanjym saýylan, Gül bedenne bahar-ýazlar çaýylan, Görki bäs eýlemiş gökde Aý bilen, Durky preişdeden, peýkerden, bedew. • Ýanardag Türkmeniň şahandaz köňlüne kybap, Ýollary külterläp barýaň, Ýanardag. Bir göreniň ýene nazaryn egläp, Salyhatly gadam urýaň, Ýanardag. Messan-messan basyp mermer toýnagyň, Keýerjekläp, bozman ýeriň gaýmagyn, Ýöreýşiňden, garaýşyňdan doýmadym, Syratyňa jahan haýran, Ýanardag. Toý-baýramlaň bezegi sen, zynaty, Il-günüň köňlüniň goşa ganaty, Hüýr-periden aldyňmy gül kamaty, Saňa gara başym gurban, Ýanardag. Çarpaýa galaňda doýmaryn bakyp, Gözlerim ýetişmez gideňde çapyp, Bolmaz bu ýollarda jylawyň çekip, Bu gün toýdur daşym, degräm, Ýanardag. Zer suwy çaýylan bägül bedeniň, Diňe şöhrat-şana tarap gadamyň, Bagtyýarlyk döwri bagtly bedewim, Gözüm gamaşdyrýar şuglaň, Ýanardag. Belende göterip Watanyň şanyn, Täk nusgasy bolduň söýgi-wepanyň, Şekiliň bezäp dur Döwlet nyşanym, Senden görklenipdir Tugram, Ýanardag. • Bedew Tylla suwy berlen mermer beden sen, Ýüreginiň erki polatdan bedew. Sözler ejiz geler taryp ederden, Ýasalan iň täsin gudratdan bedew. Daýanma, ýol gazan, ýol külter-külter, Dep bolar çaň-tozan, ýol bagta elter, Galkynyşly göwnüm göterler, galkar, Gadamyň bereket, nygmatdan bedew. Doga deýin gaýtalaýan adyňy, Sende gördüm ösüşleriň badyny, Özüňi ezizlän, söýen adamy, Belki, geçirersiň syratdan bedew. Jahanda kän bedew saklan milletler, Daşdasyň hemişe kişä minnetden, Seniň aslyň sekiz behişt-jennetden, Seýkin gadamlaryň gaýmakdan bedew. Seniň mertebäňe tutulan toýlar, Galkan göwünleri gozgaman goýmaz, Hormaty-sylagy belentde goýlan, Sen bir sünnälenen sungatdan bedew. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |