09:15 Berk nahal -24: Habary gizlin ýetirmekligiñ beýany | |
ÝIGRIMI DÖRDÜNJI PASYL: HABARY GIZLIN ÝETIRMEKLIGIŇ BEÝANY
Hekaýalar
■ Hekaýat: Gündogarda Isgender Zülkarneýn peýda bolup, ýurt üstüne ýurt basyp alyp hem-de şäher üstüne şäherleriň düýbüni tutup ýörkä günleriň birinde öz ünsüni Ýemen yklymyna gönükdirýär. Şol zamanlarda Ýemen diýarynyň bir aýal patyşasy bardy. Aýal patyşa hind we pars şalaryna ýüz tutup, Isgender bilen nädip aragatnaşygy ýola goýandyklaryny soraşdyrypdyr. Netijede, şa aýal bir yssat nakgaşa ýüz tutup: — Eý, nakgaş! Isgenderi synlamak üçin onuň leşgerine git. Ony gowja synlap, suratyny çekip, maňa getirip ber! — diýdi. Nakgaş uzak ýol söküp, Isgenderiň leşgerine gelenden soň, iki-üç gün dem-dynjyny alyp, Isgenderi başardygyça synlap başlaýar. Isgenderiň suratyny çekip, öz patyşasyna eltip berýär. Heran-haçan Isgender ilçi ibermekligi maksat etse, ilki bilen özi ilçi bolup gider eken. Günlerde bir gün ol ilçi bolup Ýemen şasynyň ýanyna barýar. Isgender tarapyndan iberilen ilçiniň gelendigini şa aýala habar berýärler. Şa aýal ol ilçini bir uly jaýa salyp, myhman almaklygy hem-de dem-dynç bermekligi buýurýar. Ilçi agşama çenli rahatlykda dynç alýar. Soňra ilçi şa aýal namasyny getirip berýär. Şa aýal ilçä: — Eý, Isgender! Asyl bu seniň özüňmidi! — diýip ýüzlenýär. Isgender özüni tanatmajak bolup: — Eý, melike! Meniň adymy Isgender diýip tutmaň. Isgender meniň patyşamdyr, hojaýynymdyr! — diýende, aýal şa şol nakgaşyň çeken suratyny Isgenderiň özüne görkezmekligi buýurýar. Isgender öz suratyny görüp, barmagyny agzyna ýetirip haýran galypdyr. Emma onuň durkunda bir gynanç alamaty peýda bolupdyr. Şa aýal Isgenderden onuň gynanjynyň sebäbini soranda, ol: — Eý, melike! Men söweş adamsy bolsamam, meniň suratymda uruş-ýarag esbaplarynyň hiç biri görkezilmändir — diýende, şa aýalynyň tutynyň aňyrsynda gylyç bilen ýaraglanan we gizlenip duran garawullary çykypdyr. Melikäniň ümlemegi bilen garawullar perdäniň aňyrsyna çekildiler. Melike: — Eý, Isgender! Gorkma! Meniň dergähimde saňa hiç zat bolmaz. Meniň ülkämde saňa hezzet-hormat artykdyr. Seniň eden ýagşylygyňy men we meniň halkym unutmaz. Eý, Isgender! Hind patyşanyň ýanynda meniň bir oglum bardy. Ony tutup seniň huzuryňa getirenlerinde sen onuň kimdigini anyklap janyny halas edipsiň we meniň ýanyma iberipsiň. Sen meniň ýurdumy aýagasty etdirmän, maňa dolandyrmaga rugsat berdiň. Meniň ýurduma gelip, ony basyp alman yzyňa gaýtdyň! — diýdi. Şeýlelikde, ynsanperwerlik bilen hereket edýän Isgender howp-hatardan halas bolupdyr. ■ Hekaýat: Günleriň birinde Isgender Zülkarneýn Dary şanyň ülkesine çozmagy hyýal edipdir. Ol ýurda goşun çekmäge taýýarlanypdyr. Beýle habary eşiden Daryý tizden-tiz goşunyny jemläp, ýarag-esbap şaýyny tutmak bilen meşgul bolýar. Ahyry bir gün aňyrsy görünmeýän çöllükde iki sany garşydaş leşger duşuşýar. Emma Isgender adaty endigine görä ilçiniň sypatyna girip ýanyna birnäçe batyrgaý adam alyp, Dary şanyň ýanyna barýar. Onuň huzurynda: — Eý, şa! Isgender meni seniň ýanyňa ilçi edip iberdi - diýende, Dary bu topara hezzet-hormat etmekligi buýurdy. Dary ilçiniň görnükli keşbini görende ýigidiň bilimli, hünärli ýigitdigine göz ýetirdi. Dary öz adamlaryna keýpi-sapa etmek üçin meýlis gurmaklygy buýurdy. Sahypjemal sakylar bulgurlary şerapdan dolduryp Isgendere-de şerap uzatdylar. Her bir äberilen şeraply bulgury Isgender bildirmän ýakasyndan guýup oturypdyr. Ony synlap oturan Dary onuň sebäbini soranda, Isgender: — Meni siziň ýanyňyza iberen patyşa „Ilçi bolup gidip tä yzyňa dolanyp gelýänçäň şerap içme” diýip berk tabşyrdy. Şol sebäpli men şerap içmedim. Eşigimiň içine dökmegimiň sebäbi bolsa maňa, ýagny hormatlanýan hökümdaryň huzurynda bulgur hödür edildi. Ony yzyna gaýtarmaklygy ýerliksiz hasapladym. Şonuň üçin şeraby lybasymyň arasyna dökdüm. Siz biziň gelmegimiz mynasybetli meýlis gurnadyňyz. Sizden meniň şeraby ret etmän içmeklige perman bolsa, men siziň buýrugyňyzy ýerine ýetirerin — diýende Dary: — Eý, ýagşy ýigit! Sen öz beren sözüň eýesi ekeniň sen öz patyşaňa dönüklik etmediň! — diýip, sözüni soňlamanka kazylaryň kazysy içeri girýär. Onuň nazary Isgendere düşýär. Ol özüne görkezilen ýerde oturman, göni Darynyň ýanyna baryp: — Eý, soltanym! Şu ýigit hut Isgenderiň özi ýaly-la. Mende onuň suraty bar. Bu ýigit suratdaky adama gaty meňzeş — diýdi. Dary ol suraty getirmeklerini buýurdy. Isgender bu ýagdaýy aňyp, aýak ýoluna gitmek bahanasy bilen köşkden çykyp atlanyp öz goşunyna tarap gaçýar. Isgenderiň kynçylyga çydamly ýüwrük aty ony sag-salamat öz leşgeriniň ýanyna eltýär. Köşgünde rahat dem-dynjyny alyp, asmanda güneşiň ýiti tygy görnen wagty leşgerini düzüp açyk meýdana çykýar. Isgender Zülkarneýn bir jarçyny ýanyna çagyryp: — Bar! Sen Darynyň goşunynyň garşysynda durup: „Eý, pars leşgeri! Biziň siz bilen baglaşan ähti-peýmanlarymyzy. Şertnamalarymyzy habarly bolsaňyz gerek. Indi bolsa Isgender pars goşunynyň her bir dogruçyl, ähdini wepa edýänleriňiz bar bolsa öz tarapyna çagyrýar. Isgender size wepalylyk wadasyny berýär” diýip, belent ses bilen çagyr — diýip buýurdy. Jarçy aýdylyşy ýaly, Darynyň leşgeriniň öňünde belent sesi bilen jar çekdi. Darynyň zorluk bilen düzülen goşunynyň kineli, biri-birinden hem-de patyşalaryndan göwni galan goşun ýolbaşçylarynyň göwünleri ikä bölündi. Daşyndan göräýmäge Darynyň agzybir hem-de jebis goşuny iňkise gitdi. Öz serkerdeleriniň, serdarlarynyň ýüzünde ynanjaňlyk, gaýduwsyzlyk alamatlarynyň ýitendigini gören goşundaky leşgerler hem şundan soň dargamak bilen bolupdyrlar. | |
|
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |