08:09 Berk nahal -22: Duşmandan ar almaklygyñ beýany | |
ÝIGRIMI IKINJI PASYL: DUŞMANDAN AR ALMAKLYGYŇ BEÝANY
■ Hekaýat: Süleýman ibn Abdylmälik atly patyşa Horasan welaýatynyň ygtyýaryny Wakyg ibn Abdyleswete tabşyrypdyr. Bu patyşa Yrak welaýatyndan salgyt ýygnamak wezipesini Ýazyt Ibn Mühllep atly bir adama beripdi. Şeýle hem bu patyşanyň Abdylla ibn Ahtam atly işeňňir, tutanýerli, işinde köp tejribeleri gazanan bir hyzmatkäri bardy. Günlerde bir gün Ýazyt ibn Mühllep Abdyllanyň ýanyna baryp: — Eý, Abdylla! Musulmanlaryň şasy Süleýman Horasan welaýatyny Wakyga berdi. Entek Wakyg Horasana gelmänkä sen şol ülkäniň ygtyýaryny maňa alyp berseň gadyryňy bilerin! — diýip, ýüz müň akjany onuň öňüne oklapdyr. Hem-de oňa işini ýerine ýetirse, köp-köp sowgat-serpaýyň garaşýandygyny duýdurypdyr. Abdylla Ýazyt ibn Mühellebiň pullaryny kabul etdi: — Sen Süleýman patyşanyň ýanyna bar. Men hem yzyňdan bararyn! — diýip, ony ugradypdyr. Bir gün Süleýman patyşa öz wezir-wekilleri bilen dürli-dürli iýmitlerden iýip-içip, gyzykly gürrüňleri aýdyşyp, gülşüp, göwün açyşyp otyrkalar Abdylla hem olaryň arasyna goşulýar. Meýlisden soň wezir-wekilleriň her biri öz öýli-öýüne dargapdyr. Abdylla şondan soň Süleýman patyşa bilen ikiçäk galypdyr. Abdylla pursatdan peýdalanyp: — Eý, musulmanlaryň arkadagy! Siz Horasan welaýatyny Wakyga ynandyňyz. Ýöne, men size bir zady duýdurmak isleýärin! — diýende patyşa Süleýman gaş kakyp onuň sözüni dowam etdirmegini duýdurypdyr. Abdylla ýene-de: — Eý, meniň halypam! Birinjiden-ä, Wakyg söze çeper däl. Ikinjiden hem, onuň kömekçi dost-ýarlary az, üçünjiden bolsa, ol örän gaharjaň adam. Heý-de oňa Horasan welaýatyny dolandyrmak başardarmyka?! — diýip ýüzlenipdir. Halypa Süleýman: — Eý, Abdylla! Onda kimi ibersekäk, sen kimi mynasyp görýäň?! — diýende, Abdylla: — Eý, soltanym! Men-ä şu Ýazyt ibn Mühellebäni juda mynasyp görýärin! — diýipdir. Süleýman patyşa özüniň tejribeli, akylly emiri Abdyllanyň sözlerini makullapdyr. Horasanyň ygtyýaryny bolsa Ýazyt ibn Mühellebe beripdir. ■ Hekaýat: Kufe şäheriniň ibn Abuberda atly kazysy bardy. Ol kazy azat eden gyrnagynyň azatlyk hatyny gyrnaga berip, gyrnagyň bahasyny gyrnagy azatlyga hödürlän adamdan alýan ekeni. Şol günleriň birinde küfe şäheriniň bir pukara adamsy bir gyrnaga aşyk bolup, onuň bilen gizlin duşuşyp başlaýar. Bir gün ol pukara aşyk öz söýgüli zenanyndan: — Biziň ikimiziň hemişelik bile ýaşamagymyz üçin näme etmeli? Men seniň bilen durmuş gurmak isleýärin! — diýip ýüzlenipdir. Gyrnak: — Ikimiziň bile durmuş gurmagymyza ýekeje çykalga bar. Ýöne sen onuň hötdesinden gelip bilmersiň?! — diýipdir. Aşyk: — Aýt, nähili çäre bar. Men bir zat oýlap taparyn! Zenan: — Şäheriň kazysy Ibn Abuberda azatlyga hödürlenen gyrnagy azat edip, ol gyrnaga öýlenjek adamdan pul alýan ekeni. Sen hem maňa azatlyk alyp bilersiň, emma öz tölemeli puluňy töläp bilmersiň! — diýip jogap beripdir. Aşyk ýigit meselä göz ýetirse-de, öz söýgülisini alyp kazynyň ýanyna barypdyr. Ol kaza: — Eý, kazy! Şu gyrnak palan adamynyňky. Men ol gyrnagy azatlyga hödürleýärin. Kazy pukara aşykdan azatlygyň öwezine ondan pul talap edipdir. Ol gyrnagyň bahasyny tölemeli diýip höküm çykarypdyr. Ýöne gyrnaga aşyk bolan pukara hiç zady bolmandygy üçin gyrnagyň bahasyny töläp bilmändir. Kazy pukara ýigidi zyndana taşlamagy buýrupdyr. Pukara ýigit kaza ýüzlenip: — Eý, merhemetli kazy! Siz meni tussag etjek bolýarsyňyzmy?! — diýip sorapdyr. Kazy: —Hawa. Seni zyndana taşlatjak. Sen azat eden gyrnagyň üçin pul töläp bilmediň. Meniň çykaran düzgünimi bozduň — diýipdir. Pukara ýigit: — Men ýekeje gyrnagy azat edenligim üçin zyndana gitmek islemeýärin. Bary bir men zyndana taşlanjak bolsam, onda men Kufe şäheriniň ähli gyrnaklaryny azatlyga hödürleýärin. Şu islegim ýerine ýetirilse, onda men ömrüm ötinçä zyndanda ýatmaga taýýar! — diýip jogap gaýtarypdyr. Kazy pukara ýigidiň akylly sözlerinden soň oý-pikire batyp, özüniň oýlap tapan ýolunyň ýalňyşdygyna düşünipdir. Şol günden başlap, ol özüniň ýol-ýörelgesini ýatyrypdyr. Aşyk pukara ýigidiň söýgüsi sebäpli Kufe şäheriniň gyrnaklary azatlyga çykýar. | |
|
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |