20:49 Berk nahal -17: Mekruh işleri mylaýymlyk bilen gidirmekligiñ beýany | |
ON ÝEDINJI PASYL: MEKRUH IŞLERI MYLAÝYMLYLYK BILEN GIDIRMEKLIGIŇ BEÝANY
■ Hekaýat: Arap ýurdunda Sabyt Şerra atly bir adam ýaşap geçipdir. Ol hilegärlikde we mekirlikde ýakasyny tanadypdyr. Onuň iki sany ýakyn dosty bolupdyr. Biriniň ady Şanpar, ikinjisiniň ady bolsa Barrakdy. Bu üç dost Allatagalanyň bendeleriniň mal-mülküni ogurlap gazanç edýärdiler. Bu ogrularyň obasynyň ýanynda Bejile atly bir oba bardy. Olar goňşy obanyň mal-garalaryna we beýleki baýlyklaryna el gatyp, adamlara azar berýärdiler. Oba adamlary şol üç ogrudan dynmak maksady bilen, oba ýaşulusynyň ýanyna baryp: — Sabyt Şerranyň we onuň dostlarynyň garşysyna bir çäre tapmasaňyz, olar biziň mal-garalarymyzyň soňuna çykjaklar. Bize bir maslahat beriň” — diýip, arz-şikaýat edipdirler. Oba ýaşulusy: — Eý, meniň kowumym! Sabyt Şerrany we onuň dostlaryny gündiziň güni ele salmak mümkin däl. Ýöne, olar gijäniň garaňkysynda suw içmek üçin çeşmäniň ýakasyna gelýärler. Şonuň üçin birnäçe ýaragly adamlary çeşmäniň töwereginde gizläp goýalyň. Olar gelende ele salsynlar — diýip, maslahat berende, oba adamlary onuň sözüni makulladylar. Gije golaýlaşanda ýaragly adamlar şol çeşmäniň ýanynda gizlenipdirler. Olar ogrularyň geljek ýoluna göz dikip garaşdylar. Sabyt Şerra dostlary Barrak we Şanpar bilen zat tapman ýadap, suwsuzlykdan ganmak üçin çeşmäniň boýuna gelýär. Sabyt Şerra: — Eý, dostlar! Çeşmäň ýanynda gizlenip ýatan adam bolaýmasyn. Baryň, biriňiz suw içip geliň! — diýende Barrak suw içip gelip: — Eý, Sabyt! Ol ýerde hiç kim ýok. Arkaýyn baryber—diýýär. Sabyt: — Eý, Barrak! Akmak bolma! Sen kime gerek! Tutsalar meni tutarlar?!” — diýip, ýene-de dostlaryna ýüzlenip: — Oglanlar! Men baryp, çeşmeden suw içeýin. Eger meni tutsalar, Barrak sen ýuwaş-ýuwaşdan ýöräp, çeşmäniň boýuna gel. Soňra özüm näme etjegimi bilerin. Ýöne, Şanpar sen gizlenip ýat. Men saňa „gel” diýinçäm, ýatan ýeriňden çykma” diýip tabşyrdy. Sabyt Şerra çeşmäniň ýanyna gelende gizlenip ýatan oba adamlary ony tutup, iki elini arkasyna baglapdyrlar. Sabyt: — Eý, adamlar. Men bir pukara adam. Mende hiç zat ýok. Ine, ho-ol gelýän adamyň mal-mülki köpdür. Tutsaňyz şony tutuň — diýip ýalbarypdyr. Oba adamlary Sabyt Şerrany eli daňylgy halda şol ýerde taşlap, Barragyň yzyndan ylgapdyrlar. Oba adamlarynyň garasy saýlanansoň Sabyt Şerra: — Şanpar, tiz gel! Elimi çöz! — diýip, ony ýanyna çagyrypdyr. Şanpar gelip onuň bagyny çözüpdir. Ýöne. Şonda-da Sabyt eli bagly ýaly öňki ýerinde ýatypdyr. Şanpara bolsa „Bar, işiň bilen bol” diýip buýurýar. Oba adamlary Sabytyň ýanyna dolanyp gelenlerinde, ol: — Hany ýaňky adam. Ony tutup getirmediňizmi — diýip soraýar. Adamlar: — Ol şeýle bir ýyndam eken welin biz onuň aýagynyň tozanyna garyşyp galdyk. Onuň ylgaýşyna haýran galyp aňkaryp durduk—diýýärler. Sabyt: — Eý, adamlar! Men sizi hasam haýran edeýin! — diýip, ýerinden çalt turup, bir pursatda adamlaryň gözlerinden gaýyp bolupdyr. Oba adamlary aňka-taňka bolup, Sabytyň yzyndan seredip galypdyrlar. | |
|
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |