09:27 Berk nahal -27: Dürli hekaýatlaryñ beýany | |
ÝIGRIMI ÝEDINJI PASYL: DÜRLI HEKAÝATLARYŇ BEÝANY
Hekaýalar
■ Hekaýat: Günlerde bir gün Ajam şalaryndan bolan Perwiz şaha palçylar: —Eý, şa! Sen öz ogluň Şiruýeniň elinden ölersiň! — diýip duýdurypdyrlar. Şa: — Men öňürdip özümi öldürjek kişini öldürderin— diýipdir. Buýruk beripdir. Şanyň buýrugy bilen hyzmatkärler miwedir her-hili ir-iýmişlere zäher garyp, olary guradyp bir „derman” ýasadylar. Ony bir agaç gutujyga salyp, agzyna „erkekleri jynsy taýdan güýçlendirýan derman” diýen ýazgyny ýelmeýärler. Soňra ol „dermany” beýleki dermanlaryň arasyna goşup, däri-dermanlar hazynasynda goýdurýar. Perwiz şanyň ogly Şiruýeniň bir gylygy bardy. Ol wagtynyň boş wagty dermanlar hazynasyna gelip, däri-dermanlar bilen gyzyklanyp olaryň ýazgylaryny okar ekeni. Günlerde bir gün ol şol maksat bilen gelip, dermanlary gözden geçirip ýörkä kakasynyň ýasadyp goýan dermanyna gözi düşýär. Kagyzdaky ýazgyny okap gören ýigit dessine „dermandan” dadýar. Şanyň ogly Şiruýe şol gije jan berýär. ■ Hekaýat: Abdylmälik Ibn Merwanyň zamanynda günlerde bir gün yslam ýurdunyň araçägini goraýan goragçylardan bir hat gelip gowşupdyr. Ol hatda: „Eý, musulmanlaryň emiri! Yslam döwletiniň araçäginde ýerleşen galalary we öäherleri jaýlary dowzah bolan kapyrlar basyp aldylar” diýlip ýazylypdyr. Soňra bir habarçy gelip „Eý, musulmanlaryň emiri Amr ibn Sagyt Lakaby leşger çekip halypalygy almak üçin seniň üstüňe gelýär” diýip habar berdi. Ýene-de bir kişi gelip: „Eý, musulmanlaryň emri! Musgap ibn Zübeýr siziň tarapyňyzdan iberilen häkimi, ýagny Muhtary öldürlip, onuň dolandyrýan ýurdy Yragy basyp alypdyr” diýdi. Umuman, bir günde üç tüýsli habar gelip gowuşdy. Abdylmälik ibn Merwan öz ýurdunyň akyldarlaryny we ýaşulularyny ýanyna çagyryp, gaýra goýulmasyz üç mesele barada maslahat etdi, maslahat wagtynda halypa adamlaryň hereketlerini synlap, olaryň pikirlerini üns bilen diňleýär. Ahyrynda halypa: „Yslam döwletini kapyrlardan gorar ýaly ýurduň araçäginde wezipeli adamlar bar. Allatagalanyň kömegi bilen şol goragçylar kapyrlara garşy durarlar. Musgap ibn Zübeýr biziň ýurdumyzdan uzakda ýüze çykyp, gozgalaň turzupdyr. Emma Sagyt Lakaby olaryň ikisindenem howpludyr. Çünki ol meniň golaýymdadyr. Ilki bilen şu meseläni çözmek üçin çäre görmelidir” diýip derrew goşun jemläp, olary ýaraglandyryp, Sagyt Lakaba garşy ýörişe başlapdyr. Bir sähralyk ýerde birnäçe günläp leşgerine dynç beripdir. Soňra Abdylmälik Lakaba şeýle mazmunda bir hat ýazypdyr: „Eý, Lakaby! Sen halypalyk dawasyny edip, uly leşger jemläpsiň. Ýöne, halypalygyň söweşsiz berilmejekdigine sen gowy düşünýänsiň. Iki arada birtopar günäsiz musulmanlar öler. Olaryň ajalyna sebäp bolsak kyýamat güni neneňsi bolarys? Gowusy, men seni özüme mirasdüşer belläýin. Gel, ikimiz şertnama baglaşaly!” diýip hatyny tamamlapdyr. Sagyt Lakaby halypanyň iberen hatyny alyp, okap görüp, Abdylmälik bilen razylaşyp, leşgeri bilen halypanyň düşlän ýerine gelip oňa myhman bolupdyr. Abdylmälik Sagyt Lakabyny hezzet-hormat bilen garşy alypdyr. Nahar, şerap iýip-içilip bolnandan soňra, şertnama ýazylyp, möhür basylýar. Soňra halypa Abdylmälik Lakaba ýüzlenip: — „Eý, Lakaby! Biz seniň halypalyga nähili kynçylyk bilen ýetendigiňi bilýäris. Şonuň üçin men emirlerim bilen maslahatlaşyp, saňa sowgat gowşurmaklygy ýüregime düwdüm! — diýip, bir altyn zynjyry Lakabynyň boýnundan beýlekisini elinden asýar. Ozaldan edilen tabşyryk boýunça Abdylmäligiň hyzmatkärleri namaz azanyny aýdýarlar. Halypa Abdylmälik täret kylmak bahanasy bilen daşaryk çykyp, öz dogany Abdylezize „Bar, Lakabyny öldür” diýip buýurýar. Halypa Abdylmälik içeri girende şa tagtynda oturan Lakabynyň öldürilendigine göz ýetirýär. ■ Hekaýat: Hormuzan atly bir adamy uly günä edendigi üçin halypa Omar ibn Hattabyň mübärek huzuryna getiripdirler. Hezreti Omar onuň günäleri barada sorag-jogap edip, günäsi anyklanandan soňra şerigat kanuny boýunça ölüme buýrupdyr. Haçanda hezreti Omar „Baryň günäkäri öldüriň” diýip buýranda Hormuzan bir käse suw içmeklige rugsat sorapdyr. Hezreti Omaryň buýrugy bilen Hormuzana suw getirip berdiler. Hormuzan suw içmek üçin käsäni eline alanda sandyraklap, gözüniň agyny agdar-düňder edip, zordan agzyna ýetiripdir. Hezreti Omar beýle ýagdaýy görüp „Lä äbas aleýk” ýagny „Men seni öldürmäýin” diýdi. Hurmuzan Omar halypadan beýle sözleri eşidip, suwy içdi-de käsäni rahatlyk bilen ýerinde goýdy. Bu ýagdaýy gören Hezreti Omar ýene-de „Baryň, öldüriň” diýip buýrupdyr. Hormuzan bu sözleri eşidip: —Eý, musulmanlaryň emiri! Sen meniň günämi geçdiň ahyry. Indi näme üçin meni ölüme buýurýarsyň?! —diýip sorapdyr. Halypa Omar: —Men seni halas etmedim! — diýip jogap beripdir. Hurmuzan: — „Lä äbas aleýk” diýmek „men seni ölümden gutaraýyn” diýmek dälmi näme? - diýip oňa ýüzlenipdir. Şol ýerde pygamber sahabalaryndan Zübeýr, Abu Sagyt we Enes (goý, Allatagala olaryň jaýlaryny jennet etsin) dagylar bardy. Olaryň: — Eý, musulmanlaryň emiri! Hormuzan özüniň akylly hereketleri we sözleri bilen janyny halas etdi! — diýen sözlerini eşiden halypa Omar Hormuzany azat edipdir. ■ Hekaýat: Gadym şalaryň döwran sürýän döwründe bir şahyr bar eken. Ol örän pukara adam bolup, maşgala agzalarynyň sany köp ekeni. Günlerde bir gün şahyr öz halyna özüniň haýpy gelip, gaýgy-gama batypdyr. Maşgalasyny eklemeklige özüni ejiz saýypdyr. Şahyr puldur, sowgat umydygärligi bilen patyşany wasp edip, bir kasyda ýazyp, ýazan kasydasyny synçylara berip, talabalaýyk edip taýýarlap goýupdyr. Soňra bolsa kasydasyny patyşa ýetirmekligiň çäresini agtarypdyr. Şahyr öz ýanyndan „Eger men bu kasydany köpsanly hatlaryň içine goşup, patyşa ibersem bir ýerde gaçyp galar. Gowusy, men birnäçe wagt şa köşgünde hyzmatkär bolaýyn” diýip, biraz wagt şa gullugynda bolsa-da, şol kasydasyny bermäge pursat tapmandyr. Ahyry, şahyryň özi şa diwanyna baryp, öz ýazan kasydasyny tabşyrypdyr. Bir gün şa kasydany okatdyryp diňläpdir-de baş wezirinden: — Eý, wezir! Bu kasydanyň gymmaty barada, näme aýdyp biljek!— diýip soranda, baş wezir: — Eý, patyşahym! Kasyda örän ýerlikli we gowy ýazylypdyr. Agramyna barabar, altyn berseňizem azdyr! — diýip degişme bilen jogap beripdir. Bu sözleri eşiden patyşa kasyda ýazylan kagyzyň agramyny ölçedipdir. Kagyzyň agramy ýarym altynyň agramyna deň bolupdyr. Şa şol ýarym altyny şahyra sowgat bermekligi buýrupdyr. Şahyr „Sowgat berlen ýarym altyny maşgalama siňdirsemmikäm ýa-da synçylara bersemmikäm?!”- diýip oýa batypdyr. Şahyryň kellesine täze pikirler gelip, zehini güýçlenipdir. Öz ýanyndan: „Eger şa kasydamyň agramyna görä pul berýän bolsa, onda men indiki kasydalarymy gurşuna ýelmenen kagyza ýazyp elteýin!”- diýip, gurşunly sahypany şa diwanyna eltip tabşyrypsyr. Şa ýene-de ozalky edişi ýaly şygry okadyp baş wezirinden onuň gymmatyny sorapdyr. — Eý, şahym! Bu kasydanyň gymmaty öňki şygyrdan has uly bolmaly! - diýipdir. Patyşa: — Onda biz şahyra näme sowgat ederkäk?! - diýip wezire ýüzlenende, wezir ýene-de degişmä salyp: — Eý, şahy-älem! Hindistan rajasy size bir piliň çagasyny sowgat beripdi. Eger şol pil çagasyny şahyra berseňiz gowy bolar! - diýip jogap beripdir. Patyşa weziriň degişmesine üns bermän, pil balasyny şahyra sowgat beripdir. Içi ýanan pukara şahyr öz ýanyndan: — Eý, Allam! Men öz çagalaryma iýmit tapman, şa dergähine şygyr düzüp geldim. Olam maňa pil çagasyny berdi. Indi bu pili men nädip doýraýyn!? Eý, Allam! Özüň kömek et! — diýip pili idip öýüne getiripdir. Ol maşgalasyny eklemek üçin hem-de pili aç saklamazlyk üçin ýaşap oturan öýüniň ýarysyny satypdyr. Şahyr her namazyndan soňra: — Eý, gudraty güýçli Allam! Sen meni ýygnap al. Azapdan we kowum-garyndaşlarymyň ýaňsysyndan dynmak üçin meniň ölesim gelýär” — diýip dileg edenmiş. Şahyr şeýle ýagdaýda ýaşap ýörkä günlerde bir gün patyşanyň ýanyna bir günäkär adamy getirip, ony jezalandyrmak isleýärler. Bu habary eşiden şahyr köşge baryp: — Eý, beýik soltan! Meniň arzymy diňläň! Eger-de şu adama dünýädäki iň agyr jezany bermekçi bolsaňyz, şol maňa beren pil çagasyny şuňa beriň! — diýip haýyş edipdir. Patyşa pukara şahyryň sözlerini diňläp, hezil edip gülüpdir-de: — Günäkäriň günäsini geçdim. Şahyra bolsa müň tylla beriň! - diýip buýrupdyr. Bu hekaýatlar kitaby beýik Allatagalanyň kömegi bilen tamam boldy. Bu kitaby Allatagaladan rehmet islän pukara kişi — Gurhany kerimi ýatdan bilen Abdylkerim ibn Haj Hasan ibn Ahmet (goý, Allatagala onuň we onuň ata-babalarynyň günälerini geçsin!) 1646-njy ýylyň gurban aýynyň altynjy güni guşlukdan öň ýazyp tamamlady. Ämin. Soñy. Abdylla KUDSY. | |
|
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |