DÖRDÜNJI PASYL: DÖWLET WE ADAMLARYŇ ARASYNDAKY GARŞYLYKLARY ÝURT EÝELEMEKLIKDE PEÝDALANMAKLYGYŇ BEÝANY
■ Hekaýat
Harun Reşit döwründe Afrika ýurdunyň halky araplara garşy pitne turzupdyrlar. Halypa nähili çäre görmelidigi barada emirleri bilen maslahatlaşypdyr. Şol maslahat arkaly ol emirlerini synap görmekligi ýüregine düwüpdir. Emirleriň köpüsi:
— Bagdat bilen Afrika ýurdunyň arasy juda uzak. Şonuň üçin bu meseläni çözmäge örän köp çykdajylar etmeli bolar — diýşipdirler. Soňra halyp batyrgaý, akyldar, ylymda we bilimde şöhrat gazanan Jagpar ibn Muhammet Jezaga bakyp:
— Eý, şöhratly Jagpar! Sen bu mesele barada näme diýersiň! — diýip ýüzlenende Jagper:
— Eý, musulmanlaryň emiri! Maňa müň sany horasanly esger bilen biraz azyk berseňiz bu mesele çözüler! — diýýär.
Harun Reşit Jagpara özüniň müň sany horasanly esgeri bilen biraz azyk önümlerini berip, Afrika tarapa ýollaýar. Jagpar uzak ýollary aşyp, Afrika ülkesiniň golaýyna baryp, bir uly ýabyň boýunda düşleýär. Şol ýap bilen Afirikanyň arasynda on parsahlyk otsuz-suwsuz bir çöl bar eken. Hemişe duşman leşgeri Afrika hüjüm edende, şol çölden geçenlerinde suwsuzlykdan ýaňa tapdan düşüp, söweşip bilmän ýeňilýär eken. Jagpar afrikalylaryň beýle mekir-hilesinden habarlydy. Şonuň üçin ol şol ýerde düşläp, köp wagtlap atlaryna we leşgerine dem-dynç berýär. Soňra üç topardan ybarat bolan afrikaly söwdagärleriň keşbindäki birinji toparyny säher bilen, ikinjisini guşluk wagty, üçünjisini bolsa agşamara Afrika tarap ýollaýar. Söwdagärleriň ilkinji topary alagaraňkylykda ýetip gelip, Jagparyň leşger bilen gelýändigini habar berýärler. Olar atlanyp, ýaraglanyp şol çölüň üsti bilen ýol ýöräp, Jagpary garşy almaga çykýarlar. Guşluk wagty söwdagärleriň ikinji topary olaryň öňünden çykyp, arap leşgeriniň golaýlaşýandygyny habar berýärler. Jagparyň söwdagärleriniň üçünji topary gije Afrika goşunyna duşup, Jagperiň ýetip gelmegine juda az wagtyň galandygyny habar berýärler. Ahyry, Afrika leşgeri ýadap hem-de suwsap gijäniň garaňkylygynda Jagperiň goşuny bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Jagparyň leşgeri garny dok we wagtyny dynç alyp geçirendigi sebäpli, Afrika leşgerini özüne tabyn edipdirler.
# Berk nahal
Hekaýalar