ÝIGRIMI ALTYNJY PASYL: BETGÜMANLYGY, MÜŇKÜRLIGI DEP ETMEKLIGIŇ BEÝANY
■ Hekaýat:
Apbasy halypalaryndan bolan Mugtasym-billanyň bir gulamy bolupdyr. Ol gulam bir gyza aşyk bolup, onuň ugrunda kökenek bolupdyr. Halypa „Siziň gulamyňyz bir kişi bilen keýpi-sapa edýär” diýip ýamanlapdyrlar. Halypa gahar-gazaba münüp, “guly guly bilen aragatnaşyk edýän” diýlen kişini zyndana saldyrypdyr. Ýöne, halypanyň köňlünde ýzüniň bu eden işine müňkürlik döräp, tussag etdiren adamsyny synlap görmegi ýüregine düwüpdir. Halypa hakykaty bilmek maksady bilen öz gulamyny ýanyna çagyryp:
— Eý, aşyk! Al, şol söýgüliňe bir söýgi hatyny ýaz! —diýip buýurdy. Gulam haty ýazyp bolansoň halypa ýene-de:
— Eý, gulam! Ýör zyndana gideli. Sen „Şu hatyň arkasyna jogap ýaz” diýip ýaz-da, şol zyndandaky ýatan adama özüňi görkezmän namaňy uzat. Ol tussaga kagyz, galam, dewaty gapynyň aşagyndan iber. Ýöne, kelam agyz söz sözleseň öldürderin!? — diýip ýüzlenipdir. Halypa we onuň gulamy kagyz, galam, dewaty alyp zyndana barypdyrlar. Gulam sesini çykarman söýgülisine ýazan hatyny hem-de galamdyr dewaty tussaglykda oturan kişä uzadypdyr. Zyndandaky adam namany okap görüp, oňa jogap ýazyp, haty yzyna uzadypdyr. Ol şu aşakdaky mazmunda jogap ýazýar: „Eý, Allanyň bendesi! Seniň başyňa düşen işlerden meniň habarym ýok. Şonuň üçin bu hatyň jogabyny ýazmaga meniň hakym ýokdur”.
Halypa haty okap görüp eşidilen sözleriniň töhmetdigine göz ýetirýär. Şek-şübhesi dep bolansoň, zyndandaky adamy tussaglykdan boşadýar. Ony bigünä tussag edendigi üçin oňa biraz altyn bagyş edýär.
Hekaýalar