20:55 Berk nahal -19: Soltanyñ ugruny tapmaklygyñ beýany | |
ON DOKUZYNJY PASYL: SOLTANYŇ UGRUNY TAPMAKLYGYŇ BEÝANY
Hekaýalar
■ Hekaýat: Ýemen ýurdunda bir şa bolupdyr. Onuň üç sany ogly bar ekeni. Birinjisiniň ady Zauragan, ikinjisi Zaunawas, üçünjisi bolsa Zauzendi. Şa özünden soňra Zauragan, ondan soňra Zaunawas, iň soňunda Zauzen patyşa bolmaly diýip wesýetnama ýazypdyr. Ýöne, „Men ölemden soňra golaý garyndaşlarym meniň ogullarymyň elinden wesýetnamamy alyp ýok edäýmesinler” diýen gorky bilen özüniň akyldar weziri bilen maslahatlaşypdyr. Akyldar wezir: — Eý, şahym! Eger garyndaşlaryň howpundan halas bolaýyn diýseň, olaryň her birini bir welaýata häkim edip belle. Wagtyň geçmegi bilen olar halka zulum ederler, halk bolsa olary ýigrener. Sen bolsa „Olar halka zulum edip, para-peşgeş alypdyrlar” diýip, olary tussag edersiň. Halk içinde olaryň at-abraýy peseler. Alan para-peşgeşlerini hökümet gaznasyna tabşyrdarsyň. Netijede, olar pukara bolar. Pukara adam halk hökümetine, döwlete el uzadyp bilmez. Çünki pukaranyň ruhy belent bolmaýar, olar bir döwüm nany gazanmaklygyň gaýgysynda bolýarlar. Şeýlelikde, sen olaryň howpundan halas bolarsyň! — diýdi. Şa öz garyndaşlarynyň içinde häkimlik wezipesini başaryp biläýjek adamlary häkim belläpdir. Birnäçe wagt geçenden soňra olara „parahorlyk edýärsiň” diýip garalap mal-mülküni elinden alyp, barja baýlygyny hökümet gaznasyna tabşyrdypdyr. Şeýlelikde, şa öz garyndaşlarynyň azabyndan, howpundan dynypdyr. Soňra weziriň maslahaty bilen täze paýtagt bina edip, wezirleriniň onusy bilen şol ýerde ýaşap başlaýar. Wezirleriň her birine bir bölek esger berip, olaryň mertebesini öňküden hem galdyrýar. Ýöne ajal şanyň ömür tanapyny kesipdir. Wesýetnama boýunça onuň uly ogly Zauragan şa tagtynda oturdylyp, Zaunawas bilen Zauzen oňa mirasdüşer bolupdyrlar. On wezir köp wagtlap ýurdy dolandyrypdyr. Zauragan aňsatlyk bilen şalyga eýe bolandygy üçin ýurt aladalaryna üns bermän, hemişe keýpi-sapada bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen ýaňky on wezir harsydünýä nadanlara öwrülip, ýerlerde „Zauragan ýurdy biziň kömegimiz bilen dolandyrýar” diýip başlaýarlar. Şa Zauragan bu sözleri eşidip, wezirleriň ygtyýaryny çäklendirip başlaýar. Şeýlelikde, şa Zauragan bilen wezirleriň arasyna duşmançylyk düşýär. Wezirler iýen duz-çöreklerini unudyp, şany öldürmek üçin dildüwşük gurnaýarlar. Emma, olar bu ýagdaýy hile we mekirlik bilen amala aşyrmaly diýen netijä gelýärler olar şanyň dogany Zaynawasyň ýanyna baryp: — Eý, döwlet mirasdüşeri! Eger, beýdip gol gowşuryp otursaň, saňa hiç-haçan döwleti dolandyrmak nesibesi ýetdirmez. Çünki Zauragan özünden soňra ogluny tagta çykarjakmyş! —diýip, oňa gep içirýärler. Wezirler iki doganyň arasyna çöp atyp, amatly pursat tapyp, Zauragany öldürdiler. Ýöne olar täze şa Zaurnawasa döwlet işleriniň ygtyýaryny özlerine bermegi barada şert goýdular. Zaurnawas şa bolandan soňra ähti-peýmana laýyklykda ýurt ygtyýary wezirlere geçdi. Her bir mejlisde on wezir „Zaurnawasy biz tagtda oturtdyk” diýşip öwünýärdiler. Ýene-de, şa bilen wezirleriň arasynda duşmançylyk döräpdir. Wezirler Zaurnawasy hem öldürip üç doganyň kiçisi Zauzeni şa bellediler. Zauzen bu on weziriň eden etmişlerini bilipdir. Ýuwaşlyk bilen özüne dost-ýaran gözläpdir. Ahyry bir welaýat häkimi bilen dost bolup, on wezirden dynmaklyk barada oňa hat ýazypdyr. Häkim patyşa: „Sen öz ýaranlaryň bilen meniň welaýatyma gel” diýip, oňy çagyrypdyr. Ýöne, wezirler patyşa bilen häkimiň arasyndaky syrdan habarly bolup, Zauzeni ýolagçyka tutup öldürdiler. Ýurt şasyz galýar. Şasyz galan ýurdy basyp almak bolsa iň aňsat iş. Wezirler eden işlerine puşman edýärler. Şa maşgalasyndan şalyga mirasdüşer gözleýärler. Emma hiç kimi tapmaýarlar. Çünki ol şalyga degişliler ýurtdan çykyp gaçypdylar. Olar: „Biz indi näme etmeli” diýip, bir akyldardan soradylar. Akyldar: — Eger ýurtda şa bellär ýaly adam galmadyk bolsa, siz wezirler köşkden çykyp oturyň. Kim ilkinji köşge gelse, şony hem şa belläň — diýdi. Wezirler köşkden çykyp, kimdir biriniň gelerine garaşyp oturdylar. Aňyrdan aýaklary uzyn, dodaklary sallanyp duran garynlary içine çöküp giden bir elhenç Hebeşli adam peýda bolýar. On wezir onuň kimdigini soranlarynda, ol: —Men bir hebeşli gul! — diýip jogap beripdir. Wezirler başlaryndan geçen wakalary gula gürrüň berip, soňundanam: — Sen bize şa bolmaly!— diýip ýüzlendiler. Gul: — Pylan ýerde hojaýynym bar. Men şondan sorap geleýin! — diýip gözden gaýyp bolýar. Wezirler guluň eýesini tapyp ondan guluny satmagyny haýyş edýärler. Guluň eýesi onuň sebäbini soranda, wezirler şanyň we onuň üç oglunyň başyna düşen ýagdaýlary gürrüň berdiler. Guluň eýesi: — Meniň gulumyň bahasy hiç neneň däl. Ýöne siz meniň gulumyň gaçyşyna haýran galan bolsaňyz gerek. Menem size bir täsinlik görkezeýin— diýip, göz-açyp ýumasy salymda gözden gaýyp bolupdyr. Wezirler onuň tozanyna bulaşyp, yzyndan seredip galypdyrlar. Ahyry bir gün wezirler guluň hojaýynyny tapýarlar we ony ýalbaryp-ýakaryp razy edýärler. Hebeşli guluň eýesi olardan soraýar: — Eý, emirler! Siz öz içiňizden biriňizi patyşa belleseňiz bolmaýarmy?! Emirler: — Eger biz öz içimizden birini patyşa saýlasak, onda biziň aramyza agzalalyk düşer. Biz betbagtçylyga uçrarys! Wezirlerden şeýle jogaby eşiden guluň eýesi: — Bu gul bir hilegär we mekir adamdyr. Başyňyza bir bela getiräýmesin diýip ätiýaç edýän! — diýip jogap beripdir. Emma ol wezirleriň nygtap oturyşlary sebäpli hebeşi guly azat edýär. On wezir derrew oňa şa lybasyny geýdirip ýuwup-ardyp tagtda oturdýarlar. Ýöne on wezir hebeşi patyşa „Şu günden başlap sen hiç kim bilen gürleşmeli däl. Döwlet dolandyryş işlerine goşulmaly däl. Wezirler nähili karar hödürleseler goldamaly. Näme berseler şony iýip-içip oturmaly. Bermeseler aç oturmaly” diýip şert goýdylar. Hebeşi patyşa şeýle şertlere çydap, köp belalary başyndan geçirip, birnäçe ýyllap tagtynda oturdy. Günlerde bir gün oturymly halkyň baýram tutýan güni ýetip geldi. Elbetde, baýramçylyk güni şalara üýtgeşik hezzet-hormat edilýär. Şany öz garawullary bilen dabara geçiriljek ýere alyp gelýärkäler şanyň gözi bir garaýagyz adama düşüp, gözüni ondan aýyrmaýar. Şa çepden, sagdan gelip şatlyk bilen özi bilen salamlaşýanlara üns bermeýär. Şonda wezir-wekiller patyşa: — Eý, şahym! Bu adama köp wagtlap seretdiňiz. Kimdir ol adam?! — diýip, sypaýylyk bilen ýüzlendiler. Şa: — Ol meniň doganymdyr—diýýär. Wezirler: — Siz şu çaka çenli bu ýerde özüňiziň doganyňyzyň bardygyny aýtmadyňyz. Şa: — Men ony özüm hem bilemokdym. Onuň şu ýerdedigini häzir bilip galdym! — diýip jogap berdi. Hyzmatkärler ol garaýagyz kişini ýuwup-ardyp, täze lybaslar geýdirip şanyň ýanyna getirdiler. Şa onuň bilen iýip-içip, gürrüňdeşlik edip oturypdyr. Patyşa oňa: — Eý, meniň gardaşym! Heran-haçan sen Sudan ýurduna barsaň, meniň garyndaşlaryma meniň tagtda oturandygymy habar ber. Sudanda meniň garyndaşlarym köp belki, sen şolaryň birden birine duşarsyň. Goý olar meniň ýanyma gelsinler?! — diýdi. Ol adam gören sudanlysyny getirip şa bilen tanyşdyrdy. Şa her bir getirilen sudanlyny özüne hyzmata aldy. Netijede, onuň töwereginde köpsanly sudanly ýygnaldy. Şa öz goragçylaryny hem sudanlylardan billäpdir. Öňki wezirleri ýuwaş-ýuwaşdan özünden daşlaşdyrdy. Şanyň ýanyna gelen her bir sudanla ýarag berlip, mertebeli işe çekildi. Soňa baka öňki on wezir hem şanyň ýanyna rugsatsyz goýberilmän başlaýar. Olar diňe özleri üçin bellenilen wagtda şanyň ýanyna girip bildiler. Başga wagt şanyň golaýyna barmak gadagan edildi. Ozallar bu on wezir islän wagtlary patyşany görüp bilýärdiler. Şa pitne turuzmak islänleri dargadar ýaly sudanlylaryň sanyny köpeldip, ýaraglandyryp, güýç-kuwwat toplapdyr. Soňra şa ähli hökümet edaralaryny öz eline aldy. Özüniň çykarmadyk buýrukdyr hökümlerini güýçsüz hasap edipdir. Beýle karary eşiden wezirler şanyň garşysyna halky örüzüp, ony öldürmegi maksat edindiler. Ýöne, sudanlylaryň sany köplügi sebäpli olar ýeňildiler. Soňra olar bir ýere ýygnanyp maslahat etdiler. Emma olaryň maslahaty-da netije bermedi. Wezirler çykgynsyz ýagdaýa düşüp otyrkalar, şol „kim ilkinji bolup gapydan girse şony şa bellemeli” diýen pikiri orta atan adam ýene-de: — Geliň, meniň öýüme baryp, şol ýerde maslahatlaşalyň — diýdi. Ol adamyň öýüne bardylar. Ol: — Eý, doganlar. Biz uzak ýyllaryň dowamynda döwleti dolandyryp, köp baýlyk gazandyk. Biz indi hiç zada mätäç däl. Hebeşi oglany biziň özümiz patyşa belledik. Ol bolsa bizi özünden daşlaşdyrdy. Indi herimiz öz aladamyz bilen bolup, döwlet işlerine goşulmalyň. Ýa-da häzirki şa bolup oturan, ýagny ozalky guluň eýesini tapyp şonuň bilen maslahatlaşmak gerek—diýdi. Onuň soňky teklibini wezirler goldadylar. Tizden-tiz „guluň eýesini” tapdylar-da oňa maslahat saldylar. Hebeşi guluň eýesi: — Eý, wezirler. Hebeşi oglan ozal meniň gulumdy. Ýöne, men ony satdym. Ol menden azat boldy. Häzir bolsa onuň bagty çüwüp bir ýurduň patyşasy bolup otyr. Belki, onuň ýüreginde menden kine galandyr. Men oňa golaýlaşsam jezalandyrmagy ýa-da bir bahana tapyp öldürtmegi mümkin — diýende wezirler oňa köp mukdarda altyn pul hödürlediler. Ol adam pullary kabul edip, öz öýüne gaýtdy. Ertesi irden hebeşli şa bilen duşuşmak üçin köşgüň gapysyna bardy. Şol pursat şa penjiräniň agzyndan daşaryny synlap duran eken. Ol derwezäniň agzynda bir adamyň durandygyny görüp, hyzmatkärlerine ony ýanyna getirmeklerini buýurdy. Ol adam ýanyna gelende şa onuň hal-ýagdaýyny sorap oňa hezzet-hormat edýär. Sözüniň ahyrynda bolsa şa: — Menden näme haýyşyň bar?! — diýip ýüzlenýär. Şanyň öňki eýesi: — Eý, şahym! Seniň öňki wezirleriň „Biziň ýaşymyz bir çene bardy. Indi, biziň güýç-gaýratymyz ýok. Döwlet edaralarynda işläp biljek däl. Mümkin bolsa patyşa bizi işlerimizden aýyrsa gowy bolardy. Biz öýlerimizde oturyp maşgalamyz bilen patyşanyň bagtly bolmagyny doga edip otursak” diýip haýyş edýärler. Men şolaryň haýyşyny size ýetirip. Siziň şu meseläni çözmäge görkezme bermegiňizi soraýaryn — diýip, jogap beripdir. Hebeşi şa: — Eý, meniň gadyrdan hojaýynym! Ýurduň menden öňki şalary öz ýurtlarynyň dolandyryşyny, maşgala agzalaryny şol wezir-wekillere ynanypdyrlar. Olary naz-nygmatda saklap, köp mal-mülk, baýlyk beripdirler. Olar bolsa ýurda we şazadalara dönüklik edipdirler. Olaryň ölümine sebäp bolupdyrlar. Ýurdy maňa tabşyryp, gaýtadan elhenç dönüklik edipdirler. Olar öňki patyşa eden ähti-peýmanlaryny bozdylar. Soňam leşger ýygnap, meni öldürmek maksady bilen pitne turuzdylar. Ýöne meniň güýjüm köp bolandygy sebäpli meniň döwletimi agdaryp bilmediler. Indi bolsa sizi meniň ýanyma iberip, hile we mekirlik bilen meniň elimden gutuljak bolýarlar. Eý, meniň hojaýynym! Sen meniň aýdan sözlerimi olara aýtma. Sen olara: —Men siziň haýyşyňyzy patyşamyza sözme-söz ýetirdim. Şa siziň öýde oturmagyňyza rugsat bermedi. Ol „wezirler köp wagtlap bu döwleti dolandyrdylar. Olaryň ýygnan tejribeleri meniň üçin örän zerur. Men bir göwre olar meniň agzalarymdyr. Göwre agzalaryndan aýrylyp bilmez. Agzalary bolmasa göwre hiç bir derde ýaramaz. Olar hökman meniň ýanyma gelsinler” diýip nygtap aýt — diýdi-de „hojaýynyny” yzyna ugratdy. Ol adam şanyň sözlerini wezirlere ýetirdi. Wezirler bu jogaby eşidip, barysy bilelikde şanyň köşgüne ugradylar. Şa perişde ahlakly, zubany gylykly müň sany ýaragly ýigitleri köşkde gizläp, wezirleriň gelerine garaşýardy. Wezirler patyşany köp garaşdyrman ýetip geldiler. Hebeşli şa ör turup, olary garşylap, saçak başyna çagyrdy. Wezirler nahara başlan wagtlary şol batyrgaý müň sany adam olaryň üstüne topulyp, kellelerini kesip, halkyň öňüne okladylar. Şanyň beýle hereketi halka göz boldy. Gaýdyp hiç bir wezir pälini bozmady. Bu şalyk bolsa uzak ýyllar döwran sürdi. Şanyň soňky nesillerine garşy hem hiç-hili gozgalaň turmandyr. Taryhda ady getirilýän Ebrahe bin Zerýal atly adalatly şa hem şol hebeşi şanyň neslindenmiş diýýärler. „Ýagşylyk et, ýanyňda gör. Ýamanlyk et, alnyňda gör.” | |
|
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |