00:49 Berk nahal -21: Gizlin niýetlerden habardar bolmaklygyñ beýany | |
ÝIGRIMI BIRINJI PASYL: GIZLIN NIÝETLERDEN HABARDAR BOLMAKLYGYŇ BEÝANY
Hekaýalar
■ Hekaýat: Hyra atly bir diýaryň Wazzah atly bir şasy bardy. Şol döwürlerde Karkysa we Rabyga diýarynyň Zebba atly bir zenan şasy bolupdyr. Wazzah zenan şanyň ýurduna göz dikip, nikalaşmagy teklip edipdir. Zebba ol teklibe garşy bolmandyr. Emma şa zenan: “Eger sen meniň bilen durmuş gurmak isleseň, meniň ýurduma gel. Toýumyzy meniň ülkämde geçireli” diýip şert goýupdyr. Zebba şanyň ýurduna göz diken Wazzah patyşa şertlere razy bolup, özüniň ýakyn adamlaryny ýanyna alyp, patyşa aýal bilen durmuş gurmaga gitmekligi maksat edinipdir. Ýöne Wazzahyň Kasyr atly bir akylly weziri bardy. Ol patyşanyň maksadyny aňyp, patyşanyň ýüzüne gelip: — Eý, soltanym! Biziň ata-babalarymyz durmuşa çykjak gyzy öýlenjek ýigidiň ýanyna getirýärdiler. Erkek bolup, siz zenanyň ýanyna gitseňiz, nähili bolarka?! Zenan patyşa siz bilen nikalaşmaga gaty çalt razy boldy. Belki, bu ýerde bir mekir-hile bar bolaýmasyn. Siz ol aýalyň ýanyna gitmäň! — diýip ýalbardy. Emma mülk tamakinçiligi şany öz erkine goýmandyr. Ol weziriň sözlerine üns bermän, özüniň birnäçe ynamdar adamlary bilen „Niredesiň Zebba şanyň ýurdy” diýip ýola düşüpdir. Wazzah şa adamlary bilen Zebbanyň köşgüne giren badyna onuň daş-töweregini ýaragly adamlar gurşap alýar. Ony tutup, el-aýagyny baglaýarlar. Şa zenan: — Eý, Wazzah patyşa! Seni nähili usul bilen öldürdeýin?! — diýip soraýar. Wazzah: — Eý, şa zenan! Meni öldürtmekçi bolsaň onda çaltyrak ölerim ýaly usul tap! — diýip jogap beripdir. Şa zenan „Onuň gan damarlaryny kes” diýip buýrupdyr. Soňra şa zenan oňa „Eý, Wazzah, ganyňy sakla” diýip çykyp gidipdir. Şeýlelikde, „Eý, pylany ganyňa erk et” diýen sözler araplarda nakyla öwrülipdir. Wazzah şa tiz jan beripdir. Şanyň mekirlik bilen öldürilendigini eşiden Kasyr wezir gahar-gazap atyna atlanypdyr, gam-gussa batypdyr. Wezir Zebba şanyň garşysyna bir iş etmekligi we ar almaklygy ýüregine düwüpdir. Şeýle maksat bilen akylly Kasyr wezir Zebba patyşa: „Eý, şa zenany Zebba! Wazzah ýogalaly bäri onuň köşkdäki ýaranlary „Sen Wazzahy goldap Zebba şanyň ýanyna iberdiň. Sen Zebba patyşa bilen dil birikdirip, Wazzah patyşanyň ölümine sebäp bolduň” diýip maňa azar baryny berýärler. Şolaryň iňirdisinden dynmak üçin we hile bilen olaryň ýoguna ýanmaklyk üçin siziň bilen maslahatlaşmak gerek. Edepsizlik edip, hat ýazanlygymy we sizi bimaza edenligim üçin günämi geçiň. Meniň günämi geçip, maňa ýanyňyza barmaga rugsat berseňiz, sizden hoşal bolardym. Siziň ýanyňyza baryp, içki syrymy aýtmaklyk maňa gaty zerur” diýen manyda hat ýazdy. Zebba Kasyr weziriň hatyny kabul edip, ony öz ýanyna çagyrdy. Kasyr wezir Zebba şanyň köşgüne gelip: — Eý, Zebba şa! Eger rugsat berseň, men seniň köşgüňde ýaşaýyn we saňa gulluk edeýin. Çünki, indi men gaýdyp yzyma dolansam, meni öldirerler! — diýipdir. Zebba oňa garşylyk görkezmändir. Günlerde bir gün Kasyr Zebba şanyň ýanyna baryp: — Eý, soltanym! Wazzah patyşa ölenden soň, onuň täji-tagty mirasdüşersiz galdy. Ýurt eýesiz, goşun serdarsyz galdy. Isleseňiz häzir siz onuň ýurduna eýe çykyp bilerdiňiz. Şol ýurtda gowy matalar öndürilýär. Men gidip, şol matalardan getireýin. Öz ýurduňyzda ol matalary satyp, köp peýda gazanyp bilerdiňiz! — diýip ýüzlendi. Şa zenan Kasyryň sözlerine ynanyp, oňa köp möçberde pul berip goýberýär. Kasar Hyra ýurduna baryp köp möçberde mata-marlyk satyn alýar. Olary Zebba şanyň ýurdunda satyp, hazyna köp girdeýji salýar. Zebba şa ýene-de Kasyra öňküsinden hem köp pul berip, ýene-de söwdagärlige iberýär. Kasyr ozalkysyndan hem köp pul gazanýar. Şa aýaly Zebbanyň Kasyra bolan ynamy artýar. Şeýlelikde, ynama giren Kasyr şa aýalynyň göwün söýen adamsy bolýar. Olar bir gün içkin gürleşip otyrkalar, şa zenan Zebba: — Eý, Kasyr! Şalaryň başyna her-hili bela-beter gelýär. Men hem ätiýaç edip Fyrat derýasynyň kenaryndaky köşge çenli ýerasty ýol çekdirdim. Haçan başyma bir iş düşse, şol ýol bilen gaçyp gutularyn! — diýip syryny aýdypdyr. Kasyr Zebbanyň bu sözlerini ýadynda saklapdyr. Günlerde bir gün ýene-de Zebba patyşa mata getirmek üçin Kasyry Hyra şäherine ýollaýar. Emma Kasyr gaýdyp gelende ýany bilen iki müň ýaragly goşun getirýär. Kasyr Zebba şanyň köşgüne golaý gelende goşuny bir ýerde goýup, özi köşge gelip: — Eý, Zebba şa! Şu gezek has köp haryt getirdim. Harytlary öz howlyma düşürsem näderkä! — diýip soraýar. Zebba şa onuň sözlerine garşylyk görkezmeýär. Kasyr goşunyň ýanyna gaýdyp gelip, goşun bilen köşge hüjüm etmäge başlaýar. Kasyryň goşuny köşk garawullarynyň ählisini gylyçdan geçirýärler. Şum habary eşiden Zebba şa nagym ýoly bilen gaçyp gidýär. Emma mekir, hilegär Zebba şanyň syryny bilýän Fyrat derýasynyň kenaryndaky köşge gelip, onuň öňünden çykýar. Kasyra gözi düşen Zebba şa tizden-tiz ýüzügindäki awyny agzyna atyp jan berýär. Şeýlelikde, Kasyr wezir öz dostunyň aryny almak bilen, Zebba şanyň tagtyna eýe bolupdyr. Akylly patyşa köp ýyllap döwran sürüpdir. | |
|
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |