ÝIGRIMI BÄŞINJI PASYL: PATYŞALARYŇ ÖZLERINI HOWP ASTYNA SALMAKLARYNYŇ BEÝANY
■ Hekaýat:
Abu Ubeýdylla atly bir adam Apbasy halypalaryndan bolan Mäti halypanyň weziridi. Halypa bolsa elmydama zyndyklara garşy göreş alyp barýardy. Oňa nirede zyndyklaryň bardygyny habar berseler, olary getirdip öldürdýärdi. Ýokardaky ady agzalan weziriň bir ogly bardy. Ol hem öz ülkesinde at gazanan zyndygyň biridi. Bu habar halypanyň gulagyna ýetende ol weziriň ogluny huzuryna getirmeklerini buýurýar. Halypa weziriň ogluny synagdan geçirip, onuň zyndykdygyna anyk göz ýetirenden soň öldürmegi buýurýar. Bu habar weziriň gulagyna ýetende ol ogluny ölümden gutarmaklygyň ýollaryny gözläp başlaýar. Şol zamanlarda halypanyň Rabyg atly bir kethudasy hem bardy. Geçmişde wezir bilen onuň arasyna çöp düşenligi sebäpli ol hemişe weziri kemsitmeklige, ynjytmaklyga pursat gözleýärdi. Ine-de, weziriň oglunyň öldürilmegi bilen onuň ýüregi biraz aramlyk tapýar. Weziriň Ýakup atly bir kätibi bardy. Halypa ol kätibiň gylyk-häsiýetini halap hem-de onuň bilmine göwni ýetip öz ýanyna, ýagny köşge kätip edip belläpdi. Weziriň oglunyň öldürilmegi bilen hem Rabyg köşeşmedi. Bir gün ol Ýakubyň ýanyna baryp:
— Eý, Ýakup! Eger-de men seni wezirlik derejesine ýetirsem, sen maňa näme berjek?! — diýdi. Ýakup Rabygdan beýle sözi eşidip:
— Näme ber, diýseň bereýin! — diýip jogap gaýtarypdyr. Rabyg:
— On müň altyn pul!
Ýakyp:
— Baş üstüne! — diýip, ikisi ähdi-peýman edip amatly pursada garaşyp gezdiler.
Günlerde bir gün Abu Ubeýdylla wezir döwlet meseleleriniň biri barada maslahatlaşmak üçin halypanyň kabulhanasyna giripdir. Weziriň yzy bilen Rabyg hem girende, halypa oňa „çyk” diýip yşarat edipdir. Wezir maslahatlaşyp çykyp gidenden soň, Rabyg ýene-de halypanyň ýanyna girip:
— Eý, musulmanlaryň emiri! Siz bu adamyň ogluny gözüniň alnynda öldürdiňiz. Gaýgy-gam öýke-kine ol adamyň ýüreginden giden däldir. Onuň bilen halypa ikiçäk galmaklyk ýerliksizdir. — diýip halypaň ýüreginde gorky döredipdir. Halypa öz ýakyn adamsy Ýakuby wezirlige belläp, öňki wezirini işden boşadypdyr.
Hekaýalar