00:47 Berk nahal-20: Mülki talaýjylardan ar almaklygyñ beýany | |
ÝIGRIMINJI PASYL: MÜLKI TALAÝJYLARDAN AR ALMAKLYGYŇ BEÝANY
Hekaýalar
■ Hekaýat: Günlerde bir gün Apbasylar neslinden bolan Mansur öz köşgünden daşaryny synlap durka bir garyp pukara kişiniň çüňkde gaýgylanyp oturandygyna gözi düşýär. Mansur hyzmatkärlerine buýrup, ol adamy ýanyna getirdipdir. Soňra bolsa: — Eý, pukara adam! Näme üçin gaýgylanyp otyrsyň?! — diýip sorapdyr. Pukara: — Eý, musulmanlaryň emiri! Men baý söwdagärdim. Bir müň altyn toplap, ony hem aýalyma gizläp goýmaklyga berdim. Indi bolsa aýalym „Öýümize ogry girdi we ähli zadymyzy alyp gitdi” diýip tekrarlap otyr. Emma men onuň sözlerine ynanamok. Sebäbi meniň öýüm juda berk. Onsoňam ol ýerde ogrynyň bolandygyna hiç zat şaýatlyk edenok, öýüň diwarynda, gapysynda hiç-hili alamat ýok! — diýip Mansur halypanyň soragyna jogap beripdir. Beýle jogaby eşiden halypa ýene-de: — Eý, söwdagär! Öýleneniňe näçe ýyl boldy? — diýende, ol: — Halypam, bir ýyl boldy! — diýýär. Ýene-de halypa: — Gyz aldyňmy, dul aldyň? Söwdagär: — Gyz aldym, emirim! Halypa: — Aýalyň nähili? Söwdagär: —Görk-görmegi ýerindäki ýaşajyk zenan! — diýip jogap berýär. Şeýle sorag-jogapdan soňra halyp Mansur söwdagäre gowy ysly atyr berip: — Bar, öýüňe bar-da, şu atyry çalyn. Atyr seni köşeşdirer. Emma ony kimiň berendigini hiç kime aýtma — diýip berk tabşyrdy. Söwdagär gidenden soňra Mansur hyzmatkärini ýanyna çagyryp, oňa: — Şu atyry ähliňiz ysgaň. Nirede şol atyryň ysyny alsaňyz, onuň eýesini meniň ýanyma getiriň —diýip buýurýar. Söwdagär şanyň köşgünden çykyp, göni öz öýüne barýar-da aýalyna „Şuny gizläp goý. Berk ýygna. Sebäbi ony maňa iň gowy görýän dostum sowgat berendir” diýip, berk tabşyrdy. Aýal birbada atyry gizläp goýýar. Emma äri daş ýere ýola gidende, ony goýan ýerinden çykaryp, bir ynamly hyzmatkärini ýanyna çagyryp: — Şu atyry pylan ýerdäki meniň tanşyma eltip ber! — diýip, özüniň müň altyny bileje paýlaşan oýnaşyna sowgat iberýär. Aýalyň oýnaşy Mansur patyşanyň geňje atyrly gutujygyny açyp ysganda onuň jana rahat beriji ysyna maýyl bolýar. Ony öz eşiklerine sepip bazara çykýar. Mansur halypanyň adamlary bu ysy alyp yzarlap başlaýarlar, ony tapyp halypa Mansuryň köşgüne eltýärler. Halypa ol adamdan sorag-jogap edende ol ýalan gepler bilen sypjak boldy. Emma başartmady. Halypa jellady çagyryp: — Bar, muny äkidip müň gamçy ur. Eger atyry we müň altyn puly nireden alandygyny boýun almasa, onda ölinçä ur! — diýip buýurýar. Söwdagäriň aýalynyň oýnaşyny äkidenlerinden soňra Mansur jellada: — Sen oňa ýalaňaçlap urjakdygyňy aýdyp gorkuz. Ýöne gamçy bilen urma! — diýip tabşyrdy. Jellat ol kişiniň eşiklerini sypyryp ugranda, ol atyry nireden alandygyny, söwdagäriň aýaly bilen ogryn duşuşýandygyny hem-de müň altyny oýnaşy bilen paýlaşandygyny boýun alyp, jelladyň gamçysyndan sypýar. Mansur „aşygyň” elinden müň altyny alandan soňra söwdagäri çagyryp: — Eý, ynanjaň söwdagär! Men seniň şol ogurladan müň altynyňy tapyp bersem aýalyňyň ykbalyny kesgitlemek ygtyýaryny maňa berersiňmi?! —diýip ýüzlenýär. Söwdagär: — Eý, akyldar halypa! Öz aýalymyň ykbalyny kesgitlemekde seni wekil belledim. Onuň eden işine nähili jeza berseň men razy! — diýip jogap beripdir. Halypa Mansur söwdagäriň aýalynyň talagyny beripdir. Onuň „aşygyny” bolsa ýurtdan çykaryp kowupdyr. ■ Hekaýat: Günlerde bir gün Kahtaba Haryjy Ybraýym Sindi bilen bir giň sährada töwerek-daşyna syn edip otyrdy. Leşgeriň käbirleri iýip-içmek, dynç almak bilen meşgul bolsa, käbirleri atlaryna timar berip, birek-birek bilen gürleşip otyrdylar. Ybraýym Kahtaba bakyp: — Eý, Kahtaba! Duşman bize tarap gaýdan bolmaly, olaryň has ýakynlaşan bolmagy ähtimal? — diýip ýüzlenipdir. Kahtaba: — Eý, Ybraýym! Bize hiç zat görnenok, eşidilenok. Sen duşman leşgeriniň ýakynlaşandygyny nireden bilýäň?! — diýip sorapdyr. Ybraýym: — Eý, Kahtaba! Şu wagt bir zatlar düşündirere wagt ýok. Boluň, çaltrak atlanyň! — diýipdir. Ybraýym sözüni aýdyp gutarmanka çölden bir tozan peýda bolupdyr. Kahtaba tizden-tiz leşgeri bilen atlanyp duşmanyň öňünden çykypdyr. Duşmany ýeňip, oljalar alyp, rahatlanyp yzyna dolanyp gelipdir. Ýene-de bir gün Kahtaba Ybraýym bilen dynç alyp, gürleşip otyrka şol sözleriniň manysyny sorady. Ybraýym: — Eý, Kahtaba! Şol gün men sährada daş-töweregimiň gözelligine syn edip otyrkam asmandaky guşlaryň bize tarap uçup gelýändigine gözüm düşdi. Guşlar hemişe adamlary görüp gaçýarlar. Şonda bize tarap adamlaryň gelýändigi mälim boldy. Men bolsa içki pikirimi saňa duýdurdym. Ine, bar bolan zat şu! — diýip jogap beripdir. | |
|
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |